Kitab

 A.Gürgenli
ETREGIÑ GAİRASY
ıa-da
bosgunlyk ıyllaryñ ıatlamalary


Giriş

Bölnen Türkmen topragynyñ Gürgen ıaılasynda, Hazar deñizine akıan Gürgen derıasy boıunda ıerleşen Uly aryk obasynda ortahal maşgalasynda dünıä inipdirin. Şonda 1956-njy ıylyñ 19-njy Augusty bolmaly. Dädem, Omçaly Güli, Kümmetgowuzda mugallymçylyk terbiıeleıän «Daneşseraı äşaıeri دانشسرای عشایری» okap, 1950-nji ıyllarda mugallym bolup, obamyzdaky mekdepde işe başlapdyr. Biziñ maşgala agzamyz aglaba türkmenler ıaly uly bolup, bäş erkek bilen üç gyız dogandan ybrat, ulusy-da men. Häzir olaryñ hemmesi obamyzda ıaşaıar. İöne bosgunlyk şarpygy, atamyñ soñky diıdaryny görmäge zar etdi, ol bende, men Swedene baran ıylymdan biraz soñra 1991-nji ıylyñ Agustynda amanatyny tabşyrdy.
   Tanyşlykdan soñra, bu işimze dolanyp gelsek. Ilki Türkmenistana ondan soñra İevropanyñ dürli döwletlerine edilen mejbury bosa-boslyklaryñ sebäplerini, şonda gören-eşiden zatlarymy, başdan geçiren ajy hem süıji wakalarymy okyjylarym bilen paılaşasym geldi. Bu, elbetde diñe bir gurak ıatlama bolaman, eısem orta atylan her bir konsepsiıany, pikri delilleşdirmäge hem düşündirilmäge synanşylıar. Eserde diñe öz başymdan geçen ıagdaılar hakynda däl-de eısem şeıle günleri gören dost-ıarymyzyñ ıatlamalaryny-da getirdim. Bu dogruda başda açyk göwünleri bilen hyzmatdaşlyk eden adamlara minnetdarlygymy bildirıärin.

   Eserde Türkmensähradan  Türkmenistana bosa-boslyk eden iki nesilden söhbet edilıär. Ilkinji topar, 2-nji jahan urşundan soñra 1947-nji ıyllarda ”Tudeh partiıasyna حزب توده” agza Türkmen intellegentleriniñ Türkmenistana sygynşy, 2-njisi bolsa 1979-nji ıylda Eıranda Yslam ynkylaby bolandan soñraky wakalarda hökümet tarapyndan yızarlanyp, Türkmenistana we İevropa sygnanlar hakynda. Eser göwniñizden turar diıp arzu edıäris.

A.Gürgenli Prag.  Çek jemhuriıeti    Dekabr 2004

 

Uzakdan görünıän yşyk
ıa-da
Türkmenistana gyzyklanyp başlan çaglarym
                                                            «Gaıra, gaırada galdy,
                                                                          Oklar ıarada galdy,
                                                                           Biziñ bilen deñ-duşlar
                                                                           Şol gaırada galdy.»
                                                                                                       läleden

   Çagalyk ıyllarynda giıjelerine goñşymyz, has dogrusy, ıegenlerimiz Nurçylaryñ iki mertrbeli jaılarynyñ palynda/eıwanynda otrup, ondan-mundan gürrüñ ederdik, şonda uzak gaıraıüzden her ıarym sagatda bir gezek ıanyp-sönıän, gök ıüzüni ıagtyladıan projektore ıadaman seredıärdik. İarym aı görnüşinde aılanyp ıanıan bu çyranyñ Orsıet serhet garagullarynyñdygyny ulularymyz aıdyp berdiler. Men araçägiñ añyrsynda ıaşaıanlar barasynda oılanıardym, olar nähili adamlarka, nädip ıaşaıarkarlar diıp, özüme sorag berıärdim.

   Obamyzda Düıejilerden Körpe daıy diıen gojanyñ dukany bardym, adamlar agşamlaryna onuñ dukanyna ıygnanşyp, gürrüñ edıärdiler, başlaryndan geçen hakynda süıji ıatlamalary agzap, gündelik durmuşdan zeırenıärdiler. Bizem olaryñ manysyna düşünmezden, elimizdäki bir moş çigidi çigitläp gürrüñi diñleıärdik, käte bolsa pazlap, käbirimiz uwklap galıardyk, birdenem birsiniñ: «näme bolup otyırsyñ, tur, öıñize git-de ıat» diıen sesine oınayp, gözümizi owkalap, öıe gaıdardyk. Şonda Körpe daıy, mekdep birinjimi ıa-da ikinji kalasdaka, araçäkden aşyp, Gaırak ıagny Türkmenistana geçendigini gürrüñ berıärdi. Gyşyñ sowuk howasynda, aıaklary ıalañaç, serhet simlerini böwsüp, añryk geçendigini ıolda, hem Eıran hem-de Rus serhetçilerden bukulyp, simlerden geçendigini gürrüñ bererdi. Elbetde Körpe daıy näme diıp, ol ıüze geçendiginiñ sebäbini aıtmazdy, aıdanam bolsa men ol wagty düşünmändirin, ıöne 1986-njy ıyllarda taryhy dokumentleriñ gözlegindekäm, obamyzyñ mekdebinde Körpe we Toıjan Düıeji diıen birisiniñ okuwa gitmejek bolup gaçandygy hakynda mekdep müdüriniñ Astrabadyñ harby häkimine ıazan raportyny gördüm. 1925-nji ıylda Türkmensärany basyp alan Yrza şanyñ goşuny, pars dilinde sapak berıän harby mekdepleri ıola goııar, disiplin taıdan berk bolan we onda Türkmençe gürleşmegiñ gadaganlygy, pars dili bilmeıän çagalaryñ elleriniñ aıalaryna çiıbik we hatta iınçejik zynjyrlar bilen urulıandygyny, şol döwürde mekdep okujysy bolan dädem pahyr gürrüñ bererdi. Körpe daıy-da beıle gyınamalara çydaman, çäräni Türkmenistana sygynmakda görüpdir. Körpe daıy soñra yızyna dolanyp gaıdypdyr, ıöne Toıjan aga ondan giıçräk, 2-nji jahan urşy ıyllarynda ıene gaçyp, Türkmensähra dolanyp gelipdir.

   Toıjan aga käte-käte bize myhmançylyga gelerdi, şonda oba adamlar-da ıygnanşyp, onuñ gürrüñini diñlärdiler. Ol her gezek özüniñ araçäkden bärik geçişi barasyndaky wakany, edil film ıaly edip gürrüñ bererdi. Bir gezek ol şeıle gürrüñ beripdi:

«Güız günleridi, Esengulydan araçäge tarap ugradym, her gezek serhetçiler projektory ıakanlarynda otlaryñ arasynda giızlenerdim, şeıdip giıje ıarysy araçäge geldim, serhetde iki hatar siım çekilgidi we olaryñ arasyny her birnäçe günden ıüzleıje sürüp, adam geçse aıak yızy galar ıaly ederdiler. Maña araçäkdäki siıme el degse signal berıändigini, kä birleri bolsa oña elekterik çatylandygny aıdypdylar, şoña görä özüm bilen kiçiräjik piıl alyp gaıtdym. Siımleriñ aşagyndan öter ıaly gazyp, ötüp, bärik geçdim, ol döwürde, Türkmensährada ruslaryñ gyzyl goşuny gelip, Hitlerçi faşistlere garşy urşmak üçin Ynglisleriñ hem-de Amerikanlylaryñ berıän ıaraglaryny öz ıurtlaryna daşaıardylar. Munuñ ıany bilen Eıranly kommunistleri goldap, halkyñ arasynda öz düzgünlerini propaganda edıärdiler. Bolşevikleriñ guran jehenneminden gaçyp, Türkmensähra sygnan birnäçe Türkmenistanlylary şol sandan Annamyrat işan bilen Göki Sofyny tussag edip, yızlaryna alyp gitdi diıen habar ıaırady, şol wagt Türkmenistanly Kylyç Kulyıev, Gürgen şäherinde konsol bolup işleıärdi. Şurevä garşy bolup, Türkmensähra sygnan adamlaryñ tussag edilip, alnyp gidilmeginde onuñ-da eliniñ bardygy aıdylıardy. Şoña görä men bärik geçemden soñra ençeme wagtlap gizlenip ıaşadym, ahyr soñunda Benderşa-da ıerleşdim» diıp, Toıjan aga yızyny kesmän gürrüñ bererdi. Kylyç Kulyıeviñ Türkmensähradaky işleri barada 1986-njy ıyllarda etnografiıa ylmy barlag iş bilen Jergelana baramada Magtymguly şahyryñ nebirelerinden Ata işan-Mohammedi- maña şeıle gürrüñ beripdi:

  «Biziñ Garrygaladan göçüp gelen Yınçesu Gerkezde oturanymyzdan ıañy birnäçe ıyl geçipdi. Bir gün obamyza tarap üç atlynyñ gelıändigini gördük. Olar bir rus ofiseri bilen 2 sany rus eşikli saldatdy. Gel-gel olar biziñ öımüzi sorapdylar. Bolşevikler, ahun-baılaryñ yzy diıp adamlary tutıandygyny bilıärdik, şoña görä meni sygyr ıatagynda samanlaryñ arasynda giızlediler. Öıdäkiler oña «Kylyç aga» diıp ıüzlenıärdi, hem-de jan çekip bir zady ynandyrjak bolıardy. Ahyrynda bir köne kitaby alyp gitdi, soñra bilip galsam ol, Döwletmämet mollanyñ öz eli bilen ıazan we ogly Magtymgulynyñ oña goıan käbir bellikleri bolan «Wagz Azat» kitabymyş.»

      Meniñ Etregiñ añyrsyndaky durmuşa gyzyklandyıan şeıle gürrüñlerden ıene birisini aıdyp bereıin.

    Dädem pahyr juma agşamlary, gezek-gezegine dost-ıarlary bilen birek- biregiñkide ıygnaşyp, ondan-mundan gürrüñ edıärdiler. Obamyzyñ aşak ıanjagazynda kiçi aryk diıne oba bardy, onda dädemiñ ıagşy görıän Hekimguly diıne dosty bardy. Bir gün Dädem, agamyz Osman däde hem-de meni alyp, Hekimguly agalaryñka alyp gitdi. Şonda özüniñ kombaıny bolup, kireıne daıhanlaryñ bugdaıyny orup berıän Osman dädemiz şeıle wakany gürrüñi berdi:

«Bugdaı ormak üçin kombaıyn, serhet ıaka Inçe Burunyñ töweregine alnyp gidildi, men-de hernäçe günden işlere gözegçilik etmek üçin jiıp maşynym bilen ol ıere baryp gelerdim. Bir gün ikinin, agşam-ara yızyma dolanyp gelşime ıoldan azaşypdyryn, uzyın depäniñ üsti bilen barıardym, berdenem, elektrik çyralar bilen ıagtylanan obamy-şäheriñmi yşyklaryny gördüm, wä allajan biziñ obalarymyza elekterik çekilenok, onda bu nirekä, ıa-da men azaşyp, Gyzyletrege geçäıdymmyka diıp, ıüregime howsala düşdi, dogrusy gorkmanam duramakdym. Aljyrap barşyma maşyny ıoluñ keneryndaky jara düşrüpdirin, henäçe jan çeksem peıda bermän, üstesine benzinem gutaryp, somalyp galdym, näderimi bilmän, bir çilim otlap, duruberdim, birdenem uzakdan bir maşynyñ yşyklary göründi, begenjegimi-de bilemokdan, ors maşyny bolaımasyn diıp gizlenjegimi-de. Aı näme bolsa şol bolsun diıp, maşynyñ oñünden çykyp, ”duruñ” diıp elimi galgadym, ıük daşaıan bary maşyn ıanyma gelip saklady, birdenem: ”Osman ıegen, näme bolup dursuñ” diıp, uzagrakdan bir garyndaşymyzyñ seseni tanadym. Onuñ kömegi bilen maşyny çykaryp, oña ıangyç guıup, oba tarap ıola düşdim.» diıip Osman däde başyndan geçirenini gürrüñ berdi.

   İetinjeklik ıyllarymda hemme öılerde radio bolmazdy. Biziñ tagta gapyrçakly daşyndan baglanıan bir hil gara hamyır görnüşindäki bateriler bilen işleıän radiomyz bardy. Ol wagtlar Gürgen şäherindäki radio stansiıa 10kw güıje eıe bolup, ony diñe şäher we onuñ ıakyn töwerekleri diñläp bilıärdi. Onsoñ türkmen dilinde günde 10-15 mynutdan köp gepleşik bermeıärdi. Şol sebäpden köplenç Aşgabat radiosy diñlenıärdi. Ony diñlemek üçin öıleriñ üstünde dört burç edilip bir-birine çatylan antenler dakylyp Aşgabatdan berilıän gepleşikler diñlenıärdi. Elbetde diñe aıdym-sazlardyr, Görogly, Zöhre-Tahyr, Şasenem-Garyp dessanlary esasynda düzlen radio oıunlar diñlenip, rusçasyna düşünilmeıärdi. 1960-njy ıylda milli şahyrymyz Magtymgulynyñ 225-nji ıyl dönümi Garrygalada bellenende merhum Kerim Gurbannepseviñ «Pyragyny gören daglar» esasynda döredilen we merhum Döwletgeldi Ükdirev bagşynyñ ıerine ıetiren aıdymy Aşgabat radiosyndan köp berilıärdi. Biziñ Türkmensähraly bagşylarymyzdan halypa bagşy merhum Gazak Pañ ol aıdymy aıdyp, Gürgen radiosyndan ıañlatdy, ıöne gyınançly ıeri, aıdymçylarymyzda Aşgabatda aıdylıan aıdymlaryñ teksti bolmansoñ, üstesine radionyñ eşidylşy şagul-şugully bolany üçin aıdymlar bärde dogry-dürüs ıerine ıetirilmeıärdi. Mysal üçin şol «Pyragyny gören daglar» aıdymyndaky «Magtymgulyñ şygry ıaly kökün ıere uran daglary», «Magtymguly sygyr ıaly» bolaımasyn» diıp, ony «Magtymgulyñ şygyn ıaly, Magtumguly sugun ıaly» diıp Gazak pahyr aıdardy, ol ölıänçä bir ses ıazıan magnitofan edinmegiñ arzuwynda boldy, ıöne muña-da ıetip bilmän 1980-nji ıylyñ tomsunda Gurban baıramy gününde aradan çykdy.

   Şol wagatlar Hojanefes obasynda akeordon/ garmon çalıan Anna kaka bilen deprekçisi Nury diıen iki sany ıigit bardy. Olar mydama Aşgabat radiosyny diñleıän ekenler. Anna kaka-nyñ iki sözüniñ biri ”iznam”-di diıp gürrüñ berıärler. Soñra bilip galsam ”iznam” diımek ors dilinde ”bilıärin, düşünıärin” diımekmiş. SSSR-de meşhur bolan kosmenat İuri Gagarini bolsa Nury deprekçi gaty halaıanmyş, şoña görä muña-da Nury Gagarin diıp lakam goıanmyşlar.

Anna kaka iznam bilen Nury Gagarin ökde hünärli kişilerdi. Şol wagtlar ”Degirmençi daıy”, ”Murtum towlanıar” ıaly aıdymlary adamlar hezil edip diñleıärdiler.

   Howa, aıdyp barıan gürrüñmizden uzaklaşmaıyn. Araçägiñ añyrsyndakylaryñ durmuşa gyzlanmam günsaıyn möwç alıardy. Muña ıene bir zatda sebäp bolıardy. Garagaşly− dogrusy Alborz dagynyñ eteklerinde ıerleşeni üçin ol ıerde agaçlar köpdi we oña Gara agaçly diılıärdi, soñra gyısgalyp Garagaşly boldy. Garagaşly obasynyñ aşak ıanyndaky gür jeññeliñ arasynda «Ivan abad» diıen bir oba bardy. Onda ruslar ıaşaıardy. Bu ruslar, kommunist ynkylabyndan ozal Türkmensähra göçürlip getirlipdi. Lenin ynkylaby ıeñiş gazanandan soñra, olar yzyna çagyrylıar, ıöne Bolşevikleriñ ar almagyndan gorkan patyşa tarapdary ruslar bu ıerde galyp, obalaryna-da meşhur Ivanyñ adyny dakıarlar. Şolardan birisi bilmedim haısy sebäpden dädem bilen dost bolup gatnaşıardy. Bu bolsa mende Şurevi hakynda ilkinji giziklanmalaryñ döremegine alyp gelipdi. Olar 1965-nji ıyllarda Tehranamy, başga ıerleremi göçüp gitdiler, häzir olardan ol ıerde nam-nyşan ıok, Ivan abad bolsa dargap, ıok boldy.

   Garagaşly obasynda agalarymyz Gökje bilen inisi Hally dagy ıaşaıardy. Bir gün Hally dädemiz, agasy Gökje bilen öıkeleşip, ıabysyna münüp, niredesiñ Balkan diıp, ıola düşenmiş. Bu waka 2-nji dünıä söweşiniñ öñ ıanlarynda bolmaly. Orta mekdepde okaıan ıyllarymda bir gün salamlaşmak üçin Garagaşla baramda, Gökje dädem, Hally dädemiziñ Türkmenistandan ıazyp ıollan hatyny görkezip: «bally sen inglisçe okaıan bolsañ, ynha bu haty-da okap bilersiñ, okap ber bakaıly» diıp, ol hatymy elime tutdurdy. Ömrümde ilkinji gezek äjür-müjür çyrşalaın gol hatyna gözüm düşdi. Patdyñ-putdyñ edip okajak boldum, ne özüm bir zat datdym, ne-de töweregimdäkiler. Şonda birinji gezek rus kril hatynda ıazylan salam hatyny gördüm. İöne obamyzda Annameret çarwa diıen bir çopan bardy, ol kolhoz gurluşy ıyllarynda Esengulynyñ Çaloıuk obasyndan göçüp gelipdi. Annamyrat aga Türkmenistanda birnäçe klas okan eken. Şoña görä ol bu haty okap bilıärdi.

   Şol salam hatynda Hally dädemiz özüniñ Pigamber ıaşyna ıetip, Ak-aşyny berendigini ıazypdyr. 1990-da Türkmenistandakam, Çelekende ıaşaıan Hally dädäniñ ogul-gyzlaryny tapdym. Ilkinji işim çelekene gitmek boldy. İöne ol ıer serhete ıakyn bolany üçin oña «ıapyk zona» diılip, gitmek üçin içeri işler ministerliginden ıörite rugsat hat almalydy. Hernä Aşgabatdyñ OVIR-inden- شهربانی rugsat haty aldym, Çeleken baran badyma ol ıeriñ polisine görkezip oña möher basdyrmagym gerekdi. Çelekene baryp, bu işleri bitirenimden soñra, garyndaşlarymyñ öñ telefon arkaly beren adresine tarap ıola düşdüm. Tapyşyp, hal-ahwal soraşanymyzdan soñra, Hally dädemiziñ 1985-de aradan çykanyny onuñ ikinji aıaly milleti Tatar bolan Solubike gelenejemiz gürrüñ berdi. Onuñ ilkinji aıaly Nebitdagdan bolup, bir ogly bolandan soñra aırylşypdyrlar, ogly bolsa Orsıetiñ bir ıerine göçüp gidipdir. Hally dädemiziñ Saparmyrat diıen ogly, Taşjan bilen Rozgül diıen gyızlary bardy. İöne Taşjandan başgalary türkmençe gürläp bilmän, rusça zowladıardylar, meniñem Türkmenistana ıañy baran ıyllarymdy, rusçadan gaty az sözleri bilıärdim. Solobike gelenejemiz tatar aksentinde Hally aganyñ başdan geçiren görgüsini aıdyp berdi. Hally dädemiz Türkmenistana geçen badyna «serheti bozanlykda» aıplanyp, göni Sibre sürgün edilıär. Biçäre on ıyllap otrup gelıär. Nebitdaga soñra Çelekene gelip balykçylyk sovhozyna/ şereketine işe girıär. Sibrde beton ıerde ıatyp, ıürek keseline duçar bolupdir. Agyrly ıürek onuñ göwresine çydaman, ahyrynda 85-de aradan çykypdyr. Ertesi gün Saparmyrat bilen Çelekenden maşynda takmyn bir sagat uzaklykda ıerleşen gonomçylykda ıatan Hally dädemiziñ mazaryny baryp, aıat-doga okadym.

     Şol döwürde Hally däde bilen bilelikde, çepçi partyıalara, esasan-da «Tudeh» partyıasynyñ simpatlaryndan/tarapdalar- Akgaladan Araguly Şurevi lakamly Arazguly Şirmädli, Tañyrguly Ymady, Anjan Gülmehemmdi we İarmuhammet Jafarbaı dagy Sibriñ togaılygynaky zähmet lagerine sürlüpdir. On ıyl geçenden soñra, Eıran hökümeti dogrusy Mämedreza şa SSSR-e sygnanlar dolanyp gaıtmak isleseler, gelenlerinde bolsa syıasy herekete goşulmajagyna dil hatyny berseler günäleriniñ! geçiljekdigi hakynda perman çykarıar. Şonda ady agzalan bu üç türkmen ıigidi Türkmenistanyñ üşti bilen Türkmensära ugraıarlar, ıöne olardan İarmuhammet Jafarbaıy ıolda ıylan çakıar we ıurduny görmek oña nesip etmeıär. Bu zatlar hakynda kitabyñ «Türkmenistana geçiş» bölüminde köpräk durup geçerin. Häzir gürrüñi ıene ıaşlyk ıyllary döwrüiñ ıatlamasy bilen dowam etdirıärin.

   Bir gün obamyzyñ arasyna ıaıran bir habar adamlary Emer arabaçynyñ öıünin öñüne ıygnady. «Emer aga şäherden gelşine gökden ıere düşen uçıanjygy ekinleriñ arasyndan tapypdyr». Baryp görsek dogrudanam ini-boıy bir iküç garyşdan köp bolmadyk, üstünde bolsa ak matadan çadyr ıaly edilen örtgüli birhil gara demira, adamlar geñ-tañ bolup bakıardy, her kim onuñ nämedigi barada pikrine geleneni aıtıardy. Birdenem hälki Annameret çarwa: «ohow adamlar, üstünde orsça ıazylan hatlary görıäñizmi diıp, elendäki taıagyny ortada ıatan we nämedigi belli bolmadyk zada uzatdy. Men soñ-soñlar onuñ Türkmenistanly obahojalyk inistitutynda okaıan studentleriñ, meterelogiıa işleri bilen baglaşykly beıle enjamlary ıasap, synamk üçin uçarandyklaryny we olardan birisiniñ bu ıere gelip düşmeginiñ ähtimaldygyny düşündim.

   Şol ıyllarda agalarymyzdan Hudaguly Saıy gün-güzeranyñ agyrlygy zerarly, şeıle-de ogullaryny okatmak üçin, Tehrana göçüp gidipdir. Ol Tehranda birnäçe otagly jaıy kireıne alyp, ony myhman-hana edıär. Türkmensähradan, Tehrana işi düşüp baran Türkmenler Nejep aga we Hudaguly dädemiziñ misaferhanasyna barardylar. Hudaguly dädemiziñ uly ogly Isa 60-njy ıyllarda Avstriıa okuwa gaıtıar we injinıer/muhendes bolup okuwny tamamlaıar. Alman aıaly bilen öılenen Isa dädemiz häzir daşarı ıurtda ıaşaıar.

Tudeh partyıanyñ döremegi,
Türkmenistana bosa-boslygyñ ilkinji tapgyry
 
                                                                           «Gaıradan gelıän bäş geçi,
                                                                            Hany munuñ erkeji?»
Patma daızamyñ äri Gaıyby
zarynlap ıatlan wagty gaıtalaıan lälesinden

   1925-nji ıylda Kümüşdefeli Osman ahunyñ baştutanlygyndaky milli azatediş hereket Reza şanyñ Türkmensähra goşun sürmegi netijesinde basylyp ıatyrylıar. Gazaply öç almakdan gorkan türkmenler topar-topar Gyzyletrege, Baıathaja baryp, ol ıerde oturıarlar. Şol sandan Osman ahun, Allaıarhan, Nepes serdar dagy Türkmenistana sygynıar. Soñra Türkmensährada gahar-gazplar ıatyşyberende olar ıurda dolanyp gaıdıarlar. İöne Osman ahun we Allaıar hanyñ soñky ykbaly henize çenli gömürtüliginde galdy. Göıe olar Aşgabada gidenmişler we ol ıerde 1930-njy ıyllardaky ganly repressiıada Stalin jenıatynyñ gurbany bolanmyşlar. Bu zatlary soñ-soñlar türkmen taryhy bilen gyzyklanyp ugranymda bilip galdim. Bu barada «Türkmen sährasy» diıen kitabymda dolurak durup geçendirin. Şeıle-de 1927-28−nji ıyllarda Kümüşdefeli Ahmad Garadagly, Baıjan Turany, Abdyrahman Niıazy, Nazdurdy Niıazy, Hajy han(Nurgeldi) Oguzy, Mämet Şirmämmedi diıen ıigitleriñ ıokary ylym almak üçin Türkiıä okuwa gitmekleri we olardan köpüsiniñ diıen

ıaly Türkmensähra dolanyp gelmändikleri, meni adamlaryñ öz dogduk diıarlaryny terk etmäge näme zatlaryñ sebäp bolıandygy gyzyklandyrıardy.

   Sähramiz, Yrza şanyñ goşuny tarapyndan baslyp alnandan soñra, Kümüşdefeli meşhur Erejep ahun Seııadynyñ ogullary Ahmad bilen Abdylla Türkmenistana geçıärler. Gürgenli lakamly Ahmad meşhur gündogarşynas bolup ıetişıär, ıöne 2-nji dünıä söweşine gatnaşyp frontda wepat bolıar. Abdylladan önüp-ösenler bolsa Aşgabatda ıaşaıarlar. 

   Meni Etregiñ añyrsy bilen gyzyklandyrıan iñ esasy mesele daıym Gaıyp Bähelke-nyñ ykbalydy. Garry ejem/enem pahyryñ iki sözüniñ biri: «Wah, armanly giden, çykamaz guıa atylan Gaıypjan»dy. Men şol wagtlar çagalyk düşünjäm bilen dogurdanam Gaıyp pahyryñ guıa atylyp, çykmaz ıaly üstüne daş guılandyr diıp oılanıardym. Soñra görüp otursam dogrudanam ol SSSR diıen guıa düşen ekeni.

   Ikinji jahan urşy ıyllarynda Alamandaky faşistik Hitlerçileriñ tarapyna geçen Ynglisleriñ dikmesi Eıran şasy Yrza tagytdan düşürlip, soñra Britanıanyñ kloniıasy bolan Günorta Afrikaniñ Moris adasyna sürgün edilıär. İigrimi ıyllap süren bu gara hökümet döwründe Türkmen topragy gana çaıkalıar, ıurtdaky bütin siıasy partyıalar we hereketler gadagan edilıär, Eıranda terror atmosferasy döredilıär. Köp sanly syıasy aktivistler şol sandan türkmen ıigitleri azatlykdan mahrum edilp, zyndanlara atylıar. Olaryñ arasynda Annagylyç Babaıy, Gurbanmuhammed Siveri we Hajyhan /Nurgeldy Oguzy ıaly ıigitler bolupdyr. G.Siveri türmede gyınag astynda öldürilıär. Yrza şa ıykylandan soñra, siıasy bendiler erkinlige çykıar we täze dörän çepçi «Tudeh partyıasyna» goşulıarlar. Şolardan birisi-de daıymyz Gaıypdy.

   1940-45−nji ıyllar aralygynda SSSR-iñ gyzyl goşuny Türkmensähara gelıär, Sährada, Tehrandan başgarak, has dogrusy Şureviçilik atmosferi döräpdyr. Her ıerde işçi, daıhanyñ hakyny goramak, ganhor feodallara garşy göreşmek üçin mitingler we demonestratsiıar geçirilipdir. Şonda Gaıyp daıym batyrgaı çykyşlary bilen merkezi hökümetiñ Türkmensährada alyp barıan siıasatyny paş hem tankyıt edermiş, Nurberdi Jürjäni we Abdyrahym Talebi bolsa ıangynly goşgulary bilen halky joşa getirıänmişler. Bildiriş hökmünde il arasynda ıaıradylan  şol çykyşlardan ençemesini Tehrandaky merkezi arhiv ıagny «Sazman-e Esanad Milli merkezindeni سازمان اسناد ملی ایران» tapdym.

   Merkezi hökümetiñ syıasatyndan nägilelik harbylaryñ arasynda-da artıardy. 1945-nji ıylyñ agustynda/mordad 1325ş-de «Hurasan ofisserleriñ gozgalañy» ady bilen meşhur bolan herket bolupdyr. Şonda Maşat şäherinde gulluk edip ıören 10-15 sany ofisser we kiçi derejeli habylardyr ıönekeı esgerler Türkmensäranyñ Marawadepe ıaılasyna gelip, ol ıerdäki garnizony/padgany eıeläp, ok-ıaraglaryny ele geçirıärler. Soñra olar Kümmetgowuza tarap hereket edıärler. Olaryñ arasynda Servan سروان derejeli Abdulrahym Nedimi diıen türkmen-de bolupdyr. Bular Kümmetgowuzyñ «baag-e milli- keşaverzi » diıen kompleksinde ıerleşip, goldaw gözleginde, Tudeh partiıanyñ Kümmetgowuzdaky bölüm başlygy Gaıyp Bähelke bilen duwşuşıarlar. Ol ıerde Gyzyl goşunyñ bular ıaly avanturist hereketlere golda bermejekdigi bildirilıär. Muña garamazdan olar ertesi gün, şähere giriıärler. Şäherbani we Jandarama güıçleri bilen bolan atyşykda olaryñ köpüsi heläk bolıar, birnäçe ofiser şol sandan A.Nedimi ilki Benderşa, soñra  Azerbegjana gidip, Astaranyñ üsti bilen SSSR-e geçıärler. Orsıetiñ Ivanov diıen şäherinde ıaşan A.Nedimi 1975-nji ıyllarda aradan çykan bolmaly. Onuñ bir rus aıala öılenendigini, bu aıalyñ A.Nedimiıe onçakly wepaly galmany, hatta ölenden birnäçe gün soñra yslanan jesediniñ goñşular tarapyndan bilnendigini 1990-da Aşgabatda Nurymuhammet Aşurpur maña gürrüñ beripdi.

