Kitap

T. Kor :Tamdyra sapagy(1)

Sözbaşy
Tamdyra sapagy diıilen eliñizdäki kitap,Türkmen ıaş juwan höwesjeñler üçin,Tamdyra öwrenjileriñ arzuw kitabi diıip hasap etseñ bolar.
Men1358nji ıyldan bäri,hewösjeñ Dutar öwrenjiler üşmeligine Hamid Teke ıolbaşçylygynda,Tamdyrany öwrenmäge başladym. Elmydama maña duş gelen sorag : Näme üçin Tamdyrany öwrenmek üçin  ıörite dersligi ıok? Diıip meşgul ederdi.
Haçanda Tamdyra çalan wagtym,ıañlanıan awazy,Türkmeniñ aça aıdylmadyk sözleri diıip hasap edmeli bolıardym.Sebäbi saz çalynıan wagty şol sazyñ nagmalanıan heñi, maña halkymyñ ıureg syrlaryny ıañlandyryp,paş edıän ıalydy.
Merhum Hamid Tekäñ aıdyşy ıaly,Tamdyra diñe çalmak däl,ony ıuregden düımak gerek.İadymda bar, birinji gezek elime Tamdyra alan wagtym, eziz halypa we dostum,maña ser edip şeıle diıidi : Bu joşgynlygyñy haıyp edmän, alada edıän öwrenjek guralyña ber.       
Tamdyra Türkmen halkyñ durmuşynda uly roly eıeleıär.Tamdyrañ awazy bilen, berilen aıdyp bolmajak syrlarymyzy,ıuregde közläp ıanıan düıgilarymyzy ıañlandyryp bütün dünıä badlap awazlanyp paş edıäris.
Asyrlar boıunça Türkmenler arasynda,Tamdyra öwrenmek,diñe şol el bilen görkezme we uzaklara belli ustad-halypalaryñ ıanyna baryp çalmany öwrenmelidig.
Tamdyra üçin ıazuw haty ıoklygy sebäbli,bütün asyrlar ustad-halypalaryñ çalan sazlary hem köpisi ıitip gidipdir.Bu bolsa Türkmen halkyñ medeni ösüşüne uly urgy bolupdyr.
Tamdyra Türkmen halkynyñ geçmişi we geljegine ıakyn bolup,emikli baglydyr.Onuñ roly Türkmen halkyñ medeni we jemigatçylyk ösüş ıolunda gaty ägirt bolup,bütün halkyñ söweşlerini we paıhasly ıörişleri,dürli-dürli Türkmen tire-taıpalaryñ bir-birine ıakyn saklap we birleşmek arzuñ şaıady bolup,ıitmän,şu güne çenli ata-babalary-
myzdan häzirki nesle meıras bolup, bu sungaty geljegki nesilimize amanat edip tabşyrmana we ıene biz,onuñ ösmeginde borjly bolmaga çalyşmalydyrys.
Eliñizdäki Tamdyra dersliginde,hewösjeñ sungat öwrenjiler üçin not ıazuwsy bilen umumy we gysga(gysga diıimek,her bir bolümi,açyklaşdyrypıazjak bolsak,onda ony aıratyn bir kitap edip,üstünde işlemeli bolıar)görnüsünde, tanyşdyryp,köp bölümlere bölüp,syze hüdürleıärin.
Gadyrly höwesjeñ öwrenjiler bu dersnamada,birinji Tamdyrañ taryhy we onuñ bir-birine ıasalyp bejerlen bölegler bilen tanyşyp,ıuwaş-ıuwaşdan Not ıazuwsyny düşünip,Dutar çalmany öwrenip bilersyñyz.
Bu dersnsmsda ıene-de bütün dünıä sazçylyk sungatynda bolşy ıaly, Türkmen saz edebiıatynda öçmejek iz galdyran kä bir ustad-halypalaryñ çeperçilik durmuşy bilen tanyş bolarsyñyz.
Tamdyrany öwrenmekde hormatly höwesjeñlere añsatlaşar ıaly, bu dersnamañ ıanynda, janly ses bilen CD formada Not-da ıazylan köp sazlary we şelpeleri çalynyp,öwrenmekde syze kömek  bolar diıip omid edäırin.
                     
