Makala

Dr. Hangeldi Ownuk
TÜRKMEN MEDENIYETINIŇ DÜNİÄ İAİRAN MEKTUPLARY

Türkmeninň dünıä ıaň salyp gaıdan beıik we gojaman taryhynyň mukaddes taglymatlaryndan ugur alyp, an kitaby Muhaddes Dehleviniň berıän maglumatyna görä, bu günki gün “türk-iman” sözüniň nury-iman bilen baglanşygynyň bardygyny, garaňky dünıa şamçyrag ıaly ıalkym atyp duran taryhy mektuplaryndan peıdadyr.

Garahanyly türkmen soltanlygyndan beıläk (YII-IIX. Aa.) häzirki günlerimize çenli dünıä ıaıran her bir “ türk” atlynyň bir “türkmen”- digine bu günki gün taryh ylymlary berk şaıatlyk edıär. Şonuň üçin iman sözi bilen hemra bolan her bir türk asyllynyň musulman äleminde öz türkmenligine (türkiman) guwanyp biler!

Halkymyzyň beıik taryhynda türkmen meşhur hökümdarlary döwleti ata-baba ıol-ıörelgeleri esasynda dolandyrmak, döwlet işlerini synagdan geçiren halalhor adamlara ynanmak bilen belli-belli adamlar we döwlet emeldarlar terbielenipdirler. Türkmen döwletleriniň döwründe dürli kätipler, mürzeler, kämilleşip köp mowzuglarda özlerinden gymmatly mektup eserler galdyrypdyrlar. Bu eserler türkmen jemgyietinde we döwlet dolanşyklarynda bahasyna ıetip bolmajak gollanmalara öwrülipdir.

Yslam döwründe dörän türkmen edebiıatynyň ilkinji tapgyry Orta Aziıada Garahanly türkmen döwletiniň zamanasynda ösüp başlaıar. Oguz türkmenleriniň IIX asyrda musulmançylygy meıletin kabul etmegi bilen X asyryň birinji ıarymynda III Garahanly hökümdary Satykhanyň we Bugrahanyň başda durmagynda yslam dinini döwletiň resmi dini hökmünde ykrar edıärler, X asyryň soňlarynda bolsa, olaryň golastynda bütin türki taıpalary musulmançylyga goşulıarlar. Şeılelik bilen yslam dini dünıäde ıeke-täk hakyda hem ynanç hökmündäki häsiete eıe bolup Gündogar çäklerine çenli hem ıaıraıar. Şol wakalarda musulman bolan türkileri beıleki ilatlardan tapawutlandyrmak üçin olar “türk iman” ( Şol döwürdäki Beıhaky we Handmir (Mirhand) ıaly belli taryhçy alymlaryň tarapyndan ıazylan mektup eserlerde “tormkman” görnüşde berilıär.) diyilen ada meşhur bolıarlar. Soňlarda bu atlandyryş “türkmen” görnüşinde ıoň bolup gaıdıar.

Şol döwürde türkmen alym-kätipleri özleriniň türkmenligine garamazdan, döredıän eserlerini köplenç halatda arap-pars dillerinde ıazypdyrlar. Emma ikinji bir tarapdan türkmen köpçiliginiň talabyna görä, türkmen dili we edebiıaty hem öz ilkinji ösüş basgançaklaryna gadam basıar. Şol döwürde türkmen diliniň “ kaşgar-hakan” topary ıörgünli bolupdyr. Türkmen diliniň “hakan” toparynda ilkinjiler bolup Ahmet İukenekli, din we ahlak barasyndaky “ ätbät-ol-häqaıeq” atly eserini goşgy görnüşde, Hoja Ahmat İasawi “ diwan-e hekmet”, Burhan-etdin ogly Nasyr Rabguzy “ Kysas-ol-änäbia Räbguzy (Räbb-e Oguzy)” ıaly eserleri döredıärler.

Garahanylar 999-njy ıylda Samany döwletini ıeňip ilkibaşda Günbatar Türkistany (Daş Oguz)[1] eıelänlerinden soň Samargant, Buhara we Nişapur ıaly yslam dünıäsining medeni merkezlerine öwrülip barıan ıurtlara ornaşyp, musulman türkmen edebiıaty bilen bir hatarda Yslam magaryfynyň şekillenmeginde täsirli rol alyp barypdyrlar.