   Mämedreza şanyñ rejimi, Tudeh partiıasy we milli halklaryñ öz hak-hukuklaryny talap etmeklerinden gaty gorkıardy. Şol sebäpden bu hereketiñ başyna ıetmek üçin ıawuz plany amala aşyrıar. 1948-nji ıylyñ Mart aıynda patyşa Tehran universitesine çykyş etmäge baranda, rejimiñ howpsuzlyk güıçleri tarapyndan jurnalist eşigine girizilen we jübsinde Tudeh partiıasynyñ agzasydygyny görkezıän bilet/kart goılan birisi şaha ok atıar, şonda şa ıüzleı ıaranlanankiş bolıar. Muny bahana eden hökümet Tudehçylary awlap başlaıar.

   Şondan birnäçe aı öñ harbylaryñ arasynda dörän anti rejim bir guramyñ üsti açylıar. Tussag edilenleriñ arasynda tophana palkovniki/Serheng Safar Hatyby diıen-Omçaly obasyndan- türkmen ıigidi-de bolupdyr. Şol wagtlar Türkemensähra-denem onlarça siıasy aktivist, şol sandan Gaıyp Bählke dagy tussag edilip, ilki Mazenderanyñ merkezi Sary şäheriniñ zyndanyna, ol ıerden bolsa Tehrana alnyp getirilıär.

    Gürgende mugallym bolup işlän Gaıybyñ tussag edilip alnyp gaıdylşyny garry ejem pahyr öz gözi bilen görenmiş. Ol bu hakda maña şeıle gürrüñ beripdi:

«Şol wagtlar Mämi kakañ/atañ jandarmada gulluk edıärdi. Gaıybyñ dagy Gürgen zyndanyndan Sara alnyp gidiljegini bilipdir, derrew gelip maña habar berdi, bizem haıal edmän, iıer ıaly ojuk-bujuk taııarlap, onuñ geçjek ıolunda durduk. Harby maşynyñ yzy çadyr bilen basyrgylydy, içinde bolsa tussaglar bardy, Gaıyp meni görer-görmez seslendi. Mämi kakañ maşyndan asylyp, oña ijek-içek zatlary berip ıetişdi, ıöne soñra reıislerinden kaıyş aldy. Garaz Gaıybym şol gidişi-gidişi boldy.»

    İurtdaky dartgynly ıagdaı, çepçi toparlara Eırandan çykyp gitmeginden başga ıol goımaıardy. Gaıyp-da sudy/dadgasy başlanıança pul girewy bilen wagtlaıyn azat edilipdi. Ony soñky gezek Tehrana özüni bejertmäge baran uly agalarymyzdan Sahyt hajy görüpdir. Ol Gaıyba: «Men Mämet ahun Jürjani bilen tanyş, isleseñ puşmanlyk hatyny ıazda, seniñ halas bolmagyna kömek bolar», diıende Gaıyp ony ret edip: «Türkmen halkynyñ hakyny iııänler bilen ortak bolup, mejlisde, nahak ıerden wekil bolup oturan Mämed ahunyñ maña kömegi gerek däl» diıp jogap berenmiş. Şol wagtlar Gaıyp daıym öılenip, Hydyr, Ylıas diıen ogly bardy. Aıaly Patma daızam diıseñ batyr aıalmyş. Ol, Gaıybyñ işlerine goldaw beripdir.

«İüsüp daıyñ öıi»
 
 Aıdyıar Maşat gaçaılyñ haryja,
İa gezeıliñ sanaglymyz dolynça…
                                                                                                                       Mşat şahyr

 

  Tudeh partiıasynyñ gizlin maslahatynda, kadrlaryñ ıurtdan çykyp gitmek we SSSR-e sygynmak barada karar kabul edilıär. Kod/ gizlin at hökmünde oña «İüsüp daıyñ öıüne gitmek» diıler ekenler. İüsüp daıydan maksat İusef/Josef Stalindi.  Bu barada şol partyıanyñ ıokary derejeli siıasy kadrlaryndan Ehsan Teberi, 1987-nji ıylda Tehran zyndanynda ıazan «Kej raaheh/ ıalñyş ıol» diıen kitabynda şeıle maglumat beripdir:

  «1948-nji ıylyñ başlarynda Merkezi komitetiñ karary boıunça ilkinji bolup men ıurtdan çykmaly edildim. Ynkylaby ofiserler toparyñ başlygy Hosrow Ruzbehdi, ol golaıda zyndandan gaçyp, Tehranyñ Şemiran mähellesinde bir öıde gizlenıärdi. Şol topardan Seıfetdin Humaıun, serhede barıança meni goramalydy. Maña şeıle-de Ruzbeh-iñ öıüne baryp ol ıerde gizlenen Gaıyp Bähelke diıen Türkmeni mugallymy-da alyp gitmegi buırdular-[Teberi, Kümmetgowuz we Türkmensähradaki Tudeh partiıasynyñ bölüm başlygyny diñe bir mugallym diıp agzap, onuñ wezipesini kemsitıär-AG]

  Şeılelik bilen üç bolup Maşada geldik, Maşatda Şerifi bilen aıalyny-da özümiz bilen alyp gitmelidik. Maşatdan birsiniñ jiıp maşynyny amanat alyp, Goçandiñ üsti bilen Türkmenistana tarap ıola düşdük. Goçantda, dag ıollaryna beled Mülki diıen birisi, bizi garagullaryñ bolmaıan geçelgesine alyp bardy. Biz giıje Etrekden aşdyk. Dañdan rus serhetçileri bizi görüp, Kaka diıen posta alyp bardylar. Biz ol ıerde ıigrim günläp tussaglykda saklandyk. Soñra Meni Moskva, Bäheke we Şerifini Täjigistanyñ paıtagty Stalinabda (häzirki Duşenbä) ugratdylar. İola düşmezden ozal Aşgabada we ozal Eıranyñky bolan Firuze obasyny gördük. İer yranmada Aşgabat büs-bütin weıran bolupdy, ol ıerde diñe wagtlaıyn gurlan binalar görünıärdi.»

(Kej raheh. Neşir Emir kebir. Tehran. 1366)

   Tudeh partiıasyna agza Türkmensähraly mugallymlardan eneçemesi şol ıyllarda Türkmenistana sygynıarlar. Şolardan Sapar Ensary, Nurmuhammed Aşyrpur, Sary Göklany, Baırammuhammet Muderresi, Aman-muhammet Yslamy, Rejep (Rahman) Rahmany dagy Aşgabada sygynıarlar. 49-njy ıylda Serheng Sapar Hatyby Aşgabada barypdyr. Onuñ Patma atly azerbegjan aıaly soñra Bagdadyñ üsti bilen Türkmenistana baryp, olara goşulypdyr. Men bularyñ soñky ykballary barasynda soñrak gürrün bererin. Häzir ıene-de öz ıigitlik çagymda görüp-eşiden zatlarymy aıdaıyn.

   1974-nji ıylda orta mekdebi tamamlan tomsunda Gerkez obadan Atanazar diıen dostum meni öılerine myıhmançylyga çagyrdy. Ertesi gün motorsiklet bilen Marawadefäniñ töweregindäki obalara aılanmak üçin ıola düşdük. İeke çynar diıen obanyñ ıokary ıanynda uly dagyñ üştünde aılanyp duran radary gördüm. Bu näme diıp soranymda: «Bular Amerikanlylar saldylar, maksat bolsa Türkmenistany diñlemk» diıp, ulularyndan eşdenini aıdyp berdi. Soñra bu barada, Patyşanyñ ıokary derejeli ofiseri Husıen Ferdust-iñ ıatlamalary esasynda çap bolan kitapda, Kümmetgowuzda Inglisleriñ M-16 içalylyk bölüminiñ bir şahasynyñ kümmetgowuz we Türkmenistan araçägine ıakyn ıerde iş alyp barandygyny okadym.

  Kommunismiñ Eıran ıaly döwletlere ıaıramagynyñ öñüni almak üçin Amerikada «Marşal plany» orta atylıar. Şol esasda, yktysady taıdan yza galan ıurtlara maddy ıardam berilip, anti kommunist rejimleri goldamalydy. Şeılelik bilen öılere ıag, bugdaı, mekdeplere bolsa pudra görnüşinde we «gury süıt شیرخشک» diılen süıt paılandy. Başlangyç mekdepde meniñ özüm-de şol süıtden içipdim. Dogrusyny aıtsam, içiñi gitdirerdi, aldygyndan bir ıere baryp içiñi boşatmalydy.

   Şol ıyllarda iki sany Amerikanlynyñ Türkmensährada ylmy barlag! işini alyp barandygyny soñ-soñlar öwrendim. Olardan birisi Mr B.Moore beılekisi Marawadefäniñ töwereginde etnologiıa barlag işini geçiren William Irons-dy. Onuñ işi 1974-nji ıylda American etnologist inistitutynda «Nomadism as a politijal adaptation: the case of the Yomut Turkmens» ady bilen çap edildipdir. Mr. Moore- we W.Irons-iñ hatta türkmençe gepläp bilendigini, ony görenler aıtıarlar. Mr. Moore, ozaly bilen Kümmetgowuzda bir kitaphananyñ ıola goıulmagynda alda edipdir, galyberse ukyply türkmen ıigitlerini saılap, isleg bildirenleri Amerika okuwa ıollapdyr, olara stependiıa/bursiıe alyp beripdir. Şol türkmen ıigitlerden birnçesi häzir daşary ıutlarda ıaşaıar. Şol döwürde bu zatlaryñ hemmesi meniñ düşünjelerimiñ ösmegine we daşary düıä bilen gyzyklanmagyma alyp gelerdi.

   Obamyzda orta mekdep bolmany üçin Benderşanyñ Hazar, soñra Hedaıet adyndaky orta mekdeplerinde okumy dowam etdirdim.  Bir gije sinemadan çykyp, öıe gelşime şeıle wakanyñ şaıady boldum: Benderiñ belli tam ustasy Garja− Türkmenistandan göçüp geleni üçin oña Garja Mahejeri diıerdirler, her agşamkysy ıaly, dostlary bilen ”Papa mişa(Michael)” diıen erminiñ resturanyndan arak içip gelıärdiler. Birden ıañky Garja gaty ses bilen «ölüm bolsu Şaha» diıp gyıgyrdy. Onuñ dostlary, eger şeıtseñ saña plança tümen pul bereıli diıp şert edenmişler. Garja şeıdipdir. Dostlary gaçyp gidıär welin ıañky Garja pahyr tussag edilip, görgi baryny görüp, ençeme wagtdan soñra goıberildi. Ol wagtlar, gizlin gulluk gaty daraıardy. Sinemalarda film başlanamzdanozal, ıurduñ milli gimni(marşy) çalnardy, hemme adam telpeklerini çykaryp, aıak üştünde durmalydy. Şanyñ täç goıan güny(4 aban) dukançylar, dukanlarynyñ öñünden baıdagy asmalydylar, kimde-kim asmasa, iki tümen jerime edilerdi. 4 aban dabarasynada okuçylar patyşanyñ suratynyñ öñünden hatara/ reje geçirilıärdi. Oña taııarlyk görmek üçin azyndan iki hepdeläp, sport klubynyñ howlusynda maşk edilerdi. Orta mekdebi 1974-nji ıylda Gürgeniñ Astrabady mekdebinden tamamlap, şol ıyl Maşat universitetiniñ edebiıat fakultetinde Taryh bölümine geçip, okuwmy dowam etdirdim.

   1975-nji ıylda, studentlik döwrümde siıasy gözgaraıyşlarym ösıärdi, universitetiñ her bir fakultetinde rejime garşy protestler möwç alıardy, dürli siıasy toparlaryñ listovkalary/ bildirişleri, çagyryşlary ıaıradylıady. Şol ıyllarda pikrim-zikrim Türkmenistandy, Maşatda bolanym üçin Aşgabat radiosyny arassa diñläp bilerdim. Maşat şäherinde Türkmenistandan gaçyp, Eırana sygnan Türkmenler «Rezaıy» diıen mähellede ıaşaıardy. Bu Türkmenler 1930-40-njy ıyllarda bu ıere göçüp gelipdiler. Aıdyşlaryna görä serhetden Eırana aşanlarynda, Eıranyñ serhetçileri olary talamak talapdyr. Olardan İaılym diıen bir haly söwdigäri bilen tanyşdym. Bir gün agşam İaılymlara myıhmançylyga baramda, Çary aga diıen birisi bilen tanyşdym. Ol şeıle bir süıji gürrüñleri berdi welin henizem ıadymda. Günbatar Türkmensährada önüp-ösen we Türkmenistanda barasynda az zat bilıän maña bu gürrüñler geñ galdyryjydy. Şondan soñra Kümmetgowuz we Jergelana göçüp gelen Tekeleriñ durmuşy meni diıseñ gyzyklandyrıardy, üstesine Aşgabat yşky.

  Her tomusda oba öwürlip gelenimde Aşgabat televizerni görmek üçin kiçiräjik televeziri alyp dostlar bilen serhet ıakasyna giderdik we birnäçe gün «Halatnebiniñ» daglarynda galardyk.

Bir Türkmenistanly bilen
 ilkinji duwşuşygym
 
«Gaıradan gelıän hüık-hüık,
Boıny uzyın, gözi gök.
   Baı-baı munuñ parlaşyn
Parsy bilen gürleşin.»
Läleden

   İalñyşmasam 1976-njy ıylyñ Sentıabr aıy bolsa gerek. Maşat universitetinde okap ıören ıyllarymdy. Bir gün öıleden soñra 3 dost bolup köçeden barıardyk, adama bir çüışe bira içipdik, köçede aıdyma hiññilenip, arasynda  batlyrak ses bilen bir-birimize bir zatlary aıdyp öıe barıardyk. Birden üsti başly oñat geıimli, boıuny galstokly/kravatly birisi gelip: «Oglanlar, siz türkmenmisiñiz?» diıdi”, ”biz howa” diıp jogap berenimizde: «Bä, bu ıerde türkemenem barmy?» diıip ıene sorag berdi. Bizem bu ıerde okap ıörendigimizi aıtdyk. Şonda aramyza biraz dymyşlyk aralaşdy. Men öz ıanymdan: «Aı, bu daıy, orak ormak üçin kombaıyny bilen Türkmensähradan bu ıere gelip, iki-üç aı bäri türkmen görmän ıören bende bolmaly.» diıip oılandym. Onıança ıanymdaky Toıjan: «ıöri, öıe gideıli, çaı-suw içeris» diıdi. Olam kabul edip biz bilen tirkeşip gaıdyberdi. Çaı-suw içenimizden soñra: «Howa, daıy nirden bolıarsyñyz, bu ıere näme iş bilen geldiñiz?» diıip, soradyk. Ol: «adym Ata familıam Berdiıev, Maşatda Şureviniñ Ingostrah şerketinde işleıärin. Etregiñ üstüne bend gurmak proıektimiz bar.» diıdi welin, biz serpmeden gaıdan ıaly bolduk. Gözümize ynanmaıardyk. Bir tarapdan ilkinji gezek bir Türkmenistanly görenimize begenjimizden el-aıagymyzy ıitirdik, aıry tarapdan rejimiñ SAVAK(Sazmaan-e Amniıet ve Ettelaat Keşver سازمان امنیت و اطلاعات کشور) diıen howply gullugyndan gorkardyk. Bu ıawuz we gizlin edara, entek bahana bilen adamlary tutup, gynaıardy, ylaıta-da studentlere köp azar bererdi. Bu edara üçin bahana taııardy: «sen çepçi, kommunist, rejimi agdarjak bolıarsyñ» diıp, studentleri ıörite niıetlenen öılere alyp gidip, agyr gynag astyna alıardy, urup, horlaıardy. Şondan bir-iki ıyl öñ Maşat universitetiniñ Edebiıat fakutetinde taryh bölüminde okaıan bir Türkmen ıigidi(A.O), Kümmetgowuzdaky dostlaryna hat ıazyp, hökümetiñ gadagan yglan eden haısydyr bir-iki sany kitabyñ adyny tutup, şolary okamagy maslahat berenmiş. Bu hat gizlin gulluklarynyñ eline düşıär, netijede bu we Kümmetden 19 türkmen tussag edilip, eneçeme aı Sary we Gürgeniñ zyndanynda oturıar. Meñ özümede olar bir-iki gezek göz dagyny beripdiler. Garaz, näme bolsa şol bolsun diıp, Ata aga bilen arkaıyn oturşyp, çaı-suw edindik. Gaıtjak mahaly işleıän edarasynyñ adresini berip: «oglanlar, sagat 12:30-da goñşy edaralarda işleıänler, işi bes edip gidıärler, siz şondan soñra arkaıyn bina girip, ıanyma gelip bilersiñiz» diıdi. Bir gün men Toıguly we Şagylyç üçümiz, Ata aganyñ işleıän edarasyna bardyk. Ata aga bizi gören badyna ıerinden turup, salamlaşyp, ıagşy garşy aldy. Biraz gümür-ıamyrdan soñ, iş stolynyñ çekerinden bir çüışe arak bilen pisse çykardy. «Alyñ, ıigitler, muña bugaıdan ıasalan rus vokdasy Piçenişna diııärler» diıp, herimize ıarym stankan arak goıup berdi. Soñra Türkmenistan hakynda, Aşagabadyñ günsaıyn ösüşinden gürrüñ berdi. Bizem Türkemnistan barasynda sorag üstüne sorag ıagdyrıardyk. Wagt birçene gelenden soñ, turmak üçin rugsat aldyk, hem-de ıene bir gezek öıe nahara çagyrıanymyzy duıdurdyk. Ata aga minnetdarlyk bilen kabul etdi, bizem soñra çykyp gaıtdyk.

   Wadaly gün ıetip, Ata aga biziñkä myhmançylyga geldi. Biz iki student bolup bir jaıda ıaşaıardyk, ıene-de birnäçe ıagşy görıän dostlarymyzy çagyrdyk. Palaw bişirip, myhmany garşy aldyk. Bilelikde surat aldyrdyk, ıagşy wagt geçirdik. Gatnaşyklar birnäçe gezek gaıtalandy, indi has içginräk söhbet ederdik. Bir gezek Ata aga jübsinden bir suraty çykaryp: «ynha, bu meniñ oglum, ady-da Batyr» diıp, bir ıaşajyk oglanyñ suratyny gördük. Indi, görsem Türkmenistanyñ Vienadakı ilçisi, Türkmenistanyñ İevropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndakı wekili, Boris Şyhmyratovdan soñ, 2000-njy ıylda 6 aılap Türkmenistanyñ daşary işler ministeri  bolup işlän, soñra töhmet atylyp türmä düşen Batyr Berdiıev, şol Ata Berdiıeviñ ogly ekeni. Ata aga özünyñ Saryk taıpasyndandygyny we gurulşyk injinıeridigini gürrüñ berdi. Medisina fakultetinde okaıan Hajymuhammet Satlygy diıen dostumyz: «Ata aga, geljek tomus öılenıärin, şu mahaldan sizi toıuma çagyrıaryn, toı Bendertürkmende bolar.» diıip. Ata aga ıüzlendi. Ol hem göwün hoşluk bilen: «Nesip bolsa hokman bararys.» diıdi. Bir gezek oturşygymyzda, aragy köpräk içen birimiz: «Dostlar, şu Türkmenistanda oglanlar sünnet edilmeıär diıp eşitdik, şu Ata agañky nähilikä, geliñ şuny bileıliñ» diıp Ata aga garşy eñterdi, ol pahyram: «İok, duruñ, oglanlar, bizem musulman çagasy, bizde hemme zat edil siziñki ıaly» diıp, onuñ elinden sypdy. Garaz, hezillik boldy. Hemmämiz hoş bolup, üşüp-çaşyp ıörerdik.

  Gelen tomusda, Hajynyñ toıuny tutmak üçin Benderşa-da olaryñ öıüne bardyk. Hemmämiz dört göz bolup, Ata aganyñ gelerine garşıardyk. Agşam nahar çekilip başlandy welin Ata gadan habar ıokdy. Biz: «aı, işi çykandyr-da» diışip otyrkak, birden Ata aga, geldi. Hemmämiz turup, hormatly myhmanymyzy garşy aldyk we ondan näme üçin giıjä galanyny soradyk. Ol: «wah, menä ir gelmelidim welin, Tehrandan gelşime, Kürtkuıden bärik, Bendere sowlamda, bir polis maşyny ıolumy kesip: «Dogry Maşada tarap gitmelisiñiz» diıdi. Men olara: «Benderde bir dostumyñ toıy bar, şoña görünjek» diıemde, «ıok, siz daşary ıutly diplomat, şoña görä, biz sizi kontrol etmeli» diıp jogap berdi. «Nätseñiz-de men-ä şol toıa barjak diıp gaıdyberdim, olram biraz yzyma düşdüler, soñra galdylarmyka diııärin» diıdi. Bizem Ata aganyñ gelenenine hoş bolup, giıjäniñ bir mahalyna çenli şagalañy dowam etdirdik. Ertesi gün myhmany ugratdyk.

   İene okuwlar başlandy. 1978-njy ıylyñ sentıabr aıynda Maşat Hurasanly şahyr Ferdowsiniñ ıübleıi geçirilıärdi. Bir gün gazetde, Aşgabatdan sazanda Akmyrat Çaryıeviñ Maşada gelendigine gözüm düşdi. Bu habary buşlamak üçin Ata aganyñ edarasyna tarap ugradym, görsem Ata aga ıanynda birisi bilen edarasyndan çykyp gelıär. Salamlaşanymyzdan soñra: «Bu ıigide, Gurban diııärler, Gurban Aganıazov. Ol meniñ ıerime geldi, men ıakyn günlerde ıurda dolanyp gitmeli» diıp, meni Gurban bilen tanyşdyrdy. Soñra men oña: «Ata aga, Akmyrat Çary gelipdir, habaryñyz barmy» diıemde, «howa, habarym bar, häzir onuñ bolıan oteline barıarys, ıöri gitseñ» diıdi. Menem olar bilen otele tarap gitdim. Baryp Akmyrat bilenem salamlaşyp, birnäçe gezek surata düşdük. Şol güni, şäheriñ daşyndaky Ferdowsynyñ movzeleıniñ parkynda, Eıranyñ dürli welaıatlaryndan getirlen göreş pälwanlary, bagşy-sazandalary, kyssaçylardyr-şahyrlaryñ çykyşlaryny diñlemek üçin bardyk. Şonda Türkmensähranyñ Aıderwiş/Kelale şäherinden bagşy Arazmuhammet Bahoşy-da aıdym aıtdy. Goçandyñ Deregez şäherinden tamdyrasynyñ kirşi ıüpkden bolan Owülıaguly bagşy-da çagyrlypdy. Ol, Änew, Damana ıolundan aıdym aıtıardy. «İol beriñ gyzlar geledi» diıen belli aıdymy bardy. Mämedreza şanyñ aıaly Farah Diba, bu iki türkmen sazandasy- Akmyrat bilen Öwülıagulyny- ıanyna çagyrdyp, olaryñ sazlaryny ıörite diñlänmiş. Agşamsy Maşadyñ medesin merkeziniñ uly zalynda Akmyrat Çary çykyş etdi. Onuñ çykyşy üç giıjeläp dowam etdi. Zalyñ içi türkmenlerden dop-doludy. Kümmetgowuzdan birisi, onuñ terjimeçisi bolup, adamlaryñ isleglerini sazanda ıetirerdi, hem-de pars dilinde indiki çaljak zasyny annons ederdi. Kolhoz gurluşy ıyllarynda Türkmenistandan gaçyp gaıdyp, indi bolsa Maşatda ıaşaıan adamlar-dogrusy goja ıaşulylar, öñ hatarda otrup, ellerindäki ıaglyklary bilen göz ıaşlaryny sylyp, dymyp saz diñleıärdiler, arasynda: «Sagja bol, köp ıaşa» diıerdiler. Birisi: «Akmyratjan, şu Köne güzeri-de çalyp berseñ» diıp ıüzleneni şu gün ıaly ıadymda. Konsert gutaranda, öñ alan we üstüne «Türkmen studentleriniñ» adyndan ıazgyly uly gül destesini gowşurmak üçin keteni köınek geınen bir türkmen gyzyna berdik. Ol ıerinden turup, güli Akmyrada gowşudy we oña işlerinde üştünlik gazanmagyny diläpdir. Sazanda-da onuñ elini gysyp, Tañyr ıalkasyn aıdanmyş. Üç giıjeläp, adamlar ıadaman konserte gatnaşdylar. Nämäniñ nämedigini bilmän, parslaryñ aıdym-sazlarydyr tanslarydyr oıedip gelen pars maşgalalary-da bardy. Akmyrat arasynda ıeñil aıdymlary-da sanap bererdi. Her gezek sesi badlananda, ıa-da juk-juga başlanda, parsyñ çagalary gorkupmy, nädipmi sesleriniñ çykdygyndan bagyryp aglaıardylar.

   Ata aga eden sylag-hormatymyzy, Gurban Aganıazovada etdik. Olar, Şureviniñ kosulhanasynyñ ıerleşıän ıeri bolan «Baag-e huny»da ıaşaıandyklary üçin, bizi ol ıere alyp gidip bilmezdiler. Şol 78-nji ıylyñ güızinden başlap, Eıranyñ dürli şäherlerinde rejime garşy protest mitingler, demonstratsiıalar we halk gozgalañy başlandy. Ylaıta-da Maşatda gazaply ıörişler bolardy. Şanyñ esgerleri, adamlary rehimsizlik bilen oka düzıärdi. Şäherde, kamindat sagat yglan edilip, giıjelerine köçä çykmak gadagandy. Azyk-imit we maşynlara hem-de öıleri ıylytmak üçin gerekli ıangyç gahatçylyk edip başlady. Bir gün Gurban gelip: «Meni Tehrana çagyrdylar, göıe Eırany terk etmegimiz gerek, ıöne Tehrana aşar ıaly benzin tapyp bilmän kösenip ıörin, tanyş-bilşiñ bar bolsa, hany gaırat et» diıdi. Mende «Bolar» diıp, elleri tüpeñli hatar-hatar duran esgerlerden çekine-çekine, baryp bir tanşyñ üsti bilen Tehrana aşar ıaly oña banzin alyp berdim. Bu zatlary agzamagymyñ sebäbi bar, ony soñra aıdaryn.

  Rejimi protest edip, studentler universitetlere barmadylar, okuwlar ıapyldy. Menem obama dolanyp bardym. Oba adamlara ıurtda bolup geçıän ıagdaıyñ sebälerini düşündirjek bolup kösenıärdim. Özümi bilermen saıardym. Şol günler televizıoniñ antennasyny uzyın agaça baglap, Aşgabatdan berilıän gepleşikleri diñlärdim. Biriki gezek, Türkmenistanyñ «Dostlyk jemgiıetinden» ıazan hatyma jogap berilip, gazet-jurnal we kitap iberdiler. Bir gezek, Ata aganyñ hem-de Gurban aganyñ nirdegini soramda, hata jogap ıazan Gurban Aganıazov, Ata aganyñ iş bilen Täjigistana gidip, ol ıerdedigini ıazdy.

Yslamy hökümetiñ döremegi,
 Türkmenistana bosa-bosgunlygyñ artmagy
 
                                                                  ”Gyryldy zynjyrlar, üzüldy gamçylar,
                                                                   Azat boldy bu gün garyp daıhanlar”
                                                                                                                      A.Gürgenli

  1978-nji ıylyñ 11-nji Fevralynda/ 22 Bähmen 1357ş-de Eıranda patyşalyk/ monarkiıa düzgüni agdarlyp, ıerine Yslam respublikasy oturdy. Edil şu gün ıaly ıadymda, Türkmensähranyñ bütin oblaryndan adamlar topar-topar bolup, araçäge tarap gitdiler. Köplenç balykçylardy. İöne aralarynda men ıaly, Etregiñ añyrsyny görmäge zarlarda bardy. Şonda ilkinji gezek Türkmenistaniñ topragyna gadam basdym. Köp otluk hem çaıylyk ıerlerdi. Ote-çöpe baı topragy görüp geñ galdyk, sebäbi bärde goıuna otlara ıer goıman köpüsi, ekerençylyk ıerlere aılandyrylypdy. Biraz egelenip, eglenmänkäk, rus saldatlary ıanyndaky itleri, depeden bolsa vertolıotlary bilen ökjämize düşdüler, bizem kä otlaryñ arasynda gizlenen bolup, gaçyp öz tarapymyza geçdik.

  Universitetler gaıtadan açyldy, okuwlar başlandy. Maşatda ıörkäm, avtonomıa isläp köçä çykan Türkmenler bilen merkezi hökümtiñ arasyndaky dartgynly ıagdaı möwç alıardy. Şol ıylyñ 26-njy Martynda/ 1358-nji ıylyñ Ferverdin aıynyñ 6-synda Kümmetgowuzyñ «Milli parkyna» ıygnaşan Türkmenlere, Eıranyñ dürli şäherlerinden getirlen «ynkylabyñ sakçylary/pasdarlar» asuda geçyp duran mitinge ıygnanşanlaryñ üştune ok açdy. Onlarça adam ölüp, köp sanly günäsiz adam ıaralandy. Türkmenler haıal edmän ıaraglanyp, olara gerekli jogaby berdiler. Türkmenler tarapyndan döredilen «Medeni we Siıasy Ojak» we «Oba Şuralaryñ merkezi karargähi ستاد مرکزی شوراهای ترکمنصحرا  » ıaly guramlar, 11 aılap Sähranyñ kontrolyny öz elinde saklamagy başardy. Şu möhletiñ dowamynda basylyp alanan ekerançylyk ıerler, gaıtadan hakyky eıelerine gowşuryldy, balykçylar, dokmaçylar öz şuralaryny dörtdiller. Oba ıerlerde abadançylyk işler alnyp baryldy. Medeniıet ugurda-da deñi-taıy görülmedik işler edildi. «Folklorik kanun» esaslandy, aıdym-saz, läle-hüwdi we folklorik döredijilik janlyp başlady, klassik şahyrlarymyzyñ eserleri çap edildi. Bir söz bilen aıdylanda, on ıyllyk ıol on aıda geçildi.

   Obamyzda ”Kanun” tarapyndan açylan kitaphanada ıaşlary kitap bilen gyzyklandyryp, olara dürli temadan gürrüñ berıärdim. Kitaphanany ıegenim Kaka(Abdulmelk) bilen dolandyrıardym. 1980-nji ıylyñ güızünde esgerlige gitdim. Pasdarlar Sährany basyp alandan soñra oba kitaphanalar-da ıapdyryldy.

   Bular ıaly ösüş-özgerişleri görüp, çydap bilmedik merkezi hökümet, 1980-nji ıylyñ 8-nji Fevralynda ıene bir gezek Kümmetgowuza ıaragly güıçlerini sürdi. Deñ bolmadyk söweşde, onlarça türkmen öldi, köpüsi tussag edilip, soñra ölüm jezasyna höküm edildi, birnäçesi bolsa pars otrumly şäherlere sürgün edildi.

   Türkmenler tarapyndan döredilen milli guramalar, oba şuralary, hatta «Yıl güıji», «Türkmensähra habarnasy» ıaly neşirleriñ çap edilmegi gadagan edildi. Bedelje diıen oba, edil 1925-nji ıylda Yrza şanyñ döwründe Sallah-yñ od berilişi ıaly, kül edilip, sowruldy.

