Gökdepe elegýasý(Tawuşy)
Mesgingylyç Gökdepe elegýasý(Tawuşy)
    Belalardan nyşan !
Eý Hudaýa toba kyldym, bu ne apatdan nyşan,
Elaman, heý elam, sakla belelardan nyşan,
Arş-u kürs, luh-u kalam, asman, zemin eýlär pygan,
Bu musulman nalyşyga, ýer ýüzün aldy duman,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Kim musallat boldy bizge, yşbu kapyr öwrülip,
Köp musulmanlar şehadet tapdy, gumga garylyp,
Ata oguldan, ene gyzdan, dost ýardan aýrylyp,
Gök öwrülip, dag sarsyp, ýedi gat ýer ýarylyp,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Lagnaty dejjal läýin, gopgan gibi boldy beşer,
Gyrmyzy ganlar döküldi, akdy derýa dek nehir,
Kerbela şehitler dek, boldy öwlad-e beşer,
Kimi magryp, kimi maşryk sary boldy derbe-der,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Ýyglañyzlar eý musulmanlar ki matamdyr bu gün
Soldy gül, urdy hazan, bilbi dili semdir bu gün,
Kapyra paýmal bolup, ummat-y Hatamdyr bu gün,
Ummatyñ halyga, fahry jihan gamdur bu gün,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Waý, bul kim bizlere bir patışah rehber gerek,
Ol Ababekir, Omar, Osman kimin efser gerek,
Zulpugaryn çalgujy arslan Aly haydar gerek,
Hem Musayyeb-o, Sagyd-y wakkas, Malik-e aždar gerek
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Waý, alar bolsa garyplar halyny sorgaý eýdi,
Kapyra garşy durup, din gyljyn urgaý eýdi,
Otuz üç müñ ähl-e yshap sep bolup durgaý eýdi,
Ýer bilen ýegsan edibän, baryny gyrgaý eýdi,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Uşbu gün matam tutup, haywan-ynsan ýyglaşar,
Gök lerzan urup, ýer-o asman ýyglaşar,
Nala dartyp, hem bulutlar, çarh-y eýwan ýyglaşar,
Teke halky zar-o gerýan, köp musulman ýyglaşar,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Wa daryga sernegun boldy, Söyün han illerim,
Gözi gerýan, bagry berýan, hana weýran illerim,
Çäre ýokdur, hak tagala kylsa perman illerim,
Belki kylgaý hak ýene müşkülni, asan illerim,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Bu musulmanlar tamam, efzel-e ummat boldular,
Munda rehmet aldy, onda ähl-e hyzmat boldular,
Howuz-e köwser saýasynda saky-ýe şerbet boldular,
Ýokdur arman, barysy hüýrlege ülfet boldular,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Wa haçan bolgaý bizlerege bagyt, kadyr Huday?
Uşbu jebir-o hem sütemler, günbe-günden, ýyl-o aý,
Bizge kyldy bi wepalyk, bu harap, köne saraý,
Bu ne apat, bu ne zulmat başymgyza, waý-waý,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Ajyzy Mesgingylyç kyl toba, çendan yýglagyl,
Hemdemim ussa Myrat, hatyry perişan ýygşagyl,
Dembe-dem äfgan kylyp, çäk-o gerýan ýyglagyl,
Çoh olaryñ bolganyn, ähl-e dessan ýyglagyl,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Käbir sözleriñ düşündirişi:
*Luh-u kalam: kalam eýesi, Hudaý, Tañry
*Dejjal läýin: näletlenen dejjal, aldawuñ simboly, dini rowaýatlara görä ol ahyrat gopmazdan öñ eşegi bilen gelip, tylla paýlap, adamlary ters ýolla çekjekmiş.
* Nehir: derýa, aryk
* Öwlad-e beşer: ynsan ogly
* Maşryk: Gündogar, magryp, günbatar
* Paýmal: aýak asty, depgilenmek
* Ummat-y Hatam: Jomart halk diýmek
* Fahry jihan: Dünýäniñ buýsanjy, bu ýerde Muhammet pygamber
 * Rehber: serkerde, lider
* Musayyeb, Sagyd-y wakkas, Malik-e aždar: Arap, musulmalarynyñ serkerdeleri
* Ähl-e yshap: Muhammet pygamberiñ ýarany
* Wa daryga: wah, nädeyin
*Sernegun: düñderilmek, agdarylmak
* Söyün han: Teke bilen ýomutlayñ nesilbaşysy
* Hana weyran: öýi ýykylan
* Bu musulmanlar tamam, efzel-e ummat boldular: Gökdepede şehit bolan bu musulmanlaryñ hemmesi, halkyñ baş täji boldy
* Anda: Ol dünýäde, behiştde
* Saky-ýe: Şerap guýujy, beýmçi
* Ülfet: ýoldaş, syrdaş
* Zulmat: Garañkylyk, bu ýerde zulum
* Äfgan: nala, pygan
                                                
Latyn hatyna geçiren we sözlere düşündiriş beren
Akmyrat Gürgenli
09.01.2006   

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org