Kitap

T. Kor :Tamdyra sapagy(2)

Tamdyra öwrenmek diňe çalyp bilmek däl-de onuň,saz dünıäciniň edebiıatini bilmek hem şertdir. Elbetde gynansyk hem häzire çenli ıazylan belli bir kitap „ Türkmen aıdym – saz edebiıati“ diıip, ıok.
Şoňa görä geljek sahipalarda Türkmen aıdym saz äleminde meşhur we atlary ebedilik galan halyplaryň bir näçeleri bilen tanyş bolarys.
 
                             
Amangeldi göni
( 1833- 1879)
 
Amangeldi göni arapgala(Isbender)obasynda eneden dogulıar.Ol syçmazlaryň neberesinden bolupdyr. Amangeldi meşhur dutarçy bolup ıetişıär.
Onuň men diıip jahil wagty Türkmen topragyna kese ıurtly basybaljylar dürli çozuşlary edipdirler.
Şol döwürde Ahala Nurberdi Han hanlyk edipdir.
Amangeldi göni ussat tamdyraçy,saz dörediji,mergen,söze çeper bolansoň, Nurberdi Han maslahatçy,sazanda hökmünde ony ıanyndan aıyrmandyr.  
Nurberdi Han Amangeldini diıseň gowy görüpdir.Han aga ondan maslahat Soraman,hiç bir işi çözmändir. Nurberdi Amangeldiň sözüne halkyň pikri diıip düşünüpdir.Şoňa göräde, ıaşulular bilen duşuşanda, Amangeldisyz geňeş geçirmändir.Maslahatda Ahal ilinde ıüze çykan her bir narazyçyligy bileligde çözüpdirler. Amangeldi Şükür bahşy bilen deň- düşrakdyr.
İöne ıetgijeklig döwrüne ıeten wagtlary Şükür bahşy Gökdepe etrapyndan göçüp,Ürgenje, soňra bolsa, ymykly kaka etrapynyň duşak obasyna barıar.
 
Olaryň basym-basymdan duşuşmasalar-da, toılarda, üşmeklerde görüşüpdirler.  
Amangeldiniň kakasynyň ady Orazalydyr.Amangeldi hakda köp rowaıatlar bar.
Amangeldi ıaşka,gözüne ilen zady göterip gidiberipdir, diııärler.
„ Ogurlyk edeniň eli kesilıärmiş „ diıen gürrüňi eşidip, ol göni ıola gidipdir diıen ıaly gürrüň bar.
İenede bir rowaıatda Amangeldi awa gidip,işi paşman aç halda öıe gelıärkä, ıolda molla düşüp, onuň öıünde unaş içip: 
„ Ind-ä bir gönilendim „ diıipdir.Molla bolsa: „ gönilenen bolsaň indiden beıläk seniň adyňa Göni garyn goııarys „ diııär.
Haısysy dogry bolsa-da bü gürrüňlriň Amangeldiniň ussat tamdyraçy bolup ıetişmegine päsgel bermändigi welin çyn.
                                                                               
Amangeldi Nurberdi Hanyň köşgünde bolanda,goşun serkerdeleri hem Amangeldini örän ıagşy görüpdirler. Ylaıtada Berdimyrat Han(Nurberdi haniň ogly),dykma serdar,Öwezmeret serdar,kerimberdi işan, Atalyk Han onuň ussatlyk bilen çalıan sazlaryny höwes bilen diňläpdirler.
Amangeldi göni Gökdepe urşuna gatnaşanlaryň biri.Ol esgerler bilen galanyň bir burçuny gorapdyr dien gürrüň hem bar.Gowga gatnaşıan adamlaryň biri bolan Kepele kör bahşy hem onuň ıanynda bolupdyr.
Kör bahşy Kepele obasyndan bolmaly.Kepele kör (Batyr bahşy)söweş gidip durka, aıdym aıdyp,saz çalyp, söweşjeňleri ruhlandyrypdyr.Ol şol ıerde-de ok degip ölıär.
 