  Dokuz aılap Sährany öz kontrolynda saklap gelen güıçlere ıolbaşyçylyk eden Şirmuhammed Tumaç, Hekim Magtym, Tuwakmäd Wahedi, Söıün Jürjany dagy namartlarça ogurlanyp, gorkaklygyñ mysaly hökmünde sudsyz- dadgahsyz, giıjäniñ garañkylygynda dogram-dogram edilip öldürildi we jesetleri Gülüştan tokaılygyna atyldy. Türkmenleriñ aıaga galmagyndan gorkan hökümet, bu ajy wakanyñ üstüni basyrmak, hem-de onuñ unudylmagy üçin porsat gözleıärdi. Her gün bir bahana tapyp, bolan jenaıaty, onuñ, munuñ üstüne atıardy. Yslamy hökümet, Türkmensährede dogurdanam terror howasyny, gorky atmosferasyny döretdi. Toılar, ıaslara öwrüldi, bagşylaryñ tamdyralary owradylyp, olara, şäher ortasynda dürre/gamçy urıardylar. Gadyr giıjelerinde läle kakıan gyızlara azar bererdiler, balykçylar rehimzizlik bilen oka düzülıärdi. İadymda bir gün Akgaladan bir avtobus doly türkmen ıigitlerini tutup, Gürgeniñ «Buıeh» zyndanyna atdylar. Kümmetden bolsa her gün bir türkmen ıigidiñ atylyp öldürlen habary gelıärdi. Bir gün Abdylla Gyzyl, bir gün Meretgeldi Bidar, başga bir gün Hally Hallyzadeh(Algyr), Ybraıym Nedimi, Arça Besiri, Hezretguly Kör, Hamyd Ferjad, Gürgen Bähelke, Änin Göklany, İakup Kürt…beıle ajy habarlara ıürek çydamaıardy.

   1980-nji ıylda okuwmy tamamlamdan soñra, ilki Tehrana, soñra Tebrize, harby gulluga gitmeli boldum. On sekiz aıdan soñra, Türkmensährada höküm sürıän ıawuz ıagdaı ıüzünden Tehranda galmagy mahul gördüm. Gulluga gitmezden ozal, oba şurada aktiv hereket edenim üçin, Sährada tanalıardym, ıöne ol wagtlar, hökümetiñ gizlin gulluklary onçakly güıçli bolmanlygy üçin, başga şäherlere gidenleri tanap durmaıardylar. Tehranyñ garyp mähellesi bolan ”Nazy abatda” resmi bolmadyk suratda orta mekdepde mugallym bolup işe alyndym. Şondan iki ıyl öñ öılenipdim we aıalym Ejegülde indi maña goşlupdy. Bir otagly jaıy kireıne alyp ıaşaıardyk. Mundan bir ıyl geçipdi. 1983-nji ıylda milli şahyrymyz Magtumgulynyñ 250 ıyllyk ıaş toıuny bellemek üçin, Kümmetgowuzyñ ıaşullary, adamlary Akdokaıa çagyrdylar. Şol dabara gatnaşmak üçin Türkmensähra gitdim.

   Akdokaı märeken hym berıärdi. Adamlar içmeklerine dolanyp, depeleriñ hem baıyrlaryñ üstünde agşamlaryny geçirip, ertirki geçiriljek dabara garaşıardylar. Sähranyñ her künjünden adamlar gelipdiler. Hökümetiñ gizlin gulluklary-da gelip, çem gelen ıerde adamlary surata düşürıärdiler. Men birnäçe ıoldaşym bilen minibus bilen bir giıje öñ Akdokaıa barypdyk. Ol ıerde agaç öıler dikilip, birsinde bagşylar aıdym aıtıardylar, birsinde dessançylar aldygyndan Göroglydyr başgalardan gürrüñ berıärdiler, beılekisinde Magtymgulyhonlar, şahyryñ goşgularyny okaıardylar. Garaz, diıseñ gözellikdi.             

     Ertesi dabara başlandy. Ozaly bilen karylar Kurhandan aıatlar okadylar, soñra görnükli ruhany we Magtymgülyşynas Abdyrahman ahun Teñli(Tana) Şahyryñ ruhany we dini taraplaryny wasp edip, goşgularynyñ pelsefesi düşunirmäge syınanşdy. Soñra gezek şahyrlara ıetdi. Settar Sowgy Şahyryñ «Essalam eı äl-ul gubur» diıen şygryny okandygy ıadymda. Ylgama ıaryşy geçirildi. Bir ıandan bolsa gazan-gazan palaw bişirilıärdi. Nahar wagtyna garaşylıardy. Birden-de gara tupan ösen ıaly bolup, gazanlara atarylmaly tüwiler, ıere serpildi. Bir baksam, hökümetiñ ıaragly güıçleri: «adamlar, indi bes ediñ, dabara tamam boldy» diıp, gelen myhmanlary kowup başlady. Olar serhet ıakasynda beıle ıygnanşygyñ, rejim üçin howply boljakdygy bilen märekäni dargatmaga synanşıardylar. İaşullaryñ töwellasy-da peıda bermedi. Şeıdip, milli şahyrymyzyñ 250-nji ıyllyk dabarasyny gödeklik bilen dargatdylar. Geñ tarapy, Türkmenistan öz garaşyzlygy jar edip, her ıylda resmy suratda Türkmenistaniñ döwlet işgärleri Akdokaıa gelip başlandan soñra, Eıran hökümeti. Magtymgulyny, Eıranyñ musulman şahyry diıp kiçi dilden hormatlankiş bolıar.

  Dabaradan Tehrana öwürlip gelemde, mekdebiñ müdiri meni ıanyna çagyryp, öñüme şol dabarada çekilen suratymy atdy-da: «Mundan buıana bu mekdepde işläp bilmeıäñ» diıdi. Menem çäresiz kabul etmeli boldum. İokarlara şykaıat edeıin diısem, bir tarapdan resmi işe alynmanlygym bardy, aıry tarapdan, rejime wehim salıan dabara! gatnaşanym bardy. Bi-alaç paty-putularymy dañysdyryp, obamyza göçüp geldim.

Öñki dostlaryñ gözleginde
                                                               ”Ne safaly günmişdik deñ-duş bile baş goşan,
                                                               Başyñ al git, kowuldyñ, ne dost bildiñ, ne duşman…
                                                                                                                                 Magtymguly

   Türkmensähra dolanyp gelemde, rejimiñ döreden terror atmosferasy azajyk-da bolsa köşeşene meñzeıärdi. Häkmiıet organlary Sähranyñ ähli ıerlerinde ıagşy ornaşypdy. Rejim indi garşysyna baş göterip biljek güıjüñ ıokdugyna mahul göz ıetirip, irişmäni biraz gowşadypdy. Zyndana atylan ıigitler, ökünç haty ıazyp, munda beıläk rejime wepaly bolamk barasynda dil haty beren ıagdaılarynda− elbetde howply! bolmadyklary− azatlyga goıberıärdi. Azat edilenleriñ arasynda Sapar Ensary (Körlerden) bilen Nurmuhammed Aşyrpur (Düıejilerden) dagy bardy. Tudeh partyıasyna agza bolan we 1948-nji ıyllarda Türkmensähradan Türkmenistana sygnanlardan bolan bu iki adam, 1979-da Yslamy ynkylap ıeñiş gazanandan soñra, dogduk dyıarlaryna öwürlip gelipdiler. Şol wagtlar Türkmensährada siıasy hereketler möwç alıardy. Bir ıandan «Halkyñ Fedaıylar guramasy», aıry tarapdan «Tudeh partyıasynyñ» tarapdarlary özlerine simpatziıalar tapyp, bir-birine bäsdeş hereket edıärdiler, bulardan başga-da ownuk-uşak siıasy toparlanşyklar-da ıok däldi.

   Kümüşdefeli Sapar Ensarynyñ gelenini eşiden Gaıyp daıymyñ doganlary, haıal edmän onuñ ıanyna baryp, ıitenlerini soradylar. «Gaıyp Täjigistanyñ paıtagty Duşenbe gitdi. Taryh fakultetine girdi. Biriki gezek bizi görmek üçin Aşgabada geldi. 1956-de okuwny tamamlap, täze işe başlajak mahalynda, gyşyñ güni kömürden syzan gaz onuñ ömür tanabyny kesdi. Mazary-da şol şäherde galdy» diıp, Sapar aga jogap berıär. Olaram boıunlaryny büküp, oba dolanyp gelip, merhumyñ hormatyna aıat-sadaka berıärler. Şondan bir aı geçip, geçmänkä Patma daızamyz-da amanatyny tabşyrdy. Gaıyp daıymyñ Hydyr we Ylıas diıen ogullary bolsa şondan 20 ıyl ozal Mazenderanyñ pars otrumly Behşeher diıen şäherine göçüp gidipdiler. Sebäbi, Türkmensährada olara «atañ kommunist» diıen igenç sözler artıardy. Olar häzirem şol şäherde ıaşaıarlar. Gaıybyñ ady dakylan Hydyryñ ogly bolsa doktor/wraç bolup ıetişdi. Şol 47-nji ıylda Türkmenistana sygnanlaryñ hemmesi diıenıaly ıañy öılenen ıigitlerdi we yzlarynda bir ıa-da iki çaga taşlap gitmäge mejbur bolupdylar. Sapar aganyñ-da Ata diıen ogly bardy. Ol Tehran universitetinden sosıologiıa ugrundan okuwny tamamlady, ıöne SAVAK dädesi ıüzünden oña az igenmedi. Yñkylabyñ öñ ıanynda ol Kümüşdefäniñ magaryf edarasynyñ başlygy boldy. Bir gün Ata, dädemiñ müdürlik edıän mekdebine geldi. Ol wagt şah rejimi agdarylmandy. Dädemi görmek üçin menem mekdebe barypdym. Şonda Tudeh partyıasy tarapyndan daşary ıurtlarda neşir bolıan «Dünıä» jurnalynyñ bir sanynda Sapar aganyñ «Türkmenistanyñ 50 ıyllygy» barasynda ıazan makalasyny tapyp okaıardym. Men ıuwaşjadan şol jurnaly dädeme berip, ony Ata görkezmegini isledim, ol bolsa ony görse-de görmedikkiş bolup, ıüzüni sowdy. Nurmuhammed Aşyrpudan perzent bolmady. İöne Amanmuhammed Yslamy Türkmenistana geçende yzynda İüsüp, Ahmat diıen ekiz ogulalry galypdyr. İalñyşmasam 1970-nji ıyllarda araçägiñ ıakasynda kombaıynda işläp ıören we dädesiniñ hasratyna zar bolup ıören Ahmat, araçäkden ötüp, atasynyñ ıanyna barmagy başarypdyr. Onuñ ykbaly barasynda soñra gürrüñ bererin.

  Howa! Sapar bilen Nury däde Türkmensähra dolanyp gelenlerinden soñra Tudeh partyıasyna bolan wepadarlyklaryny dowam etdirdiler. İöne siıasy hereketleriñ ıany bilen medeni ugurlarda-da alada edıärdiler. Sapar aga Bendertürkmende Türkmen dilini sapak berıän kursy ıola goıdy, Nury däde bolsa Berdi Kerbabıeviñ «Gyzlar dünıäsi», «Mollanepesiñ diwanyny» arap hatynda çapa taııarlady, olary Muratdurdy Gazy çap etdirdi. 1979-nji ıylyñ Julı aıynda esasy kanuny düzmek boıunça Eıranyñ «Hobregan» mejlisi üçin saılaw geçirlende, Sapar aga Bender we Kümüşdefeden kandidad boldy, Fedaıylar guramasyndan bolsa Şirli Tumaç bilen Hekim Magtym. Bular gereki sesi almagy başardylar, ıöne bolan galplyk ıüzünden şol mejlise girip bilmediler.

80-nji ıylda bolsa Türkmensährada eııam hemme zat tersine döndi. Tutha-tutlyklar başlandy. Gapçalanlaryñ arasynda Sapar aga bilen Nury däde-de bardy. Sapar aga Gürgeniñ Buıeh, Nury bolsa Tehrana baranda avtobus terminlyndan göni Evin zyndanyna alnyp gidilıär. Olar 7-8 aı ıatanlaryndan soñra erkinlige goıberilıär. Men Nury agany ilkinji gezek Kümmetgowuzda halyçylyk ugrundaky bilermen Nazjan Niıazynyñ öıünde gördüm. Nazjan aga, 70-nji ıyllarda Owganystanyñ üşti bilen Aşgabada barandygyny gürrüñ berdi. ”wah Nury, biraz çekindim-da, ıogsam Aşgabatda sizi görübem biljekdim” diıdi. İalñyşmasam 1984-nji ıyllardy. Şonda Nury aga Seıdi şahyr hakynda işleıändigini we iki Seıdi şahyryñ bardygyny gürrüñ berip, onuñ birisiniñ Lebaply Seıdnazar Seıdi, beılekisiniñ bolsa Etrekli Artykmuhammet Seıdi (Seıdi hoja)digini we onuñ bilen obadaş bolan Zelili-niñ Hywa ıesir alnyp gidilendigini aıdyp beripdi.

  Zyndandan çykandan soñra, Nury aga ıegeniniñ öıünde boldy, horrak ıaşaıardy. Keç ykbal oña ajap oıun oınapdyr. Patyşalyk rejimi agdarylmazdan bir ıyl öñ, Nury aganyñ Kümmetgowuzdaky aıalynyñ hossarlary ondan talak hatyny aldyryp, bulary aıryşdyrıarlar. Bir ıyl soñra Nury aga Gaıradan öwrülip gelende, eııam iş-işden geçip, aıalynyñ başgasyna äre berlendigini bilip galıar. Men biriki gezek Nury agany görmek üçin ıegenlerine barypdym. Bir gezek baramda, onuñ uzak ıere gidendigini we gaıdybam gelmejegimi aıtdylar. Soñra bilip galsam Nury däde ıene Türkmenistana gaçyp geçipdir.

 Zyndanda, Sapar agnyñ gan basyşynyñ öñüni alıan dermany berilmäni sebäpli, gan basyşy gözüne urup, gözi görmez ıagdaıda Kümüşdefedäki ogly Atanyñ öıüne dolanyp gelıär.

  Şol günler men ıañy Tehrandan Türkmensähra dolanyp gelen wagtlarymdy. Tanyşlardan «hany T, B, İ…» diıip «Kanun» we «Setatda» aktiv iş alyp baran dostlary soramda, başda bilemizok diıp jogap bererdiler, soñ-soñlar olaryñ Türkmenistana geçendiklerini eşitdim. Sürüden galan goıun ıaly, näderimi bilmän geziberdim. Bir ıandan işsizlik, bir ıandan geljege umyıtsyzlyk depämde gara bulut bolup oınaıardy.

   Bir gün iş sorap, Kümüşdefä Ata Ensarynyñ ıolbaşçylyk edıän magaryf edarasyna bardym. Uzakradan tanyş bolanymyz üçin meni bir ıyl syınag möhleti bilen işe aldy, şeıdip Kümüşdefe we onuñ töwereginde orta mekdep mugallymy bolup işe başladym.

   Okuw sapaklarymda başardygymdan Türkmenistan barasynda gürrüñ berıärdim. Şol wagtlar Kerim Gurbannepesiñ goşulary Sährada giıñden ıaırap, el bilen arap hatyna geçirlip, öıden öıe ıaıradylıardy. Şahyryñ goşgularyny goltuk depderime ıazyp, mahal-mahal okuwjylaryma okap bererdim, giıje dostlar bilen oturşykda aıdyp bererdim. Türkmensähranyñ dürli ıerlerinde düşünjeli ıigitler, Türkmenistanda çap bolıan kitapdyr, gazet-jurnallary tapardylar. Tehranda bir ermeniñ kitap magazyny bardy, oña baryp «Soviet Edebiıati», «Edebiıat we Sungat» ıaly gazetlere ıazyldym. Gazetler Moskvañ üsti bilen Tehrana getirlerdi. Aşgabat radiosyny ürç edip diñlärdik, tutup bolan ıagdaıynda Türkmenistan televidniıesini tomaşa ederdik. Uly agaç dikip Aşgabady tomaşa edıänimi bilen Yslamy ynkylabyñ sakçylary/pasdarlar, ony aıyrmak üçin duıduryş berdiler.

  Şol döwürde serhediñ iki tarapynda ıaşaıan garyndaşlara, duwşuşmak üçin rugsat berilip başlandy. Şonda Türkmenistana gidip gelen ıaşlaryñ-da sany biraz artdy. Olar özleri bilen tamdyra, aıdym ıazgylaryny, bagşylar bilen durup alan suratlaryny, foto albomlary, gazet-jurnallary getirıärdiler. İöne nämedir hiç haçan Türkmenistana sygnan dostlarym barasynda habar gowuşmaıardy. Munuñ sebäbini soñra özüm ol ıere baramda bilip galdym. Howa olary-meni-de, baryp Owganystanyñ, Özbegistanyñ araçägine ıakyn Çärjewe eltip, göz tussagynda saklanmyşlar.

   Eıranda mekdepler 3 aı konikula/ dyınjalyşa çykardy. Şol porsatdan peıdalanyp, universiteti tamamlamak üçin ıazan dessertatsiıamy kämilleşdirip ugradym. Onuñ temasy Türkmenleriñ taryhy hakyndady. 1976-njy ıylda okuwum tamam bolmazdan ozal, bir tema saılap, okuw tamam bolıança ony işläp tabşyrmalydy. Men Türkmenleriñ taryhy diıen temany saıladym. Mugallym-da kabul etdi. Bir gün dekanyñ başlygy meni otagyna çagyrdy. Giremde, iki sany adam-da bardy. Olar gara eşikli, gözlerine-de gara äınek dakypdylar. Olaryñ ıörite gullukdan bolandygyny meniñ studentlik duıgularym aıdyp berdi. Bölüm başlygy: «bu jenaplar seniñ bilen özara gürleşjekler» diıp, otagdan çykyp gitdi. Olar maña näme üçin dessertatsiıamy Türkmenler barasynda saılandygymy soradylar, menem Türkmen bolanym üçin, öz taryhymyzy bilesim gelıär diıp jogap berdim. Onda olar, başga zatlar hakynda ıazmagymy teklip etdiler, men boıun bolmadym. Ahyrynda: «bolıar, Türkmenler hakynda ıaz, ıöne onda Pählevi döwründe Türkmenleriñ gaty ösendigini ıörite belle, eger şeıtseñ, onuñ çapy üçin saña pul kömegini bereris» diıdiler. Men-de olar bilen gaızalaşyp durmaıyn diıp, «oılanyp görerin» diıp çykyp gaıtdym. Şondan bir ıyl geçensoñ patyşalyk rejime garşy bütin ıurtda aıaga galmalar başlandy, menem dessertatsiıamy öz isledigim boıunça ıazyp, iñ ıokary baha ıagny (A) bilen tabşyrdym.

   Şol işim 70-80 sahypadan ibaratdy. Indi ony kämilleşdirmek üçin amatly pursat gelipdi. Ozaly bilen Hazar deñziniñ ıakasyndan başlap, Jergelana çenli Türkmenleriñ durmuşyna degişli dürli pursatlardan, taryhy mekanlardan, etnografiıa degişli simbollariñ ähisini surata düşürdim. Soñra ıaşullar bilen söhbetdeş bolup ıakyn taryhymyz barasynda maglumat ıygnadym. Tehrana gidip, gadymy dokumentleriñ saklanıan merkezi edaradan Türkmenlere degişli hat-petekleri kopiıa edip aldym, ıöne haıyp, «Tehran universitetiñ» kitaphanasyndaky gadymy gazetleri görüp çykmaga pursatym bolman, ıurtdan çykmaly bolupdym. Şeıdip «Türkmenleriñ taryhyna gysgaça syn» atly işim 1986-njy ıylda Tehranda pars dilinde çapdan çykdy. Munuñ ıany bilen, içeri işler we magaryf ministerliklerindäki dokumentler esasynda ıörite bir işi-de taııarlap, çap etmäge rugsat almak üçin «vezaret-e ferheng ve erşaada وزارت فرهنگ و ارشاد اسلامی» tabşyrdym. İöne olar ikinji işimiñ çap edilmegine rugsat bermediler we onuñ el ıazmasyny-da gaıdyp bermediler. İöne men tabşirmazdan ozal ondan bir nusga kopi edip alypdym.

   Mekdep sapaklary tamam bolandan soñra, ıa-da dynç günleri Kümüşdefede ıaşuly adamlaryñ ıanyna baryp, başdan geçiren ıagdaılary we taryhy wakalar hakynda sorardym. Kümüşdefäñ belli ıaşulylaryndan Nury Mahdum diıen birisi bolup geçipdir. 1925-26−njy ıylalrda, Yrza şanyñ hökümeti, Türkmenler berk kontrol astyna almagy üçin, ondan oña göçmekleiniñ öñüni alyp bir ıerde oturmaklary siıasatyny alyp barıardy. Hökümet bu işini Nur Mahdum ıalylaryñ üşti bilen amala aşyrıardy. Şol Nurynyñ agtyklarydan bir gyz meniñ şägirdimdi. Bir gün olara baryp, gadymy zatlardan soramda, maña täsin bir suraty görkezdiler. Ol surat Nur aganyñ ogly Musanyñ Moskvada düşen suratydy. 1932-nji ıyllarda doglan Musa, okuwny tamamlandan soñra Kümmetgowuzda dogluş şyhadatnama berıän «Sebt-e ahwal ثبت احوال» edarasynda işleıär. Musa, 1961-nji ıylyñ fevralynda, Eıranda KGB-niñ agenti bolup işleıär diılen birsi bilen «İalkap gassap» bilen bilelikde Kümmetgowuzdan Türkmenistan geçıär. İalkabyñ, 1950-nji ıyllarda Türkmenistandan Kümmete sygnan Arazmuhmmet Tekäni atyp öldürendigi-de aıdylıar. Türkmenistanyñ KGB-siniñ yzarlamalaryna uçran Musa soñra Azerbegjana gidip, ol ıerde Radiologiıa ugrundan okuwny tamamlanıar. Musa bir rus aıaly bilen öılenıär. Ondan bir gyzy bolıar oña «Iran» diıp at dakıarlar. Yzarlamar zerarly birnäçe gezek daşary ıurtlara gitmegi ıüregine düwıär, hatta Aljyrdan viza alıar, ıöne çykyp gitmäge rugsat berilmeıär. Aşgabatda Nury Aşyrpuryñ maña aıtmagyna görä, Musa soñky döwürlerde köp arak içip ugraıar. 1991-nji ıylda Türkmenistan garaşsyzlygyny jar edenden soñra Musa Nebitdaga göçüp gelıär we ömrüniñ ahyryna çenli ıagny 1997-nji ıylyñ fevralyna çenli bu ıerde ıaşaıar. Şol senede aradan çykan Musa Mahdumy, Esengulynyñ gonomçylygynda jaılaıarlar.

  Kümüşdefede şeıle-de indi öz ogly Atanyñ öıünde ıaşaıan Sapar Ensarynyñ ıanyna barardym. Bu adam milli şahyrymyz Magtymgulyñ goşgularynyñ üstünde Türkmenistanda köp ıyllap işländigini we alym aıaly Zylyha Muhammedova bilen klassiki eserler barasynda köp kelle döwşendigini ıöne şol wagtky Türkmenistanyñ şertlerinde çap edilmegine rugsat berilmändigini aıdyp berdi. Ol öz işlerini ıany bilen alyp gaıdandygyny we amatly pursat gelende Eıranda çap etdirmek maksadynyñ bolandygyny aıdyp, birden-de başyny ıaıkady: «hä, näme boldy Safar däde» diıdim. «wah, biziñkiler gorkak bolıar-da. 4-5 ıyl mundan ozal meni tutup alyp gidenlerinde, öıdäkiler bar kitaplarymy, şol sandan Magtymguly hakyndaky el ıazgy işlerimi sygyr ıatagynda gömüpdirler, soñra açyp görsem, barysy erip, zaıalanypdyr» diıip ahmyrly gürrüñ berdi. Şonda beıle işleriñ meniñ başyma gelendigini-de aıdyp berdi. Bir mahal Gaıyp daıym tutulanda, onuñ dädesi Sähet aga baamda gizlenip goılan kitaplaryny tamdyrda ıakyp, aıaly Enekäniñ şol od bilen çörek bişirendigini ejem gürrüñ beripdi. Şol wagtlar «Türkmen sesi» diıen gazet çap bolupdyr, indi şondan dermanlyk üçin ıekeje nusgasyna-da gabat gelnenok.

   Sapar aga «hiçden giıç ıagşy diıpdirler» diıp, «hany, aç bakaly Magtymgulyñ kitabyny» diıerdi. Onuñ gözi görmeıärdi. Menem Kümmetgowuzda Gazynyñ çap etdiren «Magtymgulynyñ kämil diwany» diıen kitabyny açyp, goşudan biriki setir okamda, «bu Magtymgulyñky, bu Gylyç Mülliñ bereni, bu Molla pürliñki, baı, bu goşgy Görogly-da bar, bu Molla nepesde-de bar, bu goşgy Seıdi hojañ «goşa pudagyndan» diıp goşgulary ıekän-ıekän bellik etdirip çykdy. Men Sapar aga Türkmenistana gaçyp gitjekdigimi aıdamda, başyny ıaıkap: ”wah, oglum, ıalñyşma, sen bu ıerde ”erkin gazaksyñ”, gitmegiñi sala bilmeıärin” diıdi. Garaz bu geliş-gidişleriñ netijesinde mende Magtymgulyny öwrenmek höwesi günsaıyn artdy. Nirdesiñ Jergelan diıp, Gerkez obasynda Ata işan we onuñ Magtymguly hakynda köp rowaıatlary bilıän merhum Gara işan (Muhammedi) bilen tanyş boldum. Şahyr barasynda kän zatlary öwrendim. Ata işanyñ aıtmagyna görä olar Magtymgulyñ dogany Gahyır guluñ nebireleri eken. Olar Eırana geçmezden ozal Garrygalanyñ Gerkez obasynda ıaşapdyrlar. Bolşevikler gelende Eırana aşmazlaryndan öñ, bir sandyk doly kitaby, şol sandan Magtymgulyñ golıazmasyny obañ ıanyndaky depäñ üstünde gömüp, yzy belli bolmaz ıaly üstünde goıun sürsüni ıatyrypdyrlar. Türkmenistan garaşsyz bolandan soñra Ata işan her ıyl diıen ıaly Türkmenistana baryp gelıär, şol gömülen hazynanyñ tapylyp tapylmandygyny bilmedim.

  Seıdip Türkmensährada işläp ıördim. Şol wagtlar Aşgabat radiosyndan «Meniñ watanym» diıen gepleşik berilıärdi. Şonda daşary ıurtlarda ıaşıan Türkmenler hakynda söhbet edilıärdi, diñleıjileriñ ıazan hatlary okalıardy. Ony Muhammet Muratlyıev alyp barardy. Bir gezek radio hat ıazyp, Aşgabatda Göroglynyñ ıadigärliginiñ bolup bolmanlygyny soradym, şonda ıokdugy aıdyldy. Geñ galdym. Soñra Gaıybynyñ goşgusy bolup, Magtymgula berilen «Saz bilen söhbete ıaman diımäñler…» goşgunyñ kimiñkidigini soradym. Abdyrahman Mülkimanov gelip, ol goşgunyñ Magtymgulyñ-kydygyny aıtdy, ıene geñ galdym.

   Garaz, ıatsam, tursam hyıalym Türkmenistandady. Kitabym çap bolandan soñra, Türkmensährada il arasynda köp tanalyp başladym. Şol wagtlar toılarda bagşy aıtdyrmak gadagan edilipdi, onuñ ıerine goşgy aıdylıardy, ıaş şahyrlar täze ıazan şygyrlaryny okap bererdiler. Şonda Settar Sowgy, Aıdy Ownuk dagy belli şahyrlardy. Soñra gezegi maña bererdiler, menem başardygymdan Türkmenleriñ taryhy, köneki däp-dessurlary hakynda, sazlaryñ gelip-çykyşy barasynda bilıän zatlarymy aıdyp bererdim. Dura-bara tamdyra öwrenmäge gyzyklandym, hatta «Arzuwum» diıen sazy çalmagy başarypdym.

   Şol ıyllarda Türkmenler we Türkmensährada bolup geçen wakalary görkezıän diwardan asylıan kalendary taııarlardym. Ony, oñat reñekli suratlar bilen bezedim, ıöne kä ıerlerini el bilen reñkli çyzmalydy, şoña görä Bendertürkmenli Hangeldi diıen tanyşymyñ ıanyna bardym. Ol mugallymçylygyñ ıany bilen toılarda akardeon-da çalıardy, el çyzgy/ nakgaşlykdan-da habary bardy. Seıdip onuñ bilen dostlygymyz uzap gidiberdi. Dostlar bolup kämahal biziñkide, käte olarda üışerdik, çaşardyk. Bir gün Gapbar diıen dostum: ”Eşitdiñmi, Hangeldi, ıitrim bolup ıör, gaırak geçen bolmagy ahmal diııärler, çagalary bolsa bärde, Benderden Hojanepese göçüp bardylar” diıp, maña geñ zady gürrüñ berdi.

   Meniñ at gazanmagym bir tarapdan zyıanyma-da boldy. Yslamy rejimiñ belli günlerinde, Bendertürkmen we Akgala ıaly şäherlerde geçirlıän ıörite dabaralarda çykyş edip hökümetiñ Sährada alyp barıan işlerini öwmek üçin çagyrlardym. İöne her gezek bir zady bahana edip, beıle dabaralara gitmekden saklanardym, şol sebäpden adym, rejimiñ gara sanawuna alyndy. Indi Türkmensährada ıaşamak diıseñ güzap bolup başlady.

  Bir gün Kümmetgowuzdan giıewimiz Kaka.M geldi. Gürgen akarynyñ kenaryna gidip, gürrüñdeş bolanymyzda ol maña Türkmenistana sygnan Jelil Salak diıen birsiniñ ölendigini we onuñ aıadynyñ Kümmetgowuzda alnandygyny aıtdy. Kaka, onuñ sowuklap ölendigini, ıöne bu gürrüñiñ şüphelidigini-de sözüne goşdy.

