| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Eỳran türkmenleriniñ yktysady taryhy (sosiỳal yktysady reformalar
we´syỳasatlar):
(Doktor Mansur Gürgeniniň Kitaby “Türkmensährada ýer hojalygy meselesi”
atly eserine gysgaça analiz)
1979-njy ýyl Eýrandaky gopgunly wakalar esaseynda, Eýranyň Pählewi patyşalygy
synyp, Eýranyñ ähli halk rewolýusiýasy amala aşyryldy. Şol döwürlerde birnäçe
ýyllap halkyň arasynda dörän tebigy akymdaky demokratiýadan Eýranyň intellektuwal
gatynyň ýerlikli peýdalanan taraplary az bolmady. Ondan öňki wagtda aýdyp ýazyp
bolmaýan meseleler erkin orta oklanyldy. Şolaryň biri hem Eýran türkmenleriň inteligensiýasy
Doktor Mansur Gürgeniniň
"Türkmensährada ýer hojalygy meselesi" atly kitaby bolupdy.”
Bu eserde esasy orta oklanylýan mesele Pählewi patyşalygynyň döwründe, türkmenleriň
arasynda ýer we hojalyk reformasyny nädogry we galplyk bilen alynyp barylmagy
hakynda hakyky çeşmeleriň we dokumentleriň esasynda maglumat berilýär.
Bu eser III bölüm we IX pasyldan ybarat bolýar.
Birinji bölümde "Türkmensähra 1332-nji ş. ýylynyň tomus aýynyň ortasynda amala
aşyrylan döwlet agdaryş wakadan beýläk" ady bilen mowzuga girişýär.
Kitabyň birinji pasly "Türkmenlere we Sähra sebitlerine bir bakyş" atly mowzug
bilen esere içgin girişip başlanýar. Onda türkmensähranyň geografiki taýdan takyk
ölçegini anyklap onuň geografiki taryhyny hem has irki döwürlerden alyp gaýdyşy
we ýeriň hili ỳaly maglumatlar berilipdir. ...
Eserde “türkmen halky” atly paragrafda belli çeşmelere esaslanyp, bu halkyñ bu
ýerlere has irki döwürlerden bäri eýelik edýändigini subut etmäge girişýär. Onda
Gaznawlar we Seljuklylar döwrüniň belli alym taryhçysy Beýhakynyň we Gerdiziniň
hem beýleki alymlaryň kitaplaryny derñäp, türkmen halkynyň taryhy bir halkdygyny
belläp geçýär. Şeýle hem türkmen atlarynyň gadymydygyny baryp milady ýyldan 4
asyr öñ Pazryk guburlaryndan tapylan türkmen atlary hakda gürrüň gidýär. Hytaýlylar
olara "asman atlary" diýip atlandyrypdyrlar.
Taryhy çeşmelerden mälim bolşyna görä,
Seljuklylar döwründe türkmenleriň Etrek, Gürgen we Garagumda öri meỳdanlary hem
ýurtlary bolupdyr. Seljuk soltanlary olaryň ýer-ýurtlaryny resmi ýurtlary hasaplapdyrlar.
Soltan Sanjaryň döwlet resminamalarynyñ mälim edişine görä, ol türkmenlere häkim
we goşun mümkinçiliklerini toplap beripdir.
Şol buýrukda "türkmenler bilen oňat gatnaşygy saklamak Olara täze salgyt goýbermesizlik
hem-de biri-biriniň milli hukuklaryny goramak ýaly permanlary, göni häkimlige
goýberilipdir. Şeýle hem Gürgen türkmenleriniň häkimine goýberilen permanda türkmen
taýpalaryndan has laýyk gemgyiet gatlagy hökmünde agzalypdyr1.
Kitapda berilýän çeşmelere esaslanyp türkmenleriň gadymy Gürgende (Jürjen) ýaşandygyny
we Gürgen derýasyny eýeländiklerini araplaryň çozuşyndan hem öňdedigini mälim
edilýär.
Ýazyjy öňki SSSR-iň taryhçysy Wasiliýanyň kitabyna salgylanyp: “… Enesi hakyky
türkmen bolan, Jelaleddin Horezminiň mongollaryň ilki çozuşlarynda otuz müň türkmen
söweşjeň ýigitleri bilen, mongollaryň sansyz goşunyny iki bölendigini we olar
türkmeniñ söweşde “gy-gaç” görnüşdaki harby endiklerini ulanyp gaçyşyny”
nygtap geçýär.