Amangeldi göni ıeke ussat tamdyraçy bolman, köp aıdym-sazlary hem döredip- dir.muňa mysal edip, „ Saltygy „- „ Gökdepe mukamyny „ -„ Burnaşagy „- „ Alagaışlyny „we beılekileri görkezmek bolar.Amangeldiniň döreden „ Heserli „- „ Jeren kyblam „- „ Jelil „„ Haji golak „ ıaly ençeme mukamlary hem Türkmen saz sungatyny müdimlik baılaşdyrdy.
Amangeldi „ ıeňdik „ diılende  kybla tarap ıüzüni tutup, namaz okap durka ok degip wepat bolıar.
 Amangeldi söweş edip ıörkä, Nurberdi Han Mary etrapynda kesel ıatypdyr.
Ol Gökdepe gelip Amangeldiň guburynyň ıanynda çöke düşüp, bozulypdyr.
Nurberdi Hanyň ogly Berdimyrat Hanam şol söweşde wepat bolıar.
Nurberdi Han oglunyň gahramanlarça ölenine buısanipdir.İöne ol “Indi Amangeldi göni ıaly sazanda bü golaıda döremez.Amangeldini hemişelik ıitirdik”diıipdir.
Gökdepe söwesi: 28 awgust, 1879 – 12nji Januar 1881 bolan. Türkmen aıdym-sazlary görşüňüz ıaly hemmesi dürmüş wakalara degişli.
                                
                            
Kel bagşi  
Annaberdi aıdogdi ogly
 (1850-1923)
                                      
Meşhur Türkmen dutarçysy,saz dörediji kompozitor,halypa Kel bagşi Gökdepe etrabynda Yzgant obasynda daıhan maşgalasynda doglupdyr.
Kel bagşynyñ atasy Aıdogdy dutar çalyp bilse-de,ussatlyk derejesine ıetip bilmändir.
Kel bagşy öz döwrüniñ meşhur sazandalary bolanGulgeldi ussa,Amangeldi göni,Sary bagşy,we beıleki ussat bagşy-sazandalar bilen duşuşyp,öz ukybini kämilleşdirıär.
Şol döwürlerde ıazgy maşynlary bolman soñ,onuñ öz eli bilen çalan sazlarynyñ ıazgysy biziñ döwürmize gelip ıetmändir.Şeıle bolsa-da,onuñ döreden „Hatija“ „Jerenim“ „ Suwa geledir“ „Kepderi“ „ Ak eşekli“ „ İusup owgan
ıaly sazlary Türkmen Bagşy-sazandalarnyñ çalynmalaryndan düşmän gelıär.Kel bagşy 1923nji ıylda aradan çykıar.
Onuñ şöhraty Türkmen sazynyñ taryhyna ebedilik girdi.
 
                     
Täçmämmet suhanguly
(1865-1942)
 
Täçmämmed suhanguly1865nji ıylda Gökdepe etrabynyñ İangala obasynda eneden bolıar.Täçmämmet aganyñ 2 ogly saza ukyply bolupdyr.
Ogly Hojamämmet ökde sazanda bolup ıetişse-de keselläp ir aradan çykıar. Hojamämmet ölümi atasyna diıseñ agyr degıär.
Çary Täçmämmet halypa dutarçy bolup ıetişıär.Täçmämmet aga köp ıyllap Türkmenistanyñ radio-synda , döwlet filarmoniıasynda sazanda bolup işleıär. Täçmämmet aga 1932nji ıylda „ Azatlyk“ diıen sazyny döredıär.
Bu saz şü güne çenli özüniñ ıokary çeperçiligi bilen halk saz gurallary ansamblynyñ , Orkestirleriñ ıekeligde tamdyra çalıanlaryñ çalymyndan düşmän gelıär.
Täçmämmet aganyñ „ Bag içinde“ „Türkmenistanim“  ıaly sazlary hem Türkmen sazynyñ altyn hazynasyna girdi. Täçmämmet aga halk saz gurallary Ansamblary,orkestirleri üçün „Gökdepe mukamy“ „Aıralyk mukamy
Dag arman“ „ Gyzdurdy“  ıaly sazlaryñ köpçilik bolup ıerine ıetirilıän nusgalaryny döretdi.
Täçmämmet aga 1940nji ıylda Türkmenistaniñ kompozitorlarynyñ birleşik agzalaryna kabul edilıär.Ol tä ömrüniñ ahyryna çenli ıaşlara elinden gelen kömegini gaıgyrmaıar.
Täçmämmet aga 1942nji ıylda Kaka etrabynda tragyk ıagdaıda aradan çykıar.
 