Etrege tarap…
                                                                       ”Magtymguly huş eıläp, gezgin didäñ ıaş eıläp,
                                                                        Däli köñül joş eıläp, ıüz müñ hyıaly gözlär.”
                                                                                                                      Magtymguly

   1986-nji ıylyñ Julaıynda Bir gezek Kaka gelende, Türkmenistana geçmek barasynda köp oılandyk. İoly-yzy tanyımak üçin Kakañ motory bilen serhet ıakasyna ugradyk. Obalardan esli saılandyk. Bir ıerde «serhet ıakasy, mundan beıläk geçmek gadagan» diıen bellik oturdylypdyr. Biz oña garamazdan ıolumyza dowam etdirdik. Uzakdan, depäñ üstündäki «Seññerdefe» serhet postuny gördük, şoña ıetmänkäk, motormiz pençer bolup, tigiriniñ ıeli boşady. Yndi ne öñe, ne-de yza gidip bolıardy. «Aı, näme bolsa şol bolsun», Kakany motoryñ ıanynda goıup, ıeke özüm posta tarap ıöräberdim. Depäñ üstüne çykdym. Binanyñ üstünde eli ıaragly bir esger garawulçylyk edıärdi, ıöne onuñ arkasy maña bolany üçin meni görmedi, gapyñ agzynda düırlip ıatan bir eti gördüm, biçäre üırmeden ıüz esse biızar, açlykdanmy, nämemi, zordan gözüni açyp, ıumıardy. Salam berip içerik girdim, birbada meni geñirsemediler, her kim öz işi bilen boluberdi. Men, motorymyñ pençer bolandygyny we nasus/tulama gerekdigini soradym, olaryñ birisi bolıar diıen bolup, ol jaıa geçdi welin, yzyndan alagalmagal bolup, gara syıraty zabully bir Gurhban/onbaşy gelip: «Bu ıerlerde näme bolup ıörsiñ, gelmegiñ gadagan däldigini bilmeıärmisiñ» diıip üstümden gygyrdy. Men oña bu ıerde ıaşaıan çopanlaryñ durmuşyndan surat almaga gelendigimi we motorumyzyñ pençer bolandygyny aıtdym. Olar soñra Kakany-da alyp geldiler. Birki sagatlap mazalyja sorag edip, kagyza geçirdiler. Soñra aç-suwsyz, bir maşyna mündürip, Inçeburun serhet postuna getirdiler. Ikininara bolsa ellerimizi dañip, başga bir maşynyn ardyna mündirip, Kümmetgowuza alyp gaıtdylar. İolda Akgaladan geçip barşymyza tanyş dostlar bizi gördüler. «Heı, biıçäreler» diıp, başlaryny ıaıkap galdylar.      

    Agşamara Kümmete baryp ıetidik. Köçeden barıan bir tanyşyny gören Kaka, daızasyna habar bermegini we iıer ıaly bir zat getirmegini aıdyp ıetişdi. Soñra maşyn «Merzbaani dereje ıek Etrek مرزبانی درجه یک اترک» ıazgyly serhet garawul edarasynyñ merkezine girdi. Bir salymdam Kakañ tanyşy nahar alyp geldi we «gaıgy etmäñ, hiç zat diımezler» diıp, göwünlik berip gitdi. Nahar iıip oturşymyza, Kaka: «wah, men seni gaıgy edıärin, sebäbi meniñ ozalky geçmişim bilinse, agyr boljak» diıp, uludan demini aldy. «Kümmet urşuna gatnaşdy» diıp, Kaka yzarlanıardy. Bu dogurdanam hem onuñ, hem-de meniñ üçin howpdy. Agyr jeza berilip biljekdi. Garnymyza bir zat oklanymyzdan soñra, zabylly bir gruhban gelip−Türkmensähra göçürlip getirlen zabyllylaryñ okan oglanlarynyñ köpüsi jandarmada işe alynıardy− ıanymyza gelip: «ıalla» diıp, ıerimizden turmagy buıurdi. Ol bizi, ıerzemindäki darajyk ıerde zyndan etjek boldy. Men oña: «dur, how, men goşunda ofiser bolup gulluk etdim, senden derjäm ıokary» diıp, soñra kartimi/şyhadatnamamy görkezdim. Ol derrew çes berip: «bagyşla, jenap servan» diıdi, soñra howlyñ ortasyna iki sany tagt/kravat getirip, sergin howda ıatmagymyza rugsat berdi. İatmazdan öñ, bir istekan çaı alaıyn diıp, binayñ içine girdim. Bir jaıdan «tykyr-tykyr» telegraf çekilıän sesler gelıärdi. Onda biziñ serhet ıakasynda ele salnanymyz hakynda merkeze raport berilıärdi. Dañdan birsi gelip: «jenap oıanyñ, säher nyzam başlanjak, siz şu salona geçip ıatyberiñ» diıdi.

   Sagat sekizde, olar bizi soraga çekmezden, men olardan öñürtiıläp, ıokary derejeli ofiseriñ ıanyna baryp: «jenap, serhet ıakasynda ıaşaıan çopanlaryñ durmuşyndan surat almak üçin, şol ıerlere gitmäge rugsat hat bermeñizi haıyş edıärin» diıdim. «Bolar, göreris» diıp-diımänkä, bir esger çes berip, ıuwaşdan oña bir zat diıdi. «hä, beılemi» diıp, maña naynjar seretdi. Soñra: «bar, ol otagda bir näçe soraga jogap ber» diıdi. Men görkezilen jaıa girdim. Grajdan/ şahsy eşikde, ak köınekli, orta ıaşly bir adam stolyñ añyrsynda otyrdy. Maña oturgyç görkezip, sorap başlady. «adyñ, işiñ, ıaşaıan ıeriñ, Türkmenistanda tanyşyñ barmy, daşary ıurtlarda garyndaşyñ barmy», garaz, «ölüñ soragyny» berdi. 7-8 sany uly sahypany doldurdy. Men serhetçiler tarapyndan tussag edilmän, öz aıagym bilen posta barandygymy, ynanmasañyz, sorañ diıp, olardan üstün gepledim. Şonda olar, biziñ baran serhet postumyza telegram çekip, ıagdaıy soradylar. Bagtymdan, şol postuñ jandarma başlygy, dädemiñ tanyşy bir türkmen çykyp, ıagdaıy boluşy ıaly aıdyp beripdir. Şonda ozalam bir beladan dädemiñ halas edendigi ıadyma düşdi. Bu wakadan bir ıyl öñ, aıalym bilen bile, Marawadefäniñ ıokary ıanynda Gaazangaıa, surat almaga gidip, öwürlip gelşimize, bir çopan durmagymyzy haıyş etdi. Maşyny sakladym. Ol: «şu gelin kesel, ony Marawanyñ keselhanasyna aşyrsañyz» diıdi. Bizem kabul edip, ony özümiz alyp gaıdyk. İolda jandarmanyñ jipini gördük, «dur» diıdiler, durduk, birsi gelip, kellesini maşyñ içine sokup, içindäkileri barlady. Maşynyñ arkasynda oturan aıaly görüp: «ohoo, sen nädip ıörsiñ» diıdi, soñra, bize «öñe düş, merkeze gitmeli» diıp buruk berdi. Barşymyza: «gelin, ıanyñda neşe dagy bolsa şu mahal taşla» diıp ıalbardym, olam: «ıok bally, mende hiç zat ıok» diııärdi. Garaz şeıdip Marawadefäniñ jandarma postuna bardyk. Jandarmlar aıaly içerik alyp gidip, bize-de: «siz şu ıerde garaşyñ» diıdiler. Biraz salymdan aıak ıoluna gideıin diıp, postuñ howlusyna giremde, meni yzarlap eli tüpeñli bir esger nirä gitsem meni kölge kimin yzarlaıardy. Toaletden çykamda, ozal obamyzyñ goñşulygyndaky Omçaly obasynda gulluk eden postuñ baştutanyny gördüm. Olam maña tarap gelip, gyzgyn salamlaşyp: «bu ıerlerde tanamadyk adamyny maşyña mündürme, bu gelin belli neşe satıan toparadan, biz ony ele salyp bilmän ıördük, gaty habardar bol, bar gidiber, seni we dädeñi ıagşy tanaıaryn» diıp, bizi ıola saldy. Bizem haı diımän, Akdokaıa gelip, Magtymgulynyñ guburynyñ başynda naharlandyk. Howa, indi Kümmetgowuzdaky waka dolanyp gelsek.

  Menden soñra Kakany sorga çekdiler. Kakada gowı sapalak atyp: «oba baramda, bu meni goıman, motorym bilen araçäge gideıli diıp, haıyş etdi, men-de onuñ bilen gitdym» diıp, soragdan ıeñillik bilen sypypdyr. Öıleden soñra bizi azat etdiler. Kakalaryñ tanyşlaryna gelip, çaı-nahar edinip, oba tarap ıola düşdim. Kakañ motory bolsa serhetde galypdy. Yndi ony baryp almagyñ özi güzäpdi.

  Erkinlige goıberilmegimden iki gün soñra, öıümiziñ palynda otyırkam, ynkylabyñ sakçylary/ pasdarlaryñ ıakynlap gelıän maşynyny gördüm, öıümize golaılaberende, onuñ yzyndan birsi böküp, düşüp galdy. Hojalar obasyndan bu habarçy/jasus, bir mahal özüni öldürjek bolup üstünden nebit guıup odlaıar, ıöne ölmeıär, şoña görä oña «ıanyk» diııärdiler. Pasdarlaryñ birsi howlymyza girip: «hany plany» diıp menden, meni sorady, meni tanamaıardy. Men: «ol penşenbe bazara gitdi» diıdim. «Gelse, Bendertürkemiñ pasdarhanasyna gelsin» diıp, öte gitdi.

  Ertesi 26-njy Julaı güni maşynymyz bilen dädem meni Bendertürkmeniñ pasdarhanasyna alyp gaıtdy. İolda maşynyñ tigiri pençer boldy. Bendere gelip dädem meni garawulhananyñ öñünde düşürip, tigiri düzetmek üçin şol ıere ıakyn ustahana gitdi. Ynkylabyñ sakçylary/pasdarlar, Bendertürkmeniñ belli baıy Arazjan Şomalynyñ ogulunyñ kanfikatsiıa/ musadere edilen binasynda ıerleşipdi. (Şomaly diımek Gaıraly. Arazjan, Balkandan bu ıere göçüp gelipdi, ilki başda arabaçy bolup işlänmiş, soñra işi tutup, traktor, kombaıyn satıar, garaz 60-njy ıyllarda Sähranyñ belli baılarynyñ biri bolıar. Birki sany uwun karhanasy bardy. Yslamy ynkylap ıeñiş gazanandan soñra ıurduñ hemme ıerinde boluşy ıaly bularyñ zatlaryny ynkylabyñ bähbidine ellerinden aldylar. Şolardan birisi-de şäheriñ merkezi felekesiniñ ıanynda ıerleşen owadan jaıdy. Ynha şol jaıam soñra pasdarlaryñ merkezine aılandy. Bir mahal aıal, oglan-uşak girip çykıan öı, indi eli ıaragly, ıüzi-gözi sakgally pars ıerlerinden getirlen pasdarlaryñ ketegine öwürlipdi. Men içeri giren badyma, ıörite sorag-iıdeg edilıän otaga alyp gitdiler. Olar soñra, «seniñ işiñ Gürgene geçıär» diıp, bir maşyn bilen arka gapydan şähere alyp gitdiler. Dädem pahyr, çykaryma garaşyp, ikinnine çenli gözzeşipdir. Soñra çäresiz oba dolanyp gaıdypdyr. Ol mahal her kim bularyñ eline düşse guıa düşen ıalydy, gideniñ özünden bir habar gelıänçä, garaşmak başga etjek alajyñ ıokdy.

   Meni Gürgeniñ pasdarhanasyna tabşyrdylar. Giñ howlusy bolan bu garawulhana ynkylapdan öñ, «Emlak» diıen edaranyñ binasydy. Onda Türkmen daıhanlaryñ başyna musallat bolan Timsar/polkovnik derejeli Mensur Muzaııeni höküm sürüp geçdi. Bu bina ekerançylyk ıerleriniñ alnyp, gelmişeklere berilmegine garşylyk görkezen daıhanlaryñ bir giıçe-gündüzläp lokga buwzuñ üstünde aıaklary ıalañaç durmagy höküm eden adamyñ ıawuz edarasydy.

   Howlunyñ ortasynda birsiniñ gelip, halymdan habar alaryna garşyp durdym. Bu ıerde ynkylaba garşylar tutulyp getirilip, gynaga çekilıärdi. Gözleri dañygly bendileri, mysaly kör ıaly eıläk, beıläk iıdip, süreşdirıärdiler. Ahyry bir pasdar gelip: «sen şol gaçmaga synanşan mujahidmyñ?» diıdi. Mujahidlar iñ howply topar saıylıardy, olaryñ köpüsine ölüm jezasy berilıärdi. Men: «ıok, Bendertürkmenden getirlen tussag» diıdim. Ol meniñ gözümi dañyp, jaıyñ içine alyp gitdi. Gözüm dañygyly basgançaklardan idilip çykaryldym, kämahal, idip barıan, çyndanmy, ıa-da oıun etjek bolupmy: «egil, kelläñ demire degıär» diıp, hezil edip, meni bir ıere eltdi. Giñ bir salon bolmaly, sebäbi, töweregimde gümür-samyr edıänleriñ seslerini eşidıärdim. Biraz salymdan birisi gelip, sorag edip başlady, edil şol mahalam ses ıazıan magnitafonyñ işledilendigini-de duıup galdym. «Näme diıp, ıurtdan gaçyp gitjek bolduñ, siıasy hereketleriñ hakynda aıt, dostlaryñdan kimler serhetden geçdi…» diıen ıaly soraglar berildi. İöne hernäme-de bolsa ol meni gaty daramady. Bir sagatlap soragdan soñra elime kagaz, galam berip, siıasy geçmişim hakynda ıazmagy buırup, meni izilıatora/kamera getirdiler. Otagyñ içi diıseñ garañkydy. Garañka gözüm öwrenende, görsem ıanymda ıene birisi-da bar. Pahyr ses-üınsiz ıatyrdy. Men-de kagazy ıanymda goıup, ykbalym hakynda oılanıardym. Birden ıañky ıanymdaky:«Berader/dogan, menden haçan sorag edip başlajak, men bilıän zatlarymyñ hemmesini aıtdym» diıdi. Men oña, onuñ özi ıaly tutulup getirlen biridigini aıtdym. Soñra haısy sebäpden getirlenimiz hakynda aıdyşdyk. Ol görgüliniñ doganymy, doganoglanymy mujahid toapryndan bolup, tussagdan gaçyp giden ekeni, onuñ ıerine bolsa muny getirip, tussag edipdirler. Meni ol ıerde 2-3 gün sakladylar, şonda men umumy türkmenleriñ ynkylaby göreşleri, şanyñ wagtynda ekerançylyk ıerleriñ alynyp, gelmişek feodallary berilşi hakynda ıazdym. Muny okap gören soragçy, gelip olary maña garşy zyñyp: «bular hakynda däl, siıasy ıoldaşlaryñ hakynda ıaz» diıp gatyrgandy. Üçünji gün meni çagyryp, başga bir otaga alyp gitdiler. Şonda gözümi açyp, uly depderde adymy ıazyp: «ynha, bellik nomeriñ 133, häzir boş, öıüñe git, ıöne her penşenbe güni gelip, şu depdere gol çekip git, özüñ-de Gürgenden uzaga gitmäge hakyñ ıok» diıdiler.

   Heniz tomus dyınçalyş tamam bolmandy. Men her hepde Gürgene gelip, belli depdere gol goıup giderdim. Şol pursardan peıdalanyp, Gürgen radiosyna baryp, Türkmen dostlarym bilen duwşuşıardym. Bir gün Azym Lukmany diıen dostum: «Türkmen taryhy diıen gepleşigi berip başlasana» diıdi, men: «eger ıolbaşçylar razy bolsalar, men taııar» diıdim. Yndiki hepde radio baramda, Azym şeıle gepleşige razyçylyk berilendigi aıtdy we şondan takmyın bir ıyllap «at çapan» sazy bilen başlanıan «Türkmen taryhy» adly gepleşigi efire berildi. Ony özüm alyp barıardym. Bu gepleşik Türkmenistanda-da diñlenıänmiş. Sebäbi Aşgabatda we Daşoguzda ıören Türkmensähraly bosgunlar ony diñläp, kämahal kagaza-da geçirendiklerini gürrüñ berdiler. Şol wagt Gürgen radiosynyñ Türkmen gullugynyñ müdüri. Ybraym Hasanbeıgi diıen ıarym türkmen, ıarym pars birisidi. Onuñ atasy Hojanefesli, enesi bolsa parsdi. Ybraıym bu wezifäni, Halymberdi Adel diıen türkmenden alypdy. Halymberdi, biraz wagt türkmen bölümine baştutanlyk etdi. Ol özüni aşa diındar edip görkezip− belki-de aslynda şeıle bolsun, yslamy hökümetiñ ynamyna giripdi. Onuñ radionyñ arhyvyndäki gadymy türkmen aıdymlary ıok etmäge syınaşandygy aıdylıar, şonda ozalky iışgärler  ıalbarka-ıakara ony bu pälinden gaıtdyrypdyrlar, nämemiş, ol aıdymlar yslamy däplerine gabat gelmeıänmiş. Halymberdi, soñra Eıranyñ baş weziriniñ Sünni musulmanlar boıunça geñeşçisi wezipesine bellendi, ıöne bir ıyl bolup, bolmanka onuñ ıerine bir Blujy bellediler.

   Garaz, şol gidip-gelişime taryhy roman ıazmak, ylaıta-da Annageldi Aç barasynda roman ıazmaga syınanşıan Hasanbeıgi, meniñ bilen ıakynlaşyp, dostlaşyp ugrady. Oktiıaber aıynda magaryf ministerligi, okuw kitaplarynda reforma geçirmeli diıen konferensiıany Tehranda açjakdygyny yglan edip, her welaıatdan bilermen mugallarymy çagyrdy. Olaryñ arasynda mende bardym. İöne Gürgenden çykmaga hakym ıokdy. Bu problemany, özi-de ozal pasdar bolan Hasanbeıgi bilen maslahatlaşdym. Ol haıal edmän, ozaly bilen Gürgeniñ pasdarhanasyna, soñra bolsa ynkylaby suda/dadgah telefon etdi. Soñra maña: «bar, işiñ dogurlandy» diıdi. Men şol iki edara baryp, yzarlanmaly däl diıen haty alyp, geziberdim. Işleıärdim, Tehrana konferensiıa gitdim. 1988-nji ıylyñ 1-nji Sentıabrynda Kerim Gurbannepsiñ aradan çykan habary ıaıardy, bu habar ony tanaıanlaryñ hemmesini gaty gyınandydy. Men-de bir goıun soıup, merhumyñ hormatyna sadaka berip, aıat-towfyr okatdym. İöne hemmelere Kerim şahyra sadaka berıärin diımekden çekinıärdim, «aı, plan kakamyñ ölen ıyly» diıp, sorıanlara aıdardym.

Eıranyñ merkezi televidniıesi tarapyndan Türkmenler barasynda surata düşürljek filim üçin baş geñeşçisi edilip saılandym, medeni ugurlardaky aladalar togtamazdy, Eıranyñ dürli şäherlerinden gelip, biziñ halkymyz hakynda teater ıa-da film aljak bolsalar, gelip meniñ bilen geñeşerdiler. Şeıdip ıene bir tomusa ıetdim.

Ajaıyp myhman

  Bir gün öılän nahar wagty 3 sany myhman geldi. Ikisi ıaş oglan, birsi, hor ıagyz, olardan ulurakdy. «Geliberiñ, geçiberiñ myhmanlar» diıdim. Çaı başynda olar Bendrtürkmenden Akgala barıandyklaryny, ıolda ıer ıüzünde näçe million türkmen ıaşaıandygy hakynda jedelleşendiklerini, bu soragyñ jogabyny bilse, bilse megerem men bilerin diıp, maşyndan düşüp galanmyşlar. Gürrüñ edip oturşymyza olaryñ ulusy− adynyñ Nurmuhammet S.digini soñra aıtdy, Türkmenistana gidip gelendigini, ol ıerde bosgunlykda ıaşıan oglanlary tanaıandygyny gürrün berip başlanda, beıleki ikisi: «ohoo, bu kim aıt, biz mundan çekinıäris» diıp, gaçyp giden ıaly gitdiler.

   Nurmuhammet özüni bir agşam myhman almagymy haıyş etdi. Türkmenistan we oglanlar barasynda bilmek isleıänim üçin ony myhman aldym. Ykinniara ol: «tirıejik emelim bar, maña tirıek tapyp ber» diıdi. Oba arasyna aılanyp ıörkäk, ol Türkmenistana sygnan oglanlaryñ iki topara bölnendigini, birsiniñ ”Halkyñ Fedaıylaryna bagly ”Ylgüıji” beılekisiñ bolsa olardan aırylyp, erkin gurama gumak maksadyna gulluk edıän ”Türkmenistan-e Yran” diıen neşriıäni çykaryp başlandyklaryny aıtdy. Gara belany satıan bir gojadan şol zeheri alyp berdim. Agşam Akgaladan iki sany dostum-da myhmançylyga geldi. Çaı başynda Türkmenistana geçen oglanlar hakynda soradyk. Akgaladan Gaırak geçeni soradylar, Nurmuhammet-de dop-dogry onuñ ıüz keşbini we beıleki häsıetlerini aıdyp berdi. Men doganoglanym Halymberdi hakynda soradym, ıene aıdan zatlary dogry çykdy. «Allajan, bu kimkä» diıp geñ galyp, «sen olary nädip gördüñ» diıp soradyk. Ol bolsa üç-dört ıyl mundan ozal Türkmenistana geçendigini we ıañy golaıda Türkmensähra dolanyp gelendigini, ıöne ıene bir gezek Deñiz ıakasyndan Gaırak geçmäge syınanşandygyny, emma Türkmenistanyñ özüni kabul etmändigini aıdyp berdi.

Ertesi gün ony Bendertürkmene getirip, dilän puljagazyny-da berip, Kümmede ugratdym.  

Hoş gal mähriban Sähram

                                                                                  ”Aıralyk oduna ıanyp-bişmeıän
                                                                                  Zalymlar zulmundan dolup, daşmaıan
                                                                                  Watandan aırylyp, garyp düşmeıen
                                                                                  Ülkesinde iliñ gadryn hiç bilmez.
                                                                                                                                    Magtymguly

 Türkmenistana geçmek barasyndaky arzuwum ıüregimde ıatyrdy, hernädip geçmeli diıp, giıje-gündüz oılanıardym. Bir gezek serhet ıakasyndaky «Kellepost» obasyndaky Baıram çopan diıen tanşymyza baryp, meni serhetden aşyrmagyny haıyş etdim. Ol: «biz hökümete dil haty berdik, eger şeıle edenimi bilseler, maña agyr jeza bereler» diıp, meni raıymdan gaıtarmak isledi.

  Tomusda, bir dostumyñ toıunda Wekil.M. diıen birisi bilen tanyş boldum. Soñra onuñ bilen içgin tanyş bolamda, olam meniñ ıaly Türkmenistana geçmek hyıalynyñ bardygyny aıdyp, geçirmek üçin adam gözleıändigin dile getidi. İöne onuñ gelini, İevropa aşmagy ıüregine düwenmiş. Muny soñra onuñ özi-de mälim etdi. Garaz biz Wekil bilen köp duwşuşyp, geçmek barasynda oılanıardyk.

   Güız günleri ıakynlaşıardy. Bir gün Bendertürkmende bir toıda Wekil meni çola çekip, serhetden aşyrmak üçin adam tapandygyny aıtdy. Begenjimden ony gujaklanymy bilmän galdym. «iki sany balykçy oglan bar, güıçli motorlar-çuppasy bar. Birisi öılenjek bolıar. Pul ıetmezçiligi bar, eger adam başyna ıigrimi müñ tümen bersek geçirjekdigini aıtdy. Men «bolar» diıp, onuñ bilen ylalaşdym. Bir giıje şol iki oglan oba gelip, taııarlyk görmegimi duıdurdy. Men iñ zerur kitaplarymy uly bir halta/kiısä dolduryp, olara berip goıberdi. Olar kitaplary, bizden öñürti serhet ıakasyna eltmelidigini aıtdylar. Geçmek üçin biz Duşenbe gününi mahul gördük.

Okuwlar täze başlanypdy. Şenbe güni soñky gezek klasa girip, sapaga başladym, näme añladıanymy özüm-de bilemokdym. İöne bir zat ıadymda, olam: «oglanlar, eger bir mahal meni görmeseñiz, menden razy boluñ, uzak sapara gitmegim ahmal didim». Soñra arakesme bolanda, mugallymlar otagynda çaı wagtı, barlanma depdere, hiç kime duıdurmazdan «Hoş gal Sähram» diıip ıazdym.  İekşenbe güni, Türkmenler hakynda bir filmi surata düşürmek üçin dört-bäş adam bütin aparatlary bilen maña geldiler. Men olara kömekleşeıin diıp, ozal söz beripdim. Dañ atıança gözüm ıummany geçirdik. Gitjegimizden diñe aıalym habarlydy. Ne dädem, ne ejem, ne-de doganlarym bilıärdi. Üçünji doganym Halylyñ adyna bir hat ıazyp, öıümi we içindäki goşlara eıeleik etmegini aıtdym. Bir kitabyñ arasynda birnäçe müñ tümen pul goıandygymy ıazdym. Şeıle-de bir kagyz puly gyışyklaıyn ikä bölüp, ıarysyny goıup, ıarysyny ıanyma aldym.

  Duşenbe güni-1989-njy ıylyñ 5-nji oktıabr güni irden aıalym Ejegül, kiçi doganym Nurjanyñ gelini Änjäni çagyryp, oña barıandygymyzy aıdyp, ertire çenli bu barada hiç kime zat aıtmazlygyny tabşyrypdyr.

  Seıip, biz myhmanlara «işimiz bar» diıp, öıden çykyp gitdik. Ykini-agşama çenli köp wagt bardy. İanymyzdaky pulumyzyñ biremesine gyzyl aldyk. Günortan bir ıerden naharlandyk. Soñra aıalym, öıleri bilen hoşlaşmak üçin obasyna gitdi. Menem, bizi geçirjek oglanlaryñ öılerine bardym. Olar ilki bizi geçirip, soñra Wekili geçirjekdiklerini aıtdylar. Biz hemme zat hakynda ylalaşdyk. Soñra olar motorlarynyñ birsini maña berip: «sen gelnejemi al-da sagat ıedi bolup şamak aralaşanda Kümüşdefäñ gaırasynda bize garaş» diıdiler.

   Motory münüp, minibuslaryñ garajyna bardym, görsem aıalym, öıleri bilen hoşlaşyp, maña garaşyp oturan eken. Ony alyp, Kümüşdefä tarap ıola düşdük. Ganat açan ıaly begenıärdim. Tamdyrlarda çörek bişirip duran daızalar, buluşymyza geñ galyp bakıardylar, käleri bolsa: «aı, bular mes-da nätjegini bilenoklar» manyda bize bakıardy.

   Garañky aralaşmazdan öñ olaram gelip ıetdiler. Yki motorly bolup araçäge tarap ıola düşdük. Biraz ıöränimizde öñden barıan oglanlar motorynyñ başyny ıoldan sowup, başga tarap gidiberdiler. Meniñ ardymda aıalym bardy. Biz geñ galyp, motory sakladyk. «näme, bular dändilermyka» diıp, ıüregimize howsala düşdi. Bir salymdan dolanyp geldiler. Motoryñ öñüne bolsa bir halta bardy. «Bular seniñ hazynañ, ony unudup bolarmy» diıp, gülümsirediler. Görsem ol, biriki gün ozal bu ıerede goıup gidilen kitaplarym eken.

   Howa mazaly garaldy. Oglanlar durdular. «mundan beıläk, bu motory-da biz sürmeli, sen ıola belet dälsiñ» diıdiler. Şeıdip men birsiniñ, aıalym bolsa beıleki motoryñ ardyna münüp, ugradyk. Olar ıene bir gezek saklap, motoryñ sesiniñ gaty çykmazlygy üçin egzozlara kiçi agaç dykdylar. Motor «tüñ-tüñ» edip, ıuwaşjadan barıardy. Mende ajaıyp duıgy bardy, bir tarapdan ele salynmakdan gorkıardym, aıry tarapdan näbelli sapara barıardym, eden işim dogrumyka diıp oılanıardym. «Gorkanyñ gözüne goşa görneri» diıleni, mahal-mahal bir otuñ düıbünden bir yşyjak ıalpyllap, ıanyp, sönıän ıalydy. «bu näme» diıp soramakdan-da çekinıärdim. Çagalykda gören projektorym-da indi ıanmaıardy. Eslije ıöränimizden soñra oglanlar motorlary söndürip, «mundan beıläk motori iıdip gitmeli» diıdiler. İene biraz ıöredik, olar motorlary ıere ıatyrdylar-da hersine bir ıüp dañyp, ıüpüñ uwjuny-da ellerine alyp, bize-de «yzymyza düşüñ» diıdiler. İöräberdik. Araçägiñ simlerine geldik, olaryñ arasyndan sümülip geçdik. Simlerde elekterik ıa-da signal berıän zat görmedik. Men oglanlardan: «simi elledik welin ondan hiç ses çykmady» diıp soradym. «Bu Eıranyñ simi» diıdiler. 10-15 ädimden ıene dört-bäş gat edilip çekilen sime geldik. «Bu-da Şureviniñ simi» diıdiler. Olar arkaıyn geçiberdiler, simler sallam-sajam bolup, böwsülip durdy, göıe ondan köp adam geçen bolmaly. Simden geçenimizde, azal bilen sürlen ıoly gördük, serhetden geçeniñ aıagynyñ yzy galsyn diıp, ony uwun ıaly edip sürermişler, ıöne soñky günlerde sürülmänsoñ, ol ıer gatap ıatyrdy. Aıak yzy-da galmaıardy. Oglanlar ıene biraz ıöräp durdular: «Agam, ynha, myradyñ hasyl boldy, Türkmenistana geçdiñ. Seniñ bilen geçirenimiziñ sany ıedi boldy, planlary…görseñ menden salam aıt, hool görünıän yşyk Esengulydyr, şoña tarap gidiberiñ, ynha bu tarapyñyzda-da Gürgeniñ yşygy, ıagşy serediñ, kim bilıär ıene haçan görersiñiz» diıp, biz bilen gujaklaşyp, hoşlaşyp, ıüpüñ ujuny tutup dolandylar. Motorlarynyñ goıan ıerini tapmak üçin ıüpden peıdalanıardylar. Şonda men sagadyma seretdim; Eıran wagty bilen 21-di. Gyşyklaıyn kesilen ıarpy kagyz puly olaryñ birsine berip: ”Şuny doganyma gowşur, ol meniñ sag-aman serhetden geçenimi şundan biler” diıdim.

Yşyga tarap…

   Begenjimizden arkamyzdaky ıüküñ agyrlygyny duımaıardyk. Kitaply halta meniñ gerşimdedi, egin-eşiklerimizi bolsa Ejegül daşaıardy. Aıagymyzyñ aşagynda otlaryñ «şygyrdy» sesleri gelıärdi, kä mahal batgalyga basanymyzy bilmän galardyk. Bir sagat mezenne ıöredik, maksadymyz, jahan ıagtylmazdan, Eıranly serhetçileriniñ gözıetiminden uzaklaşmakdy.

