Makala

Taryh ylymlaryñ kandidaty: Akmyrat Gürgenli
Milli şahyrymyz Mgatymguly hakynda;
Bibliografiıahem Kä bir Tankydy garaıyşlar
Magtymguly köñle gaıgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr, özüñi ıitirme,
Sözüm diñlän ıok diıip, öm-süm oturma,
Jahan giñdir, çendan bilende bardyr.
 
Giriş
 
   Magtymguly— Bu bütin Türkmen üçin, damarlarynda Türkmen gany coşıan, çeper sözüñ ähli muştaklary üçin iñ mähriban, iñ guwançly, buısançly at. Belli rus gündogarşynasy V.Bartoldyñ caıdar belleışi ıaly, bütin orta Azyıa halklarynyñ arasynda diñe Türkmenlerde  millin şahyr bolupdyr, ol-da Magtymgulydyr.
   Magtymguly, beıik akyldar, filosof, gündogaryñ pähim-paıhasyny öñe süren, ynsanyıeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söıen watançy şahyr, Türkmen diliniñ ösmeginde, ony reformalaşdyrmakda ägirt uly iş bitiren şahsyıet. Şahyrymyz Mämedweli Kemiınäniñ sözleri bilen aıytsak: «Magtymguly edebiıat meıdanynyñ oraguny orup giden» şahyr. Belli Türk şahyry Nazym Hikmet   Magtymgulynyñ 250 ıyllyk poizıa baıramçylygy geçıän mahalay 1975-nji ıylda Aşgabada baranda şahyrymyz hakynda şeıle diıipdir:
«Magtymguly meniñ hem şahyrym, onuñ dili meniñ hem dilim...Men Magtygulydan köp zatlar öwrenıärin, ol meniñ-de ussadym. İöne onuñ bir öwreden  ullakan zadyny has nygtasym gelıär; ol-da öz halkyñ azatlygy üçin göreşmek.»
 
  Türkmen halkynyñ edebiıat taryhynda ençeme klassik şahyry sanap bolar. Olardan alym Bertlesiñ aıdyşy ıaly, söz ussady, deñi-taıy bolmadyk Magtymguly birinji orunda durıar. Magtymguly, Türkmeniñ edebiıat hazynasynyñ gymmat baha daşlarynyñ biri bolup, ol biziñ zamanamyzda täze ıüzügiñ gaşynda gözüñi gamyşdyrjy şöhlesi bilen lowurdaıar. «Magtymguly, Jemşiıdiñ jamydyr.»
 
   Magtymguly, 18-nji asyrda ıaşap, özüniñ dürdäne döredijiligi, bar ukyıby bilen Türkmen edebiıatyny, Türkmen dilini ösdüren şahyr. Belli alym Mäti Kösäıev aıytmyşlaıyn Türkmen halkynyñ wepaly ogly Magtymguly örän kiçi göwünli, saıhally, edepli, salyhatly, sypaıy adam bolupdyr. Ol hiç wagtda ulumsylyk etmändir, men-menlik satmandyr, şöhräte kowalaşmandyr, serpaı üçin köşk şahyry bolmandyr, ol adamkärçiligiñ iñ gowy sypatlaryny özünde birleşdiripdir. Şahyr ulumsylyk edıänleri, tekepbiırleri, bedasyl şöhratparazlary, açgöz hyrsy dünıäleri, elmydama rehimsiz tankyıt edip, olary «ıurdy ıykan, orramsydan bolan haramhorlar» diıip ıazgarypdyr.
 
  Gündogaryñ çeperçilik pikriniñ ösüş taryhynda, Türkmeniñ beıik ogullarynyñ birisi Magtymguly Pyragy özboluşly şahyrana dünıäni açdy. Onuñ asyrlar aşyp gelen ajaıyp sözi, umumy adamzat bähbitli şahyrana pikirleriñ giden bir älemini ıada salıandygyndan başga-da, özünyñ ruhy taıdan çuññur milliligi bilen hem äşgär tapawutlandy.
 
  Magtymguly, külli Türkmeniñ şahyry hökmünde at-owazasy dünıä dolan şahsyıet, şonuñ üçin onuñ ajaıyp setirlerine, gyzylyñ gyryndysy ıaly garamak duıgusy diñe bir Türkmen halkyna häsıetli duıgy bolman, eısem, dünıäniñ dürli halklaryna mahsus duıga öwrüldi. Özi–hem şahyryñ altyn setirleri, şeıle duıgy bilen örän irki döwürlerden bäri ünsi özüne çekip geldi. Şoña görä onuñ dana setirlerini birleşdirıän aıry-aıry şygyr diwanlarynyñ bir ujy Hindistandan çyksa, bir ujy meşhur Britan muzeıinden çykdy.
                         
Magtymgulynyñ diwanynyñ daş basma çaplary
 
  Baryp 1842-nji ıylda, palıak/Lehistanly alymy Alehander Chodozko tarapyndan onuñ 3 goşgusy Londonda neşir edildi. Ol bu goşgulary 1833-nji ıylda Köpetdag etrabyna, demirgazyk Hurasana geçiren siıahaty döwründe ıygnapdyr. Neşir bolan goşgular «Duza myıhmandyr», «Galmazlar», «Sil galmaz». Şeıle-de şahyra degişli bolan «İaraşmaz» (...Aksakgallyk ıaraşmaz), «Olmaz»(...kebuter olmaz) ıaly şygyrlary Kemine we Aıdyñ Deregezli diıen şahslaryñ eseri diıip görkezipdir.
   Gazan we Petrburg universitetleriniñ professory Brezin tarapyndan 1862-nji ıylda taııarlanan «Türk hiristomatiıa»synda Magtymgulynyñ goşgulary ıerleşdirildi. 30-dan gowrak goşgusy bolsa belli Venger/Majar alymy, Budapest universitetiñ professory Vamberiniñ tagallasy bilen 1879-nji ıylda Leıpzikde neşir edildi. (Seret. Zeitschrift der deutschen morgenländi schen gesellschaft. Bd.33)
  1907-nji ıylda professor N.P.Ostreomov «Türküstan habarlary» atly gazetiñ 54-58-nji sanlarynda şahyryñ 81 sany goşgusyny neşir edıär. Streomov şol ıylda G.H.Aryfjanonyñ litografiıasynda «Otuziki tohum kyssasy we Mahtymguly» eserini çap etdirıär. Bu kitap 1911-nji ıylda Maryly kitap  söwdigäri-Mir Zahed Mir Syddykogly tarapyndan 2000 nusgada neşir edilıär. 1911-nji ıylda Ostreomov Magtymgulynyñ goşgularyny ıörite bir kitapça hökmünde, arap elip-bisinde Daşkentde neşir edıär. Şahyryñ goşgular ıygyndysy Stavropol, Ufa, Gazan, Simfropol, Urenborg we Hywa ıaly şäherlerde çap edilipdir. Magtymgulynyñ goşgular ıygyndysynyñ iñ oñat görnüsi- ençeme Türkmen alymlaryñ gatnaşmagy esasynda- 1910-nji ıylda Buharada çap bolıar. Bu gymmatly eser Özbekistanyñ Abureıhan Biıruni adyndaky gündogary öwreniş inistitutynyñ litografi çaplary saklanıan hazynasynda saklanıar.
  1912-nji ıylda Astrahanda ıaşan Nurmuhommet ogly Niıazy, şahyryñ goşgular ıygyndysyny «Diwan-e Mahtumguly» ady bilen çap etdirıär. Bu barada A.Z.Welidov «Şura» jurnalynda (Nr.12-17. 1913-nji ıyl) gyzykly maglumat berıär. Niıazynyñ aıytmagyna görä şahyryñ eseriniñ çap edilmeginde «İagşymämet ogly Hajy Nury efendi» hem ıardam edipdir.
  1914-nji ıylda Esengulyda ıaşap öten Gurbanberdi Gürgeni  öz harajaty bilen Azadynyñ behişt namasy bilen «Diwan-e Magtymgulyny» neşir edıär. Bu ıygyndy-da şahyryñ jemi 189 goşgusy ıerleşipdir.
 «Türküstan ıygyndysy» atly esereriñ 422-nji tomunyñ 125-135 we 446-nji tomunyñ 65-nji sahypasynda V.E.Mejov tarapynda şahyryñ 78 sany goşgusy çap bolupdyr.
   Magtymgulynyñ çeperçilik mektebe öwrülen poizıasynyñ hakyky gadyr-gyımatynyñ bütin halk tarapyndan özleşdirlen şu zamanda, onuñ şahyrana dörüdijiligine aıratyn sarpa goıulıandynyñ sebäbi hakda gürrüñ edip oturmagyñ hajaty ıok. Diñe bir zat ıörite nygtamaga degıär. Magtymgulynyñ, hem-de onuñ dörüdijilik mektebine geçen klassik şahyrlarmyzyñ ajaıyp mirasyna goıulıan hormat we sarpa munyñ aıdyñ şaıadydyr.
   1944-nji ıylda Almanyñ berlin şäherinde latyn hatynda ildeşimiz Gurban tarapyndan 85 sahypada taııarlanan Magtymgulynyñ eseri çap boldy. Eseri «Türküstanyñ azatlygy ugrunda» atly gurama çap edipdir. Oña, «Milli Türküstan komitetiñ ıanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan çykarlan 4-nji kitap» diılipdir. Eserde 2 sahypa Almança, 8 sahypa Türkmençe söz başy ıerleşipdir. Söz başynda şeıle diılipdir:
 