Kitabyň II baby "1312-nji h.ş. ýyla çenli türkmensähralary" atly mowzugda birinji
paragraf "Sährada köpçilikleýin we milli eýeçilik" bilen başlanýar.
1312 h.ş. ýyla çenli türkmensähralary türkmenleriň ýer eýeçiligindedi. Ýagny ähli
ekeran we hojalyk ýerler köpçilikleýin ortak eýeçilikde bolup feodal we daýhan-talaban
gatnaşyklary bolmandyr. Ýer eýeçilik usuly ýurduň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly,
bolmandygy aýratynlaşdyrylýar. Şunuň ýaly ýer eýeçiliginde hiç kim biri-biriniň
ýerini ekip hasyl almaga ylalaşyksyz ymtylmandyrlar. Her bir türkmen taýpasynyň
serhetleşen belli ýerleri bolup, olar hormatlanypdyrlar. Oňa "ýurt" diýlipdir.
Ýurtlaryň araçägi ýönekeý tebigy bellikler bilen ýagny joýa, ýap, depe, aryk,
egin, derýa, arna, käl we käriz ... ýaly ýer hereketleri bilen çäklenipdir. Şeýle
hem türkmenleriň arasynda çarwa-çomuryň jemgyýetçilikdäki orunlary hem olaryň
ykdysady hünärleri hakda gürrüň gidýär.
Türkmensähradaky türkmenleriň hanyň deregine ýaşulylaryň orun tutuşy we gerekli
ýerinde "il ýaşulysy" ýa-da "aksakal" ady bilen ýüze çykýan meseleleriniň çözgüdini
tapypdyrlar.
Türkmensährada hemme kişi biri-birine kömek etmäge borçly bolupdyr. Eger bir kişä
ýa-da " öý we oba möçberinde-de ilat kynçylyga uçrasa, mysal üçin garaşylmadyk
tebigy hadysalar ỳagny sil gelip öýler dagasa hem-de ölüm-ýitgi düşen ýagdaýynda
ýa-da gahatçylyk bilen gabatlaşylsa türkmenler derrew aksakallary we ýaşulylary
maslahata çagyryp ỳüze çykan kynçylygyň çözgüdini tapypdyrlar. Şonda her içeri
maşgala öz gurp- ýagdaýyna görä, kömek etmäge paý düşüpdir. Kähalatlarda gerekli
ýerinde biri-birlerine kömek etmek üçin köpçülikleýin tölegsiz iş alyp baryp zyýan
görenlere ýardam beripdirler we şeýle arkalaşyklara "ýowar" diýipdirler"- diýip
kitapda nygtalýar.
Şeýle hem kitapda türkmenleriň ykdysadyýeti, söwda we özlerinden artyk önümleri
hakda giňden söhbet açylýar. Olaryň ykdysadyýetinde hiç haçan garyplyk bolmandy.
Türkmensähralarynda arpa, bugdaý, künji ýaly önümler öndürilip Gürgene (Astrabada),
Horasana, Mazanderana we deňziň üsti bilen Hajytarhan we Kawkaza çenli eksport
edilipdir. Şeýle hem goýun, guzy, geçi, sygyr, gäwmiş, düýe, haly, halyça we beýleki
ýaşaýşyň hajatlaryny bitirýän bede ỳaly harytlary hem satyp gazanç edipdirler.
Ýazyjy şunuň ýaly maglumatlary Mazanderan we Astrabat hakda iş ýazan H.L. rabinonyň
we fransiýaly syýahatçy alym P.A.Mede Žuber ýaly türkmenlere baglanşykly eser
döreden alymlaryň işini ulanypdyr.
Mansur Gürgeni öz ýazan şol kitabynda Türkmensähra ýagny Gürgen jülgesine häzirki
Seljuk döwründen bäri bir müň ýyllyk türkmenleriniň ýurt eýeçiliginde goýup subut
edýär.
Kitabyň III pasly "Türkmensähralarynda feodalism" atly mowzug bilen Reza han Pählewiniň
hususy emläkleri we halysa feodalist" diýlen ylmy analiza girişýär.