Garahany türkmen döwletiniň düzüminde Garlyklar, Garahanylylaryň bütewi taıpa-tireleri, Uıgurlar we Eıranlylar bilen ıakyn gatnaşykda bolandyklary sebäpli olaryň hem endik medeniıetleriniň täsirinde galypdyrlar. Ikinji bir tarapdan-da Yslam dini bilen birlikde arap we pars dilleri hem olaryň dil düzümlerine-de täsir galdyryp kem-kemden iki topar halk gepleyiş şiwesi bilen ıokary gat dil şiwesi ıagny döwletiň resmi dili ıüze çykypdyr.

Taryhymyzyň bu döwürinde Gaznawylar Gazna we Horasanda döwlet gurnapdyrlar. Gaznawylar öz türkmeligine garamazdan, Eıran medeniıetiniň täsirinde galypdyrlar. Şol sanda ilki başda soltan Mahmut pars dili ıurdyň resmi dili hökmünde ykrar edip bu diliň ıaıramagynda esasy rol alyp barypdyr. Onuň buırugy boıunça Ferdowsiniň tarapyndan “ Şahnama” eseri türkmen dilinden pars diline ıütgedilip talhys edilipdir.

Bu döwürde Oguz türkmenlerinden bolan alym, yslam dininiň be‎ıik pelsepeçisi Abunäsr-e Muhammet bin Tarhan bin Uzluk (Faraby) ( 950-870 ıı.) eserlerini arap dilinde ıazypdyr. VII hijri asyrda Ibn-e Holkan diyilen alymyň tarapyndan Missirde ıazylan “ Vefiat-el aıan” atly eserde Farabynyň hiç haçan türkmen donyny çalşyrmadygy hakda maglumat berilıär.

W. Bartoldyň ıazmagyna görä, asly türkmen alymlary bolan Jaryllah Zamähşäri “ Tefsir-el keşşag vä mogäddämätol ädäb” atly sözlük kitabynda hem-de Muhammet Şähristanynyň “ Elmäläl väl nähleın” atly kitaplaryny arap dilinde ıazypdyrlar. Zamähşäriniň sözlük kitaby arapça, farsça, ol Horezm ıurdunyň gadymy dili we horezm türkmençesi görnüşde döredilipdir. Şeıle hem meşhur arap dili alymy Farably türkmen Ysmaıyl Jöwhäri “ Elsahhah-fi- lugat” kitabyny arapça döredipdir.

X-XI asyrlarda Seljuk türkmenleriniň patyşalygy döwründe türkmen dili we edebiıatynyň görnükli wekilleri Yusup Has Hajyp “ Gutadgubilik” atly diwany bilen we Mahmut Kaşgarly “ Diwan-e lugat-ettürk” eseri bilen, türkmen dili we edebiıatynyň yslam dini döwründe dünıä ıaıramagynyň ilkinji fundamentini jaılaıarlar. Beıik Gündogar alymy Yusup Has Hajyp türkmen sebitleriniň Balasagun ülkelerinden bolup “ Gutadgubilik” ıa-da “ Syıasat” kitabyny goşgy görnüşde ıazmagy bilen öz döwrüniň türkmen edebi diliniň dünıä ıaıramagynda has uly hyzmat edipdir.

Ähli türkmen-türk dil şiwelerini takyklaşdyrylyp ıazylan “Diwan-e lugat-ettürk” eseri 1072-nji m. ıyldan soň arap elipbiıinde Mahmyt Kaşgarlynyň tarapyndan Apbasy halyflygyna sowgat edilıär.