«Özlerini, öz milletiniñ hoşbagytly ugrunda gurban edıärler, ine biziñ meşhur Magtymgulymyz hem şeıle beıik şahsyıetiñ biridir...»
 
   Eseri çap etmäge tagalla eden ildeşimiz Gurban hakynda şeıle maglumat bar:
Onuñ hakyky ady Remezan bolmaly, ol Gyzylarbatly Gökleñlerden. Oktober ynkylabynyñ başlarynda şahyr Gara Seıitli bilen Bakua okuwa gidip, mugallyımçylyk terbiıe berıän ıokary okuny tamamlap, Türkmenistana gaıdyp barıar we ol ıerde taryh mugallymy bolup işleıär, ol Bakuly bir gyıza öılenıär. 2-nji jahan urşy başlananda, fronta ıollanıar we Almanlara ıesir düşıär. Gurban Almanda döredilen «Türküstany  azatediş komitete» agza edilip alynıar we baryp 1944-nji ıylda faşistlaryñ dünıä gan çaıkan döwründe Magtymgulynyñ eserini çap etdirmegi başarıar. Gurban 1960-nji ıyla çenli Inglisleriñ Kipirde guran bir radio stansiıasynda işläp, soñ Türkmenistana gaıdyp barıar we näbelli ıagdaıda aradan çykıar. (Myrat Täçmyrat/ Täçmyrat aganyñ ıatlamalaryndan alyndy)
 
    Magtymgulynyñ goşgulary Türkmenistanda, Eıranda we Owganystanda gaıta-gaıta çap edildi, olar şulardan ybarat:
 
A. Türkmenistanda
 
   «İöne bir uly däl, juda uly sen,
    Dag ogly, dag şiri, Magtymguly sen.
   Şonuñ üçin saılap daşlañ ulusyn,
  İasadyk biz senden dagyn ıagşysyn.»
                                                    K.Gurbannepes
 
 Magtymgulynyñ edebi mirasy Türkmenistanda 10-dan gowrak gezek çap edildi, olar ıyl tertibi boıunça şeıle:
 
1. Magtymguly.Goşgulary.Aşgabbat.(Paltaratski) Türkmen Döwlet Neşriıaty (T.D.N). 1926 Çapa taııarlan Berdi Kerbabaıev. Arap-cezidçe hatynda.
2. Magtymguly. Saılanan goşgular. Aşgabat. 1940 Çapa taııarlan, Ahmat Gürgenli(Ahundov). Latyn hatynda. Jübi görnüşünde.
3. Magtymguly. Saılanan goşgular. Aşgbat. 1941
A.Gürgenli bilen Ruhy Alyıevyñ tagallalary bilen. Latyn hatynda.
4. Magtymguly. Goşgular ıygyndysy. Aş. 1944
Baımuhommed Garryıev. Rus/kril hatynda.
5. Magtymguly. Saılanan eserler. Aş. TDN. 1957. Rus hatynda.
6. Magtymguly. Saılanan eserler. Aş. 1959. İki tom.
Rus hatynda. B.Garryıev.   M.Kösaıev.
7. Magtymguly. Saılanan şygyrlar. Aşgabat-Bakuw. 1960. Şahyryñ   225 ıyllygy mynasybatyna. Arap hatynda. M.Köse, Baıamuhmmed Ahundy/Müderresi.
8. Magtymguly. Saılanan goşgular. Aş. 1976, 1977. Türkmenistan Neşriıaty (T.N). B.Garryıev    M.Kösäıev.
9. Magtymguly. Saılanan eserler. İki tom. T.N. AŞ. 1983. Şahyryñ 250 ıyllygy mynasybatyna. G.Nazarov, Mükiamanov, Öwezgeldiıv, Çaryıev, Nurıagdyıev. Rus hatynda.
10. Magtymguly. şygyrlar. 3 tom. Aş. 1992, 1994. Mülkamanov, M.Öwezgeldi, M.Çaryıev...Rus hatynda.
    Soñky neşirlerden habarymyz ıok.
                                  ¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤
   Milli şahyr Magtymgulynyñ goşgulary ıeke Türkmen dilinde däl, eısem birnäçe ıevropa dillerine hem neşir edildi. Onuñ dürdäne şygyrlary Rus, Ynglis, Fransuz, Polıak, Span, Alman, Arap, Pars, Venger, Türkiıe türkçesine terjime edilip, öwrän-öwrän neşir edildi we edilip gelıär.
 
B. Eıranda:
«Asly Gerkez, ıitmez ady,
Döwletmämet zurıady,
Magtymguly söz ussady,
Söz tohmun ekip gitdi.»
                            Abdylla Ahengeri
 
1. Diwan-e hezret-e Magtymguly. Çapa taııarlan Molla-mürze Abdyllahy (Guşly). 1947. Arap hatynda. 136 shypa. Eıranda ilkinji çap.
2. Diwan-e hezret-e Magtymguly. Çapa taııarlan Berdimäd Amany.
Kümmet Gabus 1949
3. Diwan-e kämil-e hezret-e Magtymguly. Kümmet. 1963, 156 sah.
4. Külliıat-e hezret-e Magtymguly Fragy. Gabus neşıiıaty. 1964
 620 sah. Çapa taııarlanlar  Welimämmed Azernuş, Muratdurdy Gazy.
5. Magtymguly. Saılanan şygyrlar. Aşgabat-Bakuw nusgasy esasynda.
Tehran, 1979-nji ıyl.
6. Magtymgulynyn kämil diwany. M.Gazy. Kümmet 1979.  803 sah.
7. Magtymguly Fragy. İaşaıyşy we saılanan goşgulary. Abdyrahman Düıeji. Tehran 1984. Pars we Türkmen dillerinde  285 sah.
8. Magtymguly Fragynyñ kämil diwany. M.Gazy. Maşat. 1994. 2000 tiraj. 440 sah. Daş basma nusganyñ esasynda.
9. Magtymguly Pyragy. Nurgylyç Fedakar. Gülüstan. 2000
 