Reza han Mirpänç diýlen şahs 1299-njy ýylda Tähranda iňlisleriň kömegi bilen Eýranyň
birinji Goranmak ministrligi, onsoň Gajar hanedanlygynyň ornunda Eýranyň patyşalygyna
dikilip, 1320-nji ýylda ýene-de iňlisleriň buýrugy boýunça 16 ýyldan soň patyşalykdan
gyra çekilýär. Ol başda şol orunlary eýelemezinden
öñ
has pes derejelerde güzeran durmuşyny geçiren adamlaryň biri bolupdyr. Emma 16
ýyl möhletiň içinde ýurtda has önümli oba hojalyklaryň, emläklerini ýagny Gilan,
Mazenderan, Gürgen we Türkmensähra welaýatlaryndaky ýer-ýurt emläkleri öz şahsy
baýlygyna öwürýär. Eseriň şu bölüminde şol döwür Eýranda ýurt dolanşyklarynda
nähili kada-kanunyň çykyşy we Rezahan şa hökmünde ony öz şahsy bähbidine tarap
gönükdirişi hakda görkezilýän dokumentleriň berýän maglumatlary esasynda ylmy
nukdaýnazardan doly analiz geçýär.
Şeýle hem türkmensähranyň ýer-ýurtlary basyp alynyp Reza hanyň emlägine öwrülip,
türkmen daýhanlary içeri maşgalasy bilen hojalyk ýerlerde mugtyna işletmek karary
ýagny şol karara "bigar" ýa-da "bigäri" diýlip şol döwür türkmen durmuşynda elhenç
wakalaryň biri bolandygy hakda ýüze çykan hadysalara çenli gürrüň gozgalýar.
... Şeýlelik bilen Reza hanyň patyşalygy
ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen 1320 h.ş. 1940 m. ýylda Eýrana gyzyl goşunyň
we iňlisleriň girmegi bilen tamamlanýar. Türkmenler öz ýer-ýurtlaryny taryhda
ýene-de bir gezek eýeleýärler. Şol ýylda ýerden alynan hasyllar türkmenleriň durmuşyny
ỳokarlandyryp başlaýar.
Reza hanyň höküm süren döwrüniň soňlarynda Türkmensähra türkmenleriniň ykdysady
we jemgyýetçilik ýagdaýy aşakdakylardan ybaratdy:
1. Türkmenler köpçülikleýin umumy emläklerini ýitiripdi. Sährada diňe birje kişi
eýelik edýärdi we islän eýeçiligini ýola goýýardy.
2.
Adamlaryň iş güýji mugt görnüşde "Bigary" görnüşde agyr işleri ýöňkeýärdiler we
hiç kimiň oňa garşylyk etmäge haky ýokdy. Garşylyklaryň her dürli görnüşi, agyr
jezalar bilen gaýtawul
berilýärdi.
3. Halkyň sandygyndaky ýygynçak baýlyklary bap, marta, mal-gara görnüşde Rezahanyň
dikmeleriniň, jandarmlarynyň we ýer arenda( ejara) berýänleriň kisesine siňýärdi.
Eseriň IV bölümi "1320-nji h.ş. ýylynyň şähriwer aýyndan 1332-nji h.ş. ýylyň murdad
aýyna çenli (1941-nji ýylyň Alp Arslan aýyndan 1943-nji ýylyň Gorkut aýlary “Garaş.Türkm.
senesi”)
"Türkmensähranyň
ýagdaýy" atly mowzugda "döwlet tarapyndan ilata tabşyrylan emläkleriň halk arasyndaky
dartyşmalary hakyndaky çykarylan kanun" esaslaryny öz içine alỳar.
Reza hanyň II jahan urşunda ýurdy taşlap daşary ýurtlara gaçyp atmagy bilen onuň
alyp baran ýurt dolandyryş prinsiplerine garşy halk aýaga galyp Eýranyň Milli
Şura Mejlisinde Eýran diktatorynyň halkyň ýer-mülklerini elinden kasp edip alyşy
hakynda uly iş gozgalýar we oňa ýetişiklik etmeklige karar çykarýarlar.
Şeýlelik bilen Eýranyň Milli Şura mejlisinde ilatynyň ýer babatdaky dartyşma dawalaryna
ýetişiklik etmek üçin esasy kanunda 14-16-17 we 18-nji maddalary karar edip goýberilýär.
Şu görkezilen maddalaryň esaseynda: “… ýeri elinden alynan ilat 6 aýyň dowamynda
öz arza-şikaýatlaryny tabşyryp iş gozgatmaga haklydyr.”. – dyilen karar
ör-boýuna galýr.