Mahmyt Kaşgarly bu eseri şol bir eııamda türkmen dil-şiweleriniň ıörgünli görnüşi “Hakan-kaşgar” edebi-medeni toparynda, araplara öwretmek üçin döredıär. Şeıle hem şol bir wagtyň özünde türkmen ilatlary hakynda iň gymmatly maglumatlary özünde jemleıär. Mahmyt Kaşgarlynyň bu eseri hakda Türkmenistan döwletiniň ylmy merkezlerinde dürli konferensiıalar we ylmy isahler alynyp baryldy. Bu hakda köp durup geçmegiň hajaty ıok, welin bir zady ıatlap geçmegi jaıdar bilıärin. Mahmyt Kaşgarly dürli dil şiweleriň arasynda, Oguz türkmen dilini örän aňsat dil we “togsy” hem “ıagma” dillerini bolsa, iň dogry dil we “hakan” türkmen dilini iň inçe we rowan dil hökmünde ykrar edıär.

Şol asyrda ıagny 1069-njy ıylda Yusup ogly (Ulug) Has Hajybyň tarapyndan döredilen “Gutadgubilik” eseri türkmen milletiniň taryh we edebiıatynda meşhur eserleriň biri bolup durıar. Bu eser goşgy görnüşde döredilip Garahanly türkmen döwletiniň soltany Bugra hana peşgeş edilipdir. Alym kätibe bu eseri döredeni üçin “ Has Hajyp” diylen lakamy berilipdir. Bu kitaba “Gutadgubilik” ady bermekdem maksat onuň mazmuny syıasat we döwlet dolanşyklary bilen baglanşyklydygyndan gözbaş alıar.

Kitabyň mowzugy öwüt-nesihat we aıdyşyk ıagny “mynazyra” şekilde tertiplenipdir. İazyjy dürli jemgyıetçilik meseleleri hakda öz pikir-garaıyşlaryny subut etmek üçin meşhur şahsyıetleriň sözlerinden we ıörgünli nakyllaryndan peydalanypdyr.

Bu eser mesnewi şekilde ıazylany üçin Ferdowsiniň “Şahnama” kitabyna meňzeıär. Şonuň üçin Eıranlylar oňa “Türki şahnamasy” diıip atlandyryarlar.

Gutadgybilik kitaby 6645 beıt (setir) goşgulardan ybarat bolup, kitabyň soňunda 24 setirlik üç kasyda we kitabyň ortalarynda 173 sany dörtleme (baıaty) goşgulardan artdyrylypdyr. Bu eser türkmen bolan ähli musulman türkileriň il goşgy kitaby (ıan kitaby) hökmünde türkmen edebiıatynyň düıbini tutyjy manzum eserleriniň biridir.

Kitabyň takyklygyny göreniňde alymyň edebyatdan başga-da astranomiıa, himiıa, tebigat ylymlary, geografiıa we matematika ıaly ylymlary diseň öwrenendigi hem käbir rowaıatlaryň şaıatlyk etmegine görä, Gündogaryň meşhur alymy Ibn-e Sinanyň şägirdi bolandygy hakda gürrüň gidıär.

Bu alym Eıran we arap edebiıtyny örän belet bolupdyr. Şonuň üçin hem az-kem onuň täsirinde galandygy eserde mälim görünıär. Şahyryň eseriniň dili sada we bir sydyrgyn edebi dil. Umuman bu kitapda din-u şerigatda we döwlet dolanşyklarynda 120 sany arap we pars sözleri gabat gelinıar.

Gutadgubilik eseriniň girişi beıik taňrynyň waspy “mynajat” görnüşdäki edebi gözellik we edebi-dini dili bilen başlanıar. Ondan soň Muhammet pygamber sellalahu wäsälemiň hem-de dört çaryıarlaryň “mädh” waspyny ıerine ıetirip, bahar paslyny edebi dili bilen suratlandyrıar. Şonlukda döwür soltany Bugra hanyň tarypyny edip, ıedi ıyldyz, on iki burç, ylym, akyl-paıhas we dil meseleleri hakda gürrüň açyp, esasy mowzuga girişıär. Bu eseriň esasy mowzugy aıdyşyk görnüşde dört şahsyıetiň arasynda alynyp barylıar.Bu şahsyıetleriň her biri bir hakyky wakanyň tymsaly bolup durıar. Mysal üçin:

1. Gündogdy: dogry ıol we adalat şanynda,
2. Aıdogdy: Hoş ykballylyk we bagtlylyk,
3. Ökdülmiş: akyl we paıhas,
4. Otgurmyş: soňky ykbaly,

Bu atlar şol bir wagtyň özünde türkmen gahrymanlarynyň atlary bolupdyr.
Eseriň mazmunynda bu şahsyıetleriň arasynda döwlet we ıurt dolanşyklarynda dürli jemgyıeçilik meseleleri ara alyp maslahat geçirilıär.