   Şahyryñ edebi mirasy barasynda Eıranyñ gazet-jurnallarynda makalalar çap edildi, şeıle-de ıörite kitap görnüşünde ylmy işler ıazyldy, şolardan:
 
1. Tenbiıh-el ehevan fi märefete Magtymguly iışan تنبیه ال احوال فی معرفت مختومقلی ایشان (Magtymgulyny tanamak).Abdyrahman ahun Teñli. Türkmen dilinde. Tehran 1984
2. Hezret-e Magtymguly Fragynyñ guburyny goraıan toparynyñ neşri.1985
3. Arazmuhammet Sarly. Türküstanyñ taryhy. Tehran 1985.
4. A. Ahmady. Türkmenleriñ taryhyna gyısgaja bakyş. Tehran. 1980
5. Magtymguly Türkmeniñ milli şahyry. Emin Güli «Gülçarh» edebi jurnal 2-nji san 6-nji Maı, 1986 şeıle-de şol jurnalyñ 3-nji june sanynda 1986 ıyl. Pars dilinde. 
6. Emin Güli. Eıranda ıaşaıan Türkmenleriniñ siıasy-sosıal taryhyna bir bakyş. Tehran 1986. ylym neşriıaty.
7. İüsüp Azmun. Türkmen diliniñ grammatikasy. Ankara.1981
8. M.Sejjadiıe. Dostluk şahyıry. Tehran Keıhan gazeti. 22Aug. 1991
9. İüsüp.Gojuk. Film jurnaly. 8-nji san. Okt. 1990
10. M.Gazy. Edebi miıras. Magtymguly hakynda oılanmalar. 1992
11. Magtymgulynyñ goşgulary hakynda. Amangylyç Şatmehr. Tehran 2000
12. Diwan kämil Magtymguly. Ahmet Ozedi. Tehran 1994
13. Magtymgulynyñ goşgulary, deñeşdirme esasynda syın. Gonbätdurdy Äzemirad. Maşat 1998
14. Magtymguly. Goşgular ıygyndysy. 1-nji depder. Çapa taııarlanlar: Maşatguly Gyzyl, Gafur hoja, Salyh Päk, Tañyrguly ıylgaı. Tehran 2000 
15. Jame-e Eşrak. Magtymgulynyñ goşgularyna syın. Nuretdin Sensebli. Gürgen 2002
  
   Bulardan başga İusup Gojugyñ «İaprak» we Musa Jürjäniniñ «Magtymgulyny ıatlap» diıen jurnallarynda-da şahyr hakda maglumat berlipdir.
İene-de köp eserler bolmaly, ıöne olaryñ hemmesinden habarymyz ıok.
  Eıranly ıazyjylardan Seıitaly Mirniıa öz «Deregezde ıaşaıan ilat» atly eserinde (Maşat 1983) Magtymgulyny şaıy mezhepli, ıurduny bolsa Deregezdäki Etek sebti diıip görkezse, Bastany Parizi, şahyry alamaçylykda garalaıar (Häşel-häft eseri. Tehran 1989).
   Şahyr barada Eırandaky soñky neşirlerden habarymyz ıok.
                          
C. Owganystda:
 
«Adyñ mukaddesdir Türkmenistanda,
Eırandyr, Türkiıe, Owganystanda,
Türkmen öwladyna jümle jahanda,
Fezilet nuruny saçan Pyragy.»
                                      Şirmuhammet İeñiş
 
1. Magtymguly Fragynyñ şygyrlar toplamy. Şamuhammet İazmaz. Kabul 1986. 1983-nji ıylda Türkmenistanda çap edilen nusganyñ esasynda.
2. Nurmuhommet Garkyn: «Arzuwm bar galsam gözel il bile». Peşawer-Pakistan  1992.Türkmen dilinde. Arap hatynda.
3. Käbir kitap-jurnallarda şahyr barada maglumat berilyär.
 
D. İevropada:
 
1. A.H.Boreıho. Polıakly alym ilkinji gezek 1842-nji ıylda şahyryñ üç sany şygryny Londonda neşir etdirıär.
2. Vamberi.H. Die sprache der turkomanen und der Machdumkuli. Zeitschrift der Deutschen Morgenländischen Gesellschaft. (Türkmendili we Magtymguly diwany. 1879. Eserde goşgularyñ almança terjimesi hem berlipdir. 56 sah.)
3. Şiıh Mohsen-e Faany. Magtymguly diwany we ıedi asyrlyk türkçe bir mänzuma. Ystanbul 1921. Türkiıe türkçesinde. 64 sah.(Vambriniñ çap eden nusgasy esasynda)
4. Zeki Velidi Togan. Türkiııat mejmugasy (ıygyndysy) jurnalyñ ikinji sanynyñ 365-nji sah. 1928.ı
5. İaş Türküstan jurnaly. 98-nji san. 20,27-nji sah. Tahyr diıen kişi tarapyndan ıazylan «Türküstan milli edebiıaty etrapynda- Magtymguly» atly  makala. 1938-nji ıyl.
6. Z.V.Toganyñ Almanyn Liden(häzirki Köln) şäherinde 1963-nji ıylda çap bolan «Gündogar golıazmalary» atly kitabynyñ 224 -nji sahypasynda.
7. Almanyñ Visbaden şährinde 1965-nji ıylda çap bolan «Philologia Turcicae fundamenta”(Türk filologiıa esaslary)  atly kitabyñ 719-741-nji sahypalarynda, Johannes Benzing tarapyndan alman dilinde ıazylan «Türkmen edebiıaty» diıen makalasy. Bu ıazyjy doktorlyk tezini hem Türkmenleriñ diliniñ üstünde ıazıar we ony «Türkmen dilinde işlik türleri» ady bilen 1939-nji ıylda Berlinde çapa ıetirıär. Bu ıazyjy öz eserinde Türkmen ulusynyñ göreşjeñ ynsany Kümüşdepeli Dr.Ahmad Gara-daglyny hem onuñ ıetiren kömeklerini ıatlap geçıär. (Dr. Molla Aşyr Gazydan alnan maglumat)
8. Baımürze Haıit. «Turküstan Rus bile  Çiın (Hytaı) arasynda» Almançadan terjime eden A.Sadak.  Hollandia. 1971.ı127-nji sah.
9. Louis Batsin.Magtymguly Pyragy. Fransça.1975. 131 sah.
10. Hemzeli. Magtymguly Fragy. Bakuw 1984
11.Himmet Biıraı. Magtymguly diwany. Kultur bakanlygy (ministerligi) Ankara 1992. Turkiıe türkçesinde. 538 sah.
12. Emine Gürsoı. Türkmen şiiri(goşgulary). Ystanbul. 1995.
13. Şvedsıanyñ Lund universitet bibliotekasynda saklanıan şahyryñ daşbasma görnüşinde çap bolan diwany. Lahur 1936
14. Gurban (Remezan). Magtymkuly. Milli Türküstan komitetiñ ıanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan 1944-njy ıylda Berlinde  Latyn hatynda. 79 sahypa.
15. Azmun.İüsüp. «Song from the steppes of Central Asia» (Orta-asiıa çöllerinden aıdymlar). İnglis dilinde. Şahyryn 40 sany goşgusy terjime edilipdir. Çap eden Magtymgulynyñ dostlary adyndaky jemgiıet. Britania.1995
16. Almanyñ «Mir» inseklopediasy 24-nji tomunyn 42-nji sahypasynda
17. Brockhaus inseklopediasynyñ 446-nji sahypasynda.
18. Britanika inseklopediıanyñ 28-nji bölüminiñ 1101-nji sahypasynda
19. Yslam inseklopediıa. Magtymguly sözi. Arapça
20. Makhtumguly. Polşada -Polıak dilinde 1954-nji ıyl
21. Makhtoumkouli Firaqui. Poemes de Turkménie. Traduits par L.Bazin et p. Boravav. Paris 1975( Jemi 88 sany goşgusy)
22. Magtimguli Piragi. Almunkban el. Budapesht. 1983
 
Magtymgulynyñ ömri hakynda
 
Magtymguly budyr derdiñ,
Sahyby gerek her ıurduñ,
Şir zarbyn görmeıän gurduñ,
Her murty bir tire döner.
 