Şunluk bilen bu kanun ýene-de oba hojalyklar, ownuk mülkdarlar hatda kä halatda
iri mülkdarlaryň hem kynçylygyny çözüp bilmändir. Onuň sebäbi eserde 5 punktdan
ybarat delilleşdirmeler bilen ýazyjy doly görkezýär. Ondaky esasy göz öňüne tutylmadyk
mesele, halkyň ýer-mülkleri Rezahanyň tarapyndan zor bilen kasp edilip almagydy.
Eseriň 40-njy sahypasynda 1327-nji h.ş. ýylynyň 15-nji Bähmen aýynyň (1948-nji
ýylyň Fewral aýy) wakasy we onuň Türkmensähradaky galdyran täsirleri:
Bu mowzugda bellenilip geçilýän mesele, şol bir wagtyň özünde Tähran uniwersitetiniň
hukuk fakultetiniň howlusynda Muhammetreza Pählewini öldürmek üçin Nasyr Fahraraýi
atly garşydaşlarynyň biriniň tarapyndan oňa tarap ok atylmagydyr. Muhammetreza
bu hadysadan diri gutulýar welin, şonuň täsirine Eýranda bütin azatlyk isleýän
partiýa-guramalary we gazỳet-žurnallary ýapdyrylýar. Bu wakalar sebäp bolup Muhammetreza
şanyň ýurduň "şasy" hökmünde güýji artyp mejlisi hem bozmaga ygtyýar berilýär.
1328-nji h.ş. ýylyň (1949-njy ýylyň Oguz aýy) tir aýynyň 20-sinde Eýranyň "Milli
Şura Mejlisiniň tarapyndan çykarylan karar boýunça öňki patyşa (Rezahan) degişli
ähli emläkleri ýene-de onuň ogly Muhammetreza şa geçirilýär. Şondan beýläk Türkmensähradaky
ilatyň eline gaýtadan düşen ýerleri yzyna gaýtarylyp alynýar.
Eýran şasy ýüze çykan wakany öz bähbidine tarap ulanýar. 1950-nji ýyldan beýläk
ähli ýer-mülkler "Sazeman-e emläk wä mostä gellant-e Pählewiسازمان
املاک و مستغلاّت پهلوی
(Pählewileriň
şahsy emläk guramasy)" edarasynyň garamagynda goỳulyp, Türkmensähradaky yzyna
gaýtarylyp berilen ýerleri ilatyň elinde her dürli gynaglar bilen alyp başladylar.
Eseriň 42-nji sahypasynda "1329 h.ş. (1951 ý.) ýyldaky şahyň hilegär permany ady
bilen berilen mowzugda "Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy zerarly Türkmensähra
daýhanlarynyň arasynda öz-özünden jümmüş başlandy. Netijede şa bilen daýhanlaryň
arasynda näsazlyk döreýär. Umuman bu dörän ýagdaýlar ýer hakda täzeden reforma
goýberilmegi talap edilýär. Bu meseleler hakda daşary ýurtly ylmy iş alyp barýan
alymlar hem belläpdirler. Şahyň perman daşary ýurt neşirýatlarynda hem çykarylypdyr.
Bu hakda doktor Loşton şeýle belleýär. "1951-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 28-ine
angeliýanyň neşirýatlary habar berýär. Şa atasyndan miras ýeten ähli hususy emläklerini
ilatyň arasynda paýlamak üçin perman çykarypdyr. Ýatlanan emläkler eleter bahadan
uzak möhletli kredit bilen satyljakdyr" Elbetde bu Eýranda çykarylan kanuna ters
gelýärdi. Sebäbi bu ýerler şol bir wagtyň özünde "wakf" edarasynyň hem balansynda
durýardy.
Elbetde beýle reformany geçirilmegi Amerikan
syýahatçylary kommunism we çep toparlaryň garşysyna bir hereket hökmünde Eýran
şasyna maslahat berýärler. Şeýlelik bilen Türkmensährada Milli arkalaşyk (kolperatiw
firmalar we täze organlar döredilýär.
Beýle wakalar Eýranyň Milli gahrymany Doktor Muhammet Musaddygyň wezirlige geçen
döwri bilen gabatlaşýar. Doktor Muhammet Musaddyk Eýrany ykdysady ýer-hojalygy
giňeldiş, içeri önümlerden ... we baýlyklary adalatly derejede paýlamak üçin Milli
maliýe syýasatlary tutundy. Onuň yzy süresi Türkmensähradaky daýhanlar ýerlerini
täze tehnikalar bilen mehanizasiýalaşdyryp başladylar.