Mysal üçin jemgyietçilikde bolup geçıän ıaramaz meseleleriň çözgüdini aşakdaky nakyl we ynanç bilen tapıar.

“ Pislik ylymsyzlykdan gelıär,ylym we terbie bilen pisligi düzedip bolıar”.

Patyşalar we içerki maşgala başlyklary öz milletini we aıla-maşgalalaryny terbieläp we olara ylym öwretmelidir. Patyşa gurat kanun çykaryp adalata daıanmalydyr. Adalata daıanan kanun, göwün sütüni ıalydyr. Kanun bozulsa göň üstümize bozylar.
Umuman Gutadgubilik eseri bir edebi şa eseri bolmakdan öteri bir syıasat kitabydyr.

Bu eserden üç sany golıazma nusgasy biziň döwrümize gelip ıetipdir. Ol eserler Winna, Kaıira we Furgana kitaphanalaryndaky nusgalary Türkıede “ Türk dili Kurumy” tarapyndan 1942-nji ıylda çap ediıär. 1959-njy ıylda bolsa, Räşid Rähmäti Arat tarapyndan häzirki türk diline terjime edilip Stambul şäherinde neşir edilipdir.

Kaşgar we hakan türkmençesinde Gutadgubilikden başga-da örän möhüm eserler “ Atbat-el-hakaıek”, “ Divan-e hekmet”, we “ kysas elanabia Rabguzy” ıaly eserler bolup dupıar.

Ahlak we din barasyndaky döredilen eserleriň biri hem XII asyrda ıaşap geçen Edip Ahmet İukenekliniň “Atbat elhakaıyk” kitabydyr. Bu alym häzirki Daşkendiň günortasyndaky İukenekli diılen ıerde dünıä inipdir. Şahyryň ady bolsa halk arasynda giňden ıaırap käbir üıtgetmeler hem oňa girizilip arap şahyryň ady bilen halk arasynda legendar şahsyıete öwrülipdir.

Arypçylygyň geçirilıän üç tapgyry bolan “şerigat”, “tarykat” we “hakykat” diılen döwrüň ikinji tapgyrynda yazylan bu eser entäk hakykatlaryň işiginde durandygyny onuň adyndan düşünse bolıar. Bu eseriň adyny türkmen diline terjime edilende “Atbat (işiginde)”, “elhakaıyk ( hakykatlaryň)” diylen manydan gelip çykıar.

Bu kitapda dindarlygyň arassa çeşmesinden we ylym hem ıigitliging peıdaly taraplaryndan gürrüň edilip ıagşylyk hem bitekepbirlik hem azgynlyk gadagan edilip ıazgarylıar. Kitabyň “hakykatlar işiginde” dimegi şonuň şol mazmunyndan gelip çykıar. Bu eser goşgy görnüşiň “mutakaryp musammen maksur” formasynda dörtlük goşgylarda ıazylyp 102 sany dörtlüklerden ybarat bolıar.

Kitabyň girişi beıik Taňrynyň ady bilen pygamber sällällaho wäsälläm hem dört çärıärleriň adyndan “mädh” gazaly bilen başlanıar. Ondan soň bu eseri peşgeş edilen şahsyıetiň adyndan ıagny Sipehsalar Muhammet beıigiň adalaty hakda taryp edilip kitabyň ıazylmagynyň sebäpleri hakda gürrüň açylıar.

Kitap 484 beıt (setir) goşgy we 14 bapdan ybarat bolup. Onuň 9 baby esasy mazmuny hökmünde dörtlüklerden düzülip gidıär. Bu eseriň esasy mazmuny şu aşakdakylardan ybarat bolıar.