 
     Tamdyra we onuñ döreıiş taryhy
 
Türkmen halkyñ aıdym-saz dünıäsinde Tamdyra iñ ıörgünli gurallaryñ biridir. Tamdyrañ çykyşy hakynda we onuñ halkyñ arasynda nähilli roly bardygygyny düşünjek bolsak,Türkmen taryhyny we dil edebiyaty bilen baglanşyklygyny göz öñüne tutmalydyrys.
Tamdyra saz gural hökmünde,orta Asiıada dürli halklaryñ arasynda, ıörgünli gural bolup we her halkda öz diıalektine görä,meñzeş atlary bar.mesal üçin: Özbekler,gyrgyzlar,gazaklar we şoña meñzeş ıene köp orta Asiıada ıaşaıan halklarda melli saz gural bolup tanalıar we Dumbura,Tamdyra,Tambur we … atlary bilen bir-birinden şol halkyñ däb-destur we ıaşaıyş görnüşiniñ tapawutlygyna görä hem,Tamdyrañ kryşlerniñ düzülşi we perdeleiñ sany ,hem-de ritimleri boıunça aıry-aıry häsiıetli digini görkezıär.
Diıimek Tamdyra diñe Türkmenler däl,orta Asiıañ halklarynyñ melli saz gural hökmünde bolup tanalıar.
Elbetde Tamdyra ıene-de Türkmen halkyñ arasynda Dutar ady bilen hem meşhur.
Dutar,Tamdyra ikisi hem bir magnyny añlatıar.Bu ıerde şeıle sorak gelıär !! Näme üçin Tamdyra ıa Dutar diıilip bir saz guralyñ iki ady bar?
Bu soraga jogap berjek bolsak,Türkmeniñ taryhy geçmişinde we halkara gatnaşykly sebäplerinde agtarmaly bolıarys.
Esasan ymykly ser etsek,Tamdyrañ döreışi Türk dilli halklar bilen baglanşykly bolıar we hemme Türki dil halklarynyñ,dörän çeşmesine baryp degıär !!
Eger Tamdyrañ döreışi hakynda,açyk we düşünükli edip görkezmek islesek, onda Hökman Tamdyrañ ıüze çykan wagtyndan şu güne çenli dogry maglumatymyz bolmaly.Asyrlar boıunça Türkmeniñ ıazuw taryhy bolmany üçin , Tamdyrañ döreıeşi hakynda we nireden gelip çykanyny anyk bir maglumata arkalaşyp,açyk bir zat aıdyp bolmaıar.
Elbetde her halkda bolşy ıaly,bizde hem köp rowaıatlar bar.
Bu rowaıatlar halkyñ şol döwürdäki düşünjesine gara,Tamdyrañ döreışi hakynda köp destanlar we gümänleri görkezıär.
Türkmen sungat dünıäsinde , halk sungatyñ ösmeginde uly roly eıeleıän iki Russ älemi W.Uspenski we W.Belıaıofdyr.
Bu iki Russ älemi Türkmenistan ıuwurdynda ıyllar boıunça aılanyp, Türkmen medeni we şol wagtky siıasi we hem-de esasan songat tarapdan köp bilimleri öz TÜRKMENSKAıA  MUZYKA  atly kitabynda ıazyp, bize, hasapsyz sungat baılygymyzy uly çäkdä baılaşdyrıar.
Ol şol döwürdäki rowaıatlar we düşünjeleri öziniñ kitabynda Türkmen Tamdyra hakynda golıazma geçirip,sazçylyk edebiıat we taryhynyñ ıoluny bize açyklanyşdyryp,görkezipdir.
Gynansyk hem bu iki älem öziniñ şol wagtky halkara siıasi-medeni ıagdaıa görä,Türkmen taryhyny gysga görnüşde ıazany bilen,dogry we bitarap ıazyp bilmändirler.
Tamdyrañ döreıişi we onuñ asyrlar boıunça öziniñ täsir we häsiıetini ıitirmänliginiñ sebäbini agtaryp,düşünjek bolsak,onda eıäm bu saz sungatyñ nähilli derejede halk bilen aıyrylmaz gatnaşykda durıanyny,göz öñüne getirip bolar.
Tamdyra, Türkmen halkyñ milli düıgüsiniñ guraly bolup,Türkmen ady bolany bäri halk sungaty bolup,ıüreglerde ıañlanyp,gahramançylyk söweşleri,gaıduwsyz göreşleriñ göhwäsi ,Türkmeniñ milli guwanjynyñ we buısançly durmuşynyñ hekaıasyny,şahyrlaryñ paıhaısly goşgularyny, hünärli we owadan çeperçilik bilen bize beıan edıär.
Türkmen saz dünıäsinde, Tamdyra biziñ durmuşymyzyñ taryhy wakalaryny suratlandyryp,düıgi we guwanç bilen ıaşaıan wagtymyzy görkezip,busançly Türkmeniñ hakyky bolşuny ,saz bilen dünıä özüni jar edip,wasp edıär. 
Kim-de kim Tamdyra öwrenjek wagty, eger-de Türkmen halkyñ ösüş taryhyny yzarlap we özüniñ medeniıet durmuşyny tanap bilse,onda şol Tamdyraçy (Dutarçy) saz çalan wagty,sazyñ ıa-da aıdymyñ hakyky we açyk magnysyny biziñ geljegki nesilimize ,güjüne görä tabşyryp biler.   
 