  17-nji asryñ soñlarynda anyk bolmadyk belli bir senede, häzirki Garry-gala we Marawadepe etraplarynda «Giıñ-jaı» diıen bir ıerde Gökleñleriñ Gerkez tiresinden beıik Magtymgulynyñ 3-nji arkasy Döwletmämet molla ıaşapdyr. Ondan takmynan 1654-nji ıylda Magtymguly diıen perzent dünıä inıär. Ömrüni agaç ıonma we ussaçylyk bilen geçireni üçin, onuñ «İonaçy» lakamy bolupdyr, ol az-owlak şygyr hem aıdypdyr. Ylmy, jany-teni bilen söııän Magtymguly ıonaçy, garyıplyk zerarly mektebe gidip bilmän, baryp orta ıaşlarynda öılenıär we ondan 1700-nji ıylda Türkmen halkynyñ alym ogly Döwletmämet ”Azady” dünıä inıär. Döwletmämet ilkinji okuny obada tamamlap, ıokary ylym almak üçin Hywa gidıär we birnäçe ıyldan soñ uly alym bolup, pirlerinden ak pata alyp, Gerkeze öwürlip ol ıerde mektep açıar.
  Garry molla lakamly Döwletmämetdan «Wagyz-el azat», «Hekaıet-e Jaber we Ensar», «Monajat nama», «Behişt nama», şeıle-de öz goly bilen  ıazyp, parasatly ogly Magtymgulynyn kämilleşdirmegi bilen «Muhteser» atly dini eser ıädigär galıar. Magtymgulynyñ nebirelerinden Ata işanyñ aıytmagyna göra bu kitaby 2-nji jahan urşy ıyllarynda Orsıetiñ Gürgen şäherinde konsuly bolup işlän Gylyç Kulyıev özlerinden amanat hökmünde alypdyr, soñra bu kitap Aşgabada alnyp gidilıär.
Döwletmämet «Wagyz-e azat» eserinde dürli sosıal kyınçylyklara garap, ylym we düşünjäniñ ösmegini, garyplardan arka çykylmagyny, ıollaryñ, köpürleiñ we akar ıaplaryñ abadanlaşdyrylmagyny öñe sürıär. Ol bir goşgusynda şeıle diıär:
 
         «Halk üzre çün häkim olarsa bir är,
         Adyl bile höküm eılegeı leıl-o-nahar
         Häkim olganlar jahanda adyl ola ,
         Bezegeı är, özüni adly bile.»
 
İa-da başga bir ıerde:
 
         «Köñül içre owwal pikir eılegil,
         Parh edip, ıagşy, ıamany söılegil,
         Ger ıaman bolarsa söz, ıumgyl dodak
         İagşy bolsa, diıer sen ony ıagşyrak.»
 
  Döwletmämediñ eseri köplenç «Moıin-el morid»  we «Gutatgu bilik» eserleriñ äheñinde aıdylypdyr.
 
   Döwletmämediñ ıaşaıyş we durmuşy barada şeıle maşlumat bar:
Azadyñ, Orazgül diıen aıalyndan Abdulla, Muhommetsapa, Magtymguly, Seıit, Gahyırguly, Gulça, Zobeıde, Hurma we Orazgül bolıar.
Abdylla bilen Muhommetsapa ıaş wegtlarynda Çowdurhan bilen, Ahmatşa Dürränä kömek bermek üçin söweşe gidip, gaıdyp gelmeıärler. Magtynguly doganlaryna bagyşlap «bular gelmedi» diıen eligiıany döredıär. Döwletmämediñ Gahyrguly diıen oglundan Garaja molla, Garja molladan Bürre molla, ondan Annagurban ahun, ondan Nazarmämet işan, ondan Annagurban işan, ondan Gara işan, ondan Magtymguly häzir Türkmensähranyñ Jergelan böleginiñ Gerkez obasynda ıaşaıar. Hurmadan bolsa şahyr Gurbandurdy Zelili dünıä inıär. 
  Döwletmämet Azady 1760-nji ıyda pany dünıäden baky dünıä göç etıär. Magtymguly «Atamyñ» diıen goşgusynda bu waka barada şeıle diıipdir:
 
«Altmyş ıaşda, nowruz güni, Low ıyly,
         Tusdy ajal, ıoluñ tutdy Atamyñ,
         Bu dünıäniñ işi belemiş belli,
         Ömrüniñ tanabyny kesdi Atamyñ.»
 
  Belli bolan maglumatlara görä Türkmeniñ görnükli şahyry Magtimguly 1733-nji ıylda ıagty jahana inip, takmynan 1790-nji ıylda Marawa-depäniñ Aba-sary diıen çeşmäniñ kenarynda aradan çykyp, Akdokaıda atasynyñ ıanynda jaılanypdyr.
 
         «Bilmeıän soranlara aıdyñ bu garyp adymyz,
Asly Gerkez, ıurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.»
 
  Magtymguly başlangyç ylmy, atasyndan alıar, soñ bolsa Hywanyñ belli Şirgazy han medersesine okuwa gidıär. Şahyr ol ıerde üç ıyl okandan soñ, dogduk diıaryna gaıdyp gelıär. Käbir rowaıatlara göra şahyr Halajyñ Edris-baba medersesinde hem okapdyr. Rowaıatlara göra, ol Buharada okap ıören döwründe, Siıriıeli Türkmen Bahyır ogly Nurykäzim bilen tanşyp, bilelikde Türküstanyñ köp ıelerini siıahat edip, Kabulyñ üsti bilen Lahura çenli ziıarat edenmiş. Şahyryñ «ilkinji kuwwat tapyp», gazal aıytmaga başlamagy göıä 9 ıaşynda «Turgul diıdiler» goşgusy bilen başlanan eken.
  
    Magtymgulynyñ ıaşan döwri-18-nji asyr- Türkmen halkynyñ iñ galagowuply döwüri bolupdyr. Bu ıagdaı 1736-nji ıyldan soñ ıagny Nedirşa özüni Eıranyñ şasy hökmünde jar edenden soñ has-da çylşyrymly bolıar. Nedir tagta geçenden soñ guduzaçan ıaly goñşy halklaryñ üstüne gan döküşikli çozuşlar edıär. Onuñ ganly gylyjy Owganystanda, Hindistanda  we Türküstanda şowurdap, günäsiz oturan ilatyñ üstünden iınıär. Şol esasda Hiwa, Buhara hem tabyn edilıär. Elbette Nediriñ ganly ıörişleri Türkmen halkynyñ üstünden hem sawa geçmedi. Özüniñ siıasy özbaşdaklygyny saklamak Türkmen halky üçin ıeñil düşmedi. Magtymguly öz goşgularynda Nediriñ ganly ıörişlerini berk tankyt gamçysy astyna alıar. Şahyr, şa bilen aldym-berdimli söweşe giırıär. Rowaıatlara görä, Magtymgulynyñ golıazmalary, Gyzylbaşlaryñ şol talañçylykly ıörişleri netijesinde ıok bolupdyr.
  Nedir şa, 1747-nji ıylda öldrülıär. Ol ölenden soñ gol astynda bolan ıurtlary üstünde häkimiıet ıöretmek ugrunda ganly göreş başlanıar. şeıle göreşleriñ netijesinde Owganystanda Ahmat Dürräni özüni şa diıip yglan edıär we öz häkimiıetini berkitmek üçin iki gezek hat üsti bilen Türkmenlere ıüzlenıär. Eıranly taryhçy Saniı-et dowle صنیع الدوله öz «Mätle-ol şämes مطلع الشمس »(Dañ şapagy) atly eserinde –kitap daş basma görnüsünde Tehranda çap boldy– bu hatlary getiripdir. Hatlar Gerkez han-begleriniñ adyna ıazylypdyr. Çowdurhanyñ baştutanlygynda Döwletmämediñ iki sany ogly Muhommetsafa bilen Abdylla, söweşmäge gidıärler we gaıdyp gelmeıärler. Magtymguly Atasynda rugsat diläp, doganlarynyñ gözlegine çykmakçy bolıar, emma iki oglunyñ ıoguna ıanan Azady oña rugsat bermeıär. Şahyr öz «Oglum-Azadym» goşgusynda bu hakda ıatlapdyr.
 