   Mazaly ıöredik, halys ıadadyk, kä wagt oturyp dem-dyınç alıardyk. İene ıola düşürdik. Birden ötüp barıan maşynyñ yşygy göründi: «aı, şu-a Türkmenistanyñ maşynlary bolamly» diıp, bir bölek gazeti, çakmagym bilen otlap, olaryñ bäri gelmegi üçin salgaıardym. Gözleri gapylan ıaly geçip gitdi. İene ıöräberdik. Görünıän yşyklar-da uzaklaşıan ıalydy. Dañ yrañ atyp başlady. Uzakdan serhetçileriñ postynyñ vişkasyny/diñini gördüm, añyrsynda bolsa bir oba görünıärdi. İakynlaşdygymyzça howa ıagtylaşyp başlady. Mallaryny örä kowıan adamlary gördük. Obada birsiñkä baryp, çaı-suw edinip, soñra özümizi görkezeris diıp, ıüregime düwdüm. Olam boş hyıal bolup çykdy. Sebäbi birinjiden gorkusyndan hiç kim bizi kabul edip bilmez diıp oılandym, ikinjiden bolsa, oba bilen bizin duran ıerimiñ arasynda 7-8 gat sim çekigilidi, diñe obalylar añyrdan ötüp bilıändigini soñra görüp galdym.

  Indi serhetçileriñ postyna has ıakynlaşdyk. Howlynyñ daşyna çekilen simlere geldik. Simleriñ arasynda inçejik akja simi gördüm: «megerem signal berıän sim şu bolsun» diıp, ony güıjüm bilen çekdim welin, gopup elimde galdy. Şondana-da Soviet rejiminiñ uzak gitmejegine göz ıetirdim. mundan peıda bolmansoñ, garawulhanadan çykyp gelıän esgerleri daşaıan bir maşyny gördüm. Böke-böke oña elim bulaıladym. Meni gören esgerler itleri bilen bilelikde ıanyma gelip, elimi arkama towlap, «aıaklaryñy aç» diıdiler. Rusça sözüne düşunmänim üçin, ädigi bilen iki aıagymyñ arasyna depdiler, arslan ıaly it bolsa buıruga garaşıan ıaly meniñ üstüme bökmäge taııar ıalydy. Şol wagt Ejegüli-de alyp geldiler. Ykimiziñ-de gözüni dañyp, kör ıaly idip, garawul postyna alyp gitdiler. Eltip kiçi bir jaıa saldylar. Elmiz-aıagymyz palçykdy, ıuwunmaga rugsat berdiler. Soñra çaı çörek berdiler. Yııän zatlarymyñ tagamy ilkinji gezek başgaça geldi. Şol wagt bir rus saldaty gelip penjiräni adıol bilen çüıläp, daşaryny görmez etdi. Postda gulluk edıän bir täjik ofiseri biziñ dilmajymyzdy.

 Biraz soñra bir rus ofesiri geldi, ony gören beılekiler hormat nyzamda ıaly gymyldaman durdular. Ol biziñ näme üçin serhetden geçendigimizi sorady. Menem özümiñ ıazyjydygymy we mundan artyk Eıranda ıazmaga mümkinçiligimiñ ıokdugyny düşündirdim. Rus ofiseri kän zat soraman çykyp gitdi. Soñra aıry-aırylykda meñ bilen Ejegülüñ üst-başymyzy dökdüler, bir bada Ejegül «waı» diıp gyıgyrdy. Men ol jaıdan näme bolanyny soramda: «boıun asgy altyn zynjyram gaçypdyr» diıdi. Men täjik ofisere meseläni düşündirdim. Ol hiç zat diımedi. Soñra gezek ıanymyzdaky goşlara ıetdi. Ähli kitaplarym, kagazdyr, suratlarymyñ hemmesini diıen ıaly bellik edip çykdylar, bu iış öıläne çenli dowam etdi.

  Öıleden soñra ak eşikli bir türkmen şyfagat uıasy geldi, ıanynda bir türkmen ofiseri-de bardy. İuwaşjadan özüniñ Keltelerdendigini we bizi saglyk syınagyndan geçirmek üçin Esengulydan getirlendigini aıdan gelin, bizi ıagşy bakyp, keselimiziñ ıokdugyny sorady. Ejegül özüni oñat duımaıandygyny aıdyp, ol gelin biriki agyz gümür etjek boldy, ıöne ol bir zatdan çekinıän ıalydy. Ol soñra bir kagyza bellik etdi. Men ol türkmen ofiserinden niıräk gelendigimizi soradym, ol bu obanyñ «Ajyıap»dygyny aıtdy. Şonda men giıje gelşimize azaşyp, Esengula gitmegiñ deregine Ajyıaba gelendigini bilip galdym. Men ol ofiserden  türkmençe gazet-jurnal tapyp bermegini haıyş etdim. Birnäçsini getirip berdi. Men gökden gaçan ıaly ne işdäm bardy, ne-de okamaga höwesim, hemmesinden beteri, ykbalymyzyñ nähili boljakdygy-da belli däldigidi. Biziñ geçmezimizden birnäçe aı öñ Bendertürkmenli bir tanyşymy yızyna dolapdyrlar, ıöne rus saldatlary ıagşylyk edip, göıe ony Eıranyñ jandarmalaryna bermän, serhetden geçirip goıberipdirler. Bu zatlar ıadyma düşende ıüregim has tiz urıardy. Özüm bilen getiren bir-iki päket sigary yzly-yzyna çekıärdim, gapymyzda sumalyp duran rus saldatyna-da birnäçe sigar hödürledim. Daşary çykyp, toalete gitjekdigimizi aıtdyk. Bu gezek gözümizi dañmadan toalete salgy berdiler. Allajan, gözüñ ıaman görmesin, ömrümde şeıle hapa we pis toalet görmäpdim. «Aı, garawulhañky şeıledir, Soviet adamlary arassa ıaşaıandyr» diıp özümi ynandyrdym. Dogrusy, soñra köp ıerlerde toaletleriñ şeıledigini gördüm.

   Bize jaıymyzdan daşary çykmaga rugsat bermeıärdiler. Agşam ıatjak bolanymyzda bizi aıry-aıry ıatyrjak bolanda, Ejegül kes kellämi men ıeke ıatmakdan gorkıaryn, diıp, ıat ıerde, adamsyndan aıry ıatmagy ret etdi. Bularam kabul edip, şol jaıda bile ıatmagymyza rugsat berdiler.

  Ertesi gün ıene şol bir jaıyñ içinde, soraglar we zatlarymyzy bellik etmek bilen meşguldylar. Birden bir rus ofiseri gelip, Ejegülüñ ıolda gaçyran gyzyl zynjyrasyny getirip berdi. Soñra şahsy zatlarymyzy şol sandan Ejegülüñ baş daragyny saklaıan el kifiniñ daşayna möhür urup, açmaly däldigimizi aıtdylar. Ol altyn zynjyrany biziñ gelen aıak yzlarymyzy yzarlap, bir rus esgeri bolsa maşynyñ daşynda, öñünde oturyp, ıuwaşdan sürüp, şeıdip tapanmyşlar. Men ol esgere sowgat diıp bir gap Winiston sigar berdim.

  Öıleden soñra daşary çykyp açyk howluda gezmelemäge rugsat bermeklerini haıyş etdik. Olaram kabul etdiler. Şeıdip Ajyıabyñ serhetçiler postynda ikinji giıjämizi geçirdik.

  Çarşenbe güni 7-nji oktiıabrde öıleden soñra howluda gezmeläp ıörkäk, bir oglanjyk ylgap postyñ gapysyna geldi, haşlap: «daıy, daıy ol ıerde bir maşyn batgalykdan çykyp bilmän dur, kömek soraıar» diıdi. Menen biziñ ıanymyzda duran eli ıaragly ıalñyşmasam özbek esgere, oglanyñ aıdan zadyny gaıtalap berdim. Olam, gaıtam gahary gelip, bizi jaıa tarap, idirdedik ugrady, nämemiş biz oba adamlary bilen gepleşmeli dälmiş. Şeılelik bilen gezmele hakyndanam mahrum etdiler. Agşam obadaky toıuñ şagalañyny eşidip, «wah, toıa gidip bilsek» diıp, ahmyrlandyk.

  Ertesi gün günortanrak 45 ıaş töweregi ıaşly gözi gök, garynlak ıokary derejeli harby çinli bir rus ofiseri gelip, mazaly bizi soraga çekdi: «näme diıp geçdiñ, kim geçirdi, geçeñizde Eıranly jandarmalar gördümi» diıp sorag baryny ıagdyrdy. Men Türkmen ofiseriñ dilmaç bolmagyny haıyş etdim, olar meniñ bu islegimi kabul etmän, täjik ofiseriñ dilmaç bolıandygyny aıtdylar. Men öz geçmiş halymy bir-bir gürrüñ berdim we özümiñ hiç bir siıasy partiıa bagly däldigimi aıtdym, soñunda Ata Berdiıev we Gurban Aganıazov diıen tanyşlarymyñ bardygyny we olar bilen bile düşen suratymy hem-de Eırandakam olardan alan hatymy oña gowşurdym. Birki sagat sorag-jogaplardan soñra men: «Jenap, biziñ ykbalymyz nähili bolar» diıp soradym. Ol: «muny Aşgabat çözıär» diıdi. Şeıdiıende, nämedir ıüregime bir aramlyk aralaşdy. Rus ofiseri bolsa Gurbanyñ maña ıazan hatyny hem ıollan suratyny özi bilen alyp gitdi.

   İene giıje, ıene asmanyñ üstüñden agyr basıan pursatlary, wagt duran ıaly, sagatlar giç geçıärdi. Aıal maşgala bolany üçin, hem ruhy taıdan hem-de ıadawlykmy, nämemi Ejegülüñ ıagdaıy oñun däldi. Bir hili gyzdyrıan ıalydy, üşütıärdi. Men doktaryñ ony görmegini haıyş etdim. Görsem oña-da gadagançylyk girizenmişler, sebäbi Ejegül oñki gelin şifagat uıasy bilen bir zatlary! Gepleşenmiş. Garaz ol agşamy oña göwünlik berip, mañlaıyna gyzgyn ıalyk tutmak ıaly bilıänje emlerim bilen gyzdyrmasyny köşetjek bolıardym.

  Ertesi- Anna güni Ejegülüñ haly ganymatlaşdy. Birnäçe günläp, suwa düşmänimiz üçin, üst-başymyz yslanypdy. Hamama düşmegmi haıyş etdim. Kabul edip, binanyñ howlusynda bir uly otaga eltdiler. Hamam diıleni sowuk jaıdy. Depäñden onçakly ıyly bolmadyk, zordan jorlaıan suwuñ aşagynda aı, ıuwundykmy, ıuwundyk edinip, ıene jaıymyza geldik.

Keımir diıen kapasda

  Hamamdan gelip ıañy gurunyp, gurunmankak şarkga gapylar açyldy. Jaıyñ içine eli ıaragly iki sany saldat girip, gözümizi dañyp, elimizden tutup, daşaryk, howla tarap alyp getdiler. Gözümi onçakly berk dañmanlary üçin biraz töweregimi görüp bilıärdim. Bizi getirip, üsti çadyrly uly harby maşynyñ yzyna mündürip, ıola düşdüler. İanymza bolsa eli ıaragly iki sany saldaty oturtdylar. Niıräk alyp barıandygyny-da aıtmaıardylar. Mazaly goşlarymyz-da ıanymyza beripdirler.

  Maşyn dynaman barıardy. Birdenem gözüm mawy Hazara düşdi, maşyn soñra bir obanyñ daşyndan aılanyp, deñze tarap gönükdi. Saldatlaryñ birsi «Çekişler» diıp, ıanyndaka aıdanda, bu obanyñ Çekişlerdigini añyp galdym. Maşyn deñze ıakynlaşdykça ıüregim darygyp başlady: «wä, bular bizi yzymyza berjeklermikä» diıp, howsalanyp başladym. Biraz salymdan soñra maşyn ıüzüni gaırak öwrüp, ıene ıoluna dowam etdirdi. Men şol pursatda Ejegülüñ küıünden nämeleriñ geçıändigini bilemokdym, ıöne onuñ özüni arkaıyn alyp baryşy maña güıç-kuwat berıärdi.  İarym sagata ıetip, ıetmänkä bir harby gazarmanyñ howlusyna girdik. Gözümizi açyp, maşyndan düşürdiler. Getirip bir kiçiräjik howlynyñ gapysyndan girizdiler. Hudaı mundan ıamanyñ ıüzüni görkezmesin. Howlynyñ içinde iki-üç otagdan ybarat bir jaı bilen daşynda bir toalet bardy. Yni-boıy iki metre-de ıetmeıän howlyñyñ belentligi 3-4 metere ıakyn diwary bardy, onuñ üstünden bolsa hatar-hatar tikenekli simler çekilipdir. Mahlasy bu ıerden gaçyp çykmagy küıüñ köçesinde getirmeli däl, dadyña Alla ıetişäımasa, başga ıetişjek ıok.

  Näderimiz bilmän, jaıyñ daşynda basganjaklaryñ üştünde oturyp, başymyza nämeleriñ geljegine garaşıardyk. Biraz salymdan eli kagazly kiçi derejeli bir ofiser bilen eli foto aparatly bir esger geldi. Rusça bir zatlar aıtdy, dadman galdyk. Soñra özi gelip, biziñ hem ıüz hem-de ıan tarapymyzdan suratlarymyzy alyp, adymyzy, familıamyzy sorap, bellik etdi. Soñra yzyna düşmegmizi buıurdy. Ol bizi jaıyñ otaglaryny görkezip, herimizi bir gapynyñ öñünde dikip ıene rusça bir zatlar aıtdy. Düşünmänmiz üçin, keşbi bize meñzeş eli ıaragly bir saldat gelip: «men özbek, bu jenap, heriñiz bir otagda ıatmañyzy aıtıar» diıdi. Men birinji gezek bir özbek bilen gepleşıänim üçin zordan düşündim. Bu buırugy eşiden Ejegül ıene urdy dat-bidada: «öldürseñiz-de ıeke başyma ıatyp biljek däl» diıdi. Hernä bu ıerde-de bu haışymyzy kabul edip, bir otagda ıatmagyza rugsat berdiler.

   Otagy güıçsizje lamp ıagtylandyrıardy, penjireler bolsa demir gözenekler bilen berkleşdirlipdi. Jaıyñ içinde biri-birinden aıra iki künçde tagtadan ıasalan kravat/tagt edilipdir. Gapyñ kiçi gözeneginden bolsa, garawulçylyk çekip ıören saldat, mahal-mahal bizi jyıklap giderdi. Bu jaı, göıe harby postyñ zyndany bolmaly. Garaz, guş bolup uçaımasañ bu kapasdan çykjak gumanyñ ıokdy. Men soñra bu harby postyñ adynyñ ”Keımir”digini bilip galdym.

   Ykbalymyza razy bolup, ıatak jaılarymyza geçip gyşardyk. İadawlygyñ derdinden süıji uwka gidipdirin, bir bada Ejegüliñ çyıgyrşyna oıandym. ”Näme boldy” diıemde, elini bir zadyñ dişländigini, oıanyp görse syçandygyny aıtdy. Soñra dañdana çenli gözümize uwky girmedi.

   Ertesi Şenbe güni, kiçijik howlynyñ içinde ıaşajyk, rus keşpli bir esgeriñ garawulçylyk edıänini gördük. Ertirlik üçin bir hil sowuk çaı bilen gara çörek we ömrümizde görmedik bir hil zatlar getidiler. Hiçisinden dadyp bilmän, ozlky açlygymyza dözüp geziberdik. Biziñ bu ıagdaımyzy añan rus esgeri jübsünden 2 sany şoklat çykaryp, herimize birini berdi. Dilini bilmesekde, sag bolsun aıdyp, ony aldyk, süıji, janymyza, jan goşdy. Ol soñra biz bilen bir zatlary gepleşmek isleıärdi. Men inglisçe ondan şu gün heptäniñ haısy güni diıp soradym, olam maña rus dilinde heptäniñ atlaryny öwredip başlady, soñra sanlary öwretdi. Garaz bu oglan-Sergeı bilen gepleşip bu güni-de ıaşyrdyk, ıene agşam, ıene öñümizdäki näbelli geljege oılanmak. Belki meniñ hiç bir siıasy topara degişli bolmadygym üçin bular bizi bu ıerde saklaıarlar diıp oılanıardym. Bir gün jaıyñ içinde bir şokladyñ kagazynyñ daşyna parsça ıazylan hata gözüm düşdi. Onda bizden ozal şu ıerde bolan 2 sany Türkmensähralynyñ ady ıazylyp, indiki geljege: ”Hoş geldiñiz” diıen sözüñ ıazylandygyny gördüm. Men soñra ol oglan we gyz bilen duşuşamda: ” howa biz ıazyp goıdyk” diıdiler. Men muny görüp, bu ıerde köp galman, barmaly maksada aşjagymyza biraz umyıtlandym.

  Şeıdip ıene iki güni geçirdik. Biz özümizi uzakdaky ada-da unudylan adamlar hasap edip başladyk. Duşenbe güni, Keımir postynyñ kamandirini görjekdigimi bildirdim. Olam ıanyna şol özbek esgeri alyp geldi. Men oña: ”Biz haçana çenli bu ıerde galmaly, bize näme üçin zyndandakylar ıaly bendilikde saklaıarsyñyz” diıdim. Rus ofisseri: ”Siz hakynda derñew işi dowam edıär, golaıda çözüler” diıp, çykyp gitdi. İene uzak gün we atmaıan dañ.

   Sişenbe güni 13-nji oktobr. Sagat 11-lerde howlynyñ gapsyndan iki sany türkmen keşpli kiçi derejeli ofiser girdi. Biziñ ıanymyza gelip, salam berip, ellerini uzatdylar: ”meniñ adym Baıram, meniñ adym Durdy” diıdiler. Bizem özümizi tanadyk. Soñra jaıyñ içine geçdik. Bularam tañrynyñ soragyny berip, şol bir zady gaıtalaıardylar, näme diıp geçdiñiz, haısy siıasy topara degişli, yzyñyza kowsak näme bolar we şm. Bu duşuşykda meni diıseñ geñ galdyran zat olaryñ Kümüşdefäni şeıle bir oñat tanaıandyklarydy, men ıuwaş-ıuwaş olaryñ Türkmenistalydygyna şek edip başladym, ”plan köçede plan mekdep bar, dälmi, plan ıerde harby post bar, dälmi” diıip, şäheriñ köçelerini sanaıardylar. Eıranda ıörgünli bolan we pars diline giren sözleri-de bilıärdiler. Mysal üçin Eıranda orta mekdebiñ biriniji ıarymyna ”Rahnemaıyراهنمائی ” diııärler, bular hatta şuny-da bilıärdiler. Bu zatlary eşidip, agzymy açyp, geñ galdym. Olar soñra, ”Türkmenistana sygnan Türkmensäraly ıigitleriñ arasynda iki dürli siıasy düşünjäñ bardygyny aıdyp, senem olaryñ arasyna goşulsañ birisinden birsine goşulmaly bolarsyñ” diıdiler. Boıy uzyınragynyñ ady Baıram: ”size ıagşy bir habar bereıin; sizi Türkmenistan döwleti kabul edıär, hoş geldiñiz” diıp, elimizi gysdy. Soñra ıanlary bilen getiren gawun bilen türkmen çöregi berip: ”ıene iki günden sizi bu ıerden Nebitdaga alyp giderler” diıdiler.

   Sorag-jogaplar tamam bolandan soñra, zatlarymyzy möherläp goıandyklary üçin, bir hepdeden bäri saçyny darap bilmeıändiginden Ejegül şykaıat etdi. Şonda men ilkinji gezek ıan-ıoldaşymyñ ejizläp, gözüne ıaş tegeläp, şeıle haıyş bilen ıüzlenendigini gördüm.

   Olar: ”beıle etmeklik dogry däl, gerek zatlaryñyzy alyberiñ, munyñ rugsaty bolarmy” diıp, gatyrgandylar.

Hasrat bitdimi ıa-da başlandymy?

  Serhetden geçenimize dokuz gün bolupdy. Penşenbe güni oktıabryñ 12-inde bellenen möhlet gelip ıetdi. Biz bu günüñ gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdyk.

  Ol güni irden ördük. Darajyk howlunyñ içini gezmeläp, ıol edipdik. Sagatlar diıseñ ıuwaş geçıärdi. Günortan ıene şol dadyp bolmaıan esgerleriñ çorbasyny berdiler. Bogazmyzdan zat geçmeıärdi. Günortadan soñra sagat ikilerde howlynyñ gapysy açylyp, türkmen keşpli inçeräjik bir serjant (parsça: گروهبان) girip: ”Taııar boluñ, ıola düşmeli” diıdi. Muny eşidip, begenjimizden ıere-göge sygmadyk.

  Dört adam sygıan kiçiräjik harby jip maşyna münüp, Keımir garawulhanadan, has dogrusy zyndandan uzaklaşdyk.

   Bu türkmen serjanty adynyñ Arazmuhammet Mürze ogludygyny, özünyñ bolsa Esengulydan, Tumaç tiresinden bolıandygyny aıdyp, biz bilen Çärjewe çenli ıoldaş bolup, ıolda-yzda kömek etmek üçin bellenen-digini bilen sözüniñ üstüni ıetirdi. Men dogrusy Çärjewuñ adyny eşitıärdim-de onuñ nirde ıerleşıändigini doly bilmeıärdim. Aljyraññy: ” Arazmuhammet, Çärjew nirede?” diıp sorapdyryn. ”İola düşeıli, belli bolar” diıp, gyıtaklaıyn jogap berdi.

  Ylkinji gezek Türkmen topragyna gadam basanyma begenip, iki bolup bilmeıärdim. Majaristanly alym Vamberiniñ baryp 1760-nji ıyllarynda geçen ıolundan barıardym. Boıdan başyna göge bürelen Türkmensährasyndan bu ıerde nyşan ıokdy, hemme ıer tozap ıatan gumdy. Hatta darajyk asfalt ıoluñ üştüne-de gum topbagy üışip, mahal-mahal, şafıorymyzyñ elinden ruluñ çykmagyna sebäp bolıardy, ıöne ol çakganlyk bilen öz işini oñarıardy.

   Yki sagat ıörenimizden soñra bir oba baryp ıetdik. Maşyny bir dukanyñ öñünde saklap: ”bu oba Çaloıuk diııärler, suw dagy aljak bolsañyz, şu ıerden alyp bileris” diıp, Arazmuhammet bize ıüzlendi. Bizem düşüp, dukana girdik. Bu dukan biziñ obamyzdaky dukanlar ıaly däldi. Diıseñ geñ, içinde kitap we gazıetde satylıardy. Zat alara pulumyz ıok diısem, Arazmuhammet: ”sizi eltip tabşyrıançam, ıörite ıol harjyñyzy berdiler, alyberiñ” diıdi. Şonda men ”Türkmenistanyñ tebigay” diıen kitaby bilen bir gazet aldym, Ejegül bolsa süıji köke aldy.

   İene ıola düşdük. Obamyzdaky Annameret çarwa ıadyma düşdi, ol özüniñ Çaloıuk obadandygyny aıdypdy. Obanyñ durky Türkmensähradaky obalardan tapawuty ıokdy, ıöne iki parh bardy, birisi obanyñ içinde we töwereginde düıäniñ köpdügi, ikinjisi bolsa gögerip oturan bag-bagçanyñ ıoklygydy. Biraz ıöränimizde bu gezek ulurajyk oba, has dogrusy kiçiräjik şäherçä baryp ıetdik. Arazmuhammet onuñ Gumdag şäherçedigini aıtdy. Gumdag, diıseñ gumlykdy. Entejik ıel ösende, şäher tutuşlygyna guma basyrylıardy. Gumdagdan çykyp, ugrumyza gidiberdik. Nebidi gazyp alıan nasuslardan(pomp) ıüzleçesi, irmän-arman diıen ıaly, ıeriñ teıinden nebidi sorıardy. Men bu baılygymyzyñ Moskva tarapyndan talaıandygyny, SSSR diıen äpet kolonistiñ, sözüñ doly manysynda orta Asıa jemhuriıetleriniñ çiıg mallaryny talaıaşyna soñra göz ıetirdim. Mundan ozal dostluk siıasaty esasynda şeıle bolmaly diıp, bizi ynandyrypdylar.

   Agşamara Nebitdaga baryp ıetdik. Arazmuhammet baryp Demirıol stansiıasyndan biletlerimizi aldy. Soñra ”ugramaga bir sagat bar, garymyzy doıuraıly” diıp, şol golaıda ıerleşen resturana bardyk. Onda işleıän çiışik bir rus aıal: ”nahar gutardy, ıöne ojuk-bujuk galan zatlary getirip bereıin” diıdi. Arazmuhammet çäresiz muña razy boldy. Birzatlar iışdirdik. Dogrusy begenjimden açlygymyny onçakly duımaıardym. Biz şafıor bilen hoşlaşyp, odlynyñ duralgasyna tarap ugradyk. Köp adam odlynyñ gelerine garaşıardy. Odly, Şagadamdan gelemelidi. Uzakdan odlynyñ çyralary görnüdi. Haçanda gelip, duralgada duranda adamlar hümmerlenşip, odla münmek üçin ylgaşdylar. Bizem münip, kupemizde ıerleşdik. Üç bolup bir kupede ıerleşdik. Arazmuhammet ıadaman bize hyzmat edıärdi; çaı diısek, çaı, suw diısek suw getirip bererdi. Goñsy kupelede türkmençe gepläp, degişip, gülüşıänler, arak içip, keıp edıärdiler. Men, bu ıerden türkmen dilinde gürlenıänligine, ıolagçylaryñ hemmesiniñ diıen ıaly türkmenlerdiginiden buısanmak buısanıardym. Edil arzuw edişim ıaly, öz ilime gelipdirin diıp, çeken horluklary unutıardym. Odlynyñ içinde käbir adamlar bilen salamlaşyp, özümiñ Türkmensähradan gelenimi aıtıardym. Birisi: ”hä- ıagşy, hoş gelipsiñ” diııärdi, ıene birisi geñirgäp: ”Etregiñ ilersindäki türkmenleriñ ıagdaıy barasynda aıdyp bersene” diııärdi, başga birisi: ”mundan birnäçe ıyl öñ, dört-bäş maşgala bolup, Türkmenistana sygnyp gelenleri eşdipdik” diıp, menden ozal bärik geçenler hakynda aıdyp berıärdi. Soñra ıerime geçip ıatdym.

   Ala dañdan Arazmuhammet bizi turuzyp: ”Aşgabada geldik, bu ıerde düşüp, indik odla garaşmaly, olam 2 sagatdan geler” diıdi. Aşgabadyñ adyny eşiden badyma ıerimden zoññkga galdym, soñra goşlarymyzy alyp odludan indik. Aşgabadyñ odly duralgasy diıseñ owadandy. Salonyñ içinde ıolagçylar, odlularynyñ gelerine garaşyp, irkilşip oturdylar. Kä bir aıallaryñ eşikleri meni geñ galdyrıardy, soñra görüp otursam, Çärjewliler şeıleräk geııänmişler. Garaz, meniñ üçin her zad täzelikdi, üıtgeşikdi. Binanyñ şähere tarap açylıan gapysyndan Aşgabada bakdym: ”düışümdemi, huwşymdamy” diıp, gözlerimi owkalaıardym. Howa diıseñ temizdi, oktıabriñ dañynyñ sergin şemaly, janyña jan goşıardy. İanymda özüm ıaly birisi çilim çekıärdi. Menem çilim odlap, onuñ bilen salamlaşyp, hownyñ oñatlygy barasynda söhbet açyp, soñra özüminiñ uzak ıerden arzulap, iklinji gezek Aşgabada gelendigimi gürrüñ berdim. Ol özüniñ Gyzylarbatlydygyny işiniñ bolsa mugallymçylykdygyny aıdyp berdi.

  Aşgabat-Çärjew odlusyna münip gündogara tarap ıola düşdik. ”Ol obanyñ ady näme, bu şäheriñ ady näme” diıp, Arazmuhammet pahyry bizar-peteñ edıärdim. Hernä ol ıadaman jogap berıärdi. Uzakdan Änew obasyny gördüm, soñra Tejen, sagat iki töwereklerinde bolsa Mara baryp ıetdik. Bu ıerde odlynyñ ıarym sagat eglenjekdigi aıdyldy. İere düşüp, bir hili süıji suwy satyn aldyk, onuñ adynyñ ”sok” ıa-da ”kvas”dygyny soñra bilip galdym. Bu ıerde pepsi ıa-da şoña meñzeş içgilerden nyşan ıokdy. Bizde adat bolşy ıaly buwzly suwda ıokdy, içgileri gyzgynrak içıärdiler.

   Odly ıadaman ıol aşıardy. Duraba gumlyk çöli görnüp başlandy. Demir ıoluñ kenaryna gum üışmez ıaly ıylgyna meñzeş bir hil ösümlik ekipdirler. Howa garaldy, odly-da dinman bir syhly barıardy. Dura-bara ıüregime howsala düşüp başlady: ”How, Arazmuhammet, biz ıeriñ ol uwjuna barıarsmy, bu ne bitmez ıol” diıp soraıardym. Olam: ”howlugma, ynha birazdan bararys” diıp, göwünlik berıärdi. Asmanyñ ortarasyndaky tes-tegelek aı giıjäni ıagtylatıardy. Kalindara sertsem bu gün dört tirkeşik aıyñ başkysyñy 12-sidi. Aı diıseñ ıakynlaşan ıalydy, olary elim bilen tutaıjak ıalydym. Gije sagat 8-lerde Çärjewe baryp ıetdik. Arazmuhammediñ yzyna düşüp, stansiıanyñ uly salonyna girdik, ıetimçelerdik müzzerşik duwrys, Arazmuhammet neresse-de bir zadyñ yzynda eıläk-beıläk çyrpynıardy, arasynda biziñ ıanymyza gelip: ”wah, bular näme habarlary ıokmuka, näme diıp giç galdylar” diıp, birlerine zeırenıärdi. Sagat dokuz boldy. Bizi garşy alıan bolmady. ”Aı onda men KGB telefon edeıin” diıdi. KGB-niñ adyny eşiden badyma: ”Arazmuhammetjan, nirä jañ etseñ, et, şol edara jañ etme” diıp ıalbarmaga başladym. Biz Eıranda siıasy bendileri gynap, horlaıan SAVAK bilen KGB-ni bir edara diıp düşünıärdik. Arazmuhammet hem: ”ıok, agam, olaryñ gelip, sizi garşy almaklary wezipeleri ahyryn” diıp, bir zady maña düşündirmäge syınanşıardy. Ahyry baryp bir ıere telefon etdi. Aradan bäş, on minut geçip, geçmänkä 2 adam gelip, bizi ıerden tapan ıaly, gujaklap: ”ıoldaşlar, Sovietler ıurduna hoş geldiñiz” diıp, ıüklerimiz alyp, gapyda duran ıeñil maşyna tarap alyp gitdiler. Biz Arazmuhammet bilen hoşlaşyp, gijäniñ içinde belli bolmaıan ykbalymyza tarap ıola düşdük.