Doktor Muhammet Musaddygyň döwletiniň döwründe türkmensähranyň ýagdaýy özgerip
başlady. Ykdysady arkalaşyk jemgyýetleri we firmalary ösdürildi, türkmenler beýle
jümmüşlere "Milli diýip atlandyrýardylar. Sebäbi beýle hereketler esasan ownuk
daýhanlaryň goşulmagy bilen ýüze çykýardy. Eserde bu özgerişleriň tehnik taýdan
halkyň hal-ýagdaýyny näderejede Ýokarylandygy hakda doly mysallar bilen bellenilip
geçilýär.
Eseriň II bölümi "1332-nji ýylyň 28-nji murdat aýyndan (1953-nji ýylyň Gorkut
aýy) 1357-nji ýylyň Bähmen aýyna (1979-njy ýylyň Baýdak aýy) çenli Türkmensähranyň
hal-ýagdaýy" atly mowzugda 28-nji murdat aýyndaky bolan döwlet agdarylyşyk hereketinde
Doktor Muhammet Musaddygyň halkyň saýlan kanuny döwleti agdarylyp Amerikanyň kömegi
bilen Muhammetreza şa güýç-kuwwata eýe bolýar.
Bu mowzugda Amerikanyň Ýolbaşçylygyndaky alynyp barylan döwlet agdarylyşyk we
täzeden Amerika bakna dikilen döwletiň ýüze çykmagy bilen Türkmensähranyň hal-ýagdaý
öňkiden pese düşüp başlaýar. Sebäbi bütin hojalyk ýerleri Pählewileriň içeri-maşgalalary
we dogan-garyndaşlary, döwlet emeldarlarynyň arasynda üleşige düşýär. Umuman döwletiň
täze ýöredýän syýasatlary bilen türkmenleri öz kowmy we milli häsiýetinden pese
düşürip milli Ýoluş tabgyryny Ýola goýulandygyny analiz berilýär. Şele hem öňki
döwürde eger ownuk mülkdarlar ýer-ýurda eýe edilen bolsa bu döwürde ony hem mülkdarlaryň
elinden alynyp başlanýar.
Eseriň YI baby "Ownuk mülkdarlaryň ýer hojalygyny basyp alyş" atly mowzugda "1329-njy
ýylyň (1950 ý.) permany nähili ýerine ýetirildi?" diýlen soragy seljerip alynyp
barylýar.
Döwlet bilen ilatyň arasynda şol çözülmez ýer meselesi yzyna alynyp ýene-de yzyna
berilip duran döwürde käbir kanunlar hem ilatyň bähbidine ulanylypdyr. Mysal üçin
ýer eýeçilik meselesi baradaky kanunda 21-nji maddanyň esasyny şeýle terminleşdirilipdir.
Ilatyň öz eli bilen abatlaşdyran "destarmy" ýerlerini elinden almak bolanok".
"Destarmy" diýlen kanunda Gürgen we Kümmetkowus sähralarynda ýerleri janlandyran
adama berilýän eýelik hukugy, ol eýelik orderdan hem Ýokary derejede ähmiýeti
bolupdyr. Şol döwürde şeýle kanunada biperwaýlyk bilen seredilip halkyň elinden
ýerlerini alyp döwlet emeldarlaryna satypdyrlar.
Eserde berilýän açyklamalaryň dowamynda ýazyjy şeýle netiýeleri çykarýar: "...
Eýranyň köşki türkmenleriň mal-mülkini diňe bir talamak syýasaty bilen çäklenmän.
eýsem onuň ikinji maksady türkmenleriň biragyzdan bütewiligini dagadyp Tähranyň
özüne tabyn bolan boýlaryny sähra getirip türkmen däl ilaty köpeldip türkmen kowmyýetiniň
milliligini, dilini, medeniýetini tapgyrlaýyn Ýoýmak syýasatyny göz öňüne tutupdyrlar.
Şeýle syýasatlaryň yzygiderli dowamynda ownuk mülkdarlaryň ýyllarça zähmet siňdiren
ýer hojalyklary elinden alynyp satylýar.
Eseriň YI babynyň üçünji mowzugynda "Şahyň 32 kazynyň tarapyndan kazyýetde ýeňilmegi"
diýlen açyklama berilipdir.
Bu ýerde ýazyjy ýer reformasy meselesi hakda ýer tabşyryşa gözegçilik toparyň
tarapyndan alynyp barylan müňlerçe işleriň birini agtaryp açyklama goýberilýär.