    Magtymguly ıaşlygyndan daızasynyñ gyızy Meñlä aşyk bolıar. Aıdylşyna göra Meñliniñ hakyky ady İañybeg bolup, Magtymguly yşyk syryny ile ıaımajak bolup, onuñ adyny Meñli diıip tutupdyr. Meñli(İañybeg) Meded päliwanyñ gyızy eken. Magtymguly, Hywada okap ıören döründe Meñliniñ «Şyhym Harpyga» berilıändigini eşidip, onuñ bilen eden ähdi-peımany ıatlap, «Nowruzdan seni» diıen otly setirleri ıazıar.
  Rowaıatlara görä, şahyr göıe uruşda wepat bolan agasynyñ aıaly–ıeññesine öılenenmiş. İöne munuñ beıle bolup bilmejegini aıdıanlaram bar, sebäbi yslam dininyñ ähli kadalaryny oñat bilıän Döwletmämet, giden ogulundan doly habar gelıänça, onuñ maşgalasyny beıleki ogluna nykalap bermez, uruşa gidenlerden bolsa habar-hatyr bolmaıar. Magtymguly soñra Akgyız bilen durmuş gurıar, ondan  Ybraıym bilen Molla Bäbek dogıar, emme olar ir dünıäden gaıdıarlar.
                       
Göreşjeñ şahyr
 
«Magtymguly...
Türkmen tireleriniñ hemmesi üçin deñ derejede
 gymmatly görülıän we umumy milli şahyr hasaplanıar.»
                                                                                  Akademik A.İ.Krimiski
 
   Magtymguly öz döwrüniñ uly akyldary, döwrüniñ sosıal hem siıasy durmuşyna çuñ hem giıñ dünıä garaıyşy bilen göz ıetiren şahsyıet. Munuñ şeıledigine şahyryñ bize miras goıup giden ajaıyp setirleriniñ akyl sütünini emele getiren oılanmalaryna göz gezdirmek ıeterlikdir. Şahyr, Türkmen halkynyñ siıasy durmuşynda ıüze çykan agyr şertlerine çeper analiz bermek bilen bu ıagdaıdan diınmagyñ ıoluny agtarıar:
 
         «Musulmanlar gylyç goısa bir-birine
         Döwlet dönüp, dinlar nugsana gelgeı,
         Zulum eıläp, bir-birin salsa esire,
         Pelek bu pikirden puşmana gelgeı.
 
         Bir-birini çapmak, ermes ärlikden,
         Bu iş şeıtanydyr, belki körlükden,
         Agzalalyk, aıraı ili dirilikden,
         Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeı.»
 
   Bu setirlerde öñe sürlen pikre, gönüden-göni, beıik şahyryñ öz döwrüniñ siıasy gurulşyny analizlemek netijesinde orta goıan jemgiıetçilik-siıasy ähmiıetli açyşy hökmünde baha bermek dogry bolar. Sebäbi Magtymgula çenli, 18-nji asyr Türkmenleriñ jemgiıetçilik-siıasy durmuşyny analizläp, şeıle dogry netijä gelen başga bir akyldarymyz ıok diıseñ boljak. Şahyr, Türkmen halkynyñ siıasy durmuşda düşen kyın şertiniñ düıp sebäbini daşardan abanyp gelıän howplardan başga, tire-taıpalaryn arasyndaky agzalalykdan görıär. Has takyky, şahyr, öz kalbyny lerzana salan bu aıylyganç hakykaty düıp-teıkary bilen ıazgarıar. Uly pähimdar, tire-taıpa duşmançylygynyñ möwç uran döründe munuñ Türkmen halkynyñ ykbalynda ıitmez tagma bolup durandygyna aıdyñ göz ıetirıär:
 
         «Derdim bar, diıarymdan, döwrümden,
         Haıyr kaısy, yhsan kaısy bilinmez.
         Zalymlaryñ jepasyndan, jebrinden,
         Yslam kaısy, iman kaısy bilinmez.»
 
   Hakyıkatdan hem öz dogduk diıarynyñ derdi, ıaşan döwrüniñ derdi, hut şahyryñ öz derdi. Sebäbi Magtymguly öz ülkesiniñ, öz zamanasynyñ agysyny aglan şahyr. Şonuñ üçin ol öz töwereginde görüp-eşiden wakalaryndan, aldym-berdimli durmuş hadyısalaryndan akylly-başly baş çykarjak bolıar, halkyñ başyna düşen agyr günlerden diınmagyñ aladasy bilen ıaşaıar. Bu, elbette, şahyra ıeñil düşmeıär. Ol agyr oılaran soñ, özüniñ çykalga tapman kösenıändigini, umyıtdan düşüp aljyrap oturıandygyny-da giızlejek bolmaıar. Türkmen topragyna daşarky duşmanlaryñ talañçylykly çözuşlarynyñ dowam edıän döwründe, tire-taıpalaryñ özara oñuşman, bir-birini çapyp ıörmeginiñ hakykatyny şahyr ölüm bilen deñeıär:
 
 
         «İstär elden çyka, döwlet humaıym,
         Doga kylyp, döker bolduk ıaşymyz,
         Dilegim duş eıle gözel Allahym,
         Ersgin boldy, gitdi, gyzyl başymyz.»
 
   Gyzylbaşlaryñ ersgin almagy, şahyryñ liriki gahrymanynyñ ruhy çökgünliginiñ düıp sebäbidir. Ol, duşman ordasynyñ Türkmen topragyna ganly toınagynyñ düşmezligi üçin gije-gündiız doga kylmaga, nalyşly dileg etmäge hem taııar:
 
         «Hyzyr gezen çölde iller ıaıylsyn,
         İurt binamyz, gaıym bolsun, goıulsyn,
         Çille mes nerlermiz barça aıylsyn,
         Bir suprada eda bolsun aşymyz.»
 
  Ol, şeılelik bilen Türkmen tireleriniñ bir supranyñ daşyna egrilmegini arzulaıar:
 
         «Türkmenler baglasa bir ıere bili,
         Guradar Gulzamy, derıaı-e Nili,
         Teke, İomut, Gökleñ, İazyr, Alyly,
         Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.»
 
İa-da
         «Hor galmasyn puştder puştum,
         Berkarar döwlet islärin.»
 
   Şahyr öz öñe süren ideıasynyñ, Türkmenler bir millet hökmünde ıaşamalymy ıa-da ıaşamaly dälmi diıilıän heıhatly döwür bilen baglydygyny nygtaıar. Şoña görä, şahyryñ jandan syzdyryp gaıtalaıgy ıaly, Türkmen tire-taıpalarynyñ birligi, «jan gerekmi, pyçak»– döwrüniñ öñe çykaran talaby.
 
