Poema

                      İowşan Annagurban
SİURREALISTIK POEMA
ıa-da gadagan edilen şahyryñ monology
 
Biliñ, meniñ ellerimi
urgan bilen baglasalar;
biliñ, meniñ dillerimi
dil ıardyrman daglasalar!
 
Alar menzilim aldyrman,
ardan ardyryp, ıadadyp,
arkama şemal çaldyrman,
gyrsalar uçar ganatym;
zyndanda bent etseler ıa
maıyp-müjpüp eıleseler,
ıyksalar, entetseler ıa
mañlaıymdan çüıleseler,
biliñ, bek biliñ,
türkmeniñ ellerniñ uzyn bolanyn,
türkmeniñ dillerniñ dünıä dolanyn,
türkmeniñ adynyñ arşa galanyn
isleıän däldirler, biliñ, bek biliñ?!
 
Meniñ erkin sözlänimi, diıenim,
meniñ erkin ıigrenenim, söıenim,
türkmen diıip jibrinenim, köıenim
islemeıänler
türkmeniñ azat bolanyn,
erkin dem alanyn, örñäp-ösenin,
daıananyn, döwlet-döwran söıenin
isleıän däldirler, gysganıandyrlar,
gyssanıandyrlar!
 
Biliñ, meniñ gözlerimi gapdyryp,
sesime, sedama suwlar sepdirip,
ıolumy urduryp göıdük-gödege,
aıagym köwdürip her het edene,
türkmeniñ adyndan gürlese her kim,
tiz alar merkin;
biliñ, türkmen görer göze kast etmez,
biliñ, türkmen dogry söze kast etmez,
hemem kasas kyıamata galmaz hiç,
kast eden pes bolar,
biliñ, iru-giç!
 
Türkmen kör bolmaly ogly däl tanryñ,
türkmen lal bolmaly ogly däl tañryñ,
türkmen gul bolmaly ogly däl tañryñ,
ala-böle entemeli ogly däl,
ala-böle siltelmeli ogly däl,
biliñ, biziñ kör bolmagmyz islänler,
lal bolmagmyz, gul bolmagmyz islänler
türkmen däldirler,
çyksa, dyrmaşsa-da beıgine küpsiñ,
kiçijikdirler,
türkmenjikdirler!
 
Türkmenjikler isläp biler türkmeniñ
şahyrynyñ lal bolaryn, dymanyn;
türkmenjikler isläp biler türkmeniñ
gul bolaryn, öz gollaryn dañanyn;
türkmenjikler isläp biler türkmeniñ
göıdügini, gylçysyny, çamanyn!..
 
Türkmenjikler isläp biler türkmeniñ
okamanyn, oılanmanyn, bilmänin,
türkmenjikler isläp biler türkmeniñ
ertir-agşam şol bir heñi diñlänin,
şol bir heñi -- tabyn boluñ, boluñy,
şol bir heñi -- kaıyl boluñ, boluñy,
gutarmagyñ aıdymyny, tükenmegiñ samramasyn,
ölüm heñini!
 
Türkmenjikler isläp biler türkmeniñ
şol bir gohdan güñ bolaryn, heñlänin,
gurçuklanyn, gurtlanyn hem bitlänin,
bitmänin,
gögermänin, örñemänin, ösmänin!..
 
Biliñ, dünıe başlanıandyr bilmekden,
türkmeniñ şahyryn gadagan eden,
türkmeniñ şahyryn çukura iten,
özi türkmen bolsun, türkmen bolmasyn,
türkmeni gadagan edıändir, biliñ,
türkmeni çukura itıändir, biliñ?!.
 
Biliñ, adam başlanıandyr bilmekden,
türkmeniñ şahyryn zäherlän, atan,
türkmeniñ şahyryn öldüren, satan,
özi türkmen bolsun, türkmen bolmasyn,
türkmeni zäherläp atıandyr, biliñ,
türkmeni öldürip satıandyr, biliñ,
bek biliñ!..
 
Bilmänimiz üçin türkmeniñ ıurdy
bölek-bölek bölünendir owaldan,
bilmänimiz üçin türkmeniñ erki
döwüm-döwüm döwülendir owaldan!
 