Olarda kararlar öz wagty we nomeri bilen aýratynlaşdyrylypdyr. Bu kararlarda türkmenler
üçin dürli eden-etdilikler aýdyňlaşdyrylýar.
Şeýle hem öňki düzgüniň emeldarlarynyň türkmensähranyň ýer baýlyklaryny talamak
üçin hüjüm etmegi we şahyň tarapyndan türkmenleriň metjitleri, medreseleriniň,
daýhanlaryň öýleriniň hatda türkmen öwülýä-guburlarynyň ýerleri satylyp başlanýar.
Umuman şol ýyllardan soň türkmen daýhanlary ýerlerini döwlet emeldarlary tarapyndan
bikanun alynany üçin Ýokary kazyýetlere ýüz tutup dürli arza-şikaýat goýberilipdir.
Bu eserde ony yzygiderli açyklanyp "er basyp almakda kanun we jenaýat" atly mowzugda
gerekli mysallar oňa degişli şahsyýetleriň gatnaşmagynda ylmy barlag berilýär.
Eseriň 76-njy sahypasy "Türkmen Pählewiler hanedanlygynyň ýiti dişleriniň arasynda"
diýlen mowzug bilen Pählewileriň içeri maşgalalarynyň türkmensähranyň has oňat
önümli ýerlerini nähili we näderejede türkmenleriň elinden basyp alyşy hakda gürrüň
gidýär.
Öňde belläp geçişimiz ýaly doktor M.Musaddygyň döwleti döwründe ýerleriň bir näçe
mukdary ilatyň eline paýlanyp düşenden soň halk arasynda dürli bilelikler we kooperatiwler
arkalaşygy firma görnüşinde milli hereket edipdirler. Emma 1340-njy ýylda (1961
ý.) Akgala şäheriň gündogaryndaky Ammarolum etrabynyň ýerlerini "Soltanlygyň harby
şamülki" (Şa mäzräýe-ýe gard-e sältänäti) ady bilen türkmenleriň müňlerçe gektar
hojalyk ýerlerini elinden alynyp öňki döredilen milli arkalaşyk organlaryň Ýoguna
çykdylar. Muhammetreza Pählewi bu basypalyjy hereketi Ýola goýmakdan 4 sany syýasy
maksady yzarlapdyr. Birinjiden özüni goraýan ýörite harby goşuny geljekde kültüm
bir girdejiniň eýesi boljakdyklaryna umyt berip olaryň mährini özüne köpeltmek
isleýärdi. Ikinji bir tarapdan bu ýerlerden öndürilýän arpa, bugdaý, pagta, et
we süýt-gatyk önümleri bilen bu goşuny üpjün etmek isleýärdi.
Њçünjiden,
türkmen ilaty ýerlerini ýitirip sebitiň beýleki türkmen däl ýurtlara gaçmaga mejbur
edýärdi. Dördünjiden hem bu harby goşun bir güýç hökmünde islendik wagty türkmenleri
basyp ýatyrmaga taýyndy. 1979-njy ýyla çenli şeýle tapgyr hem boldy.
Umuman şeýle wakalaryň ýüze çykmagy bilen türkmenleri nalaçlykda galdyrylypdy.
Şonuň üçin daýhanlaryň arasynda ýer babatda dürli garşy hereketler hem ýüze çykman
duranokdy. Şolaryň biri hem Türkmensähranyň Ataabat etrabynyň daýhanlarynyň öz
hak-hukugyny elden bermesizlik üçin alyp baran jümmütün ýerlikli hereketleriň
biri bolup durýar.
Eseriň YII baby "Eýranyň ynkylabynyň ilkinji basgançagynda dürli ýer eýeçiligi"
atly mowzugda "Sährada daýhanlaryň jümmüşi" diýlen gyzykly waka bellenip ýatlap
başlaýar. Bu waka 1357 (1979 ý.) ýylyň Alp Arslan aýyndan başlap Pählewiler patyşalygy
gowşap Eýranda ähli halk gozgalaňy başlanýar.