   Magtymgulynyñ, Kemal han Owgan diıen şahsyıeti, Ahmathan Dürräni. Sebäp, ol döwürde ol, Eırany şaıylaryñ agalygyndan çykarmaga kasam eden kişidi. Bu waka, şaıy mezhebine eıerip, goñşy ükelere talañçylyly ıöriş geçirıän gyzylbaşlaryn çym-pytrak bolmak arzuundan gelip çykıar:
 
         «İomut, Gökleñ täsiıp edip özünden,
         Çekse goşun, öñi, ardy bilinmez.
         Sygmaı çyka deşt-o- dahan düzünden,
         İörän ıoly, gonan ıurdy bilinmez.
             
         Üç mün naıza bazy bardyr nökerden,
         Dört müñ pildary bardyr gala ıykardan,
         Teke, Salyr ıöriş etse ıokardan,
         Öñünde çömüç, kesek, gerdi bilinmez.»
 
   Şahyr orta çykaran durmuş hakykatyny paıhas eleginden geçirip, zamanasynyñ betasyllygy, asylzadalykdan ileri tutıan döwür bolandygy, ıagşylygyñ egsilip, ıamanlygyñ möwç urup joşıan, Piıgambar ornunda oturan kazylaryñ-da gara nebisleriniñ guluna öwrlüp para üçin el serıän, hatta dindarlaryñ dünıä maly üçin öz dininden el göterıän, gamçysyndan gan damıan zalymlaryñ zulmundan, garyp-puharayñ horlanıan, ejir çekıän, asylsyz beglere dowran dolanyp, şumlyk, haramylygyñ artan zamanasy bolandygyny we şol zamanyñ pessat bolanyny ıazyp, «panydan, bakaıa gitmeli» bolıandygy üçin gussaly oılaryñ girdabyndan çykyp bilmeıär. Döwrüñ kemçiliklerini düzetmek üçin, şahyır çäre agtarıar:
 
         «Bakyñ bu eııamy, görün gerdişi,
         Pahyıra zulum etmek, zalymyñ işi.
         Hak ıolunda dogry gezen derwüşi,
         Goımadylar, öz halyna ıatmaga.»
            
         «İüregim sabyrdan gitdi, karardan,
         İaman işdir bogaz bolmak är, ärden,
         Biızara gelip men şeıle diıardan,
         Jür bolup men başym alyp gitmäge.»
 
Milli şahyryñ medeni mirasyny öwrenmek
 
«Magtymguly sözle herne bileniñ,
  Özüñe kemlik bil aıytman öleniñ,
  Taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ,
  Senden soñkulara ıädigär bolar.»
 
   Sözümiziñ başynda belläp geçişimiz ıaly, milli şahyrymyzyñ edebi mirasyny öwrenmek işi baryp Türkmenistan jemhuriıeti gurlan ıyllardan  ıagny 1924-nji ıyldan bäri yızy giderli dowam edip gelıäär. Şol ilkinji ıyllarda şahyryñ diñe il-güni wasp edıän goşgularyny çap edip, başga temaly goşgulary ünsden düşrüldi. Muña döwrüñ siıasaty güıçli täsir etdi. Ynsankärçilik düzgüni wada beren bolşevikler şahyrymyzyñ milli duıgulary ösdürıän goşgularyny öwrenıän we öwredıän alymlaryñ erkana işlemegine hem ıaşamagna ıol berip bilmediler, olary yızarlap başladylar, ençemesiniñ bolsa başyna ıetdiler.
   1940-nji ıylda ıazu hat, Latyndan rusça üıtgedilenden soñ Magtymgüly şynaslarmyz rus haty esasynda taııarlanan tekstler esasynda işlemeli boldular. Bu ıagdaı bir näçe kyınçylyga alyp geldi:
 
1.Şahyryñ adyna toplanan ähli golıazmalar arap hatynda, şoña görä bu haty, arap-pars dili bilmezden Magtymgülyny tanamak we tanatmak mümkin däl.
2. Doly analiz etmezden başga klassik şahyrlaryñ goşgulary Magtymgula berildi.
3. Şahyryñ arapça ıazylan teksti rus/kril hatyna geçirildi. Esasan arap sözlerini rus haty bilen doly ıazyp bolmaıar. Şol esasda bir topar sözler ıalñyş ıazylyp, köp säwlik goıberildi.
4. Kommunistik ideologiıasynyñ Türkmen gullary, Magtymgulynyñ atyna bir näçe ıasama goşgular düzüp berdiler we şahyryñ edebi mirasyny galplaşdyrdylar.
 
Sözümiz gurak bolmaz ıaly, kä bir mysallary alyp göreıliñ:
 
         «Ajap kurhan gerekmes, azan gerekmes.»
                                  Gerekmes goşgudan
 
         «Diıerler har Dejjal jahana geler,
           Ne,ajap nakyldyr, kim ony biler.»              Jeñ sesin añsa
 
         «Behişt ıerden çyksa asman üstüne,
         Nury bilen jümle jahan örtüner.»         Jahan örtüner goşgudan
 
         «İer astynd, ajap behişt rezwanda,
         Dirilerge ab haıat gerekdyr.»              Gerekdir goşgudan
 
Yslam ynanjyna görä behişt ıeriñ astyndan dä-de asmanda durıar.
 
         «Kitap açyp ança dine duş bolup,
         Yslam kaısy, kurhan kaısy bilmedim.»
 
Dini meselelere belet Magtymguly ıaly alym, heı-de şeıle sözlärmi?!
 
İa-da
         «Pelek sen hem bir dem aman eılegil,
           Biz nadan ıesire döwran eılegil.»                  il geçer
 
        
«Magtymguly gaıra çekgil özüñi,
           Anyk bil, oıarlar gözüñi,
           Diñlän ıokdur, zaıa kylma sözüñi
           İndi senden habar alan bolmady.»         Zaman bolmady
 
         «Nadan menem, düşdüm pelek toruna,
           Çoh garaşdym, ajap eııam gelmedi.»
 
İa-da
         «Hak sözüne ynanmazdym men daıym,
           Hijrandan tutupdyr kerwön saraıym.»              Baradyr
 
İa-da
         «Magtymguly ıaryımadym,
           Perzent pohun arytmadym.»   Soıüş bile
İa-da
         «Gözi nergis, boıy şemşat,
           Kirpikleri misli polad.»           Güle meñzär
 
Heı-de Magtymguly ıaly dile baı şahyr şeıle ıeñil-ıelpaı meñzetmelerden peıdalanarmy?
 
İa-da
         «Magtymguly akly çaşan,
         Gözläp gidermi gardaşyn.»       Seıran eıledy goşgudan
 
İa-da
         «Aryp bolup, mest bolupdyr tilkiler
           Magtymguly çaşyp, lala dönüpdir.»            Bil indi
        
«İl sözüne ynandym men ıazykly biçäre.»
                            ¤¤¤¤
         «Gözel alsañ aryplara gulak goı.»
İa-da
         «Pyragy sözüñden matamdyr iller,
         Sözlemez lal boldy gör asal tiller.»      Dünıä goluñdan goşgudan
 
İa-da
         «Asal erdi sözlerim»  sözlerimden
İa-da
«İstemez men ol behişti,
Behişt mekanym bar meniñ.»  Bar meniñ goşgudan
 
Bir-birine zor bilen baglanıan beıitleri alyp göreıliñ:
 
         «Dag başynyñ dumany bar,
           Her bagyñ bagbany bar,
           Adam ogly zenany bar,
           Gözüm düşmer ol jenana.»        Bu dahana
İa-da
         «Gökleñ içre bir özüm,
           Galyp men arman bilen.»
                           
