Makala

GLOBALLAŞMA, DINI FUNDAMENTALIZM WE TÜRKMENLER

Pars dilinde çykyp ugraly aradan bir ıyl geçensoň "Türkemensähra" indi "türkmenleşıär". Hiçden giç ıagşi.
Bu-da guwanara bir delil!

İurt içindäki türkmenleriň daşardaky ildeşlerini gyzyklandyrıan temalary täsin ıa ters görmegi mümkin.
Göz öňünde tutulıan döwür bilen dikleşmek däl-de, deňleşmek.

2001-nji ıylyň 11-nji sentıabyry tutuş 20-nji asyryň soňky çärıeginde dünıäniň köp ıerlerinde özüni
duıduran siıasy fundamentalizmiň täze dini görnüşiniň gelip dünıä siıasatyna girenligini görkezdi. Şu çaka
çenli milli döwletlilik serhetlerini söküp taşlamak bilen çäklenen oňaısyz globallaşyga görkezilıän
garşylyk-da, öz gezeginde, globallaşma bilen baglanyşyp, serhetleriň gelejekde sandan galjakdygyny
görkezıär.

Fundamenalistik ideologiıalar hem hereketler, aslynda, deň güıçde, deň täsirde bolmasa-da, 1970-nji
ıyllardan bäri dünıä medeniıetleriniň barynda göze ilip gelen zat. Her niçik-de bolsa, siıasy
fundamentalizm ıeke-täk oňaısyz globallaşygyň önümi däl. İöne ol işjeň faktor hökmünde global sahna
aralaşyp bilıär.

Globallaşyk dünıäsinde "medeni faktor" köp babatda möhüm rol öıanaıar. Ol siıasi, yktysady faktorlar ıaly
hadysalaryň gidişine täsir edip, olaryň netijelerini şertlendirip bilıär. Medeni motiw, getirilıän delilleriň hem
her babatda köp-gatlak hem çylşyrymly sebäpleri bolıar. Onuň täsiriniň haısy ugra gönükdirilendigi hem
aıyl-saıyl bolanok.
 
Medeni ara tapawutlar bir tarapdan adamlary aıak üstüne galdyrara serişde bolup, dini we siıasy aktorlaryň
sosiıal, siıasy häkimiıet bähbitleriniň legitimatsiıasyna hyzmat etse, bir tarapdan-da häzirki globallaşan
dünıäde adamlaryň siwil jemgiıet initsiatiwalarynda medeniıet-aşa hyzmatdaşlyklaryna ıol açıar. Bu hem
ortak sosio-siıasy düıp ynançlara daıanıar. Tejribäniň görkezişi kimin bular ıaly medeni ıaranlyklar üçin
öz medeni däbiňden ıüz öwürmegiň geregi ıok. Oňa orun medeniıetleriň hemmesinde bar.

Medeni faktoryň şu maksatlaryň haısysy üçin ulanylıanlygy, onuň näme rol oınaıanlygy ıeke medeni
potensiıala däl, eısem sosiıal, yktysady, siıasy tejribelere, bähbitlere-de bagly. Onuň özboluşly güıji hem
häzirki döwürde gapma-garşylykly maksatlar üçin ulanylmaga bolan ukybindan gelip çykıar.

Ideologik taıdan kesgitlenen çaknyşyklardan doly döwrüň soňunda gazanylan täze tejribe dünıä
sahnasynda, şeıle hem häzirki köp-medeniıetli jemgiıetlerde bolup-geçıän hadysalaryň ugruny iň bärisinde
bölekleıin kesgitleıäni bäri dürli ıorgutlara sebäp bolıar.

Käbir alymlaryň garaışyça fundamentalizmi güıçlendirıän gönüden-göni globallaşma prosesiniň özi.
Sebäbi 3-nji dünıäniň ähli regionlarynda ıerli ilat yktysady globallaşygyň netijelerine öz medeni kimliklerine
edilıän hüjüm, ondan goranmagyň täsirli ıoly hem gadymdan gelıän kimligiň aggressiw fundamentalistik
wariantyna ıapyşmak diıip düşünıär.

Çärıek asyrdan bäri döwrümiziň esasy belgisi medeni tapawutlardan gözbaş alıän çaknyşyklar bolsa gerek.
Bu döwletara gatnayşyklarynda bolşy ıaly, bir döwletiň içindäki dürli milletler arasynda-da şeıle. Sebäbi
hem uzak wagtdan bäri bar serhetleriň globallaşyk döwründe öz güıjüniň uly bölegini ıitirıänligi.

Türkmenleriň arasynda dini fundamentalizme orun ıok. Galıär globallaşma. Ol hem halkara derejesinde
dörän häzirki ıagdaıda türkmeniň bähbidine. Biziň halkymyz ondan şu ugurda peıdalanyp bilermi? Bu onuň
zamananyň talabyna doly düşünip, oňa paıhasly baha bermegine bagly. Bähbitleri definirlemeli-de, ilkinji
nobatda, türkmen intelligensiıasy.
 
Üstünlikler arzuwy bilen
Araz Parwiş

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org