Bilmänimiz üçin dagandyr türkmen,
ıurt binasy söklem-söklem sökülip,
bilmänimiz üçin aglandyr türkmen,
äñin gysyp, diş-dyrnagy dökülip,
bilmänimiz üçin ıitendir ıollar,
bilmänimiz üçin batandyr sallar,
bilinmäni üçin entändir türkmen,
bilinmäni üçin ıitendir türkmen...
 
Haıran türkmen, haıran depe haırany,
bu ne weıran, köññülleriñ weırany,
bu ne weıran, kalplaryñ weırany?!
Ne ıürek galypdar, ne-de bir bagyr,
agyr, götererden, çekerden agyr!
Ne kelle galypdyr, ne-de bir elde,
türkmen aşak düşıär pelleme-pelle!..
 
Biliñ, ömür başlanıandyr bilmekden,
gülüñ, ömür başlanıandyr gülmekden,
aglamakdan başlap ömrün adamzat, --
aglap ötmeli däl ömür emgekden!
 
Aglap ötmeli däl ömür ezıetden,
azardan, ejirden, etinden geçen;
ne myhman biz, gijä galan hezzetden,
ne millet biz, egsik itinden geçen?!
 
Gerçek-gerçek ärler doguran türkmen,
gerçeklerin diş deı çüıreden türkmen,
soguran türkmen;
her gerçegin ugradanda aglaman,
özün soñky ıola ugradan türkmen,
öz-özün hendege iteklän türkmen,
özün däl, özgäni köteklän türkmen,
gömmeli bor çukuryny öz gazan,
öz ıakan oduny öçürmeli bor,
çykmaly bor çukuryndan, hendekden,
ömür-ahyr tütemekden, ıanmakdan!
 
Gutarmaly diılen zat ıok soñna çen,
tükenmeli diılen zat ıok soñna çen,
hala Gorkut bolsun, ha Salyr Gazan,
ha Görogly bolsun, kowan hem gaçan,
türkmeniñ tükenmez ahyndan dörän,
pirim Magtymguly, bitmejek ıaram,
ezelden şu güne, türkmen atlylar
türkmen betbagtlygna günäkärdirler!
 
Günäkär başymyz, gara başymyz
göterere egin, silkere ıürek
edinmäñ gamyny iımeli halda,
neçüın ıok ıerinden gözleıäs dalda?
 
Neçüın bir-biregi ıigrenıäs beıle,
neçüın beıle bahyl bolupdyr türkmen?
Neçüın biziñ dogan günümiz öıle,
neçüın beıle pahyr bolupdyr türkmen?!
 
Neçüın öz-özümiz depeläp-basyp,
öz-özümiz mynjyradyp barmyş biz?
Nirede göıdügmiz boıundan asyp,
ıülnüp bolmaz gara günä, gargyş biz!..
 
Neçüın ıyglap geçip pir Magtymguly,
agysyna agy goşan ıok şindi;
neçüın türkmen guluñ guly gaññaly,
neçüın bize bölünen paı sarkyndy!..
 
Biliñ, meniñ türkmen diıen ıüregim
ıarylar ıa galar urmakdan bir gün...
Biliñ, meniñ türkmen diıen ıüregim
alypdyr özüne agyryn görgiñ,
agdygyn ıüküñ,
meger, şondan enteıänim käteler,
galar diıdirıänim maırylyp-çöküp...
 
Men jogap gözlärin gülmezden ötri,
meı-mes bolup meılislerden, şowhundan;
men jogap gözlärin ölmezden ötri,
bigäneleñ, bibeınileñ gohundan;
men jogap gözlärin soñky güne çen,
soñky deme çen!..
 
“Gynanylıan adam hakyky däldir”,*
gülünıän adamam däldir hakyky!
Gynanylıan millet hakyky däldir,
gülünıän milletem däldir hakyky!
 
Haçana çen hakyky däl millet biz,
haçana çen hakyky däl jemende?
Haçana çen ıegşereris minnetden,
haçana çen demikmeli demiñden?
 
Haçana çen süırenmeli ıöremän,
haçan çen emedek-de-omadak;
haçana çen öñ ıanynda döremäñ,
haçana çen dogulmaly ıañadan?!.
 