Seıdiñ mekany Çärjewde

   Çärjewiñ demirıol stansiıasyndan Ergiş diıen birisi hem şafıorumyz Jumabaı bilen ıola düşdük. Birden ıañky Ergiş ”Gürgen radiosyny” açyp: ”ynha siziñ ıurduñyzyñ sesi, muny diñläsiñiz-ä gelendir” diıp, maşynyñ yzynda oturan bize gañyrlyp seretdi. Biz: ”ıok, onda halkyñ sesi däl-de rejimiñ propagandasy edilıäni üçin diñlämizok” diıp jogap berdik. Soñra maşyny, hatar-hatar duran 4-5 gatly jaılaryñ ıanynda sakladylar: ”bu raıona, ”Uçpunkt diıärler” diııärler. Ergiş, şafıora ıüzlenip: ”Juma, myhmanlar bu agşam sizde galsyn, ertir komnalika aşyrarys” diıdi. Men şondan soñra Ergişi görmedim.

   Jumabaı diıseñ ıagşy ıigitdi. Bizi güler ıüz bilen kabul etdi. Aıaly bilen iki sany balasy bardy. Biz ıuwnup-ardynyp, nahar idik. İadaw bolanymyz üçin irräk ıatjakdygymyzy aıdanymyzda, olar öz ıatıan kravatyny bize berdiler. On, onbir günden soñra ilkinji gezek arkaıyn uwklapdyrys.

   Biz turmazdan ozal, Jumabaı bazara gidip, ertirlik üçin ıagşy taııarlyk görüpdir. Çaıyñ başynda, Gafur. S diıen ıigidiñ bizi görmäge geljegini aıtdy. Ejegül gyrmyzy ketenisi bilen lowurdap otyırdy. İañky Gafur diıen oglan gapydan girip, biz bilen salamlaşdy: ”Hoş geldyñ ıoldaş, men bu ıerde dört ıyldan bäri ıaşaıaryn, aslym Kümmetgowuzly” diıdi. Menen özümi tanytdym, soñra: ”bu-da aıalym Ejegül” diıemde, ol: ”wi, bagyşlañ, men sizi Aşgabatdan gelen myhmandyr diıp oıetdim” diıdi-de Ejegül bilenem tanyşdy.

  Çaıdan soñra çilim çekmek üçin, ıere düşdük. Şonda Gafur birsiniñ ıanyna baryp, meni görkezip bir zatlary aıtdy. Soñra ıanyma gelip: ”men krasni krestiñ/ gyzyl haçyñ bu ıerdäki müdüri Baıram Baltaıev bilen gepleşdim, bu ıerde boş kvartira/öı bar diıdim, sizi komnalika ibermezligi teklip etdim” diıdi. Men: ”komnalik näme ol nirde” diıdim. ”şäherden 30-40 km-liginde ıerleşen bir ıer, ol ozal, kommunitlaryñ dynç alıan ıeridi, häzir bolsa bosgunlary ıerleşdirilen kampa öwrüldi. Biziñ hemmämizi ilki gelenimizde şol ıerde ıerleşdirdiler. İañy geçen birki ıyldan bäri, şähere getirip, şu mähellede ıerleşdirdiler. Komnalikda oglanlar berk kontrol astynda saklanıardy” diıp, Gafur gürrüñ berdi.

   Bagtymyza Gafur diıseñ ıagşy ıigit bolup çykdy, ol bizi komnalika ibertmän bir hepdeden gowrak öz öıünde saklady. Ol Çärjewli Dürzadeh diıen gyz bilen öılenip ondan Änin diıen ogly boludy. Ykisem biri-birinden oñat adamlardy. ”bärde boş jaı bar, oglanlaryñ köpüsi Aşgabada, Mara, Daşhouza göçüp gitdiler. Baıram Baltaıevden bir jaı diläp alıançam, sen bizde galyber” diıp, Gafur bize arkaıynlyk berdi. Onuñ ıaşaıan jaıynda bir otagy özlerinden artykmaçdy. Biz şonda ıerleşdik.

   Öıleden soñra bu ıerde ıaşaıan Türkmensähraly türkmenler bilen tanyşdyrmak üçin Gafur käbir jaılaryñ gapysyny kakdy. Oglanlar işe gidenmiş, köpüsi öıde ıokdy. Bir gapyny kakanda, ıaş gelin gapyny açdy: ”Mawşa, seni iki sany myhman bilen tanyşdyraıyn” diıende, gelin: ”giriñ” diıp, bizi içerik aldy. Bir görsem, bu gelin Bendertürkmende görenim Hangeldiniñ gelini Mawşa. Salmalaşyp, hal-ahwal soraşdyk. Öıde ıene bir gelin bilen iki sany garry mama bardy. Bu geliniñ hem Bendertürkmenlidigini bildik. Ol bäş aı mundan ozal ıoldaşy bilen geçip gelipdirler. Mawşa bolsa bizden iki aı öñ gelipdir. Ykisem biziñ geçen ıolumyzdan geçipdirler. Garry mamalar bolsa Çelekenden, garyndaşlary bolan Hangeldilere gelipdirler. Şonda bu iki gelin tukat bolup oturandyklaryny, yzlaryny göresleriniñ gelıändiklerini aıtdylar. Men kämahal olaryñ gözlerinde ıaşyñ tegelenıändigini gördüm. ”nesip bolsa azat erkin bolan topragymyza dolanyp bararys” diıp, olara göwünlik berdim. İöne Ejegül diıseñ mertlerçe häzirki ıagdaıy ıüregine siñdirip, çagajyklar ıaly eñegini sallap, yzyny küısemedi, küısänem bolsa dile getirmedi.

   Garry mamalaryñ birisi gazet okaıardy. Ejegül, şeıle garry adamlaram hatly-sowatly diıp, olara geñ galyp bakıardy. Men olara ıüzlenip: ”biziñ Çelekende Paşmyradov Hally diıen agalarymyz bolmaly, olara biziñ gelenimizi aıtsañyz” diıp haıyş edemde, birisi okap oturan gazıetini bir ıana goıdy-da olaryñ adresini göçrüp aldy. Olaryñ hatlı-sowatlydygy we biziñ Sähramyzda aıallaryñ köpüsiniñ sowatsyzlygy bilen deñeşdiremde, bu ıerde ösüşiñ bardygyna göz ıetirip galdyk.

  Çärjewde on onbir Türkmensähraly türkmen imigranty/bosguny ıaşaıardy. Komnalikda olary bölüp, Fedaıylaryñ äkseriıet toparyna ynanıanlary Daşhuza, Tudehleri Mara, beılesini bolsa Çärjewde ıerleşdiripdirler. Onlarçasy bolsa Aşgabatda ıokary okuw jaılaryna kabul edilipdir.

   Gafur oglanlaryñ başdan geçiren ıagdaılary hakynda köp gürrüñ berdi. Bir gün Gyzyl haçyñ ıerli başlygy Baıram Baltaıev bizi şol ıerdäki edarasyna çagyryp, özbaşymyza bir jaı berilendigini aıdyp, ertir Jumabaı bilen komnalika gidip, oı goşlaryny almalydygymy habar berdi, soñra Ejegül bilen maña kömek hökmünde 100 manaty uzatdy. Men: ” ıok tañyr ıalkasyn” diıemde, ol gülümsiräp: ”al, bu seniñ hakyñyz, muny men däl-de edara berıär” diıdi. Dogrusy pulsuzlykdan gaty kösenipdim. Sag bolsun oglanlar, çilim pul berıärdiler. Aşyr diıen Bendertürkmenli bir ıigit, kömek diıp, 25 manat beripdi, Gafur-yñ-a gürrüni ıokdy, tapany ortady. Biz Baltaıeve sag bolsun aıdyp, edarasyndan çykdyk. Çykyp gelşimize Hajykerim.B diıen başga bir Bendertürkmenlini gördüm. Ol meniñ bilen salamlaşyp, salamlaşmanka: ”Nury däde, seniñ kitabyñy tankyıt edıän syny ıazdy, ıöne seniñ bärik geleniñ eşdilenden soñra ony ”Türkmenistan-e Yran” gazetinde çap etmekden saklanan ıaly boldy” diıdi. Menem: ”ıazyp, çykaran bolsa gowy bolardy” diıdim.  

    Bu ıerde ıaşaıan oglanlaryñ köpüsi diıen ıaly ıerli gyızlara öılenipdirler. Iki sanysy bolsa rus gyzlar bilen durmuşlaryny paılaşypdyrlar. Siıasy taıdan bolsa üç topara bölünıärdiler: bir topar Halkyñ fedaıylarynyñ yzlaryna düşüp, olaryñ guwrukleryndan berk ıapyşıardylar, ikinji topar bolsa ozalky ”Kanuny” gaıtadan diketmeli diıp, Fedaıylardan ıarym-ıamalak aırylankiş bolup, hereket edıärdiler, üçünji topara ”Türkmenistan-e Iran” gazeti çykarıandyklary üçin, ”Türkmenistany” diılıärdi. Bularyñ üçüsi-de biri-birlerine ıagy ıalydy. Gafur: ”indi siıasatyñ döwrany ötdi, ideologi, videologi, Marks bolsa Marka/Alman puly/ boldy” diıp, kinaıaly gürrüñ berıärdi. ”walla, Gafur, men-a bu gepleriñden dadman galandyryn, ümrüñ içinde ıörän ıaly gaırat ediñ-de, gönüsinden gel” diıdim. ”birnäçe gün geçsin, özüñ hemme zady bilersiñ” diıp, ertir komunalika gitmelidigimizi ıatladyp, uwkusynyñ gelendigini aıdyp, jaıdan çykyp gitdi.

Kommunalik diıen zyndan

   Çärjewyñ 20-30 km-liginde, Buhra diıen ıol bilen gideñde, ”Komsomol” raıonynda, ”Partizan” kolhozynyñ ıanynda, Amyderıadan aıyrylan kanalyñ golaıynda, 3 hektar meıdany tutıan ıerde kommunist partiıanyñ ıolbaşçylary üçin niıetlenip, üç gatdan ybarat gurlan dynç alyş ıere kommunalik diıerdiler. Kommunalikiñ müdüri özbeklerden ”Hatyja” diıen aıaldy. Bosgunlaryñ ilkinji toparyny şol ıere getirip ıere getirip ıerleşdiripdirler. Bosgunlar umuman iki topardan ıagny ”Tudeh partiasy” bilen ”Fedaıy”lardan bolupdyr, bulardan başga beıleki siıasy toparlardandanam birnäçesiniñ bardygyny aıtdylar.

24-nji oktiıaber güni Jumabaı meni kommunalige alyp gitdi. Gafur-da maña ıoldaş bolup geldi. Şäherden ıarym sagat töweregi uzaklykda ıerleşen kommunaliga gelip ıetdik. Bu ıerde ol eşdilen goh-galmagallardan, bosgunlaryñ eıläk-beıläk ylgaşlaryndan habar hatyr ıokdy, Türkmenleriñ hemmesi ıa Çärjewde ıerleşdirlipdir, ıa-da Günbatar döwletlerine aşypdyrlar, diñe Yrakdan gelen birnäçe kürt bosguny bardy.  Howlynyñ içinde ıerleşen iki gatlı binanyñ öñünde ulyrajyk suw howuzuny gurupdyrlar, garşysynda bolsa aşhana diılen uzyınrak ammar bar. Binanyñ daş-töweregi bolsa pagta meıdany. Jumabaı bilen Gafur binanyñ ıerzemine girip gidiberdiler, maña-da gel diıdiler. Bu ıerde uly bilıard salonyny gördüm. Gapdalyndaky otaga girdik, ol ıer skald/ammar eken, baryp gapynı kakdyk, jogap bolmady, daşarı çykdyk, bir ıerden bir ıaşuly gelip biz bilen salamlaşdy, oña Rejep aga diıp ıüzlendiler. Ol binanyñ garawuly ekeni. Gafur oña: ”Rejep aga, öı-içerler nähili, gyzlary ıerleşdirdiñmi” diıp soranda, ”ıok, siziñkilerdenem derek bolmadı, hiç biziriñiz gyzlara göwün bermediñiz” diıp, degişme äheñinde jogap berdi. Soñra: ”Nina” ıañy çykyp gitdi, ynha dönerin” diıp, birsi hakynda gürrüñ berdi. Gafur: ”çäre ıok, garaşarys” diıdi. Rus aıaly Nina kommunaligiñ hasapçy-bugaltiri ekeni. Jumabaı, Rejep aga bilen bir tarapa, Gafur bilen men bolsa howzuñ başyna baryp çilim otladyk. Gafur howzuñ tolkun atyp duran suwuna bakyp, çuñ oıa batdy. Bir salym dymdy, soñra: ”haıp, bu ıerde geçen günler” diıp, başyny ıaıkady. Men oña: ”näme boldy” diıp ıüzlenemde, ”bu ıerde gören görgülerimizi it görse gözi agrardy” diıp, howlynyñ töwereginde gezmeläp başlady. ”Şu görän ıerleriñ, gadam basıan her bir jaıyñ maña başdan geçiren ajy günlerimi ıatladıar” diıp, Gafur, uludan demini alyp oglanlaryñ başdan geçiren günleri hakynda gürrüñ berip başlady.

1982-nji ıyldan başlap, bosgunlaryñ ilkinji topary Türkmenistana gelip başlady. Fedaıylaryñ ıolbaşçylaryny Özbegistanyñ paıtagty Daşkentde ıerleşdiler. Bizi-de ol ıere ıakyn bolsun diıp, Çärjewe getirdiler. 100-den gowrak bosgun geldi, olaryñ ıarysy diıen ıaly parsdy. Her bir täze gelen bosgun, serhetden ne gün bilen geçendigi, 6-7 günläp serhetçiler tarapyndan sorag-jogap edilendigi, saldatlara berilıän gara çorba bilen gara çörekden başga zat berilmändigi hakda gözlerine ıaş tegeläp gürrüñ berıärdi. Bu ıerde KGB-niñ ofiseri, ärsarylardan bolan Ergiş bilen kömekçisi, gelip-çykyşy täjiklerden bolan ”Öwezev” diıen iki kişi bosgunlardan jogapkär edilip bellenipdir. Bulardan başga ”Çary aga”, ”Durdy”, ”Joraıev”, ”Gara Gurban”, ”Juma” her hepde gezek gezegine gelip, oglanlardan sorag edıärdiler. Olaryñ başlygyna Makarov diıerdiler. Köplenç Yrandaky ıagdaı, siıasy gatnaşykar barasynda soraıardylar. Käbirlerinden Amerikanlaryñ Şah döwründe serhet ıaka Türkmen obalarynda guran merkezleri hakynda sorıardylar. (ıeri gelende aıtsak, Marawadepäniñ ileri ıüzündäki İekeçynar obasynyñ ıanyndakı dagyñ üstünde, Amerikanlylar SSSR-i diñlemek üçin uly radar merkezini gurupdylar we ol men Türkmenistana geçen ıylymda-1989-nji ıylda-da işleıärdi-AG)

  Şol görıän ambar aşhanamyzdy. Oña Rahym aga diıen birsi ıolbaşçylyk edıärdi. Gülnara, Jümägül, Zamfyra, Ogulnar diıen gyızlar aşpez bolup işleıärdi-diıp, Gafur sözüni dowam etdirdi.

”Gelen bosgunlaryñ ıaşy 18 bilen 40 aralygyndady. Sallah oglanlary(18 töweregi) şol gören ıerziminde, maşgalaly bolanlary depeki gatlarda ıerleşdirdiler. Anna.Z diıen Türkmeni ”Fedaıylar-äkseriıet” topary adyna we Feriborz diıen birsini ”Tudah partiıası” tarapyndan bosgunlara siıasy ıolbaşçy edip, Hajy.T-i bolsa, sosıal meselellerinden jogapkär edip bellediler. Koridorda ıekeje köneräk televizer bardy. Gijelerine onuñ daşyna ıygnanşyp tomaşa edilıärdi. Haısy tele kanaly seretmegiñ üstünde mahal-mahal goh-galmagal bolardy. Türkmenler Aşgabadyñ gepleşiklerini, Türkmen aıdym-saz diñläsleri gelıärdi, parslar bolsa Moskvanyñ gepleşiklerini tomaşa etmek isleıärdiler. Bir görseñ yzrakdan aıllar eşitmez ıaly edip: ” bu nämesini näme etdigim parsa bak, Eıranda agalyk edenleri az ıaly, indi bu ıerde-de öz hökümlerini ıöretjek bolar” diıp seslenerdi. Daşkentden Fedaıylaryñ ıolbaşylaryndan ”Ahmatjyk” lakamly Dr.Reza Jowşeni bilen Ferıdun dagy gelip, bosgunlar bilen siıasy meseleler hakynda otuşyk maslahatyny! geçirıärdiler. İene bir geñ zady aıdaıym. Tomusyñ yssy günlerinde golaıymyzdaky kanala suwa düşmäge giderdik. Mazenderanly Huseıin diıen birsi suwa düşüp ıörkä gark bolup öldi. Onuñ aıal dogany bilen giıewsi-de bosgun bolup gelipdi. Giıewiñ ady Abbas Selimi,di. Soñra ony bosgunlara baş edip, Daşkentden belledir. Ol öz buıruklarynyñ berk ıerine ıetirilmegini talap edensoñ,  Türkmenler oña ”şah abbas” diıärdiler.

  Başda berilıän mümkinçilikler we hyzmatlar diıseñ ıetersizdi. Şol uly märeke üçin diñe iki sany hajathana bardy, olam diñe ady hajathana, ne suw bardy ne-de kagyz, oglanlar gijelerine meıdan gidip täret ederdiler bu bolsa hapalygyñ artmagyna sebäp bolardy.  Her iki hepdeden bir gezek şähere hamamma alyp gitıärdiler. Herkim öz nobatyndan artykmaçrak, ıa-da nobaty gelmänkä, hamamma gitjek bolıardy, bu bolsa oglanlaryñ arasynda dawa-jenjele sebäp bolardy, ıa-da kä mahal süıt getirlende: ”çagam kesel” diıp köpräjik aljak bolıan haıs, garaz şular ılay ownuk-uşak zatlar, göreşjeñ-revlosiıoner ıigitleriñ bir-biri bilen ıakalaşmagyna sebäp bolıardy. Kä birleri: ” muny KGB ıörite gunaıar” diııärdi.

   Günler, aıları, aılar ıyllary yzarlaıardy. Günümiz şeıdip geçip barıardy. Yki siıasy topar bolup, garşy-garşy wollibal, ıörtme, bökme we pink-ponk ıaly oıunlar oınaıardyk, küşütdepdi ıaly oıunlarydyr dürli temalardan teatrlary ıola goıardyk.

 Gyş aılary gaty sowuk bolardy, jaılary ıylatmak üçin köne motor bardy, onda Halym.N mekanik bolup aıyna 60 manada işleıärdi, iñ baıymyz-da Halymdy. Pul bermezdiler, manadyñ reñkini görmek bize arzuw boldy. Halym kämahal bize arak alyp bererdi, arak içmegi bize gadagan edenleri üçin ogrynça içerdik. Tomus aıynda uzyın paltony geıip, oglanlar goñşy kolhozdaky toıa gidip, hödür edilen aragy, jüblerine salyp getirerdiler. Bilse, şah Abbas derrew Daşkente merkezi komitete habar bererdi.  Soñra puly ıetmeıän oglanlara karz pul berip bilmek üçin ıörite sandyk döretdik, oña-da Halymy ıolbaşçy edip belledik.

   Güız aıynda pagta ıygmaga alyp giderdiler. Her kim işçi-daıhan partiıasyna wepaly boljak bolup, agyr işlerde işlemegi özüne borç saııardy. Galyñ eşik diıp paılap beren paltodyr jalbarlary beren günlerinde meıdanda oglanlar bir-biriniñ eşigine seredip, gülmekden ters ıykylıardylar, birsiniñki uzyın, başgasynyñky gyısgady. Pomaza köınek, gara palto bilen bätinke diılen köwiş berdiler. Türkmen aıallaryñ balaklarynyñ uçgury erezindi, bu bolsa Türkmenistanda ıokdy, ol-da problemalaryñ birsine aılanypdy. Sport köwşüñ arzuwy bolsa hasyl bolman gitdi. İöne özümizi sagdyn saklmak üçin sport ederdik. Eıranda bolup geçıän ıagdaıy diñläıli diısek, gyısga tolkunly radio-da bermediler, diñe Aşgabat radiosyny diñlärdik. Rus dil kursuny açdylar, İolbars aga diıen oñat mugallymyz bardy.

   Bişirilıän naharlaryñ hili-de onçakly öwerlik däldi. Oglanlar balyk tutup duzlardylar. Parslar özlerine mahsus naharlaryñ bişirilmegini isleıärdiler, bu-da bolmazdy, ahyry -hany onda özüñiz bişiriñ- diıdiler. Parslar gidip düzden selme hem şoña meñzeş otlary getirip, ”gorma sebzi” bişirdiler, ony iıenler ödle bolup ıykyldylar.

   Günlerimiz şeıle geçıärdi diıp Gafur sözüni dowam etdirdi.

  “Bir gün iş ıerlerinden gelen başlyklar, gelende bize hatara duruzdylar. Olar edil gul bazarlarynda gul satyn alıan ıaly biziñ endam-janymyza seredişip, güıçlerägimizi saılap bir kenera çykardylar. Soñra kommunaligiñ başlygy bilen bir zatlar gepleşik, kagyzlara bellik edip gitdiler. Şonda biziñ nirde işlemelidigimiz bellenen eken. Soñra bizi üç topara böldüler. Fedaıylary “Daşhouza” Tudalary “Mara” galanlaryny bolsa Çärjewuñ “uç-punkt” diıen mähellesyndäki öılerde ıerleşdirdiler. Şeıdip bosgunlyk döwrümiziñ başga bir tapgyry başlandy. Günde irden turup işe giderdik, kim tekstil kärhanasynda, kim metal/demir zawodynda, kim ustahanada, aıallar bolsa ıeñilräk işlerde işleıärdi” diıp Gafur gürrüñini dowam etdirdi. “Çärjewuñ avtobuslarynyñ içi hym-dykyzdy, hatta dik durmaga ıer bolmazdy, garaz her kim işine aşjak bolup, tutda-basdy. Bir gün biziñ oglanlarymyzdan biri bu ıagdaıa çydaman, avtobusyñ içinde batly ses bilen: “başlyklarda şeıle ıagdaıda işe gidıärlermi, hany sosıalyzym, hany deñlik “ diıp gyıgyrmazmy, ıöne onuñ sözüne gulak beren bolman, gaıtam “däliräpdir” diıen äheñde oña bakypdyrlar.

 Şu taıda Gafur uludan demini aldy, men näme erbet zat ıadyña düşdümi? Diıp soramda ol: howa, Jelil neresse ıadyma düşdi” diıp sözüni dowam etdirdi.

 “Durmuş dowam etıärdi. Şäherde resturanlar, diskotekler köpdi. Dynç günleri olara gidip, oglanlar dura-bara özlerine gyz dost tapıardylar, kimler bolsa iş ıerlerindäki gyızlar bilen tanyş bolıardy. Şeıdip 4-5 oglan ıerli gyzlar bilen öılendiler. Olaryñ arasynda iki sany rus milletine öılelen-de boldy. Birnäçämiz bolsa Türkmenler bilen öılendik. Şeıdip meniñ kysmatyma “Dürzadah” diıen gyz düşdi, ondanam “Änin” pahyryñ (Annageldi Goklany) adyny göterıän oglumyz boldy. Galan zatlary-da öz gözüñ bilen görersiñ” diıp Gafur sözüni tamamlady. Soñra almaly zatlarymyzy alyp, şähere dolanyp gaıtdyk.

    19-njy oktıabrda Aşgabatdan gaıbana tanyş dostum İüsüp.K geldi. Ol maña bosgunlyga gelen oglanlaryñ durmuşy hem-de siıasy hereketleri hakynda köp gürrüñ berdi. “Fedaıilardan” peıdanyñ ıokdugyny, özleriniñ “Kanuny gaıtadan dikeldiş toparyny” döredendiklerini, “Kanuna” ynanıanlaryñ bir böleginiñ Almanda “Türkmenistan” diıen neşriıe çykaryp, özbaşlaryna hereket edıändigini aıtdy. Ertesi Aşgabada ugramazdan ozal men oña: “men bu ıerde galasym gelenok, Aşgabada gidesim gelıär” diıdim. Ol bu babatda maña kömek etjegine söz berdi.

  Soviet soıuzynda bosgunlaryñ işi bilen “gyzyl haç” guramasy meşgullanıardy. Bir gün Guramanyñ Çärjew bölüminiñ başlygy Baıram Baltaıeve: “Baıram aga! Maşhet şäherinde tanyş bolanym Türkmenistanly Ata Berdiıev bilen Gurban Aganyıazovy görmek isleıärin, olar barada bilıän zadyñ bolsa maña bildir diıdim.” Birnäçe günden soñra ol: “A. Berdiıev Täjigistanda işleıär, ıakyn wagtda G.Aganıazov Çärjewe geljek şonda nesip bolsa onuñ bilen duşuşdyrarys” diıdi.

 24-nji oktıabr güni Baıram Baltaıev maña: “aıalyñ bilen hol köçäñ başynda maña garaş, men sizi Gurban Aganıazovyñ ıanyna alyp gideıin” diıdi. Ol bizi Çärjewiñ demirıol stansiıasynyñ garşysyndaky “Jeıhun” oteline alyp bardy. Şol ıerde 6-7 ıyldan soñra Gurban agany gördüm. İanynda başy küläli daıaw aıal bardy. Ol bizi gören badyna parsça hoş geldiñ diıp, hal-ahwal soraşdy. Baıram aga onuñ öz aıalydygyny we birnäçe waglap Maşhetde bolandygyny aıtdy. Soñra bolıan otagyna alyp gitdi. Çaılaşamyzdan soñ birsine telefon edip, rusça bir zat diıdi. Agşam düşüberende bizi bir dostunyñ öıne alyp gitdi we hezzet baryny etdi. Men Baıram aga Aşgabada gidip ıaşasym gelıär diıemde ol: “häzir boş jaı ıok, öı tapylsa gidersiñ” diıdi. Soñra bizi ıaşaıan ıerimize ugratdy. Ony şol görenim boldy, ondan soñra görebilmedim.

Watandaşsyz watandaşlar!

 Çärejewe gelenemizden birnäçe gün geçdi. Gafurlaryñ bir otagynda ıaşaıarys. 27-nji oktıabr güni Gafur bizi “OVIR” diıen edara alyp gitdi. (Eıranda “شهربانی”niñ bir bölümi bolup viza we pasport işleri bilen meşgullan edara) Bir jaıa girdik. Harby eşikli, bütin dişleri kümüşden goılan semiz bir aıaly gördük. Ady rus dilinde kümüş manysynda bolan Serebryakova-dy. Ol ıüzümize-de seredmän Gafur bilen bir-iki agyz gepleşip, sejillerimizide ıazylan bellikleri Gafurdan sorap, iki sany ıaşyl pasporty çekerinden çykaryp oña ıazyp başlady. Gafur, “bez grajdanstva, polit emigrant” diıp bir zatlary orsçalap oña aıtdy, ol gulagam gabartman, başyny aşak salyp ıazmak bilendi. Soñra bilelikde jaıdan çykyp, biziñ koridorda gaşmagymyzy isläp, özi başga bir jaıa girip gitdi. Bir bada şol ıerde Bendertürkmende bile okan dostum Nurjan.M-ni gördüm. Hal-awal soraşdyk. Gafur oña näme iş bilen geldiñ diıp soranda, ”Almana viza aljak bolıan, bermän kösäp ıörler” diıdi. Şol wagt ıañky aıal gelip, elimize pasportlarymyzy gowşurdy, Nurjana bakyp, ”net, net” (ıok, ıok) diıp jogap berdi. ”Näme üçin berenoklar?” diıemde, “olar maña, sen dälräpsiñ, gidip, oalrı öldürip, ogluñy alyp gaçjak bolıarsyñ” diııärler- diıdi. Men olar diııäniñ kim, näme üçin öz ogluñy alyp gaçmalysyñ” diıemde, “bu uzak gürrüñ, soñra aıdyp bererin” diıdi. Pasportlarymyzy alyp öıe tarap gelşimize, meniñ pasportymy gören Gafur gülmäge başlady, näme boldy- diıemde, seniñ kimlik diıen ıerinde erkek ıerine “aıal” diıp ıazypdyr- diıdi. “aı, bu ıerde kim-kime, baş-başdaklyk, diñe menden barıançadyr” diıdi.

    Bir gün Bendertürkmende mugallym bolup işleıän wagty tanyşanym 1987-de işini taşlap Türkmenistana sygnan Hangeldi bilen Çärjewuñ “Lenin ıoly” gazetiñ edarasyna bardym. Ol ıerde Abdyreşit Taşov diıen ıazyjy-şahyr bilen tanyşdym. Ol bizi garşy aldy. Haçanda meniñ taryh ugrundan ylmy işimiñ bardygyny eşidende, “Pedagoki inistitutiñ” (تربیت معلم) studentlerine leksiıa berip bilermisiñ diıdi? Men “bolar” diıdim. Soñra Taşov Çärjewuñ mugallymçylyk terbiıe berıän “Ped inistitutuñ” müdürine telefon edip, bu hakda onuñ bilen gürleşdi. Soñ maña 2-nji Noıabrda çykyş etmäge gün bellenendigini aıtdy.

   Bellenen güni instituta bardym. Eırandaky ıokary okuw jaılara garañda studentleriñ sany azdy. Soñra olaryñ köpüsiniñ pagta ıygdyrmaga alnyp gidilendigini bilip galdym. Studentleriñ hemmsini diıen ıaly uly zala ıygnadylar. Ilkinji gezek Türkmenistanly studentleriñ öñünde çykyş etjegim üçinmi nämmi, tolgunyp başladym. Söhbeti Eıran Türkmenleriñ soñky 100 ıylyñ dowamyndaky göreşlerinden başladym, soñra 1924-nji ıyllardaky jemhuriıet gurmak we ondan soñky wakalar barasynda durup geçip, çykyşy Türkmenleriñ Yslam rejimine garşy avtonom hukuguny gazanmakdaky göreşleri bilen jemledim. Gezek sorag-jogaba ıetdi. Bir student özüniñ Esengulydandygyny we Türkmensähranyñ taryhy bilen gyzyklanıandygyny aıdyp, Annageldi (Aç-Kelte) serdaryñ Reza şahyñ goşunyna garşy baş göteren göreşleri barasynda sorady. Men bilıän zatlarymy aıdyp berdim, hem-de Türkmenistanly studentleriñ Eıranly Türkmenleriñ taryhy bilen gyzyklanıandyklaryna begendim. Soñra inistitutiñ direktory meni resturana alyp gidip oñat naharlady hem-de harçlyk diıp, çykyşym üçin 50-60 manat pul berdi. Ol döwürde ol köp puldy.