Magtymguly hiç mahal menlik satan şahyr bolmandyr.
 
İa-da
         «Utanmaz adamdan, namart ıagşydyr,
         Howtyr eıleıer, märekä barmaz,
Dendan pena, zyban dahan nagşydyr,
Lep bilen gaş her zibaga ıaraşmaz.»     Märekä barmaz
İa-da
         «Magtymguly ismiñ seniñ bolsun gerekdir pyragy,
         Mar golundan dindim disem, geldi hijranyñ.»    Bendi boldum
 
  Sözlük we düşündiriş bölümi düzenler-de käbir düıpli ıalñyşlygy goıberipdirler. Mysal üçin: Aly sözüniñ düşündirşinde ony Muhammet pigamberiñ daıysy dilipdir, hakykatdan bolsa ol pigamberiñ dogan oglany.
  Howa! Bular ıaly mysallardan getirseñ getirip oturmaly. Beıle ıalñyşlary düzletmek üçin ıörite ylmy ıygnak we akademik konferensiıalar geçirmeli. İöne, gyınansagam, milli şahyrymyz hakynda edilıän galplyklar bu günler başga görnüşde dowam edıär. Ol-da Sovet döwründe dini mazmunly goşgularyñ çap bolmagyna rugsat berilmedik bolsa, bu günler analis galbyryndan geçirilmän, käbir dini goşgulary Magtymgulynyñ adyna berilıän halatlaryna köp duş gelinıär. Hakyky magtymguly şynaslar, şahyryñ goşgy stiline/ıoluna belet, bolmadyk bolsa öwrenmäge wagty gelendirem geçendirem.
 
  Milli şahyrymyz Magtymguly hakynda bolan ıalñyşlyklar diñe onuñ goşglary bilen çäklenmäni, eısem şahyryn hatta ıüz keşbine-de ıetdi. Baryp 40-nji ıyllarda Türkmenistanyñ belli suratkeşi Aıhan Hajyıeviñ çeken suratynda, şahyryñ başyna çür telpek geıdirildi. Dogurdanam Türkmenlerde şeıle telpek bolupmy, ıogsa, bu, Hurasan Kürtlerine mahsus baş börükmi? Bilmedik!
   Magtymgulynyñ dogany Gahyırgulynyñ nebirelerinde Jergelanda ıaşap öten merhum Ata işanyñ ogly merhum Gara işanyñ 1986-njy ıylda maña gürrüñ bermegine görä Magtymguly kak çekgeräk, goıun göz, çaky burun bolup, sakgaly sary, saçlary gara, sag gulagynyñ içinde tüıi bolanmyş.
 
   Beıle galplyklara çydap bilmedik ildeşimiz Dañatar duıgusyny şeıle beıan edipdir:
         «Her kim Pyragyda özün görmän.
         Pyragyda, Pyragyny görmeli.
         Pyragyñ ıerine özi sözlemän,
         Pyragyıñ özüne söz bermeli.
          Pyragydan proletariıa bolarmy,
         Başyna çür telpek geıdirmek bilen
         Magtymguly, Maksim Görki-de bolmaz
         Dimedik sözlerini didirmek bilen
         Terki dünıä ruhany-da däldir ol
         Uımadyk ıoluna uıdyrmak bilen
         Magtymguly, diñe, Magtymgulydyr,
         Magtimgulygyna örän uludyr.»
                          
Magtymgulynyñ adyna berilen goşgular
 
   İlkinji gezek aıdym-saz öwreniji rus alymy Uspinski bagşylardan ıygnan birnäçe goşguny Magtymgulynyñ adyna berıär. Olaryñ arasynda «Meñlä» degişli goşgular bar.
   Rus gündogarşynas Samiloviç 10 sany golıazma duş gelipdir, onuñ pikriçe Magtymgulynyñ goşgulary 250, 260-dan köp bolmaly däl.  
 Sovet döwründe Magtymgulynyñ adyna giden bir topar goşy berildi. Bu işde filosofiıa ylymlaryñ doktory Gylyç Mülliıev «uly tagalla» etdi. Ol «Matemi» lakamy bilen 36 sany goşy çykarypdyr, hem-de 250-den gowrak goşguny Magtymgulynyñ adyna, ylymlar akademiıa beripdir. Gylyç Mülli bu barada öz ıatlama depderinde şeıle bellik edipdir:
 
« Türkmenleriñ uly ıedigen ıaly ıedi geçmiş şahyrynyñ içinde iñ ulusynyñ mirasynda jedelli ıerleriniñ bardygyny uly il bilıär. İöne onuñ öz wagtynda meniñ günäm bilen dörändigini bilıän kän däldir. Men ol läheñiñ/Magtymgulynyñ birnäçe müñ setiriniñ hut özüniñkidigine kepil geçip biljek däl. Onuñ adyna geçirlende bolsa, ol goşy-gazallaryñ anyk kimiñkidigini bilıän ıok, ony menem bilemok. Olaryñ asla avtory ıok. Emma öz wagtynda men olary uly İedigeniñ haısy birsine beren bolsam, olam Türkmeniñ iñ uly şahyryna öwrüljekdi. Meniñ wezipäm olaryñ içinden iñ mynasybyny saılap tapmakdy. Men şony hem etdim. Olaryñ diñe onuñkydygyna wagtal-wagtal özümem ynanıaryn. Munuñ üçin isleseñiz meni ıazgaryñ, isleseñizem ıalkañ… ol goşgular bolmadyk bolsa, «Dindar şahyr, dini wasp edipdir, söwda burjuasiıasynyñ wekili» diıip, oni «it alan sanja» dönderip barıardylar. Milli guwanjymyzy bir topar nadandan halas etjek bolup, meniñ öz halkymyñ öñünde günä iş eden bolmagym-da ahmaldyr? Men beıik şahyryñ mirasyna el gatanyma ökünıän…ol goşgulary meniñ atam pahyr… İeri bolıar, bu hakynda soñ bir gün…» (Mülli Tahyryñ hudaılygy)
 
  1983-nji ıylda Türkmenistan SSR ylymlar akademiıasynyñ Magtymguly adyndaky Dil we Edebiıat inistituty tarapyndan çap bolan «Magtymguly» saılanan eserler 2 tomluk. Çapa taııarlanlar: Geldi Nazarov, Abdyrahman Mülkimanov we… kitabyna salgylanyp, şahyryñ adyna berilen käbir goşgulary belläp geçıäris. İeri gelende aıtsak bu goşgulara daş basma nusgalarynda-da gabat gelinmeıär:
 
1-nji tom:
 