 
 
 
                                                                                               
 
 

 
                    Sap                           Kädi                                        Gapak                       
 
        Tamdyraň böleglerniň ady
 
Tamdyra esasan 3 sany bir – birine ıelmeşdirelen agaç böleglerinden
Bejerilen.  1.kädi     2.sap      3. gapak
Tamdyraň kädisi tut agaçdan ıasalıar.kädi ıasalan wagty her bir usta
Özüniň bejerliş usulina göre , uli ıa kiçi edip ıasaıar.
Tamdyraň sapy erig agajyndan ıasalıar.  
kädi ıa sap haısy bir böleg , ikisi – de agajyň ortarasyndan (magzyndan)
kesilip alynıar.Tamdyraň gapagy , elbetde tut agajyndan ıasalıar.
Tamdyraň nähilli ıasalyş hakynda ıörite ıazylan kitabi aşgabat şährindeTapyp bilersiňiz!
Tamdyraň awazy 2 sany kirş bilen ıaňlanıar.kirşleriň inçe we ıogynlyk derejesi tamdyraň awazyny köp ütgetıär.Tamdyrany täze öwreňjiler üçün kirş inçe bolsa onuň barmaklarnyň asuda we tiz hereket etmegine uly rolly eıeleıär.Türkiäň saz gurallar kirş ölçgi bilen N:16 kirş , barmaklara has hem mynasyp.
Tamdyrada saz çalmak üçün 13 sany – dan ebarat bolan Perde ıerleşıär.  We hemme perdeler ½ ton beıikligde iz – izindendurıar.                                                                                                                                                                                                  Tamdyraň kirşleri awazlanar ỹaly 2 sany eşek (ıörite kirşler üçün,gaagaçdan ısalan,kiçijik köpri)1boınuz tamdyraň bölegleriniň üstünde goılandyr.
1-nji eşek şeytan perdr bilen we kirşleriň gulognyň arasynda bejerlin
2-nji tamdyraň gapagnyň üstüne ıerleşıär.Boınuz bolsa kädiň aşagynda
mähkämlenen.kirşleri daňmak we hem sazlamak üçün her byr kirşe , bir sany tamdyra gulogy goılupdyr.
Tamdyradan çykıan awaz saz dünıäcinde , iň owadan ses kwarta adly ton  
aralygy bilen ıañlanıar.
 
 
                         E ton bilen A ton aralygy 4sany bolan                                           
       Üçin latin dilinden gelen kwarta diıip                            
                                                aıdylıar.      
            
                   
       
