Makala

Teımur Kor

Türkmen halkynyň edebiıatynda hem sungatynda

Görogly eposynyň oruny

Türkmen edebiıat we sungaty gaty giň bir düınıädir.Ol halkyň ıüreginden joşup gaınap çykan çeper sözler we aıdym-dyr, ıa  goşgy, saz görnüşünde , Türkmeniň başdan geçirıän wakalary we şol sanda Haısy ugur bolsa, hem , düıgularyň päk şeklinde beıan etmekdir.
 
Türkmen edebiıat we sungaty has güıçli wagty, 18- nji asyrlardan başlanıar.Şol wagtlar Türkmen halkyň özbaşdak ıaşamak-da we Türkmeniň azat durmuşyny goramak-da köp yzygiderli söweşleri başyndan geçirmeli bolupdyr.
 
Şol döwrüň şahyrlaryndan Döwletmuhammet Azadi, Magtymguly pyragy, Nurmuhammet Andalip, Gurbanaly Magrupy we ıene köp-köp edebiıatçylaryň adyny aıtsak bolıar.Bu Şahyrlaryň durmuşy, Dogurçylyk beıan etmek, halkyň duıgy- düşünjesini Çeperçilik bilen aňlatmak-da, ıüreklere merhem bolup, dilden –dile geçip bize miras bolup gelipdir.
 
Asyrlar boıunça , Türkmeniň asuda bir ıaşaıysy bolman, elmydama şol zalym Şahlaryň- hanlaryň özara güıç gazanmakda Türkmen topragyna çozuşlar edip, Parahat yaşaıan halky öz gününe goımandyr.
 
Türkmen diıary, Demirgazakdan,  Hiwa hanlaryň talaňçylyk çozuşlaryndan kynçylyk çekip ıörse, Günortadan şol Eıran Şalaryndan yzly-yzyna çozuşlara garşy söweşıärler.Gündogardan hem ol özbek hanlary  gün bermändirler.
Soňunda hem Günbatardan Russ imperıasy, Türkmen topragy talap basyp almakda, Eıran Şa-sy bilen köp mekirlik we hilegärlik, agyzalalyk we içigaralyk bilen Gökdepe söweşinden soň , basyp alyp, Eıranyň şol wagtky Şasy bilen Türkmen topragy iki bölege parçalap üstünlik gazanyp, höküm sürüp agalyk edip başladylar.
Şu bolup geçen pajygan wakalaryň her birine degişli , biziň edebiıatymyzda hem sungat öıünde yz galdyran köp döredijiliklere düş gelıäris.
 
Mysal : Hiwa hany Türkmenleri ıesir alyp sürgün edende, Türkmen beıik sazandasy GARA DÄLI GÖKLEŇ öz döreden gara däli gökleň ady bilen tanalan we häzirki günlerde İandym atly sazy eşidıäris.
İene bir mesal : Gökdepe galasynyň uruşyna bagyşlanyp düzülen saz :
Gökdepe mukamy we şol galada hiç zady gaıgyrman söweşde öz paıyny uly möçberde iş bitirenleriň biriniň şanyna düzülen Çokaı ıasaıan berkeli türkmene, BERKELI ÇOKAİ owadan saz hem gulaklarymyza häzirki güne çenli ıaňlanıar.
 
Görşümiz ıaly düınıäniň hemme halklarda bolşy ıaly, edebiıat we sungat Aına ıaly bolup durmuş wakalary , kultur ösüşi aıan edip, Jemigatçylyk ıaşaıyşda özüne uly roly eıeleıär.
Ine bilşimiz ıaly Türkmen edebiıaty hem bu gahramançylyklary wasp etmekde halk üçin janyny- malyny gaıgyrman SERDARLA-HANLARYŇ taryp edip tanamakda, eposlaryň döremegine hem sebäp bolupdur.
Bu eposlaryň biri , halk içinde giňden ıaıranyp tanalıan GÖROGLY EPOSIDIR.
 
GÖROGLY eposi bagşylaryň dilinden nesil-be-nesil aıdylyp, şu günki wagtymyzda 21 şahadan düzülüp 1991- nji yılda Aşgabat-da çap edilen.
 
Görogly eposynda , baş gahramany , halkyň hemaıatçysy bolup, edilıän zülmüň her bir görnüşi edilende-de , oňa garşy Görogly özünüň paıhaslyk we edermenlik bilen çäre tapan uly serdar hökmünde tanalıar.
Görogly eposi başdan aıaga çenli Türkmeniň ıaşaışyny suratlandyryp, Azat durmuş ugrunda , insan mertebesini goramak-da, duşmana garşy sabyr bilen söweş edip üstünlik gazanmagy görkezıär.
Birinji şahada , Göroglynyň döreışi.
Bu şahada , göroglynyň watany bolan Çandibili wasp edilende , asuda , azat ıaşaıar diıip, Çandibiliň ilaty hakynda aıdylıar.
Azat we asuda ıaşamak Türkmenlerde haısy beıik derejede duranyny aňlap bolıar.
Elbetde Görogly eposini bu gysga wagtyda doly analiz edip göz öňünden geçirmek asla başartjak iş däl.
Esasan meniň pekrimçe , Görogly eposinda aıdylıan goşgular , edilen söweşler we insan mertebesine laıyk, Mertçilik, watany söımek, özara dogurçyl gatnaşmak hem wepadarlyk , edebiıat we sungat öwrenjileriň esasi öňe alyp barmaly işi bolmalydyr.
Görogly eposi şahyrlaryň , bagşylaryň we sazandalaryň haısy derejede beıik wezipesini bardygyny aňlatıar.
  
Sözümiň soňuni jemlänimde, Edebiıat we sungat ol diňe bir şahyr ıa ıazyjyň oslap tapan gepi bolman, halkyň dili bolup isleg we arzuwlary päk duıgulary,
Dil we sungat çeperçilik ösüşinde uly borj boılarynda bardygyny görüp halkyň öňünde wezipesini aıandygyny aıdyp bolar.  
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org