Türkmeniñ           s.11
Kaıda sen            s.26
Uçdum ıaranlar s.30 Weırana geldi s.36 Molla Bäbek s.36  (Muny Artykmuhammet Seıdynyñ goşa pudagyndan alyndy diııänlerem bar) Eılediñ          s.37
Muptala kyldy s.56 Reıgan eıledi s.61 San bolsam s.67 İllerden aılandy s.68 İstemen                 s.69
Toba eıledi s.70 Oıanmaz s.71    Mätäç eıleme  s.73 Dert iññildär s.74 Bagtym garadyr s.74 Merdan kaısy  s.76 Ballar mesgeni s.78 Güle meñzär    s.78 Solupdyr pygan bilen s.79 Syılmaı boldum s.80 İagşysyn s.81 Nagahan pelek s.82 Daş galdy                s.83 Har kyldy s.85 Zamanydyr   s.85 Läşler aglar s.86 Aırylyp           s.87 Hindistanda hyıalym s.87
Bar meniñ             s.89 İyl bile                   s.90 Nurana düşmez s.91 Görmişen             s.92 Bu gün                   s.93 Neıläıin indi  s.93 Meñli ıarymdan s.94 Pany jahan gerekmes s.95      
Boılaryña s.96 Köñüldir weıran s.96 Gyımaz gözüm s.97 Uıat eılär                   s.98 İar ıüzünden  s.99 Aıyt                     s.100 Gülzar oınaşar s.101 Jan eıledi s.101 Azadym kany? s.102 Küläli geldi    s.104 Baş bolmañ    s.104 Gidiji bolma  s.113 Çowdur han   s.128 Zarlar içinde  s.129 Döwletalynyñ s.131 Fettah                 s.132 Huşdan aıryldy s.137 İliñi                  s.138 Bizge rowana s.138 Göç ıigitler  s.139  Jan istär   s.141 Amana geler  s.141 Namys arymdan s.142 Mert bolmaz s.143 Hasar dagynda s.143 Galdy neıläıin s.144 İl gözlär                s.145 Ozan geler s.146 Gülzar men s.146 Gulagyn tutmaz s.147 Gözel Şirgazy s.148 Terk eıle bu mekany s.149
İetirmez hijran s.151 Daşynmaza              s.151 Mal ıagşy s.152     Mal istär             s.153
Mert kyldyñ                 s.153 Abdylla s.154 Türkmen binasy s.155 Görülsin indi s.156 İörmeli boldy s.158 Döke başlady s.171 Gaça başlady   s.174 Nas atan  s.182 Naskeş       s.183 Çilim                 s.184 Çilim çekmegil s.185 Munda çilimkeş s.188 Siıagyndan bellidir s.190   
İol alar              s.190 Ody ıigidiñ     s.191 Gyş bolar s.192     Alan ıagşydyr s.193 İekäniñ s.194       Yrak eıle özüñi s.202 İar olmagyl    s.204 Sazyna degmez s.210 İüz bolar s.219    Mert biläni s.221 Lerzanadyr s.221 Gerekdir s.222    Jahan örtüner s.223 İolun añlamaz s.224 Duman gitmez s.224 Dert nedir s.225    Köp bolsa       s.226 Aşy tapmaz sen s.227 Geçip baradyr s.227 Aırylsa s.228     Üssesi bolmaz s.228 Namys-ary gerekdir s.231              
Bile myhmandyr s.231 Söwüş bilen s.232 Weıran eıledi s.233 Tuta başlady s.233 Sözlerim s.234 Zamana bolmady s.234 Jeñ sesin añsa s.235 Unudar ol ıoluny s.236
Solan ıalydyr  s.237 Bu dahan s.237 Biläni(dag dereler…) s.238
Käre döndi        s.239 Ynsan ugraşsa s.241 Tekepbirlik eılär s.242  
Söz manysyny bilemeginçe s.243 Söımek biläni s.244 Bil indi s.245     Tä algança gözüni s.246        
Baradyr s.247     Biçäre        s.248 Baş ıagşy  s.249 İanan barmy? s.250 Begler(Mert bilen namardyñ…)  s.252 Syın bilem      s.252 Gezip başlady s.253 Märekä barmaz s.255 Malyna degmez s.255
 
İkinji tom:
Ajap eııam gelmedi s.5           
İuwdup baradyr s.6 Roı syıadan gaıry s.8 Şol mähribanym geldi s.17      
Aırylma               s.21 Ne peıda s.21      Gara daşdan aırylsa (gaıtalanma)    s.22 Begler(gaıtalanma) s.23 Haty näbilsin     s.24 Bibat görner(şüpheli) s.36 İolmuş bu dünıä s.39   İany bile s.72       Utup baradyr (Bu pany…)            s.82  At galmady       s.83 Az eılediñ       s.84 Mallar dargady s.84 Sürdi-de bardy s.85 Bela boldy s.85 Düırüp baradyr s.86 Duman görüner (Seri duman…)    s.87 Gidip baradyr(şüpheli) s.88       
Pyragy(Pelek baglan) s.89       
Mukam gaşynda s.89 Dünıä golundan s.90 İaslar içinde   s.91 Gelip düşdi      s.92   İl geçer  s.93        Ötüp barmyş s.94 Nadan pelekden s.96 Pisat dünıädir s.97 Zemine batar s.99 Hanyñ galdy s.100 Aman-aman s.101 Hary-zar bolduñ s.102 Sowrup gidipdir s.104 Pelegiñ    s.104 Dünıä, heı   s.105 Jela eıledi    s.120 Hak menzil etdi jana s.126        
Gülen barmy?(Eı, ıaranlar…)      s.130  İl bolmaz s.131 Bunıat ilen s.131 Pelegidir(şüpheli) s.136        
Adam ata bilen duşdy(şüpheli) s.150 Bilal bar s.151 «Oıan» didiler s.156 İar çeker       s.157 Dert biläni(Gel köñül…)         s.159 Öter bu dünıä(Hoş gal…)             s.161 Bolmaz, ıaranlar(Bir zaman…)         s.162 Al eder s.164 Aırylmadymy? s.164 Köp jan geçipdir s.166 Kimse gelip baradyr  s.168
Didi: «habar ıok sizdeb»           s.169 Kany?              s.170 İetişse           s.171 Jan eglenmez s.172 Rowaç oturmyş s.173 Mah-u sallar  s.174 Öter gider(Köñlüm…) s.175       
Zamana ahyr bolanda s.175     
Tumar gördüm s.176 Bolup ötdi(Dünıä…) s.177 
Dal olar    s.178 Dükan görüner s.188  Seıran içinde (Eı, ıranlar…) s.189 Gurulmasdan burun (Şüpheli-Jismi kanundan)        s.189 Ynsan ıaratdy(şüpheli) s. 190
 
 
   İokarda agzalan bu tema ylmy jedele açyk. Esasan şahyryñ tankydy tekstini taııarlamagyñ wagty geldi-de geçdi. Bu meselä, ıersiz täsip bilen däl-de ylmy nokdaı nazardan sertmeli. Sebäbi beıle ıagdaı ähli klassiki şahyrlaryñ başyna gelen zat. Sivilizlenen döwletlerde bu barada eııam ylmy işler edildi, ıöne bizde bu iş gaty gijä galdy. Bagşylar söıülen aıdymyñ goşgusyny Magtymgulyñky diıdiler, kätipler, molla-miftiler her bir dini şygry Şahyryñ adyna berdiler, şeıdibem köp bulaşyklyk emele geldi. Şoña görä Magtymgulynyñ tankydy tekstini taııarlamak işi diıseñ derwaıys mesele.       
        
  Magtymguly şahyr barada maña köp zat öwreden merhum Sapar Ensary,ıe (Ahall-a) minnetdarlygymy bildirip, sözümi jemleıärin.                                    
   
Peıdalanylan çeşmeler
 
1. Alehander Chodzko: Specimens of the popular poetry of Persia.
    Harrison & co printers. 1864 London
2. Dañatar: Salam Pyragy. Berlin 1991.
3. Mirniıa. S: Deregezde ıaşıan ilat. Maşat. 1982
4. Bastani Parizi: Heşel-heft. 2-nji çap. Novin neşriıaty. Tehran 1989 S. 349
5. İüsüp Azmun: Magtymguly kim? Inglis dilinde.
6.Almaz İazberdi: Biblioteçno-bibliografiçeskoıe. Aşgabat. Ylym 1988
7. Makalada agzalan dürli çeşmeler we artikeller.
8. Mülli Tahyryñ hudaılygy-ıatlamalary. Akmuhammet Welsapar. Sweden 1996
9. Şahsy barlag işlerim
   

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org