 
Şükür bagşy
(1831-1928)
 
Şükür bagşynyñ ady rowaıata öwrüldi.Ol saz çalyjy – dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyñ taryhynda uly yz galdyran adam.
Onuñ Eıran Hanynyñ bagşysy bilen ıaryşyp,agasyny halas edişi dilden-dile geçip,biziñ günlerimize ıetdi.
Şükür bagşynyñ atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyñ Hurmantgökje obasynda ıaşapdyr.Şüküriñ atasy daıhançylyk bilen meşgul bolupdyr.
Dowada aganyñ 3 ogly bolıar.Ulysy Hojamämmet daıhançylyk bilen iş salysypdyr.Ortanjy ogly Hojamberdi izçi bolupdyr.Dowada aganyñ kiçi ogly Şükür sazanda bolupdyr. Şükür bagşynyñ saz öwrenmekde ilkinji mugallam bolan Aly bagşydyr.
Ol Şükür sazandanyñ kämilleşmgine degerli ıardym edipdir. Şükür bagşy şol döwrüñ ady belli sazandasy Garadäli gökleñden(sazanda hem dutar ıasaıan belli ussta)hem tälim alypdyr.Garadäli gökleñ Şükür bagşa kümüş çaıylan oñat dutar ıasap beripdir.
Beıik ussat pata alan Şükür bagşyGökdepe,Mary,Hiwa ülkelerinde saz çalyp,halka uly hyzmat edıär. Şükür bagşynyñ köp sazlary entek näbelli bolsa-da onuñ ilki döreden “ Salmadan bökdüreni“ , Söıli halany“  şu güne çenli adamlary biperwaı galdyrmaıar. Şükür bagşy Gökdepe etrabynda dogulanam bolsa,bütün ömrüni Duşak obasynda geçirip, 1928 nji ıylda şol ıerde aradan çykıar.
 
Türkmenler ıüzlerçe ıyl boıunça özüniň taryhy wakalaryny we isleglerini aıdymdyr ıa-da saz böleg bilen beıan edip, nesilden- nesle geçirip,ıitirmändir.Netije alsak,onda Tamdyrany dogry çalmak we onuň awazyny,manisi
hakynda düşünişmek üçin bolsa, sazlaryň kim we näme waka degişlidigini bilsek has hem gowy bolardi.
 
 
Ton beıikligi we not açarlary
Bu bölegde biz aşakay symbollar bilen tanyş bolarys
 
Ton beỹikligi                         kammer ton A
Not atlary                               Interwallar
Ton basgançagy                   Not öňündäki belligler
Violon açary                          Peseldilen notlar
Bass açary                            Beỹigilen notlar
Orta C                                    Enharmoni
 
 
Ton beıikligi
 
Her bir ton belli bir frequnsi aňladıar.(sesiň bir titremesi ıa-da Hertz ölçegi bilen (HZ) görkezilıär.mesal :
Orta C 256 Hz we Kammer ton A 440 Hz bilen ölçenen.
 
 
 moaj üzünligi                                            1 titreme                                                                    
                                                           
    depe                       derre                                           birsekun-da 6 gezek titreär.
                                                                                  dimek 6 Hz frequns bolup hasaplanar.
 