 Tamdyra edinmek üçin maglumat
 
Saz çalmakda haısy bir gural bolanda , onuň dogry ıaslşy we arassa  ses
çykmagy iň esasy şert.
Mesal üçün : kirşler bilen gapagyň arasy belli bir derejeden köp beıik durmagy hiç bir hewösjeň saz çalıany begendirmeıär.
Ikinji şert Tamdyrada arassa ses çykarmak üçün perdeleriň öz ỹerinde dogri ıerleşmesi.käbir ustalar tamdyrany ıasan wagty, perdeleriň ölçegni ¼ Cm aralyg ıalňyş goııarlar,şü sebäbli sesler ıalňyş ton-da çykıar.
Tamdyra satyn alnynan wagty, hökman ustadan tamdyraň haçan ıasalan , ıagny haısy pasyl – da bejerlendigini soramaly.
Eger tamdyran tomus – da ıasalan bolsa , onda perdeler köp wagta çenli gawşaman durıar.Emma gyşda ıasalan tamdyralar , 6 aı geçmän eııäm perdeleriň halkasy gawşaıar.
Saz hewösjeňler tamdyrany satyn alan wagty , öz barmaklarnyň ölçegine ser edip, tamdyraň sapy ıogyn ıa-da inçeräk bolmagyny we onuň öz eline laıyk-dygyny barlap almalydyr.
Esasan täze saz öwreňjiler tamdyry satyn aljak wagty, eger-de bir tejrebeli kişi bilen gitse oňat bolar.
Tamdyra ıasamakda,ady belli tamdyra ussasy köp bahşy-sazandalaryñ halypasy mukam dörediji Gulgeldi ussa bütün türkmenlerde ady nesilde nesile geçip onuň hakynda köp rawıatlary bize eıtipdir.
İaşuli sazandalaryň aıtmaklaryna görä, Gulgeldi ussa 1834-nji ıylda dogulup 1884-de aradan çykypdyr.Ol bary ıogy 50 ıyl ıaşapdyr.
Şeıle az ıaşasada, ol Amangeldi göni( 1833- 1879), Kel bahşy( 1850-1923), Täçmämed suhanguly(1865-1942) ıaly ençeme ezber bahşy-Sazandalara halypalyk edipdir.Gulgeldi öz döwründe tamdyra ıasmaga ökde bolansoň, onuň adyna ussa lakamyny goşupdyrlar.
Gulgeldi ussa amangeldi gönä ussatlyk patasyny berende: sen biziň Babagammarymyz bolup eıtişersiň- diıipdir.Onuň aıdany dogry bolup çykypdy.Gulgeldi ussa Amangeldi göni bilen ıaşytdaşrak bolan.
Amangeldi bir bada ata çykyp,Türkmenleriň üstüne howp salıan gelmişekler bilen göreşip,güjüni şoňa berıär.Gulgeldi ussa bilen duşuşanyndan soň, ünsüni tamdyra berip başlaıar.
Gulgeldy ussa mukam döretmäge-de zehinini siňderen adam.Şol döwür Gökdepede ıedi,mukamyň her nusgasyny bir ussat sazanda döredipdir. Oňa mysal edip “ Saltyklary” görkezmek bolar.             
 
 
     Tamdyrany eliňe alyp we çalmak täri
 
Haısy bir saz gural bolanda – da, ony dogry eliňe alyp we jaıly tutulmagy saz
çalmak tekniki , we ustadlyk derejesine ösmeginde uly roll eıeleıär.
Tamdyrany çalmak üçün , sag el bilen kädisini tirsegiň iç tarapyndan gujoklap tutup we çep el bilen tamdyraň sapyny saklamaly(çep elli üçün tersine). Aşakdaky surat –da görülşi ıaly.
 
 
 
 
Hökman kä bir öwrenjilere şeıle bir sorog gelıändir!!
Näme üçün sag el tirseginiň iç tarapy bilen tutmaly diıip?
Saz çalynan wagty, sag ely aşak we yokara oınatmaga belli bir boş ıer gerek. Tamdyryny çalıan wagtyňyz, sag el şelpe kakanda,ıokardan aşak özüni oklap we aşakdan yokara güç bilen galdyrylỹar.
Bu hereketleri etmek üçün sag eliň gan akymny rowan akar ıaly,kädini  tirsegiň iç tarapyna goyup saklamaklyk makuldyr.
Şelpäni kakylan wagty ony tamdyraň her bir ıerine kakyp bolmaz. Sebäbi eger göni gapaga şelpe kakylsa, tamdyradan çykıan awazdan başga, barmaklaryň gapaga degıän sesi hem heňiň ıanynda şagyrdy
bolup eşidilıär.we bu ıaňlanıan sazyň owadanlygyny pes edıär.
Tamdyrada şelpe kakylanda, ony tamdyraň bokurdagyndan çalyp we arassa ses çykaryp bolıar.  
                                                                                                 
                
 
   kirişler we onuň sazlamasy
 
Bilşimiz ıaly tamdyraň awazy 2 kirşden çykıar.Not system- de her bir kirşe özüne laıyk ady bar.
Türkmen sazlari Not system-de ıazmak üçün türkmen kompozitorlary her bir türkmen saz guraly üçün we olaryň häsiıetlerine görä, ıörite Kirşler we perdeler hem-de üflenıän gurallara, mynasyp adyny beripdirler.
Türkmen tamdyrany 2 hilli sazlap bolıar.eger-de tamdyra orkester ıa-da piano bilen bile çalynmaly bolsa onda,aşaky kirşy Not system-de 2-nji we3-nji çyzyk aralygynda ıerleşıän (a) ton beıiklige düzüp we ıokarky kirşi1nji çyzykda duran (e)  ton beıiklige düzıäris.
 Köne-den bize gelip ıetişen ıene-de bir usul kirşleri düzmegi üçün,aşaky kirşy sazanda ıa bagşy öz islegine göre çekip we ıokorky kirşy 5-nji perd-  äñ aşaky kirşine deň be deň sese sazlamasydyr.
Elbetde bu usul wagt geçen söň gerek ıeri yok.sebäbi kirşlerden çykıan awaz eııäm sazandaň gulagyna tanyş.
 