  Şeıdip Çärjewde ıaşaberdik. Boş bikär, näme etjegimi bilmäni kän kösendin. Şo günler häzirki ıazyp oturan ıatlamalar kitabymy ıazaıyn diıp oılandym. İöne siıasy oturşyklar, dürli jedeller oña pursat döretmedi.

  Dura-bara oglanlaryñ köpüsi bilen tanşyp ugradym. Bir gün Gafur bizi “Dänew” diıen oba alyp gitdi. Ol ıerde onuñ gaıyn topary ıaşaıardy. Onuñ aıaly “Dürzade” diıseñ dür ıaly gelindi gaşyny çytman bize hyzmat ederdi.

Gafurlarda takmyn bir aı çemesi galdyk. Soñra emigrantlaryñ kitaphana diıp ulanıan kvartirasynyñ (apartamentiniñ) ıanynda bir jaı boşady, biz Gafurdan rugsat alyp, ol ıere göçüp bardyk.

  İaşaıan jaıymyz iki otagdan ybaratdy. Birsinde kiçiräjik ıatak/kravat bardy, gapdalyndaky jaıda kitapdyr, gazet-jurnallar bardy. Oglanlaryñ aıtmaklaryna görä olara başda gyısga tolkunly radioda bermändirler, ıöne soñra daşary ıurtlary tutup bilıän radio edinip bilipdirler. Oglanlardan birkisi “Gürgen” radiosini diñläp, Türkmensähra degişli habarlary ıazgy edip, soñra kagyza geçiripdir. İazgylaryñ birsinde meniñ Gürgen radiosyndan Türkmen taryhyna degişli gürrüñler hakynda-da bellik edilip, meniñ kimligimi bilmäge syınanşylypdyr.

Täze durmuşa ugurdaş

   Bosgunlar dura-bara täze durmuş bilen uıgunlaşyp başlaıarlar. Kimse işe, kimi okuwa ıerleşdirilıär. Sekizsi Özbegistanyñ paıtagty Daşkentdäki “Part şkol,a مدرسه حزبی” ıollanıar. Kurslar 9 hem-de 3 ıyllyk bolupdyr. İöne ony-da doly tamamlap bylmedikler bolupdyr. Beıle siıasy mekdebiñ Türkmenistanda ıola goıulmanlygynyñ özi-de bir sorag.

Şol döwürde Owganystadaky Nejibollanyñ rejimini goldamak kommunistlaryñ aladasy bolupdyr. Bu alada biziñ bosgunlarymyzyñ arasynda-da ıaırapdyr. Şol esasda 4-5 sany Eıranly Türkmen bosguny meıletin Owganystana gidıärler. Şu ıerde bir zady ıatlamagy-da zerur gördük. Owganystanyñ üsti bilen Eırana gidip, ol ıerden bagly bolan siıasy partiıaña habar getirmek-de aladalaryñ birsine öwürlipdir. Şol esasda K.M bilen H.G Eırana gidıärler. K.M tanalyp ele salynıar we ençeme ıyllap azatlykdan mahrum edilıär, ıöne H.G öz hem-de dostunyñ maşgalasyny alyp gaıta Türkmenistana öwrülmegi başarıar. 1985-nji ıyllarda Türkmensährada polisi rejim höküm sürıärdi. Kümmetgowuzda Hajy Eziz diıen birsi entek şek ıetirilen türkmeni tussag edip gyınag astyna alıardy, eneçeme türkmen ıigidi zyndanlarda horlandy.

Owganystana giden bir türkmeniñ aıaly fedaıylaryñ pars dilinde gepleşik berıän radiosynda “رادیو زحمتکشان” speaker bolıar. H.N  bir täjik gyızyna öılenıär, N.İ bolsa şol wagtlar Eırandan Owganystana baran äzeri gyızy P. Bilen durmuş gurıar. Şeıdip olar 3-4 ıyllap howply ıagdaıda ıaşaıarlar.

Fevral aıynyñ aıylganç jenaıaty

   Heniz ıigrimi ıaşyny-da doldurmadyk, müñlerçe arzuwlar bilen siıasy hereketlere goşulan Jelil Salak-da yzarlanmdan howtyr edip 1983-nji ıylda ilkinjiler bolup Kümmetden Türkmenistana gaçyp atıar we Çärjewde ıerleşdirilıär. Olaryñ arasynda Gurbandurdy Turany diıen birsi-de bolupdyr. Ynçejik, hor ıagyz Jelil, siıasy gaçybatalga almaga Gurbandurdynyñ laıyk däldigini, onuñ siıasy işlerden beter, içgi we şoña meñzeş işler bilen meşgullanıandygyny aıdyp, ony tankyıt edıänmiş, Gurbandurdy-da gazaplanyp, “seni ahyry bir gün öldürerin” diııänmiş. Onuñ bu sözi 1985-nji ıylyñ Fevralynda hakykat bolup çykıar. Aıdyşlaryna görä içgi içip gelen Gurbandurdy, süıji uwkuda ıatan Jelili pyçaklap öldürıär. Sud ony 15 ıyl azatlykdan mahrum edip, Sibr zyndanyna ıollaıar.

Ideoloji, videolojiıa,
Marks Marka öwrülıär

  Çärjewde galan oglanlar mahal-mahal Alman gidip, özleri bilen video, radio-zebt/magnitafon we saz guralları ıaly aparatlary getirip, ıerli halka satıardylar. Birnäçe oglan bolsa dollar alyp-satıardylar, garaz her kim güzeranyny oñatlaşdyrmanyñ aladasynda bolup, siıasy meseleler ikinji, hatta üçünji planda galıar. Degişme bilen indi ideoloji, videolojyıe, Marks,de Marka(alman puluna) öwrüldi diııärdiler. Oglanlar, Gündogar Berline viza alyp, rugsat berilen bir ötükden Günbatar Berline geçip, söwda satyk edip, yzyna gelıänmişler. Bu ıoly soñra menem geçdim, ıeri gelende gürrüñ bererin. İöne häzir maña Aşgaba barmak uly hyıal bolup durıardy.

 

Aşgabada ıolagçylyk

   Mundan artyk Çärjewde galyp biljek däldim, işsizlik, dürli garaışlar, näme etjegiñi bilmän ıörmek, ömrüñi ıele sowurmakdan başga zat däldi. Şoña görä Aşgabada gaıtmagy ıüregime düwüp, 10-nynjy Noıabrda Anna güni odly bilen Türkmenistanyñ baş şäherine gelip düşdük. Dostum İusup bizi garşy aldy. Onuñ aıaly golaıda Berline gidip ol ıerde galmak üçin bosunlyk edarasyna arzasyny berip garaşyp oturan. Soñra görüp otursam oglanlaryñ köpüsi maşgalalary ıa-da ıeke başlaryna şeıle maksat bilen Günbatar döwletlerine giden ekenler.

  Duşenbe güni aıyñ 13-ine İüsüp meni işleıän ıeri bolan “Ylymlar Akademiıasyna” alyp gitdi. Ol etnografiıa bölüminde prof. Ata Jyıkyıevyñ ıolbaşçylygynda işleıärdi. Şol ıerde Sapar Ensarynyñ gyızy Maıa bilen tanyş boldum. Haçanda İüsüp oña: “bu Eırandan golaıda geldi” diınde, ol orsçalap, zarynlap bir zatlary sorap başlady. İüsüp onuñ türkmençe gepläp bilmeıändigini aıdyp, Atasynyñ zyndanda öldürlip, öldürilmänliginiñ habaryny soraıar diıdi. Men oña: “ıok, Sapar aga ıaşaıar, gaıtmakam duşuşdym” diıp, Maıany köşeşdirdim- Sapar aga şondan 1-2 ıyl soñra aradan çykypdyr. Akedemiıanyñ 2-nji gatyndan aşak düşüp gelıärkäk türkmen köınekli bir gelin İüsüp bilen orsça gep urdy. Men bulara geñ galdym. Geñ galanymy gören İusup, geñ galma, bu ıerde ene dilini bilmeıän müñlerçesine gabat gelersiñ diıdi. Soñra gapdaldaky uly bina tarap ugradyk. Ol ıer Akedemiıanyñ prezidumy ıagny edary bölümidi. 2-nji gatda Akedemiıanyñ şol wagtky başlygy, dünıä belli çölşynas akademik Agajan Babaıev we orunbasary taryh ylymlaryñ doktory akademyk Myrat Annanepesov,yñ kabinetlerine gözüm düşdi. İüsüp meni Myrat aganyñ ıanyna alyp bardy. Tanyşlykdan soñra ıanym bilen alyp baran kitabymy-Tehranda pars dilinde 1987/1366 ıylynda çap etdiren سیری در تاریخ سیاسی و اجتماعی ترکمنها  diıen kitabymy sowgat berdim. Myrat aga meni Akademiıanyñ Şaja Batyrov adyndaky Taryh bölüminiñ Gündogaryşynas bölüminde işe ıerleşdirdi. Sag bolsun. Bu bölüme “Eıran Türkmenleriñ gozgalañy 1916-1924” diıen kitabyñ avtory Hummat Ataıev ıolbaşçylyk edıärdi. Şeıle-de ol ıerde Myrat aganyñ ogly Ahmad, Daşkentden ıañy okuwny tamamlap gelen Şemşat diıen gyz, Serdar Ataıev, Muhammetaman Saparov, Aına Babaıeva we Maral dagy işleıärdi. Mundan ozal Eıranly türkmenlerden Anna-da bu bölümde işlänmiş- ol soñra Günbatara göçüp gaıdıar. Akademiıanyñ golıazmalar fondunda-da 2-3 sany Eıranly Türkmen işlıärdi. Olardan Aman B, Abdyrahman.G- soñra Nurjan.M- dagy ıadymda. Kitaphanada Almaz İazberdiniñ ıolbaşçylygynda Hamyt.T işleıärdi.

  Ol wagtlar iş tapañdan soñra şäherde ıerleşip bilıärdiñ. Soviet kanuny boıunça propiska diıen bela bardy, esasan-da Türkmenleriñ şäherlerden göçüp gelmegine böwet döretmek üçin şeıle kanunlar ıöredilipdir. Aşgabatda ıaşamaga öı tapsañ hany işiñ, iş tapsañ hany ıaşaıyş jaı rugsatyñ diıp, bir-birine düwülen bu alasarmykdan çykmak mümkin däldi. İöne ıüzläp-ıüzläp Ermenistandan ıa-da Azerbegjandan göçüp gelenler añsatlyk bilen Aşgabatda ıerleşipdirler. Myrat aganyñ ıene bir kömegi-de meniñ Akademiıanyñ umumy ıaşaıyş jaıynda hasaba alynmagym boldy. Şeıdip men işli hem-de ıaşaıyş jaıa rugsatly adam boldum.

Aşgabadyñ ileri ıüzünde Berzeñi diıen mähelläniñ golaıynda täze gurlan Mir diıen raıon bardy. Mir(rusça parahatçylyk/dünıä).  Biziñ oglanlarymyzyñ köpüsi Mir 1-de ıerleşipdirler. Olaryñ aglabasy medisin, dil-edebiıat, taryh we...ugurlarynda okaıardylar. Türkmen döwleti olara aıratyn hukuk berip, universitetdir fakoltetlerde ıerleşdiripdir.

 

Aşgabatda yzarlanyp başlanşym

    17-nji noıabr güni “Dostlyk jemgiıeti” diıen edara baryp, ol ıerde işleıänler bilen tanyş boldum. Dostlyk jemgiıeti şol wagtky Lenin/häzirki Türkmenbaşy şaıoly bilen Magtymguly köçesiniñ çatrygyndaky Türkmenistanyñ daşary işler ministerliginiñ birinji gatynda ıerleşıärdi. Ol ıerde işleıän  Baıram aga (familıasyny unudypdyryn) özüniñ Etrek derıasynda bent gurmak proıekti bilen Maşat şäherinde bolandygyny gürrüñ berdi. Beıleki işgärleriñ ady ıadymda däl. Olar meniñ jemgiıete ıazyp, Türkmensähradan ıollan hatlarymy görkezdiler. Gaıbana tanyşdygymyzy ıatlatdylar. Bir salymdan soñra uzyn boıly orta ıaşly bir adam geldi. “Muhammet aga hoş geldiñiz” diıp ony garşy aldylar. Meni tanyşdyrdylar. Onuñ Muhammet Myratlydygyny we Aşgabat radiosynda daşary ıurt Türkmenler üçin “Meniñ Watanym” diıen gepleşik taııarlaıandygyny aıtdylar. İanynda gök gözli, pars dilini Owgan urşuna gatnaşanda öwrenendigini aıdan Dörtguly Baısähetov diıen ıigit-de bardy. Bularyñ ikisi-de Türkmensähradan rus hatynda ıazylyp ıollanan hatlaryñ köp ıalñyşlyklarynyñ bardygyny aıdyp, ony göwün ıetmezçilik äheñinde ıañsytdylar. Men olara Türkmensähranyñ ıagdaıy, Yslam döwletiniñ alyp barıan zalym siıasatlary hakynda gürrüñ berdim. Sözümiñ bir ıerinde henizem Türkmenistany diñlemek üçin Amerikanlaryñ guran Radarynyñ işläp durandygyny aıtdym. Soñra hoşlaşyp gaıtdym. Şondan iki gün soñra Akademiıa işleıän ıerime telefon edip, Aman! diıen birsiniñ meniñ bilen edil sagat 12-de Magtymgulynyñ heıkeliniñ ıanynda duşuşjakdygyny aıdyp, hökman gelmelidigimi nygtady.

   Hiç zatdan habarsyz duşuşmaly ıere bardym. Uzyn boıly bir ıigit maña garaşyp duran eken. Ol meni çolarak ıere alyp gidip, Eıran hakynda köpräk gürrüñ bermegimi isledi. Men onuñ ıörite gullukdandygyny-KGB-dendigini bildim. Ol gepiniñ bir ıerinde Radar hakynda gürrüñ bermegimi isledi. Men, Dostlyk jemgiıetde aıdan zatlarymyñ muña ıetirlendigini bilip galdym hem-de ol ıeriñ “Dostlyk” däl-de KGB-niñ öıjügidigini añdym. Bu agent her birnäçe günden öñünden bellenen ıere çagyryp, bir gezek Aşgabatda ıaşaıan bir gezek İevropda ıaşaıan Türkmenleriñ siıasy hereketleri hakynda soraıardy, şeıle-de ikä bölnen “Kanun ferhengi کانون فرهنگی و سیاسی ” hakynda maglumat berip, olardan “gaıtadan dikeldiş هئیت بازسازی کانون” toparyna goşulmagymy maslahat berdi. Garaz bu adam menden elini çekmän geldi, menem oña diñe oglanlaryñ arasynda ıaıran hemmelere belli bolan zatlary aıdip, başymy gutarardym, soñabaka menden täze bir gürrüñ eşdip bilmejegine göz ıetiren Aman! menden elini çekdi.

İapyk Zona Çelekene sapar

   Bir gün iş ıerime telefon edip birsi meni sorady, Ahmat telefony maña uzatdy. Añyrdan birsi rusça meniñ adymy tutup birzatlar aıtıar. Ol wagt rusça bilmeıärdim, Ahmatdan düşündigip bermegi haıyş etdim. Ahmat: kimdir birsiniñ Çelekenden telefon edip seniñ garyndaşlaryñdygyny aıtıar diıdi. Ahmadyñ kömegi bilen düşünşip olary Aşgabada çagyrdym. Şondan birnäçe gün soñra Aşgabadyñ uçarlar meıdanynda garyndaşlarymy garşy aldym. Gelenler ıaşuly bir aıal Solobike, ogly-takmyn meñ ıaşdaş- Saparmyrat we ondan birki ıaş kiçi, gyzy Arazgül. Olar özlerini Hally dädemiñ aıaly hem ogul-gyızlarydygyny aıtdylar. Öıe geldik, gözüñ ıaman görmesiñ Solobike gelnejemizden başga, bu ikisi-de Türkmençeden şermende- ata dillerinde kelam agyz sözläp bilmeıär. Solobike gelenejemizem Tatar milletindeigini aıtdy. Ol maña bir suraty görkezip bu kim diıp sorady. Meniñ özleri bilen hakyky garyndaşdygymy ıa-da däldigini syınajak bolıan ıalydy. Men suratdaky adamy tanadym. Ol, Garagaşly obasyndan Hally dädemiziñ dogany Gökje dädemiziñ oglı Paşmyratdy. Myhmanlaryñ göwni jaılaşdy. Olar 1-2 gün bizde galyp, Çelekene gaıdyp gitdiler hem-de bizi myhmançylyga çagyrdylar.

   Çelekene gitmek üçin uçar biledini almaga baramda rugsat hatyñ barmy diıp soradylar. Men “nämäniñ rugsaty” diıdim. Olar gülüp, “bu pahyryñ hiç zatdan habary ıok-ow” diıdiler, soñra “Çeleken serhet ıaka- ıapyk zona, ol ıere gitmek üçin polisden ıörite hatyñ bolmaly” diıdiler. Ol haty ne gün bilen aldym, şonda maña “Çelekene baryp düşen badyña ıerli polise möher basdyrmalysyñ” diıdiler.

Täze ıylyñ öñ ıany, howa diıseñ sowukdy. Kiçiräk “AN” kysymly uçar bilen Aşgabatdan howalandyk. Nebitdagda gondy we biz Bakua barıan başaga bir uçar bilen Çelekene ugradyk. Şol döwür uçaryñ biledi autobusdanam arzandy. Sagat iki töwereklerinde Çelekeniñ airoportyndan taxi bilen şähere ıola düşdük. Ejegül ikimiziñ ilkinji işi şäher polisine baryp, kagaza möhür basdyrmak, kimlerde we näçe wagt galjagymyz hakyndaky soraga jogap bermek boldy.

   Aılanyp-dolanyp, Hally dädemiñ öıüni tapdyk. Olar şäheriñ 25-nji kvartalynyñ 28-nji öıüniñ 1-nji jaıynda, deñziñ gyrasynda bir gatly tagta jaıda ıaşaıardy. Gapyñ agzynda Paşmuradov Hally diıen ıazylgy bardy. Solobike gelnejemiz bizi mäherli garşy aldy, bir az salymdan Saparmyrat Arazgül ıene-de 3 sany nätanyş adam geldi. Olary tanatdylar: “ynha bu uly gyızym Täşjan-postda işleıär, bu oglum Igor öñki adamymdan, bu-da gudamyz- adyny unudupdyryn- Arazgülüñ gaıyn atasy- oglı balykçy, Taşjan ärinden aıryşdy, ol köp arak içerdi. Täşjan arassa türkmençe gepleıärdi. Arazgülüñ 10-12 ıaşlarynda uzyn saçlyja owadanja gyızy bardy.

Biziñ hormatymyza agşam ähli garyndaşlary ıygnap, Solobike gelnejemiz ıörite nahar taııarlady. Soñra ol Hally dädemiñ ykbaly hakynda giıje ıaryna çenli gürrüñ berdi. Onuñ serhetden geçende tussag edilip 10 ıyllap Sibre sürgün edilşi, agyr şertlerde işledilip, sowuk jaıda ıatyp, ıürek romatizmine duçar bolup keselläp Nebitdaga öwürlip gelendigini soñra bir türkmen aıala öılenendigini ondan bir oglunyñ bolandygyny ondan aırylşandan soñra oglunyñ Orsıete göçüp gidendigini, ondan harbarlarynyñ ıokdygyny aıdyp berdi. Men: “howa soñra näm boldy” diıp, dyınman ıaşuly zenana sorag baryny ıagdyrıardym.

   Soñra Hally dädeñ iş gözläp Çelekene geldi we balykçylyk edarasynda ıerleşdi. Men şol wagt çörekhanada işleıärdim. Hally her gün işden soñra gelip çörek alardy, şonda onuñ bilen tanyş boldum soñam durmuş gurduk, iki gyzymyz bilen bir oglumuz boldy. Hally “Ak aş” toıuny berdi- howa ol bu barada Gökje dädelere hat ıazypdy” diıp men onuñ sözüni böldüm. Şondan 1-2 ıyl soñra Hally aradan çykdy, onuñ ıüregi Sibrde ıolugan romatizme çydamady. Ony Çelekenden biraz uzagrakdäki gonamçylykda jaıladyk- diıp Solobike gelnejem az salym dymdy-da, “bolıa-da, giıç wagt boldy, ıataıly” diıp, ıerinden turdy.

   Ertesi gün dogan oglanym Saparmyrat bir dostunyñ maşyny alyp, gonamçylyga ıola düşdük. Gonamçylyk takmyn 20 minut Çelekenden uzakda ıerleşıärdi. Hally dädemiziñ mazarynyñ başynda onuñ ruhuna doga okap, dolanyp gaıtdyk.

Çelekene ıakyn obada, Hally dädemiziñ gudasy ıaşaıardy. Ol bizi myhmançylyga çagyrdy. Doganymyz Arazgül bu öıüñ gelnidi, olar diıseñ bize hyzmat etdiler, ellerinden gelen sylag-hezzeti etdiler. Bir giıje alyp galdylar, oba adamlardan birnäçesi gelip, çaı başynda Türkmensähradaky garyndaşlaryny, ol ıerdäki hal-ıagdaıdan soraıardylar. Menem bildigimden aıdyp bererdim. Ertesi gün bir merhumuñ ıyl dönümine sadaka berdiler. Edil Türkmensähra ıaly, adamlar üışüp doga-towfir etdiler.

   Agşam nahary Arazgülleriñ Çelekendäki öılerinde iıenimizden soñra Solobikeler öwürlip geldik. Howa sowuk hem ıeleñlidi, Ejegülüñ bokurdagyndaky agyrsy artdy, “löwze لوزه ”leri çiışdi.

 Çelekende üç galyp, Aşgabada dolanyp geldik.

Ozalam aıdyp geçişim ıaly oglanlaryñ aglabasy Günbatara-Almana we Swedene göçüp gaıdypdyrlar ıa-da gaıtmaga taııarlyk görıärdiler. Şolardan birsi-de Gafur T.di. Gafur Mir 2-de üç otagly jaıda ıaşaıardy. Ol öıüni bize tabşyryp, goşlaryny düwüp nirdesiñ Berlin diıp ıola düşdi. Soviet Soıuzynyñ soñky lideri M.Garbaçovdan ozal bosgunlaryñ daşary ıurtlara göçüp gaıtmaklaryna rugsat berilmändir. İöne 1988-nji ıyllarda bosgunlaryñ birnäçesi Moskvada Gyzyl meıdanda protest hereketini geçirip, daşary ıurtlara göçüp gaıtmak hukugyny gazanypdyrlar. Şondan soñ göçhä-göçüñ 2-nji tapgyry başlanypdyr.

   Ylymlar Akedemiıanyñ Taryh inistitutynyñ Gündogary öwreniş bölüminde işläp ıörün. Ylymlaryñ kandidaty bolmak üçin bir temanyñ üstünde işlemelidi. Hummat Ataıev: “sen Eıranda ruhanylaryñ roly hakynda işleseñ Türkmen halkyna peıdaly bolar, biz bu hakda az bilıäris” diıdi. Men kabul etdim. Kärdeşim Muhammetaman degişip: “habardar bol, Selman Roşdynyñ ıagdaıyna düşäıme” diıp, söz kakdyrdy.

   İlkinji gezek täze ıyly Aşgabatda garşy alyp, 1990-nji ıyla gadam basdyk. Universitde okaıan gyzlar hem oglanlardan birnäçesi bilen tanyşypdym, olar mümkin bolsa täze ıyly sizde garşy alsak diıdiler. Menem: “ bolar, geliñ” diıdim.

  Şowhunly agşam boldy. Ylkinji gezek Türkmen ıaşlarynyñ bir ıere üışüp, gyz, erkek diımeden arkaıyn gatnaşıandyklaryny görüp begendim. Gyzlardan birisi Nebitdagly ıene birsi bolsa-Häjigül- biziñ serhetden aşyp gelen ilkinji obamyz-Ajyıapdandy. Ol meniñ asla ıadymdan çykmajak öz başyna gelen bir ıagdaıy gürrüñ berdi:

“Gyş ıa-da tomus dynçalyş başlananda obamyza giderdim. Ajy ıap, ıapyk zona hasap edilıärdi. Ol ıerde ıaşaıanlara eıläk-beıläk gatnamak üçin ıörite rugsat hat berilıärdi. Ol mende-de bardy. Bir gezek onuñ möhletine seretmezden Aşgabatdan obamyza ıola düşdüm. Obañ golaıynda rus garawullary meni saklap, seniñ bu hatyñ rugsaty tamam bolupdyr, seni oba goıberip biljek däl diıdiler. Howa garañkyrap barıardy, özem gyş günidi. Hernäçe ıalbarsamam peıdasy bolmady, gyz oglan halyma nätjegimi bilmän durkam, oba barıan birsi geldi, ondan öımüze ıagdaıymy aıtmagyny haıyş etdim. Haıal edmän dädem geldi we meni öıe alyp gitdi” diıp gürrüñ berdi. Men: “Adamlaryñ öz ıurdunyñ içinde arkaıyn eıläk-beıläk gidip bilmeıänligine diıseñ geñ galdym. Nebitdagly gyız bolsa bizi öılerine çagyrdy. “howa biraz gowlaşanda, nesip bolsa Nebitdaga bararys” diıdik.

Mart aıynda Gafur, Berlinde bosgunlar lagerindäki ıagdaıa çydap bilmän Aşgabada dolanyp geldi. Şol binanyñ 4-nji gatynda T.S ıaşaıardy, ol universitetde okaıardy, ıöne aıaly we ogly Berline gidip, ol ıerde galmak üçin “haıym”da- bosgunlaryñ galıan ıerinde garaşıardylar. Täze ıylyñ öñ ıanynda dogan oglanym Halymyñ-da aıaly bilen Owganystandan Daşkende gelip, ol ıerden bolsa Berline geçendigini eşitdipdim. Türkmenleriñ köpüsi Berilnde ıaşaıardy. Birnäçesi otrum alypdylar, bir topary bolsa garaşıardylar.

  T.S. ıeke başyna üç otagly jaıda ıaşaıardy. Gafur dolanyp gelenden soñra, bizi öz ıanyna alyp, bile ıaşap biljegimizi aıtdy. Bizem kabul etdik. Bir gün T. maña: “ertir Gorkut Ata hakynda sapagymyz bar, eger isleseñ senem goşul, bilıän zatlaryñdan gürrüñ ber” diıdi. Ol wagtky Maksim Gorki, häzirki Magtymguly adyndaky döwlet universitetiniñ dil-edebiıat fakoltetiniñ ikinji gatyndaky klasa baryp, mugallyma garaşdyk. Ol gün ilkinji gezek hormatly mugallym Haıdar Muhyıevy gördüm. Soñra Gorkut  Ata hakynda Eıranda öwrenen zatlarymy aıdyp berdim. 

Ilkinji gezek Türkmensähraly bilen duşuşyk

   Mart aıy bolsa gerek, anyk ıadymda däl. Eıran-Şurevi arasynda serhetler biraz ıumşaşyp başlan wagtynda Türkmensähranyñ Ak gala şäherinde doktor bolup işleıän tanşym Nejmetdin Gany Çowgan دکتر نجم الدین غنی چوگان Aşgabada geldi. Ol Ahmad. T-niñ myhmany bolup gelipdir. Ahmad bolsa daşarı ıurt diller inistituti-Aprialda okaıardy, ol kursdaşy, Daşoguzly Aına diıen gyz bilen täze durmuş gurupdy. Nejemtdin, Ahmada: “ejeñ viza işi dogrulandy, basym geler” diıdi.

Şondan ıakyn wagt soñra Ahmadyñ ejesi-Gurbantäç, Türkiıe-Gürjüstan üsti bilen Nebit daga geldi. Men, T. we İüsüp üç bolup onuñ bilen görüşmek üçin Aşgabatdan Nebitdaga gitdik. Oñat duwşuşyk boldy. Türkmensährany gören ıaly bolduk, üstesine Gürbantäç daızany we olaryñ maşgalasyny tanamaıan ıokdy, olar Türkmensährada meşhur adamlardy. Şol saparymda belli satirik ıazyjy Pyıhy Tagan bilen tanyşdym. Ol nahardan soñra towfiri türkmençe aıdyp, hezil berdi.

 

Serebryakova bilen 2-nji duşuşyk

Çelekenden Aşgabada öwürlip gelenimizden soñra käbir dostlaryñ maslahaty bilen Berline gidip gelmegi, hem ziıarat hem tejarat diılşi ıaly- taııarlyk işine girişdim. Başda Gündogar germanıa-Berline viza almalydy. Ony almak üçin OVIR,e- شهربانی bardym. Görsem ol ıerde Çärjew,de bizi hasaba alan rus aıaly Serebryakova harby eşiginde bir jaıda otyr, meni görer, görmez galmagal edip başlady, ıanymdaky Abdyrahman,a bu näme diııär disem: “siz Çärjewde hasaba alyndyñyz, rugsatsyz Aşgabada geldiñiz, derhal yzyñyza öwrüliñ” diııär-diıdi. Men: “nätseñizem Çärjewe gitjek däl” diıdim. Soñra meni başga bir- garaıagyz türkmen milisıesi-ploisi başga jaıa alyp gidip, nirden gelenmizi, näme iş edıänligimi sorap kagaza ıazyp alyp, etir gelmegimi isledi.

Ertesi baramda şol milisıa özüniñ Nebitdagdandygyny aıdyp, Aşgabatda galmak üçin maña kömek etjekdigini bildirdi. Sag bolsun. “Sen 20 manat jerime tölemeli bolduñ, ıöne bosgun bolanyñ üçin şony-da bagyşlaıarys” diıp, bu problemamyzy çözdi. Soñra meñ bilen Ejegüle Gündogar Berline iki kişilik vizany berdi. Ol döwürde Soviet Saıuzundan daşary ıurta gidilende, pasportlar alnyp galynıardy, ıerine 3 sahypadan ybarat, surat ıelmenen kagyz berilıärdi. Biz şol kagyz bilen Aşgabadyñ merkezi bankyndan 300 manat pul alyp bilıärdik. Şeıdip Berline sapara taııarlandyk.