 
 
Not atlari
 
Müzik notlary her haısy bir at bilen tanalıar.Bu ỹerde harplyk tertibinden haıyrlanıarys (emma B ıerine H harplygy alıarys, muny bolsa hökman ıatda saklaň).Notiň atlary aşaky ıaly ıazylıar.
 
 
                                              A H   C D E F G A H C   D E F G
Türkmenistan we Eıran-da elbetde ıene Not atlary şeıle atlandyrylıar.
                       
                                           Do , Re , Mi , Fa , Sol , La , Si , Do
Men Tamdyra sapagyny international saz gramatik kanunlaryna laıyk-da atlaryny hem haıyrlanıaryn.
                                
 
Ton basgançagy
 
Ton basgançagy diıemizde , not system-de bir redip-de bolup ıokarlaıyn ıa-da aşaklaıyn yz-yzyndan duran notlardan, görkezilıär.Köplenç duş gelıän ton basgançaklar 8 not-dan düzelỹär.olar bir not ady bilen başlap we şol not bilen gutarıar.Emma birinji not bilen we ikinji şol not adyň 1 aktaw aralygy bar.
 
 
C dur basgançagy byzyň 8 notly ton basgançagymyza bir mesal bolup biler.Müzik-de elbet-de başga dürli ton basgançaklar bar.5 ton-dan düzelen ton basgançaga PENTATON diıilip adlanylıar.12sanydan düzelen ton basgançaga CHROMAT ton basgançagy diılıär.
 
 
PENTATON basgançagy
 
Pentaton basgançagy 5 not-dan düzülıär .Bu ton basgançagy ÇIN we şoňa meňzeş ıuwurtlarda çalynıar
 
CHROMAT basgançagy
 
Chromat basgançagy 12 not-dan düzelıär.
 
 
 
Violon açary
 
Violon açary not system-de beıik sesli notlari çalỹan wagtymyz, haıyrlanıarys.Violon açaryna G açary diıip hem adylıar.Sebäbi not saçagynda violon açary G not-dan çyzylyp başlanıar.
 
Violon açary                                        
                                                  
                          G not çyzygy                                                                                                          
                                                                                                                                                                                                                       
                                                                                                              
                                           Piano C
                                                   
 
Bass açary
 
Bass açary not system-de ıogyn sesli notlary çalan wagtymyz haıyrlanırys . Bas açary F açary diıip hem adlanylıar .Sebäbi ol F notdan çyzylyp başlanylıar.
    bass açary                
                        
 
Bass açarynda not saçagyň aşakdan birinji çyzykdanG ses bilen başlanıar.Piano-da bass açarly notlar orta c çenli ıerleşıär.
Orta C not systemiň ıokarsynda , birinji kömekçi çyzygyň üstünde durıar.
                                                            orta C
 
 
 
Interwall
 
Iki toniň aralygyna interwall diıilıär.Interwall ady 2 ton beıikligiň bir-birinden daş durmagyň ölçegine aıdylıar.Interwall ölçegi şol başlan notdan(sesden) we gutaran notiň(sesiň) ara daşlygyny görkezıär.
Tertip bilen interwall adlary :
 
Prima, sekunda, tertse, kwarta, kwinte, sexte, septime, aktawa.
 
 
 
            2nji ädim                       3nji ädim                      4nji ädim

 
   5nji ädim                                        6nji ädim                   7nji ädim
                                           8nji ädim
                                            
 
Sorak we ıümüş
 
1.   saz äleminde ton name manyda aıdylıar ?
2.   Not atlary we olaryň Not saçagynda ıerleıişini ıazyň .
3.   Ton basgançagy nämel we näçe dürli Ton basgançak bar ?
4.   Violon we bas açarlary Not system-de nämäny aňlatıar ?
5.   Interwal nämel we olaryň görnüşleri nämeden ebarat ? 
 
Tamdyra sapagy(1)
        

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org