1. Bilimiň peıdalary we bilimsizligiň zyıanlary hakda 12 dörtlük.
2. Dili goramak hakda 12 dörtlük ( Dil bela, diş gala) nakyly.
3. Dünıäniň namartlygy we panydygy hakda 12 dörtlük.
4. Jomartlyk waspy we pisligi ret edmek hakda 10 dörtlük.
5. Boıuny boşluk we tekepbirlik hakda 7 dörtlük.
6. Harsydünıälik hakda 6 dörtlük.
7. Sahawatlylyk, keramatlylyk we ıagşylyk hakda 16 dörtlük.
8. Zamananyň bozüklygy hakda 21 dörtlük.
9. İazyjynyň ötünç soramagy hakda 5 dörtlük.

At.bat El-hakaıykdan alty sany golıazma nusgasy bar. Olardan dört nusgasy Türkiıäniň kitaphanalarynda saklanıar. 1951-nji ıylda Reşit Rahmaty Arat onuň üç golıazmasyny deňeşdirip bir nusga türkıe türkçesine terjime edip neşir etdiripdir.

Gadymy türkmen eserleriniň biri hem 1310-njy ıylda Burhanetdin ogly Nasyr Rabguzynyň tarapyndan pygammerler hakda ıazylan “ Kysas el-anabiıa Rabguzy” kitaby bolup durıar. “rabguzy” sözi “ räbb-e oguzy” (Oguz hudaıy pygammerleriniň kyssalary) sözüniň türkmençe aıdylyşy bolup, bu söz oguz hudaıy dimek ıagny “ıeke taňry” manyda berilıar. “ kysas” sözi hem hekaıalar manyda bolup “anabiıa” bolsa pygammerler dimekden ybaratdyr. Bu kitabyň edebi dili Kaşgar we oguz türkmençe dilde döredilipdir. İazyjy bu eseri döredende gutatgubilik kitabyndan täsir alandygy onuň goşgysynyň gazal hem dörtlüklerinden mälim bolıar.

Bu eseriň has gadymy nusgasy Britan muzeıinde saklanyp 1948-nji ıylda birinji gezek neşir edilıär. Kaşgar türkmençe dilinde döredilen ıene-de bir eserleriň biri Ketab-e feq meftahel ädl” eseridir.

Şeıle Günbatar Türkistanyň (Türkistan sözüni G.J.Türkmenistanda “Türküstan” görnüşde “ikinji inçe ‘ü’ bilen berilıär ol söz gelşiginiň gödek görnüşidir.Türkmensähra türkmenleriniň dil aıratynlygynda ol ‘i’ bilen berilmelidir” ıaz.: H. Ownuk) ıa-da Horezm türkmençe dili bilen hem (Daşoguz türkmenleri) esli eserler ızylypdyr.

XII asyrdan soňra Kaşgar edebi türkmen dili Horezmde oguz, gypjakda, halaç we gynykly ilatynyň dil täsirinde galyp, bir az özgerip türkmen diliniň “horezm” şiwesini emele getirıär. Horezm türkmen dilinde döredilen meşhur eserler:

1. Nähjel-Färdis
2. Moıin-el Morid
3. Mohäbbätname
4. Ketab-e logät-e mogaddämätol ädäb-e Zämähşäri (Yzmykşir)
5. Ketab-e logät-e Mohammäd ibn-e Kaıs
6. Kyssaıe İusof
7. Husrow Şirin kitaby
… ıaly eserleri ıatlasa bolıar.

Hahjil Färdis eseri din, ahlak, hökümler hem hudaı tarapyndan berilen güıç ylhamlar hakda döredilipdir.

Şeıle hem bu kitap dini taglymaty boıunça has ähmiıetli bolupdyr. Onuň dili sada we turkmen söz gepleşikleri taıdan agyr kitaplaryň biri bolup durıar. Bu eserden iki sany golyazma galypdyr. Birisi Stambulda we beılekisi bolsa, gündogar Britan muzaıinde saklanylıar. Onuň ıazyjysy “Aly ogly Mahmyt Kördir ähli” bolupdyr.