  Çärjewden Aşgabada gelemden soñra, İ.K-iñ ıolbaşçylyk edıän “Kanuny gaıtadan dikeldiş topary” bilen hyzmatdaşlyk edip başladym we “Ylgüıji- Aşgabat bölümini” neşir edip başladyk- ondan jemi 3 sany neşir edildi. Şol wagtlar Swed we Almanda-da Kanunyñ adyna siıasy hereketler göze görünıärdi. “ترکمنستان ایران” neşriıesi-de yzygiderli çap bolıardy. Bu topar ıagny “kanuny gaıtadan dikeldiş” bilen “Türkmenistanliler” bir-birine ıagydylar. Kanunçylar, namartçylyk edenlikde ıagny Türkmenistanda kabul edilen beıan-namany, ıaıratmak üçin H-den Almana iberlende, onuñ başgalary bilen birleşip, Kanunyñ adyna däl-de “Türkmenistan-e Yran” edip çykaranlykda aıplasalar, “Türkmenistanlylar” Kanunçylary henizem Fedaıylaryñ guırugy bolup ıörendiklerini öñe sürıärdi. Bir gezek 25-nji Martda “Knunçylaryñ” Aşgabatdaky mitingine beıleki topar hüjüm dagy edipdir.

Berline ıola düşmezden birki gün öñ apandisim azar berip başlady, bakdyraıyn diıp hospitala baramda, meseläniñ örän çynlakaıdygyny, haıal edmän operatsiıa etmelidigini aıtdylar. Göz açyp ıumunçam operatsiıa edip, kesel-hanada ıatyrdylar. Özüme gelemde başujumda Nur däde-Nurmuhammet Aşyrpur- oña Türkmenistanda Aşyrpur Meredov diııär. Hospitalda bir hepde galdym, Nur dädäniñ aıaly Tamara daıza her gün çorba bişirip getirıärdi- sag bolsunlar. Bizi öz oglanlary ıaly söııärdiler. Bir gün ıatan kravatymyñ düşeklerine seredemde onuñ hapalygyny görüp, üıtgedilmegini isledim, gulak asan bolmady, gygyryp-bagyryp başladym, hospitalyñ müdüriniñ gelmegini isledim, müdür gelip, ıagdaıy görüp, derhal meni bir adamlyk jaıa geçirip, ıagdaıdan ötünç sorady.

   Bir gün hospitalyñ koridorynde gezmeläp ıörşime görsem aıllar bölüminden Ejegülde hastahana eşigi bilen maña tarap gelıär. Görüp galsam olam bokurdagyndan rahatsyz bolup keselhana düşüp, anginasyny operatsiıa etdiripdir.

Bir hepdeden soñra keselhanadan çykyp öıe geldik. İene birnäçe gün dynç alyp, Gafur bilen bilelikde Berline gitmek üçin Aşgabatdan Moskva uçduk.

   Moskavanyñ Domodedovo airoportyndan merkezi vokzala(demir ıol stansiıa) baryp, Minskiñ üstünden Berline gidıäñ odla bilet aldyk. Odly öıleden soñra ıola düşdi. Bize her bir görıän zadymyz täzelikdi. İol diıseñ uzakdy. Ertesi gün Belarusuñ paıtagty Minske baryp ıetdik. Bir bada gümrükçiler gelip goşlarymyzy barlady, azar bermezden çykyp gitdiler. Birazdan soñra vagonlaryñ tigirlerini çalyşdylar- sebäbi 2-nji jahan urşunda Almanlar Şureviniñ demir ıollaryndan peıdalanmaz ıaly demir ıollaryñ arasyny giıñeldipdiler. Şeıdip, serhet ıaka şäheri Brestden Polşanyñ topraklaryna girdik. İene bir gün ıol ıöräp, Gündogar Almanyñ Frankfort şäherine ıetdik. Agşamara bolsa Berline bardyk. Gündogar berlinden Günbataryna geçmek üçin bir metro stansiıada ötelge bardy, ondan geçip, azat dünıä diılıän Berline bardyk. Zatlarymyzyñ bir bölegini metronyñ amanat zatlar goıulıan sandygyna tabşyryp, Begmirat G.lere tarap ıola düşdük. Türkmensähraly Begmyrat biriki ıyl öñ Daşoguzdan, Berline gelip, otrum alyp bu şäherde ıaşaıardy. Onuñ bilen gaıbana tanyşdym. Ol bizi gyzgyn garşy aldy. Onuñ iki ogly bilen bir gyzy bardy. Şol günler Aşgabatdan T, Muhammed.D, İüsüp şeıle-de Swedenden Dr.M we Jepbar-da Berlindedi. Olar öñden yglan edilen bir siıasy maslahat gatnaşmak üçin gelenmyşler. 

 

Berlin maslahaty

  “Kanuny gaıtadan dikeltmek” topary öz tarapdalaryny Maslahata çagyrdy. Edil şol bir wagtda, “Türkmenistan-e Yran” toparyndan başga “Fedaylara” ynanıan “IL GÜİJI”-de öz topary bilen Berlinde maslahat geçirjekdigini yglan etdi. Men “Kanuny...” toparynyñ maslahatyna gatnaşdym. 3 günläp dowam eden maslahatda umuman Türkmensähraly Türkmenleriñ siıasy ıagdaıy we biziñ daşary ıurtlarda edip biljek işlerimiz hakynda maslahat edildi. Soñunda komitetiñ agzalary saılandy, şonda men-de Kanunuñ ıolbaşçylar toparynyñ bir bolup seçildim. 2 hepde Berlinde galyp, Aşgabada dolanyp geldik.

Magtymgulynyñ günleri

  Maıyñ 19-yna milli şahyrymyz Magtymgulynyñ şygryıet günleri bütin Türkmenistanda şowhunly dabara bilen bellenıärdi. Aşgabadyñ köçlerinde ak öıler gurlupdy. Televidniıadan şahyrymyz hakynda dürli reportajlar berıärdi. Onda golaıda prezident Saparmyrat Nyıazov we 30 adamdan ybarat ıokary derejeli Türkmenistanly resmileriñ şahyryñ mazary ıerleşen Ak-dokaıa zyıaraty hakynda maglumat berilıärdi. Şonda men bir zat meniñ gaharymy getirdi, televidniıede ikide bir “ıat ıerde ıatan Magtymguly” diıp, göıä Ak-dokaı Türkmen topragy däl ıaly edip görkezilıärdi. Men TV habarçysyna: “beıle diımeseñiz-de, Ak-dokaıda Türkmen topragy ahyryn” diıemde, ol: “eger bu hakda aıtjak zadyñ bolsa plan güni taııarlanjak gepleşige çagyrıarys, studio gel” diıdi. Bellenen güni bardym we ilkinji gezek Türkmen TV-sinde çykyş edip Magtymguly hakynda bilıän zatlarymy aıdyp berdim. Şol wagtlar Türkmensährada Aşgabat Televizıon gepleşiklerini görüp bolıardy.

Magtymgulynyñ günleri üçin geçirilıän dabarnyñ ıany bilen “Dünıä Türkmenleriniñ Gumanitar /ynsanperwer Bileleşiginiñ” maslahaty-da geçirilıärdi. Oña Türkmensähradan Anna Garrawy, Britanıada ıaşaıan Dr. İusef Azmun, Owgan Türkmenleriniñ adyndan Akmurat Nurek/baı bilen Abdulkerim Magsum we dünıäniñ beıleki döwletlerinde ıaşaıan Türkmenlerden wekil bolup gatnaşdy. D.T.G.B şol ilkinji maslahatynda Nyıazov başlyk, akademik Agajan Babaıev, İ.Azmun dagy orunbasary edilip bellendi.

Şonda ilkinji gezek dilçi alym Dr. Azmun bilen tanyş boldum. Onuñ bilen bir saçagyñ başynda naharlaşmak miıesser etdi.

Aşgabatdakı ıaşuly bosgunlar bilen tanyşlyk

    Ylymlar Akedemiıasynda işläp ıören wagtymda Safar Hatyby bilen tanyş boldum. Bir gün İüsüp.K: “ıör, seni ajaıyp bir adam bilen tanyşdyraıyn” diıdi. Aşgabadyñ merkezine ıakyn bir mähellede iki gatly jaıyñ gapysyny kakdyk, jaıyñ içinden ıetmiş ıaş töwereginde, gözi gara äınekli birsi çykdy. İüsüp: “salawmaleıkim Safar däde” diıdi. Salam-äleıkden soñ öıe girdik. Ondan başdan geçiren wakalaryny gürrüñ bermegi haıyş etdik. Iş ıerimden ses ıazıan-magnitafon getiripdim. Ol özüniñ Omçaly obasyndandygyny we  çaga wagtynda Osman ahun we beıleki aksakgallaryñ maslahaty geçen gurultaıy görendigini ıatlaıandygyny aıtdy. Harby fakulteti tamamlap polkovnik/serheng bolan bu ajaıyp adamyñ ıatlamalarını kitabyñ goşmaça bölüminde getirdik.

S.Hatyby we Nury Aşyrpurdan başga Aşgabatda 1947-njy ıyllarda Türkmensähradan sygnan Rejep Rahmany, Sary Göklany-da ıaşaıar diıp eşitdim, ıöne olar bilen duşuşmak meıesser etmedi. Olaryñ ikisi-de edebiıatçy bolup, hyzmat edipdirler. Rahmanov Rejep ady bilen tanalan Rahmany ençeme pars eserini şol sandan Sagdynyñ we Hafeziñ goşgularyny türkmençä terjyme edipdir. Sary däde bolsa Ylymlar Akedemiıada işläpdir.

Käbir oñaısyz pursatlar

   Türkmenistana sygnanlaryñ arasynda parslaryñ bardygyny-da aıdyp geçipdik. Käbir ganı gyzgyn türkmen bosgunlar olara: “siziñ, Eıranda bize agalyk edeniñiz besdir, bu ıerde size beıle etmäge rugsat bermeris” diıp, parslar bilen süsüşıärdi. Parslaram Partiıalarynyñ Merkezi Komitetlerindäki başlyklara arka diıräp, öz geplerini gögertmäge synanşıardylar. Hatta türkmenleriñ arasynda-da: “sen ol topardan, men bu siıasy herekete ynanıaryn” diıp, jedeller höküm sürıärdi.

1990-njy ıylyñ baharynda düze-piknike- سیزده بدر çykylan mahaly türkmenler bilen parslaryñ arasynda ıakalaşyp, urşulandygyny eşidip galdym.

1989-nji ıylyñ 11-nji fevralynda Kanun Ferheny we Siıasy guramanyñ we Şehitler güni mynasybetli Aşgabadyñ Gyzyl Haç guramanyñ edarasynyñ zalynda geçirilen dabara iki dürli siıasy topra ynanlaryñ arasynda dawa-jenjel turup, geçip duran ıygnagyñ bulaşdyrlandygyny-da aıdyp geçeıin.

Türkmenistandan depertatsiıa/çykarylşym

  1990-njy ıylyñ maı aıynda milli şahyrymyz Magtymgulynyñ günleri mynasybetli Türkmenistan TV-siniñ “İedigen” diıen edebi-medeni gepleşigine myhman hökmünde çagyrlyp, Şahyryñ Türkmensährada öwrenilşi hakynda gürrüñ berilmegi islendi. Gepleşik oñat geçdi, ony dogan-garyndaşlarym-da görüpdirler. Soñra aıallar programmasynda çagyryldym, onda Türkmensähraly gelin-gyzlaryñ dakynıan şaı-sepleri barasynda-düşüren suratlarymy görkezmek bilen oñatja gürrüñ berdim. Şol gepleşikleriñ ıaıylmagyndan 1-2 hepde geçip, geçmänkä bir gün birsi iş ıerime-Akademiıa telefon edip, aıalym bilen daşary işler ministerlige gelmegimi isledi. Men: “aıalym Gyzyl-arbada gitdi” diıdim. Onda: “aıalyñ öwürlende hökman bile gel” diıp buıurdy.

Unutmadyk bolsam awgust aıydy. Hepdäniñ 1-nji güni Ejegül bilen 1-nji parkyñ garşysyndaky Türkmenistanyñ Daşary Yşler Ministerligine (DYM) bardyk. Şonda Eıranyñ daşary işler ministerliginiñ SSSR-iñ DIM-rligine ıazylan haty görkezip: “seniñ dädeñ seniñ yza berilmegi isläp, Eıran hökümetine ıüz tutandygyny” aıtdylar. Men: “bu mümkin däl, öwrülip barsan dädem başyma nämeleriñ geljegini ıagşy bilıär, ıa bu isleg düıbünden ıalan, ıa-da dädemi beıle hat ıazmaga mejbur edilen bolmagynyñ ahmaldygyny” aıtdym.

Bu gepleşiklerden soñra Aman Berdinyıazov diıen türkmen bizi başga bir jaıa alyp gitdi. Ol ıerde bir rus öz dilinde bir zatlar aıdyp, sesine bolsa barha bat berıärdi. Biz onuñ bir zada gaharlanyp bize ıüzlenıändigini añıardyk. Soñra Aman türkmençeläp, onuñ sözüni terjime edip: “näme üçin TV-de çykyş etdiñ, sen bu ıere bosgun bolup geldiñmi, ıogsa propaganda etmäge geldiñmi, näme üçin dostumyz Eıran bilen SSSR-iñ arasynda çöp atjak bolıarsyñ” diıdi. Men: “ 1-njiden-ä men diñe türkmen medeniıeti hakynda çykyş etdim, 2-njiden Türkmensährada dilimi kesdiler, galamymy döwdüler, indi öz watanymda gepläp, ıazyp bilmesem, onda nirä gideıin” diıdim.

Men sözümiñ terjimesini eşiden ıañky KGB-çi rus: “ men bilemok, seniñ üç ıoluñ bar, ıa bu ıerde ıok ıaly bolup ıaşa, ıa daşary ıurda çykyp git, ıa-da seni yzyña-Eırana bereris” diıdi. Bulary eşiden Ejegül ıerinden ör turup: “ biz bu ıere watanymyz diıp sygyndyk, siz iki adamy-da saklap bileñizokmy?” diıende, Aman, orsden beter: “näme diıp äriñ televizorda çykyş edıär” diıp gyzmaşlady.

Bu duşuşykdan soñra biz DIM-ligiñ binasyndan çykyp gaıtdyk. Edil şol wagtlar Almanda otrum işi uzaga çeken Rogiıa Aşgabada dolanyp geldi. Men-de Almana gitmäge viza alypdym. Rogiıa: “Swed-de añsatlyk bilen otrum berıärler diıp eşitdim, geliñ Swede gideıliñ” diıdi. Biz makul görüp, Alman vizasyny Swed vizasyna öwrüp, nirdedirsiñ Swed diıp iki maşgala bolup, ıola düşdük.

Swede gidişimiz we ıolumyzdaky kynçylyklar

  1990-njy ıylyñ 19-njy Sentıabry ertir sagat 9-larda Aşgabatdyñ uçarlar meıdanyndan howalandyk, 2.5 sagat uçup Moskvanyñ Domodedovo airoportynda gonanmyzda howa ıagyşly hem birazrak sowukdy. Awgustyñ ahyrky hepdesi bolsun gerek.  Gyzyl haç edarasyna baryp, ıerleşjek otelimizi kesgitledik. Ol VDNH diıen golaıynda “Zarıa” diıen oteldi. Ertesi gün Dubai-dan gelıän we Stokholma gidıän rus uçaryndan bilet aldyk. Swetdäki tanyşymyz H.M-de telefon edip ondan: “Swede vizañyz taıyn, Stokholm airoportynda durıar” diıen mazmunynda bir haty ıaşaıan otelimize fax etmegini haıyş etdik, Tañyr ıalkasyn, ol derhal hatı ıollady. 3-4 gün soñra uçmalydyk. 25-nji sentıabrda Moskvanyñ halkara airoporty Şeremetyevo bardyk. Ilki ıüklerimiz geçdi, özümize gezek galanda kes kellämi “sizi geçirip biljek däl, vizañyz ıok” diıp pasport kontrolundaky polis azar baryny berdi. Biz: “ynha vizamyz taıyn” diısegem gulak gabartmaıardy. Uçaryñ uçmagyna az wagt galanda bize rugsat berdi. Çakym çak bolsa ol bizden puljagaz tama eden bolmaly, bizem rusçany oñat bilmänsoñ onun gytak dilinden añlamandyrys. Gepiñ gysgasy Swede ıola düşdük. Çeken bar kynçylyklary ıazsam belki-de okujynyñ başy agyrar. Garaz sagat 16-larda Stokholmyñ Arlanda howa meıdanyna baryp ıetdik. Pasportlylar, vizalylar arkaıyn geçip gitdiler biz bolsa ıetimler ıaly müzzerip polisiñ gelmegine garaşdyk. Ahyry bir polis geldi. Biz diñe: “No viza, we are asıl- vizamyz ıok, biz bosgun” diıdik. Ol bizi başga bir koridora alyp gitdi. Ol ıerde 1-2 sagat oturdyk. “Bize türkmençe terjimeçi gerek” diıdik. “häzir türkmen ıok, pars bolmaz” diıdiler. Biz çäresiz razylaşdyk. Deslapky sorag-jogapdan soñra bizi bir minibusa mündirip, airoportyñ golaıyndaky Karslund bosgunlar kampina alyp gitdiler.

Uzak garaşyk

  Karslunda-da dürli milletden bosgunlar otrum almaga garşıardy. Bizi ilki ıagşy medisin barlagyndan geçirdiler. Resturandan naharlandyrdylar, her hepdäniñ ahyrynda harçlyk pul-da berıärdiler. Biziñ esasy polis interviewmyz 16-njy oktobrda boldy. Şondan soñra ıadymdan çykmadyk bolsa dekaberyñ ortalarynda biz 3 türkmen maşgalany Stokholmyñ Alfa diıen ıerleşdiler we Swediñ demirgazygyndaky Sundswal regionyñ kiçijik obasyna gitmeli etdiler. Ahmad Stokholmada galjagyny aıdyp, ıola düşmeli gün otele gelmedi. Biz 2 maşgala bolup agşamky otly bilen Sundswala tarap ıola düşdük. Dañ atanda tabşyrlan stansiıada otludan indik. Görsek bir minibus bize garaşyp duran eken. İola düşdük. Sagat 10 töwereklerinde Solberg diıen oba baryp ıetdik. Hasaba alynma işlerimiz tamam bolandan soñra iki gatly köneräk bir jaıda ıerleşdirdiler. Üstündäki gatda biz, aşakdaky gatda bolsa Rogiıalar ıerleşdiler. Birnäçe gün sora mekdebe-swed dilini öwredıän kursa başladyk. Her aıyñ soñunda imek-içmek üçin pul berıärdiler, her hepde soñunda bolsa avtobus bilen golaıdaky şähere gidip alyş-beriş ederdik. Avtobus mugtuna alyp giderdi. Şeıle bir gar ıagardy welin kä günler öıden çykyp bolmazdy, daşky gapyny açyp bolamzdy, howa sowuk bolsa-da jaıymyz ıylydy. Garaz 90-njy ıylyñ soñuna çenli şol obada galdyk.

1991-nji ıylyñ fevralynda bolsa gerek ıurduñ ortaragynda bizi bu uzak ıerden paıtagta golaırak ıere ıerleşdirmeklerini haıyş edenimizde, Falun diıen şäheriñ golaıyndaky bosgunlar lagerinde ıerleşdirdiler.

Her gün Falun komunyñ kitaphanasyna giderdim. Bir gezek Türkmensähranyñ siıasy durmuşyna degişli sergini ıola goıdum we ıagdaı barasynda çykyş etdim. Oña şäheriñ siıasy partiıasyndan ylym adamlaryndan gatnaşdylar. Azatlyk radiosynyñ we Eırandyr daşary ıurtlarda neşir bolıan gazet-jurnallaryñ habarlaryndan peıdalanyp, el ıazgy bilen “Türkmenistan-habarlar buletini” brüşüri neşir etdim. Soñra taıpe maşyn satyn aldym. Habarlar buleteni bir ıyl dowam etdi. Soñra “Türkmen ilim” jurnalyny çap edip başladym. Bir darajyk otagyñ içinde, bir ıatagymyz bir-de oturgyç bilen stol bardy. İeri gelende ıatlap geçeıiñ Swede ilkinji bolup gelen türkmenlerden Atageldi Garrawynyıa we Şahrokh Kamıaby agzap geçemegi zerur gördüm. Ata soñra biziñ terjimeçimiz-de boldy.

Umuman 1987-nji ıyldan soñra Swede köp sanly Türkmen gelıär. Olar 89-njy, 90-njy ıyllarda “Türkmenleriñ Medeni  Jemgiıeti” diıen toparlary döredip, medeni ugurlarda alada edip başlaıarlar, baıramçylyklary ıola goııarlar.

  Howa, şeıdip günler, aılar geçdi. 1992-nji ıylyñ 10-nynjy oktıabrynda Swediñ Falun şäheriniñ “Sätter” diıen şäherçesinde bize oturum berdiler we 1996-njy ıylda bolsa bu döwletiñ watadandaşlygyna kabul edildik.

Men durmuşymyñ başdan geçiren her bir pursatyny bu işde getirmegi makul görmedim. 1990-1996-njy ıyllar arasynda Türkmen bosgunlaryñ arasynda her ıylda diıen ıaly täze-täze toparlanşyk, bozlup aırylyşmalar emele gelip, täze jurnallar neşir bolup, beılekisi ıapylıardy. Bular baradaky maglumat ıeterlik derejede neşir edildi, islänler daşary ıurtlarda türkmenler tarapyndan çap bolan neşirlere bakyp bilerler.

GOŞMAÇA
Sapar hatybyñ ıatlamasy

“Men 1917/1296ş-ıylynda Omçaly obasynda doglupdyryn. Biz Tumaç tiresiniñ Guşly-kör şahasyndan bolıarys. 6 ıaşyma çenly dini mekdepde okadym. Kümüşdepede Rejep ahun Saııadynyñ tagallasy bilen bir sany Türkiıeli mugallym jedidçe sapak berıärdi, onuñ 5-6 sany şägirdi bardi-Ahamat Garadagly we Ahmad Saııady şolaryñ arasyndady. Ahunyñ bu işine garşy bolanlar, Türk mugallymy Gargy obasynyñ golaıynda öldürdıärler. Dini mekdepde Molla Mürze Guşly-da sapak berıärdi. 1927/1306-njy ıylda Halymjan Saııady, Erejep Nazeri, Nepes Kemaly we Abdyrahman Farzane Türkiıä okuwa gidıärler. Ogalankam obamyz Omçalyda Dywana Pañ diıen birsiniñ howlusynda tuwut agajyñ kölgesinde ıaşullaryñ gurultaıy boldy, şonda men agajyñ üstünde çykyp, olaryñ gürrüñlerini diñledim, şonda “Osman ahuny ıolbaşçy edıäris, razymysyñyz” diıp, 3 gezek sorap eden maslahatlary henizem ıadymda.

  Türkmensähranyñ günbataryndaky obalar şol sandan Omçaly baslyp alyndy. Hojanepesde Hezretguly han atly-abraıly handy, Yrza şanyñ goşuny Omçalyda Nur ahunyñ ogly Köçek-Köri öldürıär, Omçaly-da Nurulla ogly Nasrolla diıen esger-de atylyp öldürildi. Molla Söıüniñ ogly Abdylkadyr-Nyıazy hökümete salgyt ıygnaıan we Gylyçmät Niıazy serbaz-esger ıygnaıan döwlet güllukçylardy. Türkmensährada soñra bar zat düıbünden üıtgedi. Täze hökümet haıal edmän ilki pars dilinde sapak berıän mekdepler açyp. Kümüşdepe mekdebiniñ ilkinji mugallymlary ıaver Menewçeher han emir paşaıynyñ ogly, Mehdi Emir paşaıy, sport mugallym gürjili Myr Azymdy. Türkmen mekdepleriniñ okuwçylaryny öñki okan ıyllaryny hasaba alyp, täze mekdeplere kabul etdiler. Netijede alty ıyllyk başlangyç mekdebiñ soñky examinini 1308/1929-njy ıylyñ başlarynda 3 sany klasdaşlarym Öwez Ensary, Sapar Ensary we Baırammuhammet Müderresi bilen tamamladym. Hojanepesiñ ökde okuwçylaryndan Gubangylyç Moezzemi, Abdylkadyr Niıazy, Kerim, Nepes ahunuñ ogly Mejitdi. Başlangyç we orta mekdepleriñ soñky synagy Astrabatda alynıardy, şonuñ üçin bizi hem Astrabada alyp gitdiler. Syınagı üstünlikli geçirenleriñ ene-atalarynyñ razylygy bilen olaryñ paıtagt Tahranda okymaklaryna rugsat berildi. Şol ıylyñ tomsunda Yrza şa Kümüşdepä gelende, Astrabadyñ harby häkimi palkovnyk/serheng Hekimi padyşany garşy almak üçin başlangyç mekdebi tamamlan 13 sany okuçyny getirip, nyzama duruzdy, olaryñ arasynda men-de berdym. Şonda häkim biziñ okuw ıagdaımyz hakynda maglumat berip, Türkmensahrada orta mekdep bolmany üçin bizi bir ıere okytmaga ibermäge ıardam sorady. Padyşa hem: “bulary Tahranda okadyñ, Türkmenleriñ Tahran bilen gatnaşygy näçe köp bolsa şonça-da bize ıagşy bolar” diıdi. Bizden bir ıyl öñ 4 sany türkmen okuçyny Tahrana alyp gidipdiler. Olar Abdyrahman Farzane (ol soñra diş doktory boldy), Halym Saııady, Rejep Nazeri we Gara Taagynyñ ogly Nepes Mämiıany (Mämiıany soñra Kemaly familıasyny aldy).

   Bizi gyşyñ ortalarynda Tahrana alyp gitdiler we haıal edmän okuwa ıerleşdiler. Alty ıyllyk orta mekdebiñ soñky syınagyny 1315ş/1936-nji ıylyñ başlarynda üstünlikli tamamlap, ıokary okuwa başga-da 3 sany türkmen ıoldaşym Sary Gökleñi, Gurbanmuhammet Siveri, Aşurmät Mähşid, Gülmämmedi we Ylıas Magtym bilen harby fakultetde okyıp başlady.”

  Hökümet 1936-njy ıylda bie topar türkmeni şol sandan studentleri milli meseleleri gozgaıanlykda aıplap, tussag etdi. Şonda harby fakultetde okıanlardan Ylıas Magtym bilen Sapar Hatyby uzak saklanman boşadylıar, ıöne başgalar uzak wagtlap saklanıar, şolaryñ arasynda Türkyıede ıokary ylym alyp gelen Hajyhan-Nurgeldy Oguzy bilen Gurbanmuhammet Siveri zyndanda öldürşlıär.

  Biz Sapar däde-den Türkmen studentleriñ siıasy hereketleri we tutha-tutlyklaryñ säbibini soranymyzda ol pahyr şeıle gürrüñ beripdi:

“Hökümetiñ gizlin gulluklary Türkmen studentleriñ bir-birine ıazıan hatlaryny barlap, olaryñ arasynda milli meseleler hakynda bolup geçıän gürrüñlerden habarly bolup: “olary hak soramaz ıaly etmely” diııär. Şol esasda türkmenler tussag edilıär. Bu hakda ıene-de şeıle gürrüñ ıaırapdy- hökümetiñ plany boıunça parlamentiñ her saparky saılawuna Mämet ahun Gürgeni ıeke-täk kandidat görkezlip, wekil bolup girmelidi. Türkmen studentleri bu işe garşy bolup, geljekgi saılawa Abdyrahman Farzanany kandit etmeli diıp gürrüñ edıärdiler. Olaryñ bu pikri türkmenleriñ arasynda-da ıaırap, goldanyp başlanıar. Bu hereketi edıänleri milli hak-hukugy ara atıan “pan türkistler” diıp, studentler garalanıar. “olaryñ öñüni wagtynda almasañyz soñra hökümete uly iş bolar” diıp, M.a.Gürgeni hökümete maslahat berıär, hatta para-peşgeş berdi diıen myş-myş gürrüñ-de ıaıraıar.

Şol wagt Eıranyñ siıasy liderlerinden “Dünıä” diıen siıasy-teorik jurnalyny çykarıan, 11-nji, 12-nji klaslarda “Servet” mekdebinde fizik mugallymym bolan we ylmy derejesi Berlinde alan Dr.Tagi Arany-da siıasy garaıyşlary sebäpli egindeşleri bilen zyndana düşüpdi. Olar “53-ler topary “ ady bilen tanalıardy. Olaryñ arasynda türkmenlerden hukukçy Annagylyç Babaıy-da bardy. Olar türmeden boşanlaryndan soñra kommunist garaıyşly “Tudeh” partiıany esaslandyrdylar. Annagylyç ilki şol partiıanyñ hataryndady, soñra ondan çykyp, hökümetiñ siıasatyny propaganda edıän “Demokrat” partiıasyna geçıär. Türmede menden: “Farzanany tanaıarmysyñ, “İaş Türküstan” jurnalyny okaıarmysyñ? (Bu jurnalyny Gazagystanly bosgun Mustafa Çokaı parisda neşie edıärdi. AG), Şurevide-SSSR-de bolduñmy we şm-ler soraglar soraglar soradylar. Olar meni uzak wagtlap saklaman okyıan ıerime iberdiler. Ylıas Magtymy iki aı soñra başatdylar, galanlary köp wagtlap sakladylar.” Diıp Sapar Hatyby-Sapar däde 1990-njy ıylyñ maı aıynda Aşgabatda öz öıünde gürrüñ berdi.

Tudeh partiıasynyñ harbylary öz hataryna çekme siıasaty esasynda Safar aga 1950-nji ıyllarda bu partiıanyñ hatarynda aktiv işleıär, ıöne soñra bu guramanyñ üsti açylıar we 1954-nji ıylda azeri aıaly-Patmany hem-de 2 sany gyızyny goıup, Türkmenistana sygynıar., 3 ıyldan soñra Patma hanym gyzlary bilen Sapar aganyñ ıanyna gelmegi başarıar. Sapar aga Türkmen Döwlet Unyversitetiniñ taryh-hukuk fakultetini tamamlap, ylymlar akademiıada işleıär, taryh ylymlaryñ kandidaty bolıar we şondan pensiıa çykıar. Onuñ Aşgabatda 2 ogly bolıar ıöne olar türkmen dilinde gepläp bilmeıärler-diıp, Sapar aga gürrüñ beripdi.

Men şonda  ıaşy esli gaıdyşan Sapar agdan: “Sapar däde näme arzuwuñ bar” diıp soramda, gözüne ıaş aılap: “wah, doglan obam Omçalada aıagym ıalañaç eıläk-beıläk ylgasam” diıpdi. Onuñ dädesi belli kümüş ustasy Arazgylyç ustadyr. Sapar däde 1995-nji ıylyñ 15-nji martynda/ 24 esfentde Aşagatbatda aradan çykdy we şol ıerde jaılandy.

ILIMIN MERDANA İIGİTLERİNE!
golia@rferl.org

 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org