Wadaryg-a, ölmez-gülmez milletim,
wadaryg-a, agysyna aglamaz!
Wadaryg-a, düıbi-duly elıetim,
wadaryg-a, agzy-añy baglanan!
 
Öñe, belentlige ıoly baglanan,
küregi baglanan, saly baglanan,
wadaryg-a, galnyp bilmez hassaga,
wadaryg-a, öz-özüne gassaba!..
 
Biliñ, durmuş başlanıandyr bilmekden,
bildirmejek bolıan türkmenjiklerdir!
Biliñ, durmuş başlanıandyr gülmekden,
güldürmejek bolıan türkmenjiklerdir!
 
Türkmen bolup, gözlerini türkmeniñ
kör goımak islänler türkmen däldirler!
Türkmen bolup, sözlerini türkmeniñ
dar goımak islänler türkmen däldirler!
 
Türkmen bolup, türkmen ählin azada,
erkin dünıä gözlemekden goıanlar,
türkmen bolup, türkmen ählin azada
pälin, netin sözlemekden goıanlar,
ha pygamber bolsun, hala perişde,
hala şahy-älem, hala her işde,
hala bolsun biribardan gönderlen,
hala bolsun biribardan emdirlen,
türkmen däldir,
türkmenjikdir, kiçjikdir,
pikri, zandy göıdüjekdir, wiçjikdir!
 
Göıdüklikden gorkuñ ajaldan beter,
göıdüklerden gorkuñ ajaldan beter,
ıöne gorky añyñyzy almasyn,
göıdükmekden gorkuñ ajaldan beter!
 
Göıdüklik aıamaz milleti-maly,
göıdüklik aıamaz äri-aıaly,
boguñ göıdükligi demini bermän,
soñ özüñiz galmaz ıaly ıer sermäp!..
 
Içde bolsa, içiñizde boguñ siz,
daşda bolsa, daşyñyzda boguñ siz,
eımeniñ göıdükden ajaldan beter,
göıdük bolsa geçiñ, ötüñ ogulsyz,
göıdük bolsa, gyzsyz geçiñ dünıeden,
atsyz-sorsuz, yzsyz geçiñ dünıeden!
 
Giden millet, saıry millet aslynda,
(öñ diıerdim, aıry millet aslynda,)
nädip bor göıdükse başdan-aıagna,
depesini tutup sähnäñ taıagna?!.
Nädip bor türkmeniñ añy ıetmese
ynsandygna, adamdygna biriçe?
öz-özüni ıakanyna dirije?!
 
Nädip bor aıagyn, elini baglap,
öz-özi ıüp bolup iışilen halka?
Nädip bor gözüni, dilini baglap,
ıene öz boınuny syrtmaga salsa?
 
İene başyn goısa çapgy ıassygna,
göıä ozal az çapylan deı başy;
türkmenjikler, göıdüjekler gyssanyp,
türkmen bolsañ, möı okan deı gargyşy
eñterip ıörseler ıakyndan, daşdan,
türkmenjikler, türkmenjigi alkyşlan?!.
 
Biliñ, ösüş başlanıandyr bilmekden,
ıañy çykyp syrkynlykdan, gürmekden,
ıandakly, gyzganly, demirtikenli,
gylyçly, nalyşly, zorluk-sütemli,
türme-toñkatarly günlerden geçip,
ıene yza dolanmaly nämüçin,
ıene könä çolanmaly nämüçin?!.
 
Nämüçin biz dolanmaly ıalana,
öz-özümiz aldap, aldanyp ıene?
Nämüçin biz dolanmaly talaña,
öz-özümiz talap, talanyp ıene?
 
Nämüçin içkisiz, daşkysyz ıalan
ıene ak münberiñ eıesi boldy?
Nämüçin türkmeni tükeden talañ
ıene ak günleriñ ıagysy boldy?..
 
Biliñ, sandan çykar oba ogrusy,
sandan çykar şäher jüwlügi biçem;
biliñ, sandan çykar döwlet ogrusy,
ölere ıer tapmaz, ıöne oña çen
il ıüzüniñ tuwagyny sypyrlar,
asgyn gelse ogrusyndan dogrusy!
 