“Mo’iın elmorid” kitaby 1313-nji ıylda Horezm türkmençe dili bilen Horezmde ıazylypdyr. Bu eser din-mezhep we aryfçylyk görnüşünde goşgy setirlerden ybarat bolıar. Onuň goşgy edebi dili gutadgubilik we atbat el-hakaıyk agramynda berilıär. Bu goşgular Şih Şerif diılen alym-şahyryň tarapyndan döredilipdir. Eseriň yeke-täk golıazma nusgasy “Bursa” kitaphanasynda saklanylıar. Ol takmynan 900 beıt dörtlüklerden ybarat bolıar.

Bu eserleriň arasynda “mähäbbätnama-ıe Horezmi” ady bilen Horezm türkmen dilinde mesnewi görnüşde 11 namadan ybarat bolan bir kitap hem göze ilıär. Onda gazal görnüşde birnäçe parsça goşgy hem berilipdir. Bu eser altyn orda emirlerinden bolan Muhammet Hoja beıgiň islegi boıunça şahyr Horezminiň tarapyndan döredilip oňa peşgeş berilipdir.

Bu eser 1353-nji ıylda Seıhun Syrderıasynyň kenar yakasynda tamamlanypdyr. Eser hakda Tebrizli professor Turhan Genjeli iş alyp barypdyr. Bu eserden deňeşdirme bir goşga ünsüňiz çekıärin.

Ulug taňrynyň atyn ıad kyldym,
Mähäbbätnamany binıad kyldym,
Iki ıagty göwher älemgä birgen,
Mähabbät genjini adamga, birgen,
Felekniň defterinden tuni ıugan
Jahan binıadyny söz özre goıgan.

Goşgynyň şu günki türkmençesi:

Uly taňrynyň adyny ıat gyldym,
Mähäbbätnamany binıat gyldym,
Iki göwher älemde ıakdy birden,
Mähäbbät genjini adama beren,
Pelekiň depterinden tümligi ıuwan,
Jahan binıadyny söz üste goıan.

Soltan Atsyz Horezmşanyň döwründe meşhur alym Jarylla Mahmyt Zamanşary tarapyndan türkmen, fars we Horezmlilere arap dilini öwretmek üçin “Mugaddamät-älädäb” atly sözlük kitabyny düzıär. Ol bu kitaby soltan Atsyz Horezmşa peşgeş edıär. Bu eseriň mazmunyny arapça berilip aşagynda türkmençe we parsça sözleriň terjimesi berilipdir. Ol Horezmi türkmen dilinde berilip Oguz, gypjak we gynykly gepleıiş şiweleri hakynda maglumat berıär. Bu kitap türkmençe söz, terminler, ıer atlary hakynda terminlere hem-de egin-eşik, ıyl, aı we haıwan atlary hakda hem gymmatly maglumatlary özünde jemläpdir.

Bu kitap asyrlar boıunda mederese-mekdeplerde sapak berilipdir. Zamahşarynyň özi Horezm türkmenlerinden bolup öz döwründe yslam dünıäsiniň iň parlak (ıyldyzlaryndan) şahsyıetlerinden biri bolupdyr. Ol 1134-nji ıylda Jürjaniye-de dünıäden ötıär.

Bu asyrlarda ıazylan gymmatly sözlük kitaplaryň biri hem Muhammet ibn-e Keıs (Kaıs) tarapyndan ıazylan “Kitab-e tebıan el-logat el-türki äläl-lesan kynygy” ady bilen soltan Jelaletdin Horezmşah üçin döredilipdir. Bu eser Horezm türkmençesi bilen arap dilinde ıazylyp “gynykly sözlügi” ady bilen meşhur bolupdyr. Bu eseri “ibn-e mähna” sözlügi we Ahmet Moniri tarapyndan “Şerefnameıe Ibrahymy sözlügi” hem-de “Färhäng-e Jahangiri” sözlükleri döretmek üçin esasy gollanma hökmünde peıdalanylypdyr.

Halkymyzyň arasynda belli eser “Rownak-ul yslam” eseri hem türkmenleriň arasynda Yslam dinini wagz etmek üçin 1465-nji ıylda Şih Şerif tarapyndan manzum (goşgy) görnüşde döredilipdir.