Eỳranda ähli halk gozgalaňy başlanmagy bilen bir hatarda, türkmensährada hem aç-açanlyk
ýüze çykyp daýhanlar jümmüşi ör boýuna galdy. Eserde ýer ugrundaky bu jümmüş hakda
gerekli maglumatlary berip ylmy seljeriş berilýär. Eýranyň ynkylabynyň ilkinji
basgançaklary döwründe Türkmensähranyň ýer hojalygy baradaky hal-ýagdaýyny ỳüze
çykan wakalaryň üçüsi bilen baglanyşdyrylýar.
a) Kasp edilip yzyna berilmedik emläkler: Ýagny Reza şahyň döwründe daýhanlaryň
elinden alynan ýerler soň onuň oglunyň döwründe arza-şikaýata çykan adamlaryň
ýerleri yzyna berilip arza-şikaýata çykmadyklaryň ýerleri döwlet emläginiň hasabyna
giren ýerler. Türkmenler köplenç merkezden uzagyrak ýaşansoňlar köpüsi arza-şikaýata
çykmandyklary sebäpli olaryň ýerleri döwlet hasabyn giripdir.
b) Kasp edilenden soň ỳene-de yzyna tabşyrylan emläkler: ýagny Muhammetreza Pählewiniň
döwründe Mejlisiň çykaran karary boýunça kasp edilen ýerleri öz eýelerine berildi,
ýöne soňa baka 1332-nji ýylyň 28-nji Murdat aýyndan beýläk patyşanyň güýji artyp
başlandan yzyna tabşyrylan ýerleri ýene-de kasp edip döwlet hasabyna geçirýärler.
c) Üçünji bolup geçen waka, bölünip daýhanlara tabşyrylan ýer hojalyklar hakda
gürrüň gidýär. Bu wakada Türkmensähradaky yzyna berilen ýerleriň bir az bölegi
Pählewi emläkçileriniň hukuk geňeşçileriniň tarapyndan berilen päsgelçiliklere
garamazdan halkyň eýeliginde galyp Reza hanyň eýelik orderleri (sentleri) batyl
bolýar. Şol bir wagtda-da ol ýerler türkmen taýpa-tireleriň eýeliginde galýar.
Şol hojalyk ýerler şahyň soňky ýer reformasynyň kada-kararlaryna degişli edilip
"Ilata ýer paýlanyldy" diýlen hasabata girizilýär.
Şeýle görnüşdäki ýerleri ýene-de dört görnüşde eýelik şertleri döredilip şonda-da
döwlet emeldarlary dürli päsgelçilikler döredipdirler.
Eseriň III bölümi "Ýer hojalyk meselesiniň çözgüdini nähili tapmaly?" diýlen sorag
mowzug berilýär. III bölümde eseriň başdan-aýak berilýän "Bap" sanawynyň 8-nji
baby başlanýar. Bu bölümde, ilki bilen hukuk taýdan meseläniň çözgüdine girişilýär.
Reza han Iňlis emeldarlarynyň tarapyndan Gajar hanedanlygynyň Ýoguna çykyp ýurt
Ýolbaşçylygyna dikilmezinden öň bir garyş ýer-mülki bolmadyk adam. Ol 1925-nji
ýylda türkmensährasyny basyp alandan beýläk türkmenleriň bütin ekeran ýer hojalyklaryny
ýurt hukuklaryny kasp edip elinden alandygyna we ondan soňky ýüze çykan wakalaryň
näderejede bu gadymy ỳerli ilaty pese düşürendigi hakda 1979-njy ýyldaky ynkylabyň
ỳokary derejedäki belli şahsyýetleri bir agyzdan güwä geçýärler.
Eýran Yslam Respublikasy döredilende ýurt Ministri (içeri işler Ministri) bolup
işe geçen Eýranyň uly kazyýet we hukukdan derejesindäki Dr. Ahmet Sadr Haj Seýidjewady
öz metbugat çykyşlarynda Pählewileriň döwründe Türkmensähradaky basyp alynan ýerleriň
hemmesini türkmen ilatynyň arasynda adalatly paýlamalydygyna güwä geçip, tizara
wagtyň içinde haỳdan-haỳ olary yzyna tabşyryljakdygyny makullaýar.