 
  Tamdyraň perdeleri we ondan ses almak teknikleri
 
Bilşimiz ıaly tamdyraň 13 sany perdeleri bar.Bu 13 perde her biri özüniň mag-sus bolan awazy bar.Saz çalynanda perde-den perde böküp ol sesleriň ıygyn- dasyndan, ıaňlandyrjak heňi  çalıarys.
Perdäni tutup basmak üçün , baş barmak bilen ıokarky kyrşy alyp we Perdäň halkasyna degmän kyrşy basmaly we orta barmak bilen aşaky Kyrşy baş barm -magyň gönisinde däl-de iz ỹanynda goımaly.
Tamdyrany çalmak sebäbli her bir saz öwrenji hökman birinjiden perdelerden arassa ses çykarmany öwrenmeli-dir.şol sebäbli we hem-de barmaklary dürli-dürli tutuwlara öwrenişdirmek üçün ıa saz öwrenjiler arasynda aıdylşy ıaly barmaklary ıençmek sebäbli, öňüzdäki ıümüşleri doly gaıtalap öwrenmeli.
 
1nji surat-da her bir perdäni tutup aşaglayn12nji perde çenli çalmaly.
Bu ıümüşler tamdyraň perdelerinden arassa ses çykarmak we hem-de perdelerden çykıan awazy gulaga öwrenişdirmek-dir.Şonuň üçün çalyp başlan wag- tyňyz,hiç hilli hauwlukman her bir perdäni bir-birden tutup we olardan doly  açyk ses bilen çalmak ugrunda bolyň.
                                               
2nji surat-da birinji perdeden tutan soň , 5nji barmak bilen 3nji perdäni hem basyň we şeỹdip izli-izinden 12nji perde çenli dowam ediň.
 
 
Baş barmak we orta barmak gapma-garşy durmany, izli-izinde durmaly.
 
 
             Tamdyraň perdeleri we onuň atlary
 
Öň aıdyp geçişimiz ıaly Türkmen kompozitorlary  her bir türkmen gurallar üçün we onuň tonlaryny not ıazuwsynda ıazmak üçün ,dünıa sazçylyk kanuna deň bolan not ıazuwsyny her bir gurallyň häsiıetine görä düzeldipdirler.Tamdyraň perdelerinde, tonlaryň hemmesi ½ ton izlikde oturıar. 

Sesler ½ ton aralykda eırleşeni üçün käbir perdeler 2 ady bolup emma, şol bir sesi ıa-da perdäni aňlatıarlar. Bular S we Q  bellik bilen  ıazylar Aşakdaky bölümde
tamdyrañ perdeleri köneden Türkmenlerde adlanan we saz öwrenjiler öz Halypa, ustadlaryndan saz öwrenmekde,haıyrlanan adlary görıäris.
İenede Not ıazuw-da,kyrşleriñ adyny perdeleriñ üstünde, harplyk bilen saılanyp duranyny görkezmek bolar.

   1 nji perde    2 nji perde     3 nji perde    4 nji perde   

Ais …….b

h……ces

  

c´is……d´es

Baş perde

Nowai perde

İokarky açyk perede

İokarky kyıamat perde

 

Aşaky kyrş a

 

 

       F              

fis…….ges

      g

gis…..aes

İokarki kyrş e

 

   5 nji perde     6 nji perde     7 nji perde     8 nji perde      9 nji perde         

     

d´is…..e´s

    

   

f´is…..g´es

Bäşinji perde

Geñzu perde

Aşaky açyk perde

Türkmen perde

Ogurja perde

      A

ais……b

     H

  

c´is….d´es

 

a

e

 

  10 nji perde     11 nji perde     12 nji perde    13  nji perde

      

g´is…..a´es

       a´

a´is´ 

Göni perde

Aşaky perde

Kiçi şirwan perde

Uly şirwan perde

      d´

d´is…..e´s

       e´

e´ís

 

a

 e

Sorak we ıümüş.

1.Tamdyra we onuň Türki dill halklara gatnaşygy sebäbi näme ?
2.Näem üçin Tamdyra kyrşy näçe inçe bolsa, çalmasy aňsat we owadan ıaňlanıar ?
3.Tamdyra owazy Not boıunça haısy ses aralygynda düzülıär? we olaryň atlary nämeden ebarat?
4.Tamdyra perdelerniň Not we halk arasyndaky ıörgünli atlaryny ıümüş edip öwreniň.

       

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org