XIV asyryň başlarynda Italıan we Nemes dini wagzçylaryň tarapyndan Hristiıan dininiň esaslaryny Gypjak türkmen döwletlerine öwretmek üçin “Kodeks Kumanikus” ıa-da “Gypjak mejmuasy” atly eseri gypjak türkmen dilinde döredilipdir. Bu kitabyň golıazmasy Wnesiıadaky Sent markus kitaphanasynda saklanylıar. Bu eser Gypjak türkmen sözleriniň toplumydyr. Şeıle hem gypjaklylar hakda gymmatly maglumatlar berilıär. Kitap iki bölekden ybarat bolup birinji bölegi Italıanlylar üçin we beılekisi bolsa Nemesler üçin taıarlanypdyr. Kitabyň birinji bölümi Latyn-fars we türkmençe sözlügi bolup, ikinji bölümi türkmençe we nemesçe doga we tapmaçalardan ybarat bolıar. Bu eser latyn elipbiıi bilen ıazylany üçin has gymmatlydyr.

1313-1312-nji ıyllarda Misirde ıaşaıan Abu Haıan tarapyndan “Ketab el-ädrak Le-lesan-el-etrak Abu Haıan el-Andolesi” ady bilen gypjak türkmençe sözlügi ıazylypdyr.

Orta asyrlarda Azerbaıjanda ıaşap geçen Jemaletdin ibn-e Mahna tarapyndan “Ketab-e helile-el ensan we Halbe-el, lesan” ady bilen ıazylan eser “ibn Mahna” sözlüginde meşhur bolıar. Bu eser üç bölekden ybarat:

a) arapça-parsça,
b) arapça-türkmençe,
w) arapça-mongolça.

Eseriň arapça-türkmençe babynda azyrbaıjan dil şiwesiniň grammatikasy hakda giňişleıin gürrüň edilıär. Onda iki müňden gowurak türkmen sözleri berilipdir.

Şeıle hem Memluklar döwründe misirde ıazylan “Ketab el-gawanin el-küliıat le-zäbt el-logät el-torkiıe” eseri hem gypjak-türkmen dilinde döredilipdir. Bu kitap soňlarda mugallym Raf,ät tarapyndan Stambulda neşr edilıär.

İene-de “Ketab-e logät el-moştak fi logät el-tork wäl-gefjak” atly eser hem gypjak we oguz türkmençesiniň sözlük kitabydyr. Aşakda jogataı türkmençe dilinde ıazylan birnäçe sözlük kitaplara ünsüňiz çekıärin.

1. “Beda,e el-logat” sözlügi, 1705-nji ıylda Heratda ıazylıar.
2. XIV asyryň başlarynda Anadolyda “Logat-e Abu şina” ıazylypdyr.
3. “Logat-e Fazlylla han” XVII asyrda Hindistanda ıazylyp soň Kelketde şäherinde çap edilıär.
4. Jogataı türkmençesi we farsça sözlügi “Ketab-e zäban-e torki” adynda İakup Çängi tarapyndan Hindistanda ıazylıar.
5. Meşhur “Sänglah” atly sözlük kitaby Nedir şanyň kitaby Mürze Mehdi han Astrabadynyň tarapyndan Alyşir Nowaıynyň eserlerine oňat düşünmek üçin ıazylypdyr.
6. “El-tamgaıe Naseri” farsça-jogataıja türkmen sözlügidir.
7. “Behjät el-logat”, XIX asyrda farsça-jogataı türkmençe sözlük eseridir.
8. “Logat-e Şih Süleıman Efendi Buharaıiı” Stambulda ıazylyp çap edilipdir.

Dr.Hangeldi Ownuk-Kanada-Toronto

[1] . Şol bir eııamlarda Daş-Oguzyň çäkleri Gündogarda Amy derıadan başlanyp, Demirgazykda Maňgyşlak, Üsti-İürt,Uzboıdan Hazar Deňziniň Gündogar kenarıakalaryndan Günorta tarap süşüp Etrek-Gürgeni öz içine alyp, Etekde gadymy Harasan bilen serhetleşip gidıär.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org