Eýran Yslam Respublikasy döredilende onuň ikinji baş Ministri jenap Mähändes Bezirgen
we ynkylabyň beýleki derkär şahsyýetleriň hersi öz gözỳetimine görä, türkmen halka
bolup geçen sütem we zulm hakda güwä geçdiler. Şolaryň arasynda, öz wagtynda “-yslam
ynkylabynyň atasy” diyilip atlandyrylan uly Müjähit Aýatulla Talganynyň türkmen
halkyna ỳollan habary uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem yslam ynkylabynyň lideri
hem şonuň ýaly goldaw güwänamasyny goýberdi. …
Şeýle hadysalardan beýläk Türkmensährada ýerler
döwlet tarapyndan goldaw berilip halk tarapyndan konfikasýa bolup bölünýär we
dürli ylmy predpriýatiýalar döredilýär. Bu meseläniň amala aşyrylmagynyň dowamynda
öňki bidüzgünlikleriň doly çözgüdini tapmak üçin hukuk taýdan käbir kynçylyklary
ýüze çykaryp ilata islenmedik çaknyşyk ýönkeldi. Şonuň üçin täze döredilen döwlet
bu meseläniň çözgüdini tapmak üçin Gürgen we Kümmetkowusdaky ýer hojalyklarynyň
dawa-jenjellerini kanun esasynda çözmek tertibi we oňa ýetişiklik etmek meselesiniň
çözgüdi ugrunda "Ynkylab Şurasy"
atly mejlisde karar çykaryp goýberdiler.
Öňde belläp geçilişi ýaly eýelerine tabşyrylan käbir ýerleri maýa goýum boýunça
ownuk daýhanlaryň ekiş gurbundan agyr bolany sebäpli uly sermaýadarlar ony birnäçe
ýyllyk kärendeligine alyp, şertnamada kärende ýyly gutaranda ony eýesiniň eline
bermän şol özi ýeri gaýtadan peýdalanyp gezipdirler. Şol ugurda arza-şikaýatlara-da
ser edilmändir. Ynkylap döwründe şunuň ýaly şertdäki duran ýerleri hem, bir ýyllyk
arza möhleti bilen, kanuna ýüz tutup başlandy.
Eseriň IX babynda meseläni ykdysady gözetimden döwrüň talabyna laýyklykda çözmek
üçin netijeli meýilnamany alyp barylmagyny maslahat berilýär.
Türkmensährada öňki düzgün boýunça köp sütem edilen daýhanlara hut döwlet tarapyndan
goldaw berilmeginiň zerurlygyny açyklanylýar we netijede diňe bir Türkmensähra
ilatyna däl-de, eýsem ähli Eýran halkyna bähbitli hojalyk önümleriniň bähresini
görüljekdigini ikiuçsyz hasaplanýar. Şonuň üçin Türkmensährada düýpli ykdysady,
jemgyýetçilik medeni we beýleki reformalary adalatly alynyp barylmagynyň zerurlygynyň
ýüze çykýandygyny kitapda äp-äşgär açyklanylýar.
Şol ugurda esasan hyzmatdaşlyk we arkalaşyk firmalaryny goldamak bilen dünýä standartlaryna
gabat gelýän tehnika bilen hojalyklary üpjün edilişi talap edilýär.
Alym ýazyjy Doktor Mansur Gürgeniniň edil öz wagtynda döwrebap çapdan çykan bu
eseri Türkmenistandaky we bütin Eýran intelligensiýasynyň arasynda giňden ýaýradylan.
Ondaky berilýän maslahatlaryň esasynda 1979-1981-nji ýyllarda Türkmensährada "oba
şuralary" we "daýhan şurylaty" dikeldilip Türkmensährada düýpli reformany geçirilip
başlandy. Netijesinde şol ýylyň dowamyndaky ýerlerden alynan hasyly öňki ýyllara
garanyňda ençeme esse köp we bereketli boldy. Ýöne soňa baka ýurdy beýleki monopolýalaryň
eýelemegi bilen islendik düzgün ýöredilmedi.
Şeýle hem Dr. Mansur Gürgeni görkezýän meýilnamalarynda "pul we ygtybar" ulgamyny
düzgünleşdirmek, maldarçylyk we marta meýdanlary ösdürmek, el senagaty goldamak,
suw we tok üpjünçiligini alyp barmak, okuw we terbiýe, saglyk saklaỳyş we derman
serişdelerini üpjün etmek " meselelerine doly üns berilip ỳerine ỳetirilmelidigini
orta atylỳar.
Bu eser Türkmensährada uly täsir galdyrmagy bilen halkyň hal-ýagdaýyny öňkiden
bir esse ỳokarlandyrmaga başarýar diýmäge esas bar.
Canada- Toronto: Hangeldi Ownuk
Ýanwar-2007 ỳ.
. Gürgeni Mänsur, “ Türkmensährada ỳer hojalygy
meselesi ”, Tähran – 1358 ş.ỳ., 133 sah.
۱. گرگا نی منصور، " مسئله
زمين در ترکمنصحرا"، تهران – ۱۳۵۸ ش.، ۱۳۳ ص.
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|