Biliñ, sandan çykar daıanan zora,
täzelik däl munda ölmek dirikäñ;
Isgenderden sora, Karundan sora,
ötmez-geçmez dirileriñ birikäñ;
sorap gör jana dert mal ıygan bende,
sogan soıan ıaly soıup ilini!..
Ogurlyk eden däl, tutan şermende,
a aıdanyñ sogurmaly dilini...
 
Men düşünip bilmen, düşünip bilmen,
dünıäñ doımaz-dolmazlygna, açlygna?
Men düşünip bilmen, düşünip bilmen,
dünıäñ dökän-saçanlygna, kaşlygna?
 
Men düşünip bilmen, tozanly oıda,
kolhoz diılen, sowhoz diılen saraıda,
aç çaga otyrka gözüni ıaşlap,
aç gelin ıatyrka ıaşmagyn dişläp,
hyrçyn dişläp otyrkalar erkekler,
erkekligne, ärligine utanyp,
bu türkmeni ıer götermez, ıer çekmez,
öler, öter ötmez günden örtenip!..
 
Bölüniñ ak-goñur, ıaşylu-gyzyl,
bölenler asmany ıyksyn diıseñiz!
Böldüriñ özüñiz, alardyp agyz,
bölenler bal günden aksyn diıseñiz!
Ganyñyzdan şerap ıasap içsinler,
süñküñizden talhan edip iısinler,
owsunlar, türkmenim, owsunlar seni,
döwsünler, türkmenim, döwsünler seni,
owulıansyñ, owulmaga ylaıyk,
döwülıänsiñ, döwülmäge ylaıyk,
Pyragyny agladansyñ,
ıene käni agladansyñ,
agladarsyñ, aglarsyñ,
owulanna, döwülenne
añ aılamaz halaıyk!..
 
Bir hak bardyr arasynda ıer-gögüñ,
bir hakykat, aga-gara deñ-deraz:
aga -- ak diımeli şermendäñ, jögiñ,
gara -- gara butparaz hem segparaz!
 
Pişikparaz, syçanparaz, baryñyz
aga -- ak diımäge gaırat tapmaly,
göge -- gök diımäge gaırat tapmaly
ıa-da kime derkar bu soñsuz gürrüñ,
kän ıatyldy, ıene-de kän ıatmaly,
ötüpdir kän gara günler başyñdan,
magtan-da ıör men bir halk diıp hepbeli!
 
Men bir edermen diı gylyjy ganly,
ıöne ozal, ozal bolupdy bary --
diı-de gara başyñ ıapyr-da ıaplan,
pişikler özüni öıdende gaplañ,
sen nämüçin aldamaly däl özüñ,
geçmiş bilen, haly bilen, at bilen,
düşünmedik düşünmez bu zatlara,
düşünıändir düşünen hem tap bilen...
 
Biliñ, meniñ ellerimi
gandal bilen baglasalar,
biliñ, meniñ dillerimi
dil ıardyrman daglasalar!
 
Alar menzilim aldyrman,
ardan ardyryp, ıadadyp,
arkama şemal çaldyrman,
gyrsalar uçar ganatym;
zyndanda bent etseler ıa
maıyp-müjpüp eıleseler,
ıyksalar, entetseler ıa
mañlaıymdan çüıleseler,
biliñ, bek biliñ,
türkmeniñ ellerniñ uzyn bolanyn,
türkmeniñ dillerniñ dünıä dolanyn,
türkmeniñ adynyñ arşa galanyn
isleıän däldirler, biliñ, bek biliñ!
 
Men türkmeniñ arydyryn, arsyzlar
ar alarlar ak ıüzüme tüıkürip;
hem türkmeniñ namysy men, binamys
namys etmez hak sözüme tüıkürip...
 
Meniñ erkin sözlänimi, diıenim,
meniñ erkin ıigrenenim, söıenim,
türkmen diıip jibrinenim, köıenim
islemeıänler
türkmeniñ azat bolanyn,
erkin dem alanyn, örñäp-ösenin,
daıananyn, döwlet-döwran söıenin
isleıän däldirler, gysganıandyrlar,
gyssanıandyrlar!..
                           
                                                Aşgabat, dekabr, 1994.   
                                                * G. Ezizowyñ setiri.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org